Şirmaýy darak

18 Ýanwar 2021
2445

Daragyň nämedigini bilmeýän ýokdur. Metaldan, tagtadan, dürli polimer önümlerinden ýasalan daraklar bize tanyş. Biz olary her gün saçymyzy daramak üçin ulanýarys, emma «Şirmaýy darak» diýen sözi eşiden hem bolsak, onuň nämedigini anyk göz öňüne getirip bilmeýäris. Ýogsam, edebiýat sapagynda öwredilen, Mollanepes şahyryň aýdyma öwrülen meşhur goşgusyndaky «Şirmaýy darakyňdan» diýen jümleden habarymyz hem bar.

Şirmaýy daragyň nähili darakdygy dogrusynda oýlanyp gördüňizmi?! Mälim bolşy ýaly, geçmişde metaldan, polimerden ýasalan daraklar bolmandyr. Seýrek ýagdaýlarda kümüşden, misden ýasalan daraklar bar hem bolsa köplenç, kerkaw, tut, erik ýaly gaty agaçlardan, şirmaýydan ýasalypdyr.

Şöhrat ABDYÝEW,
žurnalist.