Milli gymmatlyklarymyz

17 Ýanwar 2021
2024

Halkymyzyň baý taryhy we medeni ýadygärlikleri bar. Olarda halkymyzyň geçmiş taryhy jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen biz şol mirasymyzy häzirki günde ylmy esasda öwrenýäris. Şunda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri, nusgalyk kitaplary ýakyn gollanma bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlarynyň taryhy, ol baradaky edebi-çeper gymmatlyklar we ylmy maglumatlar beýan edilýär. Bu taryhy maglumatlar biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýlarynyň tapyndylary baradaky gürrüňlerini: «Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim» atly bölüminde beýan edýär. Bu bölümde berlen ýazgylar Gahryman Arkadagymyzyň ýygnan ylmy maglumatlarynyň çuňňur beýany diýip bellemek gerek. Bu taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, itleriň ýaşaýyş durmuşynyň yzlary Türkmenistanyň iň gadymy obalarynda duşýar. Olar barada kitapda şeýle beýan edilýär: «Gadymy Jeýtun obasynda (Ahal welaýaty), miladydan öňki VI asyrda jaýlanan itiň ystyhany ýüze çykarylýar, onuň ägirt uly kellesi türkmenleriň ata-babalarynyň şol döwürde örän uly itlere eýe bolandyklaryna şaýatlyk edýär».

Oguljennet BÄŞIMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.