"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylygyň we abadançylygyň möhüm ugry

2-nji martda ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilenine 29 ýyl boldy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 3-nji mart (TDH). Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň we Germaniýanyň fizioterapewt hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi.

Döwletli ýörelgeler dünýä ýol salýar

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynda gazanylan uly üstünlikleriň biri bolan hemişelik Bitaraplyk hakynda söhbet edilende, ilki bilen bu adyl syýasatyň adamzadyň ýaşaýyş durmuşyna paýlaýan ýakym-ýaraşygy, bagtyýar ojaklaryň ýylylygy kalplara dolýar. Paýtagtymyzda bu derejäniň nyşany bolup seleňläp duran Bitaraplyk binasy şeýle mukaddes düşünjäni asyrlara, nesillere aşyrjak mizemez kämillikdir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň baş maksady ýurdumyzda, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, dünýä halklarynyň howpsuzlygyny berk gorap saklamakdan hem-de türkmen halkynyň aňyrdan gelýän ata-baba däbi bolan ynsanperwerlikli, hoşniýetli gatnaşyklary, agzybirlik ýörelgelerini dünýä ýaýmakdan ybarat bolup durýar. Bu aýdylanlara güwä geçýän wakalary bolsa uzakdan gözlemeli däl. Muňa mysal edip, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem anyk mysaldyr. Bu abraýly halkara guramasynyň edarasynyň paýtagtymyzda ýerleşmegi ähli meseleleri düşünişmek we gepleşikler arkaly çözmäge, Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy ygtybarly üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açdy. Türkmenistan dünýä giňişliginde özüni özara hormat goýmak esaslarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde üýtgewsiz çykyş edýän döwlet hökmünde görkezýär. Bu bolsa döwletimiziň halkara mesel

Bilelikdäki özara bähbitli işler

Hormatly Prezidentimiz BMG we onuň edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge uly üns berýär. Möhüm ähmiýetli işler bilelikde kabul edilýän resminamalaryň çäginde ýaýbaňlandyrylýar. Olaryň hatarynda «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly Bilelikdäki maksatnama hem bar. Bu maksatnamany Türkmenistanyň hökümeti we BMG bilelikde durmuşa geçirýär. Oňa esasy hyzmatdaş bolup Türkmenistanyň Zähmeti we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, ýurdumyzyň käbir beýleki ministrlikleri hem-de jemgyýetçilik birleşikleri gatnaşýarlar. Ýokarda ady agzalan maksatnamanyň çäginde ýerlerde netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda welaýat merkezinde nobatdaky okuw maslahaty geçirildi. Oňa durmuş hyzmatyny amala aşyrýan döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýerli bilermenleri Amangeldi Gapbarow we Agamyrat Razyýew çykyş etdiler. Täsirli guralan çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar durmuş işi we ony dolandyrmak boýunça hünär derejelerini kämilleşdirmäge mümkinçilik aldylar.

Parahatçylyk we ynanyşmak — watançy nesliň taglymy

Ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylyna ynamly gadam goýan günümizden bäri, geçirilýän çäreleriň hemmesiniň bu şanly sene mynasybetli guralýandygy aýratyn guwançlydyr. Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Änew şäheriniň hem-de Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýlerinde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy we aýdym-sazly çykyşlar harby gullukçylaryň hormatly Belent Serkerdebaşymyza, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bolan çuňňur hormatynyň, belent buýsanjynyň aýdyň beýany bolup ýaňlandy. Dabaraly çärelere serkerdelerdir esgerler, şeýle-de sanly ulgam arkaly welaýat geňeşiniň hünärmenleri hem-de ýaşuly nesiller uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Duşuşykda baky Bitaraplygymyzyň, parahatçylygyň we bu taglymlaryň binýadynda yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şygarynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy täsirli çykyşlaryň, aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan edildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň we Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhuna beslenen çykyşlaryny dabara gatnaşanlar joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Medeniýet ö

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 2-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Halkara migrasiýa guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy, HMG-niň Türkmenistandaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky we Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň baştutany Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn tertipde duşuşygy geçirildi.

Ýurdumyzyň abraýyny beýgeldýän ýörelgeler

Ähli ugurlarda belent sepgitleri nazarlap, nurana geljeginiň berk binýadyny goýýan agzybir türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesine uly taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyz bolsa merdana halkymyz üçin iň mukaddes gymmatlyklaryň biridir. Sebäbi Garaşsyzlyk ýurdumyzyň özbaşdaklygynyň, berkararlygynyň kepilidir, okgunly durmuş-ykdysady ösüşlerimiziň mizemez binýadydyr. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň giň mümkinçiliklerini üstünlikli peýdalanyp, onuň gazananlaryny has-da pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyz hoşniýetlilige, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan ynsanperwer döwlet syýasatyny nusgalyk derejede durmuşa geçirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleriniň halkara ähmiýetli taryhy wakalary, ýagny Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermeginde Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň, «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desgasynyň işe girizilmegi şeýle buýsançly hakykaty ýene bir ýola dünýä ýaýdy. Halkara hem-de taryhy ähmiýetli bu taslamalar hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, dostlukly, özara bähbitli ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenýändigini tassyklady. Şol bir wagtda, halkymyzyň döwle

Ynsanperwer taglymatyň rowaçlanmagy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýaly milli gymmatlyklaryna esaslanýar. Taryhy, etnografiýa maglumatlaram, halk döredijilik eserlerem halkymyzyň şeýle gymmatly ýörelgeleriniň bolandygyny subut edýärler. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda Oguz handan gözbaş alýan türkmen halkynyň antik, irki we ösen orta asyrlar döwründe özüniň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarly bolandygyny belläp geçýär. Berkarar ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde ylym, bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda dünýäniň ençeme döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giň gerime eýe bolýar. Täze taryhy döwürde milli Liderimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň dünýä boýunça hoşniýetli goňşuçylyk, oňşukly ýaşamak, birek-birek bilen ynanyşmak we ýardam bermek arkaly parahatçylygy saklamak babatda durmuşa geçirýän beýik işleri halkara derejesinde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň halkara derejesinde giň goldawa we ýokary baha mynasyp bolmagyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. 

Eşrete ulaşýar her bir günümiz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Hakykatdan hem hoşniýetli goňşuçylyk, oňşukly ýaşamak, ynanyşmak we birek-birege ýardam bermek, parahatçylygy saklamak halkymyzyň gadymyýetden gelýän milli ýörelgeleriniň naýbaşysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly çuňňur many-mazmunly kitabynda belleýşi ýaly, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek biziň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýar. Parahatçylyk munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr. Sag-salamatlyk, abadan durmuş köňülleriň heňňamlara ýazan mukamydyr. Agzybirlik, abadanlyk döwletimiziň baş ýörelgesidir. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň halkara syýasatynda bu ýörelgelere aýratyn üns berýär. Dünýä döwletleriniň gatnaşmaklarynda iri halkara taslamalaryny amala aşyrýar.

Hem döwletliligiň,hem ömrüň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eseriniň üçünji bölümini okanyňda, ylym-bilimiň hiç haçan sönmeýän çyragdygy baradaky hakykat aňyňda janlanýar. Adam ylym-bilim bilen ilkidurmuş ýaşaýşyndan tehnologiýalaryň eýýamyna çenli gelip ýetipdir. Ylym-bilim bilen garaňkylykdan ýagtylyga çykypdyr. «Aýdyň geljek» diýen düşünjäni kän ulanýarys. Ylymdyr bilim şol aýdyň geljege ýetirjek goşa ganatdyr. Hormatly Prezidentimiz ylymdyr bilimiň jemgyýetdäki iň uly mirasdygyny öňe sürýär. Bilimiň her zerresiniň altyna barabardygy baradaky rowaýat bolsa orta atylan pikirleri berkidýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan

*** Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň aý­dyň ösüş ýol­la­ry dün­ýä ösüş­le­rin­de öz or­nu­ny tap­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Çün­ki ösü­şiň maz­mu­nyn­da her bir hal­kyň dün­ýä ba­gyş eden gym­mat­ly­gy gel­jek üçin dö­re­di­ji­li­giň we paý­ha­syň ynam­ly sü­tü­ni bo­lup dur­ýar.

Möhüm wakalar

6-njy no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len hä­zir­ki za­man «Ba­ga­bat» şy­pa­ha­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Şy­pa­ha­na bir­ba­da 200 ada­my ka­bul et­mä­ge ni­ýet­le­nen döw­re­bap top­lum­dyr. Şy­pa­ha­na­nyň dü­zü­mi­ne bal­neo­te­ra­pi­ýa, pal­çyk bi­len be­je­riş, anyk­la­ýyş-mas­la­hat be­riş, fi­zio­te­ra­pi­ýa bö­lüm­le­ri, ho­wuz­lar we SPA sa­lo­ny gir­ýär. Anyk­la­ýyş-mas­la­hat be­riş bö­lü­mi pul­mo­no­lo­gi­ýa ota­gyn­dan baş­ga-da, Ger­ma­ni­ýa­da ön­dü­ri­len «Sie­mens med» en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len UZI otag­la­ry­ny, EKG, rent­gen, sto­ma­to­lo­gi­ýa, new­ro­log hem-de kar­dio­log luk­ma­nyň, gu­lak-bu­run-bo­kur­dak we of­tal­mo­log luk­man­la­ry­nyň, beý­le­ki hü­när­men­le­riň otag­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Şy­pa­ha­na üç gat­ly bi­na­la­ryň iki­sin­den yba­rat bo­lup, ola­ryň her bi­rin­de bir orun­lyk otag­la­ryň 25-si, iki orun­lyk otag­la­ryň 35-si we lýuks otag­la­ryň 5-si ýer­leş­ýär. Şol gün Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da, Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň ug­run­da — «Ba­ga­bat» şy­pa­ha­na­sy­na alyp bar­ýan ýo­luň esa­sy çat­ryk­la­ry­nyň bi­rin­de gur­lan «Sag­lyk» bi­na­sy­nyň hem açy­lyş

Arşyň küýseýän owazy

Bu ro­wa­ýa­ty il­kin­ji ge­zek eşi­den ma­ha­lym dö­wü­rem, dün­ýe­le­rem baş­ga­dy. Bi­zem ýa­ňy ýe­di­den gä­dip baş­lan og­lan­jyk­dyk. Dur­mu­şa düýp­li dü­şü­ner­den gö­ge­le­dik. Bal ary­sy­na ideg edip ýö­ren ba­ba­myň guş­luk ça­ýy­nyň ba­şyn­da söz­den söz açy­lyp, en­çe­me tym­sal­dyr he­ka­ýat­lar­dan gu­lak­la­ry­myz ga­nyp, ýü­rek­le­ri­miz yl­ham ta­par­dy. Dur­mu­şy-hy­ýa­ly kys­sa­lar bi­len ter­bi­ýe­le­nip­dik. Şol ro­wa­ýat­la­ryň bi­rin­de öz mak­sa­dy­nyň ug­run­da ze­mi­ni ýor­tup ýö­ren ýaş sa­zan­da bir pe­riş­dä­niň ga­bat gel­şi be­ýan edil­ýär­di... — Hem­me­le­riň göw­nün­den tur­ýan aý­dy­my ta­pa­sym gel­ýär. Hem­me­le­riň ýü­re­gi­ne tä­sir ed­ýän sa­zy ça­la­sym gel­ýär — di­ýip, gaz­ma du­ta­ry­ny elin­de sak­lap du­ran sa­zan­da mat­la­by­ny mä­lim edip­dir.

Watan mähri

Watana söýgi, ilki bilen, onuň şöhratly geçmişine bolan sylag-hormatdan başlanýar. Watan — ynsan üçin mukaddes düşünje. Onda her birimiziň geçmişimiz, şu günümiz, geljegimiz jemlenýär. Watan ynsanyň, hiç bir ýagdaýa seretmezden, bütin durky bilen goraýan, gözüniň göreji ýaly görýän, ezizleýän ýeri.

Döwlet berkararlygynyň mizemez binýatlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy hakyndaky konstitusion kadanyň hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygarynda beýanyny tapýandygy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara hyzmatdaşlygynda aýratyn ornunyň bardygy aýdyň hakykatdyr. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, ýurdumyz belent sepgitlere eýe boldy. Garaşsyzlyk döwletiň ertirki röwşen geljegidir, halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemegidir. Milli Garaşsyzlyk döwletiň daşary gatnaşyklarynda halkara hukugynyň doly hukukly agzasy hökmünde beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary saklamaga bolan ygtyýarlygy, içeri syýasatda döwlet häkimiýetiniň garaşsyzdygy, ýagny onuň häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesine esaslanýandygy, her bir adam üçin bolsa şahsyýetiň hukuk derejesini kesgitleýändigi bilen baglanyşykly bolan döwlet berkararlygynyň mizemez binýadydyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda adam doly hukukly şahsyýet bolup, ol jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Döwletimiz şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini we azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk 24-nji fewralda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» diýen mowzuk boýunça onlaýn görnüşde duşuşyk gurady. Çärä Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlaryň ilçileri hem-de wekilleri, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Asmanynda parahatlyk Baýdagy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz asudalygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň mekany bolup, dünýäniň ünsüni özünde jemleýän, ösüşleriň röwşen ýoluna düşen döwletdir. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň parahatçylygyny, dünýäniň abadançylygyny maksat edinýän tutumlar öz aýdyň netijelerini bermek bilen, hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyjy dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Munuň aýdyň mysallary hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly, 75-nji mejlisinde bolsa «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamalaryň kabul edilmegini buýsanç bilen görkezmek bolar. Bu Kararnamalaryň kabul edilmegi, bir tarapdan, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny jahana ýaýsa, beýleki bir tarapdan, Diýarymyzyň halkara abraýynyň juda ýokarydygynyň aýdyň subutnamalary bolup durýar. Bu zatlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň, Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde belende götermek, Ýer ýüzünde abadançylygy, parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan tutumlarynyň dowamat-dowamdygynyň nyşanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahat

Adamzadyň baş gymmatlygy hem baýlygy

Parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly düşünjelerdir. Bu gymmatlyklar hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk ýörelgeleri türkmen Lideriniň öňe sürýän başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan diňe bir sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, dünýä boýunça parahatçylygyň pugtalanmagyna öz goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmagyň guralyny işläp taýýarlamagyň esasyny düzýär.  Ata Watanymyz özüniň halkara syýasatynda Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär, dürli döwletleriň gatnaşmagynda halklaryň bähbidine gönükdirilen iri halkara taslamalaryny hödürleýär we amala aşyrýar.

Rowaçlygyň ak ýoly

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Parahatlyk — ösüşleriň ak ýoly» ady bilen geçirilen maslahatda çykyşlara giň gerim berlip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň giňden belleniljek ýylynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň halkymyzyň buýsanjyny artdyrandygy baradaky söhbet şol çykyşlaryň özenini düzdi. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde uly goldawa eýe bolýan döwlet syýasatynda ählumumy parahatçylygy berkitmek, hoşniýetliligi we birek-birege ynanyşmagy dabaralandyrmak asylly ýörelgeler bolup durýar. Dünýäniň iň abraýly halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizden gelip çykýan bu ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň binýatlyk esasyny düzýär, dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklarymyzy berkidip, Garaşsyz döwletimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Maslahatyň dowamynda şular barada hem giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi baradaky arzuwlar aýdyldy.

Parahatçylygyň we asudalygyň ýurdy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly içeri we daşary syýasatlary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli özgertdi. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny, ildeşlerimiziň asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklaryny üpjün etdi. Daşary syýasatyň esasy ugruna öwrülen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň dünýäde hemmetaraplaýyn durnukly ösüşi, howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da artdy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň bu hukuk derejesine daýanyp, goňşy we daşary döwletler bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýaly umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň baý tejribesini toplady. «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýip, öz halkynyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyz ösüş arkaly parahatçylyk taglymatyny öňe sürýär we onuň durmuşa geçirilmegi ugrunda anyk işleri amala aşyrýar. Bu bolsa döwletimiziň halkara abraýyny gün-günden ýokary galdyrýar. Dünýä döwletleriniň 149-sy bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan Halkara konwensiýalaryň we şertnamalaryň 150-sine gatnaşyjy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy, Yslam