Tehnikalar —daýhanyň daýanjy
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy giňden bellenilýän ýylyň badalga berlen pagta ýygymy möwsüminde Ahal welaýaty boýunça «John Deere» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 249-synyň, iki hatarly tirkeg kombaýnlarynyň 114-siniň hyzmatyndan peýdalanylar. Bu jogapkärli möwsüme taýýarlygyň çäklerinde Ahal welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri tarapyndan pagta ýygyjy kombaýnlaryň her biri irgözinden doly gözden geçirilip, zerurlaryna abatlaýyş işleri geçirildi. Şeýlelikde, pagta ýygymy möwsüminde daýhanlaryň daýanjy boljak «polat atlaryň» doly taýýarlyk hatarynda goýulmagy gazanyldy. Welaýatyň «ak altyn» ussatlary 135 müň gektar meýdandan pagtanyň 280 müň tonnasyny almagy maksat edinýärler. Olaryň bu belent maksada ýetmeginde pagta ýygyjy kombaýnlaryň orny uludyr. Şoňa görä-de, möwsümde işlediljek tehnikalary bu ugurda tejribesi bolan mehanizatorlara berkitmek boýunça hem degişli işler geçirildi.