Tohumyň müňlesin, gallaçy daýhan!

4 Sentýabr 2024
64

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 30-njy awgustynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna dahylly möhüm meseleler bilen bir hatarda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilmeginiň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtap, 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Şeýle-de güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary derejede geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, düýn welaýat häkimliginde ir säher bilen geňeş-maslahat geçirildi.

Onda bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda guramaçylykly geçirmek, bu möhüm işde kämil usullary we öňdebaryjy tejribeleri giňden ulanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra bu çäre mynasybetli Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde uly dabara guraldy. Ir säherden başlanan çärä il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, welaýatymyzyň oba hojalyk ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ussat gallaçylar gatnaşdylar.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar