Topraga bagry badaşan

4 Sentýabr 2024
66

Mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşlerine goşant goşmak ildeşlerimiziň her biriniň baş maksady. Häzirki wagtda ýaşlaryň aglabasy ýere — ene topraga hyzmat edenlerini kem görenoklar. Olar ata-baba kesbi bolan daýhançylygy saýlap-seçýärler. Köýtendagly Taşbek Adylow hem orta mekdebi tamamlan dessine kakasy Aknazaryň daýhançylyk kesbini ýöredip başlady. Şondan bäri geçen on bäş ýyla golaý wagtyň dowamynda ol bugdaý, gowaça, şaly ýaly oba hojalyk ekinlerini ekip, olardan ýokary hasyl ýetişdirmegi öwrendi. Taşbek etrabyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň çägindäki 5 gektar çemesi ýerinde köp ýyllaryň dowamynda gowaçadyr bugdaýy gezekleşdirip ekip, ýylyň-ýylyna bol hasyl aldy. Ol ökde kärendeçileriň hatarynda tanalyp ugrady.

2019-njy ýylyň ahyrynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almak, dolandyryş usullaryny kämilleşdirmek boýunça öňe süren teklipleri esasynda düýpli özgertmeleriň başlanmagy Taşbekiň durmuşyny bütinleýin üýtgetdi. Ekerançylyk ýerleri öňdebaryjy kärendeçilere uzakmöhletleýin paýlanylyp berildi. Ilkinji bolup, ýerli bolmak bagtynyň öz paýyna düşmegi Taşbeki uçursyz begendirdi. Ol 99 ýyl möhlet bilen bölünip berlen ýerini doly güýjünde ulanmak maksady bilen, ähli döredilen mümkinçiliklerden we şertlerden netijeli peýdalanyp, yhlasly zähmet çekendigini gürrüň berýär. Geçen ýyllarda täze şertlerde ol öz iş tejribelerini has-da baýlaşdyrdy. Işleri sazlaşykly ýola goýmagyň netijesinde daýhan ýigit her ýyl bugdaý we gowaça ekinlerinden bol hasyl ýygnap, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirip ugraýar.

Erkin NYÝAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar