"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýakymdan doldurar göwün galaňy

Dillerimiziň senasy, törümiziň seresi mähriban enäni maşgala binýadynyň şahalary ýaýylyp, birgeňsi owsun atýan daragtyna meňzedýärsiň. Şol pursat ata-babalarymyzyň «Aýalyň tagtam, bagtam ojak başynda», «Asyl aýal öýüne bezeg» ýaly paýhasly setirleri ýadyňa düşýär. Kümüş saçy nurana ýüzüne has hem gözellik çaýýan Oguljahan enäniň dünýä inderen bäş ogludyr bäş gyzynyň kemala getiren ýigrimi bäş agtygyny, olaryň perzentlerinden dünýä inen otuz alty çowlugyny daşyna üýşürip, bagryna basyp, başlaryny sypap, hersine bir mylaýym söz tapyp, mährini berip oturyşyny görüp: «Enäniň ýumruk ýalyjak ýüregine munça mähir, söýgi neneňsi sygýarka?» diýeniňi duýman galýarsyň. Oguljahan ene pikirimi aňan ýaly: «Perzent süýji, agtyk ondanam süýji, çowluk welin, hemmesinden hem süýji. Ählisi daşyma üýşende, başga bir owadan dünýäniň içine siňen ýaly bolýaryn.Özümden başga bagtly adam bardyr öýdemok. Her kime şeýle bagt nesip etsin!» diýdi. Oguljahan ene mamla. Döwletli maşgalany bir ýere jemläp, oňa guwanmakdan ötri uly bagt ýok bolsa gerek. Bu bagta ýetmek, perzentleriňi ilhalar adamlar edip ýetişdirmek üçin olaryň aňyna türkmeniň döwletlilik ýörelgelerinden gelip çykýan edep-terbiýäni, maşgala agzybirliginiň baş galadygy baradaky düşünjäni guýup durmaly. Ene balalaryny daşyna üýşürip, agzybir maşgalany — döwleti emele getirýär. Maşgala agzalarynyň barynyň başyny jem edip, döwletiňi

Pendimi alsaň...

Türkmen zenanynyň asyllylygy, parasatlylygy, uýat-haýalylygy, sadalygy onuň aslynda, zandynda bar zat. Şol häsiýetler hem zenanyň mertebesini beýgeldýär. Gyz maşgala dünýä inende: «Göwün hoşum» diýip, ene-ata onuň boýuna-syratyna guwanyp, kemala getirýär, iline-gününe ýaraýan perzent bolup ýetişmegini arzuwlaýar. Wagtyň gelmegi bilen, gyz maşgala durmuşa çykmaly, başga bir maşgala, ile goşulyp, özüniň kiçijik döwletini — maşgala ojagynyň binýadyny gurmaly bolýar.

Maşgalada kakanyň orny

Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, dünýä inen ilkinji günlerinden kakalaryň körpejelere terbiýe berip, olar bilen ýygy aragatnaşykda bolmagy çagalaryň özüne ynamly, dogruçyl, kämil adamlar bolup ýetişmegine täsir edýär. Şonuň üçin kakalar çagalary bilen ýygy aragatnaşykda bolup, ejeleri bilen deň hatarda ýaş nesle edep-terbiýe bermelidirler. Ýakynlarynyň göreldeli bolmagy çaga üçin terbiýäniň ulusydyr. Sebäbi çaga edebi, göreldäni ene-atadan alýar, olara meňzejek bolýar. Terbiýede ejäniň we kakanyň hersiniň öz orny bar, ýagny olaryň biriniň bolmagy ýa-da bolmazlygy, terbiýä gatnaşman, çetde durmagy çaganyň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegine ýaramaz täsirini ýetirýär. Maşgalada çaga eje-de, kaka-da deň derejede terbiýe bermelidir. Çaga üçin kakanyň göreldesi diýseň uly bolup, psihologiýada şeýle diýilýär: «Ejesiniň terbiýesi çagada mähir, duýgy döredýär; — Kaka terbiýesi bolsa onuň erkin, ynamly bolmagyna täsir edýär».

Peýdaly maslahatlar

Ýeralmany gaýnadanyňyzda suwa 2-3 diş sarymsak atsaňyz, onuň tagamy has-da süýji bolýar. Ýeralmany has çalt bişirmek üçin, oňa bir çemçe mesge ýagyny atmak maslahat berilýär. Şeýle hem ýeralma gaýnadylanda dargap gitmezligi üçin, onuň suwuna sirke damdyrmaly. * * *

Bulary bilmek gyzykly

Süýji agaçda ösýärmi? Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyň we Koreýanyň tokaýlarynda goweniýa agajy (Hovenia dulcis) — süýji agajy duş gelýär. Goweniýa agajy kruşina maşgalasyna degişli bolup, «süýji agajy» diýen adyny göterýär. Bu agaçda, hakykatdanam, «süýji» ösýär, düzümi 40%-e çenli şeker saklaýan miwe baldaklary (miwäni ýolup alnanda miwede galýan çöpjagazlary) hem örän tagamlydyr. Bu egri miwe baldajyklary şol durşuna iýilýär. Turşuja kişmişiň tagamyny ýatladýan bu ösümlik Hytaýda we Ýaponiýada süýjülik iýmiti hökmünde ulanylýar.

Gapjygyň taýýarlanylyşy

Gerekli zatlar: — deri önümi ýa-da gataňsy mata;

Öý bikesi öwrense...

Gatlakly tort Hamyry üçin gerekli önümler: 300 g goýaldylan süýt (sguşýonka), 3 sany ýumurtga, 180 g un, 10 g hamyr tozy, 1 çümmük duz, tabany ýaglamak üçin 30 g mesge.

Maşgala we terbiýe

Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasyna laýyklykda, maşgala — bu adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan, çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly toparydyr.

Datly kökeler

Gerekli önümler: 3 sany ýumurtga;

«Zenan diýmek dünýedir...»

Bir ýerlerden assaja ýaňlanýan zenan hakdaky ajaýyp aýdym gulaga ilýär: Zenan diýmek dünýedir,

Enelere we çagalara iň mähriban ýurt

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen zenanynyň belent mertebesiniň mynasyp waspyny edýän  «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde  ýurdumyzda adam hakyndaky ynsanperwer aladalaryň durmuşa geçirilişi barada söz açyp: «Ýurdumyzdaky Ene mähri merkezleriniň «Çaga mähirli gatnaşykly hassahana» diýen ada eýe bolmagy şu milli ruhy ýörelgelerde pugtalanan durmuş hakykatynyň bir ykrarnamasydyr. Saglyk ulgamyny döwrebap ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynda şunuň bilen bagly düýpli öňegidişlikleri gazandyk. Her bir maşgalada çaganyň dünýä inmegi, onuň ilkinji ýylgyryşy, ilkinji ädimi, ilkinji sözi aýtmagy we beýleki wakalar maşgalanyň ýakymly ýatlamalarynyň taryhyna ornaýar» diýip, paýhasly belleýär. 

Ömür asyrynyň bosagasynda

Şahyryň: «Dünýäniň bar görki enedir, ene!» diýip belleýşi ýaly, ýaşaýşymyza ýagty nuruny saçyp duran eneler, hakykatdan-da, bu barlygyň durky, berki, görki. Olar bilen bu ýagty jahan has görkana hem erkana. Goý, bu barlyk her saba-säherde olaryň mähir-muhabbeti, nurly ýylgyryşy bilen oýansyn! Halkara zenanlar gününde her kim öz mähribanlaryny gutlamaga howlugýar. Aslynda, bu baýramy ýaşy bir asyra golaýlap gelýän ene bilen garşylamagyň bagty, begenji, buýsanjy has-da başgaça bolsa gerek. Ynha, bu ojagy ýaşy bir asyra golaýlaşyberen enäniň mähri ýyladýar. Hawa, asyra. Belkem, beýik Biribar hem enelere ykbal paýlanda, olara mähri has zyýat eçilýändir. Şonuň üçin hem ene ýüreginiň ýylysy bütin dünýä ýetýär.

Ene — döwletlilik

...Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň — döwletliligiň eýesidir. Döwletlilik olaryň bahar ýaly owadan ýylgyryşynda, säher ýaly tämiz kalbynda, ýaşaýşa tükeniksiz güýç berýän nurana garaýyşlaryndadyr. Berkarar döwleti gurmagyň halkymyzyň öý-ojak, maşgala mukaddesligine goýýan hormatyndan başlanýandygy hem şu düşünjeden açylýar. Döwletlilik sylaşygyň, agzybirligiň bolmagy, bir söz bilen aýdylanda, bagtyýarlygyň höküm sürmegidir. Dünýä eneleriň mähribanlygyndan nurlanýar. «Ene» düşünjesinden «ene ýer», «ene toprak», «ene dil» ýaly söz düzümleri emele gelýär. Enäniň dünýäniň başlangyjy bolmagy hakyndaky düşünje, bu mähriban ynsanyň ýaratmak bilen umumylygynyň, dünýäde dörediji hökmündäki tebigy häsiýetlendirilmesiniň gözbaşydyr. Eneleriň bahara meňzedilmegi hem şonuň üçindir. Bahar paslynyň gelmegini tebigatyň ynsana ýalkaw inderen pursady diýip kabul eden ata-babalarymyz iň gözel oý-pikirleriň netijeliliginde hem bahary hem-de oňa mahsus bolan döredijilik güýjüni görýärler. Şonuň üçinem goýnunda owadan gülleri, baglary gülledýän, şemalyň, Günüň, suwuň ýakymy bilen demini alýan mukaddes toprak hem enedir. Men öz mähriban käbämi Halkara zenanlar güni hem-de dünýä inen senesi — doglan güni bilen gutlanymda, aýtjak zadymy az sözde, gysga beýan etmek üçin, käteler esli salym pikirlenýärin. Ejemiz — Ýe

Perzent edebi — ömrüň bezegi

«Agaç miwesinden, ynsan balasyndan tanalar» diýlen pähimiň many-maňzyna aňryýany bilen göz ýetirip gelýän halkymyz nesil-neberesiniň edep-terbiýesine uly ähmiýet berýär. Ony halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň, däp-dessurlarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Ýagty jahan bilen tanşan gününden başlap, ene-mamalarymyzyň çaga üçin edýän doga-dileglerinde, heňe salýan owazly hüwdülerinde çaganyň geljekki durmuş menzilleri dogrusynda ýagşy umyt-arzuwlar beýan edilýär. «Çaga eziz, edebi ondan-da eziz» diýlişi ýaly, pederlerimiziň iň uly arzuwlary perzentleriniň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri bilen baglydyr. Gündogaryň beýik akyldary Abu Nasyr Faraby mertebe gazanmagyň iki ýoly bar diýip düşündirýär. Olar – okatmak hem-de terbiýelemekdir. Alymyň bu pikiri ilhalar, medeniýetli şahsyýeti, nesli ýetişdirip, jemgyýetde mertebe gazanyp bolar diýen düşünjäni öňe sürýär.

Maşgalanyň söýesi

Zenan hakda gürrüň gozgalanda, ilki bilen zenanyň el işlerini, sungaty bilen halkymyza goşan beýik goşantlaryny, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirip, ýaş nesillere göreldesini ýatlanyňy duýman galýaň. Bu babatda nesillere görelde mekdebi bolup hyzmat eden, on barmagynyň hünäri bolan keşdeçilik sungatynyň ussady, Milli Liderimiziň käbesi, hormatly Prezidentimiziň mähriban enesi Ogulabat ejä, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban käbesi, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen beýik ada mynasyp bolan ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa mähriban halkymyz uly sarpa goýýar. Bu beýik ynsanlaryň çeken zähmetleri, olaryň zähmet we durmuş ýollary medeni mirasymyzy giňden ýaýbaňlandyrmakda we nesillere ýetirmekde nusgalyk mekdepdir. Halkymyzyň taryhyna ser salsaň, türkmenlerde zenanlara aýratyn garaýşyň bolandygyny görmek bolýar. halk dessanlarymyzda, halk döredijiligimizde, nusgawy edebiýatymyzda, açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan taryhy-medeni ýadygärliklerimizde zenan mertebesiniň beýikligi belentden ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny janlandyrýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Gyzbibi ýadygärligi, Pulhatyn köprüsi, Parawbibi ýadygärligi we Nusaý galasynyň taryhynda orun tutan zenanlar barada gyzykly söhbetler açylýar.

Eden işi nusgalyk

Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçe geňeşliginiň Boroşly obasynda ýaşaýan Akjagül Durdyýewa 97 ýaşy arka atan zenan. Ýaşlygyndan tagam taýýarlamakda, keşde çekmekde, haly-palas dokamakda, keçe güllemekde, öňüne zenan geçirmedik Akjagül obadaşy Remezan Durdyýew bilen durmuş gurýar. Uruş döwrüniň güzabyny gözi bilen görüp, egni bilen çekýär. — Özüm hem kakamyň elinde enesiz ýetimlik bilen ulaldym. Uruş döwri bize has agyr geldi. Obamyzyň ähli erkek adamlary urşa gidenden soň, agyr işler zenanlaryň gerdenine düşdi. 15-16 ýaşymyzdan haşar etdik, gazy gazdyk. Işden soň gijäniň ýaryna çenli öçügsi çyranyň ýagtysyna tikin tikerdik, ellik-jorap örerdik, ik egrerdik, kilim, haly, palas dokardyk. Şonda-da ruhdan düşmän, ýeňşe garaşdyk. Sabyr edip, şu günlere — eşretli döwre ýetdik. Pensiýalarymyz, aýlyk, kömek pullary wagtynda berlip dur. Elimiz uzadan ýerimize ýetýär. Häzirki parahat döwrüň gadyryny bilip ýaşaň! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Häzirem 97 ýaşadym diýip, gol gowşuryp oturamok. Agtyk-çowluklaryma, ýuwluklaryma el işlerini öwredýärin, alaja, aldymgaç, jorap örmegi öwretmegi borjum hasap edýärin — diýip, mährem ene gürrüň berýär.

Kerem-keramatdyr eneler

Şahyr «Dünýäniň bar durky enedir, ene...» diýip belleýär. Şahyryň bu ajaýyp pikiri bilen ylalaşmazlyk asla mümkin däl. Biziň ählimiz üçin bu gojaman dünýä öz ejemiz, enelerimiz bilen bile dörän ýaly. Ýaşaýşyň başynda enäniň durandygy üçin, kämahal, «Pany dünýäniň döreýşiniň gözbaşynda-da ene duran bolaýmasyn?» diýen sowal seriňe gelýär. Bu sowalyň çözgüdi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda örän aýdyň jogapda jemlenýär. Kitapda: «Ene — dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi. Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we külpetlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri — beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler. Bu heňňamlar aýlanyp, ýaradylyşa mahsus üýtgewsiz kada diýilse, dogrudyr. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Adam ogly nähili güýçli, paýhasly, edermen bolaýsyn, ol özüni dünýä inderen, jigerinden jan beren ynsanyň öňünde indi kemala gelmeli, hemişe goralmaly çaga mysalydyr. Çünki enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir» diýlip bellenilýär. Bu paýhasly jümlelerde ojagyň odunyň hemişe alawlap, ýyladyp durmagynda agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň höküm sürmegini gazanýan, şol öýüň keşigini çekýän enäniň ornunyň uludygy nygtalýar.

Ýuwluk gören mährem ene

«Berkarar döwlet istärin» diýen beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hem-de türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuwlan asuda, parahat durmuşy döwlet özbaşdaklygyna eýe bolan günümizden bäri hakykat ýüzünde şöhlelenip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde bagtyýar halkymyz üçin döredilýän durmuş ýeňillikleri ildeşlerimiziň maksatlaryny myrada gowşuryp, ömürlerini uzaldýar. Şeýle bagtdan paýly raýatlaryň biri-de golaýda 109 ýaşyny dolduran mährem enemiz, Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň ýaşaýjysy Täjigül Meläýewadyr. Ýakynda mährem enäni 109 ýaşy bilen gutlap, onuň döwletli ojagynda myhman bolduk. TKA-nyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap birleşmesiniň agzybir işgärleri uzak ýaşly enäni alnyna sylyp, onuň bilen söhbetdeşlik guradylar. TKA-nyň etrap birleşmesiniň adyndan taýýarlan sowgatlaryny gowşurdylar. Şeýle şatlykly günde mährem enäniň daşyny ogul-gyzlary bilen bir hatarda onuň 33 agtygy, 85 çowlugy hem-de 2 ýuwlugy gurşady. Döwletli ojaga jemlenenler mährem enäniň guwanjyny goşalandyrdy.

Bag­tyň on sy­ry

Adam JEKSON,iňlis ýazyjysy (Bu häzirki döwrüň göçme manyly hekaýasy bolup, ol siziň durmuşyňyzy üýtgetmäge kömek eder)

Nesil terbiýesiniň gözbaşy

Garaşsyz Diýarymyzda milli medeniýetimizi, mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak we ýaş nesillere öwretmek, şeýle hem ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Asylly ýörelgelerimiziň dowam etdirilmeginde iň esasy orunlaryň biri maşgala terbiýesine degişlidir. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Maşgala hakyndaky sagdyn düşünjeler jemgyýetiň we döwletiň bähbidinedir. Şu nukdaýnazardan maşgalanyň aladasyny etmek, ýaşlaryň aňynda maşgala gymmatlygy hakdaky düşünjeleri berkitmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaş çagalaryň dünýä inmegi, maşgala terbiýesi bilen gurşalmagy, bilimli, zehinli, hünärli bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeler, gönükdirilen tagallalar örän uly» diýip belleýär. Jemgyýeti emele getirýän düzümleriň ilkinjisi bolan maşgala çaganyň geljekki terbiýesinde iňňän möhüm orun eýeleýär. Çaga maşgalada, ilki bilen, edep-ekram, ahlak gymmatlyklaryny öwrenýär. Edep-ekram şahsyýetiň bezegidir. Edeplilik arassa ahlakly, ýagşy terbiýeli, utanç-haýaly we gowy gylyk-häsiýetli bolmak diýmekdir. Maşgalada, adamlar bilen gatnaşyklarda, iýmek-içmek, dynç almak ýaly, ynsanyň tutuş durmuşynda ahlak kadalaryny berjaý etmek edeplilikden nyşandyr.