Ene — döwletlilik

6 Mart 2024
1153

...Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň — döwletliligiň eýesidir. Döwletlilik olaryň bahar ýaly owadan ýylgyryşynda, säher ýaly tämiz kalbynda, ýaşaýşa tükeniksiz güýç berýän nurana garaýyşlaryndadyr. Berkarar döwleti gurmagyň halkymyzyň öý-ojak, maşgala mukaddesligine goýýan hormatyndan başlanýandygy hem şu düşünjeden açylýar. Döwletlilik sylaşygyň, agzybirligiň bolmagy, bir söz bilen aýdylanda, bagtyýarlygyň höküm sürmegidir. Dünýä eneleriň mähribanlygyndan nurlanýar. «Ene» düşünjesinden «ene ýer», «ene toprak», «ene dil» ýaly söz düzümleri emele gelýär. Enäniň dünýäniň başlangyjy bolmagy hakyndaky düşünje, bu mähriban ynsanyň ýaratmak bilen umumylygynyň, dünýäde dörediji hökmündäki tebigy häsiýetlendirilmesiniň gözbaşydyr. Eneleriň bahara meňzedilmegi hem şonuň üçindir. Bahar paslynyň gelmegini tebigatyň ynsana ýalkaw inderen pursady diýip kabul eden ata-babalarymyz iň gözel oý-pikirleriň netijeliliginde hem bahary hem-de oňa mahsus bolan döredijilik güýjüni görýärler. Şonuň üçinem goýnunda owadan gülleri, baglary gülledýän, şemalyň, Günüň, suwuň ýakymy bilen demini alýan mukaddes toprak hem enedir.

Men öz mähriban käbämi Halkara zenanlar güni hem-de dünýä inen senesi — doglan güni bilen gutlanymda, aýtjak zadymy az sözde, gysga beýan etmek üçin, käteler esli salym pikirlenýärin. Ejemiz — Ýerdäki örkümiz, Arşdaky umydymyz. Asmanda hem eneleriň alkyşy ganat ýaýyp durandaky ýaly nuranalygyň bardygyny duýanyňda, şeýle pikir edýärsiň.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan.