Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, dünýä inen ilkinji günlerinden kakalaryň körpejelere terbiýe berip, olar bilen ýygy aragatnaşykda bolmagy çagalaryň özüne ynamly, dogruçyl, kämil adamlar bolup ýetişmegine täsir edýär. Şonuň üçin kakalar çagalary bilen ýygy aragatnaşykda bolup, ejeleri bilen deň hatarda ýaş nesle edep-terbiýe bermelidirler. Ýakynlarynyň göreldeli bolmagy çaga üçin terbiýäniň ulusydyr. Sebäbi çaga edebi, göreldäni ene-atadan alýar, olara meňzejek bolýar.
Terbiýede ejäniň we kakanyň hersiniň öz orny bar, ýagny olaryň biriniň bolmagy ýa-da bolmazlygy, terbiýä gatnaşman, çetde durmagy çaganyň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegine ýaramaz täsirini ýetirýär. Maşgalada çaga eje-de, kaka-da deň derejede terbiýe bermelidir. Çaga üçin kakanyň göreldesi diýseň uly bolup, psihologiýada şeýle diýilýär: «Ejesiniň terbiýesi çagada mähir, duýgy döredýär; — Kaka terbiýesi bolsa onuň erkin, ynamly bolmagyna täsir edýär».