Öz­ger­ýän ul­ga­myň kä­mil­leş­me­gi

29 Iýul 2021
1415

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ýokary netijeli ykdysady syýasat Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň arasynda abraýynyň has hem ýokarlanmagyna, dünýä döwletleri bilen amatly gatnaşyklary ýola goýmaga, ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün etmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň: «Milli ykdysadyýeti dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna netijeli girizmeklik ýurdumyzdaky önümçiligiň geljegine diňe bir eksport mümkinçilikleriniň we importa bolan mätäçlikleriň nukdaýnazaryndan däl-de, ylmy-tehniki we innowasion ösüşiň dünýädäki tendensiýalary hakyndaky esaslandyrylan düşünjeleriň bolmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň bazarlarynyň dinamikasy, maýa goýum serişdeleri, işçi güýji we şuňa meňzeşler bilen bagly nukdaýnazardan hem baha bermegi talap edýär» diýip bellemegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bu ulgamy we täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ulgamy boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlanyldy. Ýokary okuw mekdepleriniň we okuw merkezleriniň hünär kämilleşdiriş merkezlerinde bu ugurdan eýýäm degişli sapaklar geçilýär.

Ýazgül KURTOWEZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.