Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi

29 Aprel 2024
388

Kabulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň, Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň we Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Jumangariniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda bilelikdäki ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Owganystanyň Söwda-senaga ministrligi habar berýär.

Ylalaşyk esasynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek maksady bilen, amatly nyrh şertleri dörediler. Netijede, ýük otlularynyň Hytaýdan Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana hem-de ondan aňyrlygyna Pakistana, Hindistana we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna amatly şetlerde gatnamagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, deslapky hasaplamalara görä, Sian we Urumçi şäherlerinden (HHR) Owganystana (Turgunda we Andhoýa çenli) has ýakyn ugur arkaly harytlary eltmegiň wagty 10-12 güne çenli azalar.