Ýaşlara ynam – ýagty geljege ynam
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza serpaý ýapmagy hem ýurdumyzda ýaşlara bildirilýän ynamyň örän ýokarydygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň geljegini ýurdumyzyň röwşen ertiri we şanly ösüşleri, olaryň ukyp-başarjaňlygyny ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty bilen baglanyşdyrmagy biziň her birimizde ruhy joşgun döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan şadiwanlarynda ynamyň ganatlandyryjy, güýçlendiriji we ruhlandyryjy gudrata eýedigini belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabyny ýaşlara bagyşlamagynda hem çuň many-mazmun jemlenýär. Ajaýyp eseri okap başlan badyňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy, olaryň gazanýan üstünliklerine bolan buýsanjy kalbyňy gaplap alýar. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada giňişleýin söz açylmagy, şeýle-de olaryň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, asylly gylyk-häsiýetler dogrusynda paýhasly pikirleriň öňe sürülmegi ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir» diýip belleýşi ýaly, ylymly-bilimli ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine saldamly go