"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Iňlis dilinde işlikler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ylym-bilimiň ösüşine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamy ösdürilýär, innowasion tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlara ylym-bilim öwrenmäge giň mümkinçilikler, ähli şertler bar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ene dilimizi we dünýä dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Üstünlikleriň aýdyň ady

Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi giň düşünjeli, ylymly, bilimli ýaşlary ýetişdirmegiň esasy şerti bolup durýar. Bu ösüşlerde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanlylaşdyrylan ulgama giňişleýin geçmek boýunça strategik özgertmeleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli, olary bu işe doly taýýarlamaly. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi, ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän meýiller ylmy esasda alnyp barylýar. Bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory, elektron kitaphanalar döredilýär. Çünki elektron kitaphanalar pudaklary sanlylaşdyrmakda alnyp barylýan işlerde düýpli özgertmeleri we ösüşleri amala aşyrmagy üpjün edýär. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiliklerini yzygiderli giňeltmek netijesinde ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak bilim syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Nesil terbiýesiniň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Ylym-bilim bolsa dünýäniň açarydyr. Şeýle bolansoň, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan bilim syýasaty bu ulgamy döwrebap ösdürmekde, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek meselesini oňyn çözmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki ösen şahsyýeti kemala getirmek ýurduň kuwwatlanmagynyň we jemgyýetimiziň ösüşiniň düýp özenidir. Ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elek- tron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa sowatly ýaşlaryň kemala gelmegine hem-de döwletimiziň ösüşlerine esas bolup durýar.

Biziň baş maksadymyz

Ýurdumyzyň ösüşleriň ýoly bilen öňe gitmeginde bilim ulgamyna möhüm orun degişli bolup durýar. Hut şol esasdanam häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň bilim-terbiýeli, berk bedenli we sagdyn ruhly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak we dünýä hil ülňülerine laýyk getirmek üçin ençeme möhüm resminamalara gol çekdi. Şol resminamalar maksada okgunly nesli kemala getirmekde, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamakda ýokary görkezijileri gazanmak maksadyndan ugur alýar. Şolaryň netijesinde hem ýaş nesle çuň bilim we döwrebap terbiýe bermekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýaş nesillerimiz barada döwlet derejesinde alada edilmegi netijesinde Watana, il-güne wepaly, giň düşünjeli adamlar kemala gelýär.

Tehnologiýanyň miweleri

Häzirki wagtda islendik ugur barada gürrüň edilende, onuň ösüşini täze tehnologiýalar, kompýuterler bilen baglanyşdyrýarlar. Häzirki zaman döredijilik adamlarynyň — ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň, režissýorlaryň... özlerini kompýutersiz, işlemek üçin oňaýly bolan noutbuksyz göz öňüne getirip bilmeýändigini aýdýanlarynyň sany gitdigiçe köpelýär. Dogrudan-da, edil galam-kagyz ýaly, islendik ýere ýanyň bilen alyp gidibermeli noutbuklaryň oňaýlylygy oňa bolan islegiň barha artmagyna getirýär. Biz noutbuk diýenimizde olaryň ählisini umumylykda göz öňüne getirip öwrenipdiris. Ýöne kitap ýaly iki eplenilýän, özünde maglumatlaryň giden bir toplumyny saklamaga ukyply bu täsin kömekçimiziň belli-belli aýratynlyklaryna görä başgaça atlandyrylyşy-da bar. Mysal üçin, internetde işlemeklige niýetlenip ýörite döredilen, «Google» kompaniýasynyň «Chrome OS» operasion ulgamynda işleýän «Chromebook» noutbuklarynyň öndürijisi islendik kompaniýa-da bolup biler. Eger «Elitebook» diýen ýazgyny okasaňyz, öňüňizde «HP» kompaniýasynyň, «Lifebook» diýip ýazylgy bolsa «Fujitsu» şereketiniň önüminiň durandygyny biläýiň. Şonuň ýaly-da «Lenovo» kompaniýasynyň hem diňe özüniň öndürýän noutbuklary bar. Olaryň biri «Thinkpad» telekeçileriň işi üçin niýetlenilen bolsa, «Ideapad», esasan, ýaşlara, öwrenjelere, şonuň ýaly-da edaralarda hat-petek işlerini alyp barmaklyk ýaly uly agram talap etmedik zerurlyklara

Dil — bilimiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Daşary ýurt dillerini okatmak boýunça täze tehnologiýalary okuw işinde giňden ulanmak we yzygiderli kämilleşdirmek meselesi Konsepsiýanyň ilkinji nobatdaky wezipeleridir. «Dünýä dilden başlanýar» diýilýär. Elbetde, ýakyn gatnaşyklar, dostluk hem dilden başlanýar. Dostluk ýollary dünýäniň çar ýanyna uzaýan Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň iki-üç dili bilmegine uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen berkarar döwletimizde çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerimizde daşary ýurt dilleri okadylyp gelinýär.

Çagalar baglarynda öňdebaryjy usullar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalanýar, bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak doly ýola goýulýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda elektron gorlaryny edinmek, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler giň gerim alýar. Elektron tanyşdyryşlar sesli, dürli şekiller arkaly hereketli (animasiýa arkaly) berlende çaga üçin has hem gyzykly bolýar. Çaganyň ünsüni çekmek, berilýän maglumaty ýatda galyjy edip düşündirmek her bir terbiýeçiniň, mugallymyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Kompýuter, multimediýa tehnologiýalary okatmagyň usullarynyň kämilleşmegine getirdi, öň ulanylyp gelinýän usullary, ýagny sözüsti usullaryny baýlaşdyrdy. Munuň özi okatmak usullaryna täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Gürrüň bermek usuly sapaklarda seýrek ulanylyp, çaganyň döredijilikli, özbaşdak işlerini guramak usullaryna uly orun berilýär.

Innowasion tehnologiýalar durmuşa geçirilýär

XXI asyr maglumat tehnologiýalarynyň barha ýokary depginler bilen ösýän döwrüdir. Häzirki wagtda ylmyň iň soňky gazananlary bolan innowasion tilsimatlar durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagyny, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini üçünji müňýyllygyň derwaýys talaby hökmünde öňe çykardy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Bu babatda ulgamyň işini döwrebap guramak we innowasiýa üpjünçiligini gowulandyrmak, tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we sanly bilime geçmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Körpeleri halk döredijiligi esasynda terbiýelemek

Bagtyýar döwrümizde çagalara milli ruhda terbiýe bermekde, olarda Watana, halka wepalylygy terbiýelemekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hyzmaty uludyr. Biz ösüp gelýän ýaş nesle durnukly bilim bermek bilen, olary milli ruhda terbiýelemek üçin yhlas edýäris. Terbiýeli, edepli-ekramly, düşünjeli, watansöýüji, zähmetsöýer perzent ata-enä-de, ýurda-da gerek. Geljegine ynamly adam ýaşamaga-da, işlemäge-de höwesli bolýar. Türkmen balasynyň edebiniň kämil bolmagy üçin ähli döwürlerde hiç halkdan pesde durmandygyny halk arasyndaky şu täsin tymsaly ýatlamak bilen göz ýetirse bolýar. Ata-ene gundagdaky perzentlerine haçan edep-terbiýe berip başlamalydygy barada maslahat sorap, akyldaryň ýanyna barýarlar. Akyldar çaganyň alty aýlyk bolandygyny eşidende, ol: «Eýýäm alty aý gijä galypsyňyz» diýip jogap berýär. Şu tymsaldan görnüşi ýaly, ähli zat çaganyň beýnisi bekemänkä onuň bilen alnyp barylýan terbiýeçilik işine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň eserleri, kitaplary çaga terbiýesi bilen gönüden-göni iş salyşýan terbiýeçiler üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Biz terbiýeçiler çagalar bagynda körpelere Watana, halka wepalylygy terbiýelemekde, okuw-terbiýeçilik işlerinde hormatly Prezidentimiziň

Täze sözleri öwretmegiň usullary

Ylmyň täze gazananlarynyň jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özüniň mynasyp ornuny tapmagynda diliň ýerine ýetirýän hyzmaty uludyr. Dil halkara, döwletara syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary göwnejaý ýola goýmakda, halkara ykdysady hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygider we üstünlikli alyp barmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň barha giňemegi türkmen dilini doly we çuňňur öwrenmek bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň ene dilimizden başga-da, rus, iňlis we beýleki dünýä dillerini öwrenmelidigini häli-şindi nygtaýar. Şol sebäpden, dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmakda, ösdürmekde we kämilleşdirmekde işjeň ulanylýan halkara iş dili hökmünde iňlis we rus dilleriniň öwrenilişine aýratyn ähmiýet berilýär.

Çagalaryň dürs sözleýşini kämilleşdirmek

Ýaş nesillerde dürs we medeniýetli sözleýşi kemala getirmek işini çagalar baglaryndan başlamak möhüm wezipeleriň biridir. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda sözleýiş dilini ösdürmegiň mazmuny çagalara sözleriň manysyna düşünmek, sözi sözlem içinde ulanyp, dogry sözläp bilmek, harplary ýazyp we okap bilmek başarnyklaryny terbiýelemekden ybaratdyr. Çagalar baglarynda çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde çeper eserleri (erteki, hekaýa), goşgulary labyzly aýtdyrmak, dürli oýunlary oýnamak, suratlar bilen işlemek, tebigata gezelenç guramak ýaly usullardan peýdalanmak maksadalaýykdyr. Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek işi ähli sapaklarda we olardan daşary guralýan usuly işlerde dowam etdirilmelidir, sebäbi her bir sapakda daş-töwerekdäki bolýan hadysalar çagalaryň aňynda şöhlelenip, olaryň sözleýiş diline täsir edýär. Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde ene dilini öwretmek bilen bir hatarda, olaryň pikir ýöredip bilmekleri, netije çykarmaklary, zatlar bilen hadysalaryň arasyndaky baglanyşygy seljerip bilmekleri öwredilýär. Çaga terbiýesinde maşgalanyň hem orny uludyr, sebäbi maşgalada ata-enäniň her bir hereketine, göreldesine eýerýän çagalar sözleýişde-de şol endige eýerýärler. Çagalara ýaşlykdan dürs we dogry sözlemek öwredilmelidir. Käbir ata-eneler ýaňy dil biten çagalarynyň diline guwanyp, olaryň ýalňyş sözlemegine ýol berýärler. Şeýle ýagdaýda

Işjanly halypa

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we ösdürilýär. Ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim berýän, milli ýörelgeler esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýän mugallymlar köp. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Tirkeş Toýlyýew hem bar. Tirkeş Toýlyýew 1973-nji ýylda häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, etrabyň 35-nji orta mekdebinde zähmet ýoluna başlady. Ol häzirki wagtda etrabyň 50-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup işleýär. Tirkeş mugallym özüne berkidilen türkmen dili we edebiýat otagyny döwrebap enjamlaşdyryp, sapaklarynda okatmagyň dürli usullaryny guraýar. Geçýän temalaryny görkezme esbaplardan, dürli tehniki serişdelerden peýdalanyp guraýar. Tirkeş Toýlyýew baý iş tejribesine daýanyp, okadýan okuwçylaryny ders bäsleşiklerine taýýarlap, olaryň baýrakly orunlara eýe bolmagyny gazanýar. Onuň ozalky okuwçysy Aýbibi Öwezmyradowa türkmen dili we edebiýat dersi boýunça geçirilen ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda iki gezek birinji orna, döwlet tapgyrynda 3-nji orna Saparjemal Öwezowa “Taslama-döredijilik” bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda birinji o

Bilimler dünýäsi — bagtyýarlygyň binýady

Berkarar Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýetiň berilmegi Diýarymyzyň ösüşleriniň möhüm şerti bolmak bilen bir hatarda, ýaş nesil, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň geljegi baradaky aladany hem öz içine alýar. Durmuş ylym bilen öňe gidýär, ösýär hem özgerýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, döwletimizde umumy orta bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy wezipesi ýokary derejede bilimli nesilleri kemala getirmek, geljekde hünär derejesi ýokary bolan işgärleri taýýarlamak üçin olary öňdebaryjy dünýä tejribesine we halk pedagogikasynyň baý mirasyna daýanyp terbiýelemek bolup durýar. Taryha ýüzlenenimizde hem, halkymyzyň ylym-bilime we sowatly, dana adamlara aýratyn sarpa goýandygyna göz ýetirmek bolýar. Şonuň netijesinde «Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Ylym akyldan dem alar», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» ýaly paýhasly pentler döräpdir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de öňdengörüjiligi bilen milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ylmyň ösdürilmegi halkymyzyň asylly ýörelgelerine daýanýar.

Ösüşlerimiziň ygtybarly esasy

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Ýaş nesil hakdaky alada mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän ähli özgertmeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Prezidentimiziň ýokary derejede sowatly, ruhy taýdan baý, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek boýunça geçirýän işleriniň, badalga beren özgertmeleriniň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamy täze ösüşleri başdan geçirýär.  Milli Liderimiz ýurdumyzda alnyp barylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, ýaş nesliň belent ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelenmeginiň mugallymlaryň, terbiýeçileriň, umuman, bilim işgärleriniň başarnyklaryna, hünär ussatlyklaryna, öňdebaryjy iş tejribelerine baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Başlangyç synplardan başlap, ähli synpda okaýan okuwçylara çuňňur hem döwrebap bilim bermek, milli ýörelgelerimiz esasynda edep-terbiýe öwretmek bilim işgärleriniň möhüm wezipesi bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, sapaklarda, terbiýeçilik maksatly çärelerde dürli usullardan peýdalanýarys. 

Talyplar bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärede çykyş edenler üstümizdäki ýylyň şeýle atlandyrylmagynyň her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrandygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda uly ösüşleriň gazanylýandygy, belent sepgitlere ýetilýändigi, ýurdumyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanýandygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygy, häzirki wagtda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy, tutuş Ýer ýüzünde belent abraý-mertebä eýe bolýandygy barada çykyşlarda birin-birin durlup geçildi.

Terbiýeçiler bäsleşdiler

Etrek etrabyndaky 7-nji çagalar bagynda terbiýeçileriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler okuw gollanmalary esasynda taýýarlan görkezme esbaplaryny hödürlediler. Ýaş nesli bilime ugrukdyrmakda, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna eýerýän, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak boýunça okuw-terbiýeçilik işlerini guraýyşlary barada gürrüň berdiler.

Wagyz-nesihat çäresi

Mekdep okuwçylarynyň arasynda «Bagtyýar ülkäniň ýaşlary biz» ady bilen geçiren wagyz-nesihat duşuşygymyza etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýaşlar barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Nurly geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp, ylymly, bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli, ökde hünärli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň özleri barada edýän atalyk aladasyndan  ruhlanýan ýaşlarymyz güneşli Diýarymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Watanyň daýanjy — edepli ýaşlar

Ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri, edep-terbiýe babatynda miras galdyran däp-dessurlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň biziň — hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde goýýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Olarda ýaşlaryň edep-terbiýeli bolup ýetişmelidiklerini, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmelidiklerini ündeýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndan peýdalanyp, dürli tymsallaryň, rowaýatlaryň üsti bilen ýaşlary edepli-terbiýeli bolmaklyga, zyýanly endiklerden daşda durmaklyga çagyrýarys. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi» atly bölüminde şeýle setirler bar: «Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr». Şundanam görnüşi ýaly, watansöýüji, ahlak taýdan arassa ýaşlary ýetişdirmek, olara ulyny sylamak, kiçini söýmek, il- -günüňe, halkyňa wepaly bolmak ýaly kadalary öwretmek her bir maşgalada ene-atanyň, mekdepde mugallymyň, çagalar bagynda terbiýeçiniň öňünde mukaddes borç hasaplanýar. Çünki edep-terbiýeli ýaş nesil Watanyň daýanjydyr.

Kitap — ruhy hazyna

Ýaş nesli ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde kitaphanalaryň hyzmaty uludyr. Ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda kitaphanalaryň birnäçesi hereket edýär. Ynha, şeýle ajaýyp kitaphanalaryň biri-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasydyr. Bu kitaphana indi ençeme ýyl bäri ýaşajyk okyjylara hyzmat edip gelýär. Ol paýtagtymyzyň gözel künjeginde 1935-nji ýylda döwlet çagalar kitaphanasy ady bilen döredildi. Wagtyň geçmegi bilen, 1983-nji ýylda kitaphana Türkmenistanyň halk artisti, dramaturg Bazar Amanowyň ady dakylýar. Ýaşajyk okyjylary özünde jemleýän ajaýyp kitaphana ýedi bölümden ybaratdyr. Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy iri medeni ojaklaryň biri bolup, çagalar we ýetginjekler bilen işlemek boýunça usuly merkez hasap edilýär. Bu ýerde ýaşajyk okyjylaryň çeper edebiýata, döwürleýin metbugata bolan höwesini artdyrmak we olary okamaga höweslendirmek babatda birnäçe işler alnyp barylýar. Medeni ojak çagalar edebiýatynyň baý hazynasyna eýedir. Kitaphanada 250 müňden gowrak hazyna birligi bar. Olaryň arasynda kitaplar, žurnallar, gazetler, ses ýazgyly materiallar, türkmen, rus, şeýle hem daşary ýurt dillerindäki neşirler ýaşajyk okyjylara hödürlenýär. Bu ýerdäki gymmatly hazynalaryň aýawly saklanylmagy üçin ähli şertler döredilen. Desganyň içinde mekdebe çenli we 1 — 4-nji, 5 — 11-nji synp okuwçylary üçin

Göwünlere ganat beren başlangyç

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçiren iş maslahatlarynyň birinde ýaşlara isleglerine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertleri döretmek üçin welaýatlarda, etrap-şäherlerde mekdepden daşary tölegli okuwlary guramak, olara degişli ygtyýarnamalaryň berilmegini ýola goýmak barada beren tabşyryklary bilim işgärlerinde uly şatlyk döretdi. Iş tejribämizden bilşimiz ýaly, käbir çagalarda eýýäm mekdepde okaýan döwründe güýçli ukyplar ýüze çykyp başlaýar. Şol ukyplar ata-eneler, mugallymlar tarapyndan goldanylyp, ýardam berilse, olaryň öz ugry boýunça ussat hünärmenler bolmak mümkinçiligi ýokarlanar.