"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Aýdyň geljegimiziň kepili

Ýurdumyzda bilim ulgamynda gazanylýan özgertmeler halkymyzyň arzuw-islegini kanagatlandyryp, ýaş nesliň kalbyna belent maksatlara tarap badalga berýär. Çünki bilim geljegi nazarlaýan ýol, bu ugurda gazanylýan üstünlikler bolsa, biziň bagtyýarlygymyzyň gözbaşydyr. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa ýaş nesillerimiziň gazanýan üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işleriniň ajaýyp miwesi bolup, göwnümizi galkyndyrýar. Netijede, döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamynyň uly üstünliklere beslenýändigine şaýat bolýarys. Bilim ulgamy — jemgyýetimiziň ösüşiniň kuwwatly güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Şeýlelikde, bu ulgam Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Türkmenistanyň o

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Mugallym hemme ýerde mugallymdyr Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mynasyp neslini kemala getirmekde ata-babalarymyzdan miras galan ýörelge dowam etdirilýär. Çünki ata Watanymyzda nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ýokary görkezijiler gazanylýar.

Ýunesko kafedralary we klublary tejribe alyşdylar

Golaýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň ýolbaşçylary bu ugurda tejribe alyşmak üçin Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde iş saparynda boldular. Saparyň dowamynda mugallymlar ÝUNESKO klublarynyň Belarus assosiasiýasynda, ÝUNESKO klublarynyňdyr kafedralarynyň birnäçesinde myhmançylykda boldular. Assosiasiýanyň agzalary myhmanlary alyp barýan işleri bilen tanyşdyryp, durmuşa geçirilýän halkara taslamalar we maksatnamalar, bu babatda ugurdaş düzümler bilen yzygiderli giňeldilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada gürrüň berdiler. ÝUNESKO klublarynda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ekologik bilimi we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde alnyp barylýan işler, ony has-da ilerletmegiň ugurlary barada hem söhbet edildi. Mugallymlar «Gyzykly işleriň merkezi» atly klubda myhmançylykda bolup, onuň işi hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň klublarynyň işjeňligi bilen belarus kärdeşlerini tanyşdyrdylar. Klubuň agzalary ýöriteleşýän ugurlary boýunça geçirýän medeni çäreleri barada gürrüň berdiler.

Dil — baýlyk

Dil her bir ýurduň milli gymmatlygy, her bir halkyň ruhy baýlygy hasaplanýar. Şol sanda türkmen halkynda-da dil bilmek uly baýlykdyr. Dil öwrenmek, ýaş nesilleriň üç dili suwara bilmeklerini gazanmak milli bilim syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dünýä dillerini öwrenmekleri üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, eziz Diýarymyzda dil bilimi kämil derejede ösdürilip, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, dil merkezlerinde dünýä dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet binýady döwrebaplaşdyrylýar, ony okatmagyň mazmuny baýlaşdyrylýar. Munuň özi daşary ýurt dillerini suwara bilýän ýaşlaryň kemala gelmeginde möhüm ähmiýetlidir. Halkymyzda: «Dil bilen köp biler», «Diller dünýä ýol açýar» diýilýär. Dil bilmek adamzat medeniýetine, kämil ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň, giň dünýägaraýşyň açarydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary ýurtlar bilen dürli ugurlardaky hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dünýä dillerini gowy bilýän kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna zerurlygy artdyrýar. Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, olaryň milli ýörelgelerini, medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmekde d

Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ýeten belent sepgitleriniň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenýändigi dogrusynda aýratyn nygtalýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň turuwbaşdan milli bilim ulgamynyň işini hil babatda dünýä ülňülerine laýyk getirmekdäki taýsyz tagallalarynyň çuňňur mazmunyny aýdyň görkezýär, sebäbi şeýle aladalaryň netijesinde, berkarar Diýarymyz hem bu ugurda kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Ýurduň egsilmez kuwwaty bolan ýaşlarymyza döwrebap bilim almak, saýlan hünäriniň eýesi bolmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynyň özgertmelerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda şeýle belledi: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalary açmagy hem möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys». Bu çuňňur

Döwrebap özgertmeler

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ylym we bi­lim ul­gam­la­ryn­da mö­hüm öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zy mundan buýana hem ösdürmekde ylym-bi­lim ul­gam­la­ry­na jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň kuw­wat­ly öz­ger­di­ji güý­ji hök­mün­de wa­jyp orun de­giş­li­dir. Ylym jem­gy­ýe­tiň ösü­şin­de he­re­ket­len­di­ri­ji güýç­dür. Ylym-bi­li­mi döw­re­bap ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­dir­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. Bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň bar­şyn­da ça­ga­lar bag­la­ryn­dan baş­lap, or­ta, ýö­ri­te hü­när we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne çen­li äh­li bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­ny döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar, hä­zir­ki za­man okuw-usu­ly en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Bu bol­sa ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk ge­ti­ril­me­gi ba­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň amal edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len müm­kin­çi­lik­le­ri has-da art­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň has be­lent tap­gy­ry­na ga­dam bas­dy we «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­li­mi ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» pu­da­gyň äh­li ugur­la­ryn­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li dü­züm­le­rin­de okat­ma­gyň we iş­le­ri alyp bar­ma­gyň san­ly se­riş­de­le­ri­ni or­naş­dyr­mak

Çagalary surat çekmäge höweslendirmek

Köp ýyllardan bäri Türkmenabat şäherindäki 47-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi bolup işleýärin, hemişe kämilligiň gözleginde bolýaryn. Şu ýyl uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynda zähmet çekýärin. Berilýän bilimi has çuňlaşdyrmak üçin sapaklary görkezme esbaplaryň, tehniki serişdeleriň, interaktiw usullaryň kömegi bilen guraýaryn. Sapaklar täsirli serişdelerden peýdalanyp guralanda, görüş bilen eşidiş, syzyş utgaşanda temalara akyl ýetirmek körpelere aňsat düşýär. Öz iş tejribäme salgylanyp, surat sapagynda ulanylýan usullar bilen tanyşdyrmakçy. Mekdebe taýýarlaýyş toparynda şekillendiriş işiniň häsiýeti ep-esli üýtgeýär. Olar hakyky durmuşy sada suratlandyrmagy başarýarlar. Dört ýaşly körpelerden tapawutlylykda, olar has synçy, ownuk bölekleri-de görýärler, çalt deňeşdirip, meňzeşligi we tapawudy tapýarlar, uzak wagtlap syn etmegi, lezzet almagy başarýarlar. Bu ýaşdaky çagalary hadysalaryň, zatlaryň estetiki tarapy has gyzyklandyrýar. Olar tebigatyň, adamyň, haýwanyň ýagdaýyny duýup bilýärler. Olarda daş-töwerege hem uly gyzyklanma ýüze çykýar, gören we ýadynda galan pursatlary suratda beýan etmäge isleg döreýär: «Men obada düýe gördüm» ýa-da «Men hiňňildik uçdum» we şuňa meňzeşler. Bu ýaşda eliň takyk hereketi artýar. Körpeler, esasan, diňe barmaklar bilen işleýärler.

Okuwçylarda el işlerine gyzyklanma döretmek

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde gyzlar gurnaklary hereket edýär. Bu gurnagyň üsti bilen okuwçy gyzlarymyza el işlerini doly derejede öwretmäge mümkinçilikler bar. Keşde çekmek, haly dokamak örän inçe sungat bolup, nesilden-nesle geçip, biziň döwrümize gelip ýetipdir. Keşdeçilik we halyçylyk sungaty türkmen halkynyň gadymy el işleriniň biri bolup, türkmen gelin-gyzlarynyň çagalykdan imrinip sarpa goýýan işleridir. Munuň ähmiýetini okuwçy gyzlarymyza düşündirýäris. Keşdelere we halylara salynýan nusgalaryň, gölleriň atlary, olaryň häzirki döwrümiz bilen bagly taraplary barada hem gürrüň berýäris. Halk döredijiligimiz ene dilimiziň baýlaşmagyna, ösmegine, diliň has kämilleşmegine, çeperleşmegine täsir eden bolsa, bäş barmagynyň astyndan çykýan keşde nagyşlarymyz, haly göllerimiz inçe sungatymyzyň dünýä ýaň salmagyna ýardam edipdir. Dürli milli oýunlarymyz arkaly gyz balasynyň aňynyň ösüşini üpjün edýän terbiýeçilik bilen, bir hatarda, öwredijilik, ösdürijilik täsirleri hem göz öňünde tutulýar. Okuwçy gyzlarymyz bilen el işini ýerine ýetirýän pursatlarymyzda halk döredijilik eserlerinden hem peýdalanýarys. Özara oýunlary oýnaýarys. «Ýumak» oýunlar biri-biriniň dowamy bolmak bilen, türkmen halkynyň gadymy ýaşaýyş-durmuşy, adamyň tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklylygyny görkezýänligi, haly sungatyna söýgini ösdürýänligi bilen tapawutlanypdyr. Oýunlaryň üsti bilen te

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Gezelenç sapaklarynyň ähmiýeti Okuwçylar üçin gyzykly sapaklaryň biri hem multimedia tagtasynyň üsti bilen taryhy ýerlere guralýan gaýybana gezelenç sapaklarydyr. Munda okuwçylaryma özümiň okadýan taryh dersimden «Abiwerd» döwlet goraghanasy bilen bagly taýýarlan wideoroligimi görkezýärin. Olaryň taryhy barada gürrüň berýärin. Bu ýerlerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri barada, möhüm tapyndylary dogrusynda maglumat berýärin. Änew medeniýetine degişli temalary geçenimde bolsa hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan hem peýdalanýaryn. Bu kitapda gürrüňi edilýän taryhy ýerleri muldimedia tagtasynda taýýarlan wideoroligim arkaly okuwçylaryň dykgatyna ýetirýärin. Munuň üsti bilen okuwçylar taryhy ýadygärliklere gaýybana gezelenç edýärler. Sapagyň dowamynda taryhy ýerler barada sowal-jogap pursatlaryny hem guraýaryn. Sowala dogry jogap beren okuwçylary oňat bahalar bilen bahalandyrýaryn.

Taryh sapagyny okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek

Her bir taryh mugallymy ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olarda watansöýüjiligi terbiýelemek işine aýratyn üns berýär. Ýaş nesiller geçmiş taryhymyzdaky beýik şahsyýetleriň ruhy güýjüni duýmalydyrlar. Olarda bu duýgy ynsanperwerlik, milli watançylyk söýgüsini döretmelidir.Ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş neslini milli ruhda terbiýelemekde, şöhratly taryhymyzy çuňňur öwretmekde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby, Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlary we beýleki ajaýyp eserleri gymmatly çeşmelerdir. Orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň taryhy dersinde degişli temalarda bu eserlerden peýdalanmak okuwçylaryň döredijilikli pikirlenmegini ösdürmäge, öwrenilýän taryhy maglumatlara düýpli göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Bilim — röwşen geljegiň açary

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bilim bermegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, sanlylaşdyrmak we sanly tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň hem ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Elektron bilim çeşmelerinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Durmuşymyza iň täze maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar, ýokary tizlikli internet arkaly dünýäniň ylmy maglumatlar gorundan peýdalanmaga amatly şertler döredilýär. Bilimi jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde bilimli, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek meselesine uly üns berilýär. Milli we halkara ders olimpiadalarynda, abraýly ylmy bäsleşiklerde ýeňiş gazanýanlaryň arasynda ýaş watandaşlarymyzyň sanynyň barha artmagy bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bilim hyzmatlarynyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli e

Dünýä dilleri öwrenilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny özgertmek, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, bilimli bolmaklaryny üpjün etmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda ýaşlara öwredilýän bilim aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bilim bermek bilen bir hatarda, ene dilimizi we dünýä dillerini öwretmek ugrunda hem işler ýola goýulýar. Çünki dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen bir hatarda pikirlenişi ösdürýär, dost-doganlygyň binýadyny kemala getirýär. Şonuň üçin hem dünýä dillerini öwrenmek we ýaşlara öwretmek asylly ýörelgä öwrüldi. Döwürdeş alymlaryň belleýşi ýaly, dil halklaryň arasynda dost-doganlygy üpjün edýär. Çünki dil islendik halkyň dilini öwrenmek bilen bir hatarda medeniýetini, nusgawy edebiýatyny hem öwrenýärsiň. Bu bolsa halklaryň dost-doganlygyna oňat täsir edýär. Şeýle hem häzirki döwrüň ylmyny öwrenmekde, dünýäniň iň täze gazananlaryny özleşdirmekde hem daşary ýurt dilleriniň örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki daşary ýurt dillerini bilmek bilen dünýäniň iň täze ylmy edebiýatlary bilen tanyşmaga, ylmyň mümkinçiliklerini has-da çuňňur öwrenmäge mümkinçilik alyp bolýar.

Edepli ile ýarar

Ýaş nesliň kämil ahlakly bolup ýetişmegi türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan baş wezipeleriň biridir. Çagalar baradaky alada, olaryň terbiýesine hemme döwürde-de mukaddeslik hökmünde garalypdyr. Nesil terbiýesinde çagalar baglaryndan başlap orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde köpugurly işler netijeli durmuşa geçirilýär. Çagalar bagynda körpelere berilýän üns-alada diýseň uludyr. Maşgalada perzent terbiýesi, öý-ojagyň esasy hysyrdysy zenan maşgalanyň gerdenine düşýär. Gyzjagazlarymyzyň edep-terbiýesine ene-mamalarymyz diýseň eserdeňlik bilen çemeleşipdir. Bu barada taryhy çeşmelerimize ýüzlenenimizde-de göz ýetirýärsiň. Terbiýäniň iň ýagşysy görelde görkezmekdir. Muňa esaslanýan milli terbiýeçilik ýörelgämiz her birimiziň döwletli maşgalamyzda beýanyny tapýar. Maşgalada çagasynyň sagdyn ösüp-ulalmagy, edep-terbiýe almagy üçin ene-ata çagasyna üns-alada bilen garamalydyr. Watanymyzda köp çagaly enelere berilýän ýeňillikler, döwlet tarapyndan maddy goldawyň üpjün edilmegi, eneleriň saglygyny goramak hakda döredilýän şertler, öňdebaryjy zenanlary, köp çaga terbiýeläp ýetişdiren eneleri sylaglamak üçin döredilen döwlet sylaglary, hormatly atlar ajaýyp döwrümizde zenanlara goýulýan hormatdyr. Geljekki nesliň sowatly we ýokary ahlakly bolmagy köp derejede olaryň ata-enelerine hem baglydyr. Çaga dünýä inenden soňra onuň «ilkinji terbiýeçisi» ata-enesi bolýar. Täze nahaly haýsy ta

Kämillik çagalykdan başlanýar

Ynsan durmuşynda ilkinji zatlaryň ählisi hakydasynda hemişelik galýar. Mekdep bosagasyndan ätlän ilkinji günüň durmuşyňda ýatdan çykmajak iň ýakymly günler bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle bilim we terbiýe bermek, orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim alyp, hünärli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin edýän aladalary deňsiz-taýsyzdyr. Çagalykda öwrenilen zat ynsanyň kalbyna uzak wagtlap ýazylýar. Şonuň üçinem: «Çagakaň öwrenen zadyň daşa ýazylan ýaly» diýilýär. Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Çagalaryň, okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň döwrebap, häzirki zaman şertlerinde bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli şertler döredilýär. Bilim ojaklary häzirki zaman enjamlary, döwrebap kompýuterler bilen üpjün edilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, ak mekdepleriň gapysyndan ilkinji ädimi äden körpeleriň her birine Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuter dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Halkymyzda bilim öwrenmek, ylymly bolmak asylly ýörelge hasaplanýar. Bilim — röwşen geljegiň şamçyragy. Şonuň üçin ýaşlaryň terbiýesi hem mukaddes hasaplanýar. Ene-ata çaga terbiýe berýär, mugallym bu terbiýäni ösdürýär, bilim öwredýär, ylymly bolmagyna ýardam edýär.

«Sanly Bilim» atly sanly ulgamyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda milli bilim ulgamynyň sanlaşdyrylmagy boýunça maslahat geçirildi. Ministrligiň web-saýtynyň maglumatyna görä, maslahatda «Sanly Bilim» atly sanly ulgamyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu ulgam bilim edaralarynyň maglumatlaryny we hyzmatlaryny bitewi ekosistema integrirlemek maksadyny göz öňünde tutýar hem-de maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak we bilim işleriniň netijeliligini artdyrmak üçin niýetlenendir.

«Dil bilen dünýäni gezer»

Il arasynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen, aýtgy bardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sözüň ähmiýeti, gymmaty has-da rowaçlanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bilim ulgamynda döwrebap baý tejribeler toplanyldy. Ýurdumyzda sözüň doly manysynda dünýä dillerini çuňňur özleşdirmek üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňişleýin şertler döredilip, türkmen ýaşlary dünýä dillerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Häzirki wagtda özbaşdak dil öwrenmek üçin döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Dilçi alymlar daşary ýurt dilini öwrenmegiň başlangyç döwründe gepleşigi beýan edýän kitaplardan peýdalanmagy maslahat berýärler. Olaryň pikirine görä, şeýle kitaplarda berilýän sözler we sözlem nusgalary sözlem düzmegiň umumy ýörelgelerini ýatda saklamak mümkinçiligini gowulandyrýar. Çünki gepleşik kitaplarda köp halatlarda sözlem nusgalary birinji ýöňkemede berilýär, bu bolsa dil öwrenijileriň gündelik durmuşynda degişli sözlemleri ulanyp bilmeklerine we olaryň gowy ýatda saklamagyna oňaýly täsir edýär.

Täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly gadam urmaga borçlandyrýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler aýratyn hem ýaş nesle çuňňur ylym, bilim bermekde öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi bolsa, ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, olaryň kämilligiň belentliklerine, üstünliklere ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Kämil bolmak üçin yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işiňe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlaryň ylym-bilimine,

Körpelerde okamak endiklerini ösdürmek

Körpäniň alty ýaşyny dolduryp, mekdebe gitmegi ata-ene üçin buýsandyryjy wakadyr. Şondan soňra çagany mekdebiň düzgün-tertibine öwrenişdirmeli bolýar. Onuň çagalyk ýaşaýyş-durmuşynda üýtgemeler bolup geçýär. Çagalar bagynyň gündelik geçilýän okuw sapaklaryna garamazdan, onuň esasy işi oýun bolsa, indi ol diňe okamaly, öwrenmeli bolýar. Çaga üçin beýle ýagdaýlara uýgunlaşmak aňsat düşmeýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda öwredilýän okuw sapaklary mekdepdäkiden düýpli tapawutlanýar. Bu ýerde çaganyň hem oýna, hem sapaga bolan gyzyklanmasyny sazlamak, elbetde, terbiýeçi mugallyma bagly bolup durýar. Çaga berk düzgünlere, talaplara duçar bolýar. Meselem, sapagy ünsli diňlemek, mugallymyň sowalyna jogap bermek, öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek, sapaklaryň tertibi, mugallyma ýüzlenişi we şuňa meňzeş ýagdaýlar çagalarda belli bir kynçylygy we jogapkärçiligi döredip bilýär. Ýuwaş-ýuwaş çagada öz deň-duşlaryna, ululara garaýşy üýtgeýär. Şu döwürde terbiýeçiniň çagalara has ýakyn bolmagy, olar bilen yzygiderli söhbetdeşlikleri geçirmegi möhümdir. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda çagalar hemmetaraplaýyn mekdebe taýýarlanylýar. Olaryň ünsi, ýatkeşligi, pikirlenmesi, duýgulary, başarnyklary ösýär. Ata-enäniň çagany mekdebe taýýarlamak üçin öýde özbaşdak okamagy we hasaplamagy öwretmegi ýeterlik däldir.

Daşary ýurt dillerini öwretmekde taslama işiniň ähmiýeti

Mälim bolşy ýaly, saýlama okuwlary guramak we geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Galyberse-de, saýlama okuwlar bilen bagly meseleler ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» içinden eriş-argaç bolup geçmek bilen, pedagogik işgärleriň öz hünär bilimlerini we pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmek esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Dünýä tejribesine ýüzlensek, taslama işi orta bilim okuw ulgamynda, ylmy-barlag işlerinde, hünär kämilleşdiriş okuwlarynda hem-de şuňa kybapdaş işleriň ençemesinde işiň netijeli görnüşi hökmünde ulanylýar.

Döwletiň we jemgyýetiň gymmatlygy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim hem-de medeniýet bilen berk baglydyr» diýmek bilen, täze döwrüň amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Şunda Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Bu möhüm resminamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda bolsa göz öňünde tutulýan anyk işler görkezilendir. Munuň özi ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň durnukly ykdysady ösüşiň wajyp şertidigini aýdyň görkezýär.