Bilim binalarynyň şuglasy
Bu gün Aşgabat diýleninde, ilkinji nobatda, onuň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi göz öňüňde janlanýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Aşgabat şäherini ösdürmek we kämilleşdirmek işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Bina edilýän desgalaryň her biriniň gurluşygynda, ilkinji nobatda, halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden ugur alynýar. Saglygy goraýyş, bilim beriş, sport we dynç alyş ýaly ençeme medeni jemgyýetçilik binalary Aşgabat şäheriniň gözel keşbinde ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Paýtagtymyzyň çäginde ylym-bilim ulgamynyň binalarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň edara binalary ýaşlarymyzyň okap, döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler, döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen. 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde paýtagtymyzda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze, ak mermerli binalar toplumy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ak şäherimiziň ajaýyp keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän şeýle häzirki zaman okuw binalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir ýaş nesillerimiziň däl, eýsem, ähli halkymyzyň ýürek buýsançlaryny goşalandyrýar. Şeýle hem, şol günde T