"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Nebit çykarmagyň mehanizmleşen usullary barada

Ýurdumyzyň nebit senagatynyň ösdürilmeginde «Türkmennebit» döwlet konserninde çykarylýan çig malyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, täze tehnikalary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga yzygiderli üns berlip gelinýär. Bu babatda nebit çykarmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň giň tapgyry önümçilikde synag edilip, senagat taýdan ulanyşa girizilýär. Nebit çykarmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak baý tejribeli daşary ýurtly kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Soňky 10 — 15 ýylyň içinde daşary ýurtly kompaniýalaryň hünärmenleriniň türkmen nebitçileri bilen bilelikde guýulary daşary ýurtlardan satyn alnyp getirilen enjamlaryň üsti bilen täze mehanizmleşen usullara geçirip, bol nebit çykarmaga gönükdirilen köp işler amala aşyryldy. Onuň hem sebäbi burawdan çykan guýularyň hemmesi diýen ýaly, ulanylmaga berlen ilkinji günlerinden soň, birnäçe ýylyň dowamynda gatlagynyň basyş güýji peselýänçä çüwdürim usulynda işleýär. Şonda bu guýularyň geljekki ulanyş döwrüni uzaltmakda we nebit berijiligini artdyrmakda olaryň önümli gatlaklarynyň nebit berijiligi ylmy taýdan öwrenilip, ykdysady taýdan esaslandyrylyp, häzirki zaman tehnologiýasyny ulanmak bilen degişli mehanizmleşen usulyna geçirmek esasy wezipe boldy.

Sazlaşykly ösüşiň kepili

Özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň toýuny uly dabara bilen bellän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen sazlaşykly ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň mundan buýana depginli ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny peýdalanyp, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen bagly wezipäni gysga döwrüň içinde üstünlikli çözmegiň zerurdygy barada milli Liderimiz yzygiderli nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşine badalga berildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edilen bu Karara laýyklykda, ýurdumyzda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, şol işleriň özüniň oňyn netijesini berýändigini bellemek gerek. Bu Konsepsiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdiril

Ylym — bilimiň gözbaşy

“Bir okana bar...” diýmek bilen dana pederlerimiz ylym-bilime uly sarpa goýup, ýaş nesilleriň sowatly bolmaklaryna uly ähmiýet beripdirler. Bu meselede kitap ylym-bilimiň gözbaşy bolmak bilen çäklenmän, onuň biziň ýakyn maslahatçymyzdygynam nygtamalydyrys. Şonuň üçinem ýurdumyzda kitaphana işi gowy ýola goýlup, Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen kitaphana işiniň hilini ýokarlandyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Döwrebap kitaphanalar gurlup, okyjylaryň hyzmatyna berilýär. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän bähbitli işler biziň kitaphanamyzda-da okyjylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Kitaphanamyzyň kitap gory barha baýlaşdyrylýar. Aýratynam, Arkadag Prezidentimiziň ýiti zehininden döräp, okyjylaryna guwançly sowgat bolýan kitaplary halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam edýär. Biz okyjylarymyzyň sanyny artdyrmak bilen bagly işlere uly üns berip, edebiýat agşamlaryny, kitap sergilerini yzygiderli geçirip durýarys. Mähriban Prezidentimiziň okyjylaryna peşgeş berýän gyzyldan gymmatly eserleriniň sergileri okyjylarymyzda has-da uly gyzyklanma döredýär. Belent sepgitlere, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýän Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny gowy netijeler bilen jemlemek her birimiziň borjumyz. Biz şu borç duýgusyndan ugur alyp, döredijilikli zähmet çekýäris.

Kitap – ylymlaryň hazynasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim almaga, ylym öwrenmäge, ýaşlary terbiýelemäge, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Milli ýörelgelerimiziň esasy ugurlarynyň biri hem bilim almak, sowatly bolmakdyr. Çünki pähimdar pederlerimiz bilimli adamlara belent hormat goýupdyrlar, kitap okamagy asylly ýörelgä öwrüpdirler. Hut şonuň üçin türkmen halkynyň şöhratly taryhynda umumadamzat gymmatlygyna uly goşant goşan alymlar kemala gelipdir. Olaryň ýazan kitaplary, ajaýyp eserleri häzirki günlerde hem gymmatly golýazma çeşmesi hökmünde öwrenilip gelinýär. Gadym döwürlerden bäri taryhy kitaplar, golýazmalar saklanyp galypdyr. Olaryň içinde dilimize degişli bolan kitaplaryň hem, ylmy kitaplaryň hem, çeper döredijilige degişli kitaplaryň hem bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Çünki türkmen ylmynyň taryhyny şol golýazma çeşmeleriň, kitaplaryň üsti bilen öwrenip bilýäris. Görnüşi ýaly, kitap döwürleri birleşdirýär. Şunuň bilen bir hatarda kitaplar diliň baýlygyny özünde jemleýär. Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» eseri diliň taryhynda möhüm ylmy çeşme hasaplanylýar. Şeýle hem bu eserde dilimizde aýdylyp gelýän paýhasly sözler, nakyllar hem beýan edilýär. Munuň özi halkymyzyň ruhy baýlyklaryny öwrenmekde kitabyň uly ornunyň bardygyny beýan edýär.

Bütin dünýäniň gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserleri bu gün bütin dünýäniň okyjylarynda uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiziň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilen kitaplary dünýäniň iň abraýly kitaphanalarynda okyjylary halkymyzyň milli medeniýeti, asylly häsiýetleri we gadymy däp-dessurlary, şeýle-de şu günki günde ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrýar. Bu gyzyldan gymmatly kitaplaryň halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazanmagynyň esasy sebäpleriniň hatarynda bolsa ol eserleriň türkmen dünýäsini Ýer ýüzüne gaýtadan açmagy, bütin adamzady gyzyklandyrýan meseleleriň gozgalmagy we kämil çeperçilik derejesi ýaly aýratynlyklary görkezip bileris.

Adam garrasa-da, beýnisi ýaş bolup bilermi?!

Bedenimiziň dolandyryjy synasy bolan beýni biziň görmegimizi, eşitmegimizi, hereket etmegimizi, duýmagymyzy, umuman, adam üçin zerur bolan ähli wezipeleri ýerine ýetirýär. Mahlasy, biz bilen bagly ähli zady ýönekeýje, bary-ýogy 1400 gram agyrlykdaky beýni amala aşyrýar. Şeýle çylşyrymly gurnalan synanyň işleýiş aýratynlyklaryna häzirler hem doly göz ýetirilenok. Alymlar: “Beýniniň näme edýänini bilýäris, ýöne näme etjegini bilmeýäris” diýip belleýärler. Dogrusyny aýtsaň, beýni älem giňişligine meňzeýär. Älem giňişligi ýaly, beýniniň hem işleýiş aýratynlyklarynyň aňyrsyna ýetme ýok. Beýni agram taýdan bäş sany almanyň ýa-da alty sany pomidoryň agramyna deňdir. Bedendäki umumy kislorodyň hem ganyň jemi 20 göterimini beýni harçlaýar. Biz okaýan kitabymyzyň haýsy sahypasynda galandygymyzy beýnimizdäki 100 müň mil uzynlykdaky 100 milliard nerw öýjükleri we protein, ýag esasynda ýatda saklaýarys.

Galyndy garynda öwrülende (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Awtoulagyň tekerleriniň düzümindäki reziniň niçik berkdigine ýyllaryň dowamynda göz ýetirýäris. Täze satyn alan tekerimiz bizi üç-dört ýyllap dagy teker çalyşmak derdinden dyndyrýar. Şeýle-de bolsa, ýola sürtülmegi we dürli hadysalar teker näçe berk bolsa-da, onuň ömrüni gysgaldyp bilýär. Aýdaly, tekeriňiz zaýalanypdyr-da, ornuny täzesine çalyşmakçy bolýarsyňyz. Ine, şonda, könesini näme edýärsiňiz?! Ýa zibile oklaýarsyňyz ýa-da bir çete çykaryp ýakýarsyňyz. Şeýlemi?!

Gymmatly gollanma

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby lukmançylyk ylmynda uly işleriň biridir. Bu diňe bir türkmen ylmynda däl, eýsem dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde gymmatly çeşme hasap edilýär. Bu köp jiltlik kitabyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi uly göwrümli ylmy işiň ähmiýetini görkezýär. Ýakynda bu ylmy kitabyň XIII jildi giň okyjylar köpçüligine gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabynyň her bir jildi giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär we ylymda, halk lukmançylygynda gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Kitabyň çap edilen bu täze jildinde-de ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri babatdaky ylmy garaýyşlardyr pikirler beýan edilýär. Türkmen topragy dermanlyk ösümlikleriň bitýän ýeri hökmünde köpleriň ünsünde. Bu babatda dünýäniň lukmançylyk ylmynda ykrar edilen gymmatly çeşmelerde beýan edilýär.

Kitap okamak ömrüňi uzaldýar

«ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň alymlary 12 ýylyň dowamynda 50 ýaşdan ýokary 3635 adama gözegçilik edipdirler. Olaryň ählisi ömrüň dowamlylygy boýunça uly barlaga gatnaşypdyrlar. Ýöne okamak bilen baglanyşykly okyjylara berlen sowallar has gysga bolupdyr» diýip, «The New York Times» ýazýar. Alymlar ähli pikir soralanlary üç topara bölüpdirler: hiç okamaýanlar, hepdede 3,5 sagat okaýanlar, hepdede 3,5 sagatdan has köp okaýanlar.

Bagtyýarlyk döwründe ylmyň eýeleýän orny

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny örän uludyr. Diýarymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda ýurdumyzda ylmyň ösüş derejesine baglydyr. Irki döwürde ýaşan merwli meşhur türkmen alymy Abu Abdyrahman Abdylla ibn Mübarek Merwezi: «Ynsan ylym bilen ynsandyr, ol ylym bilen öz hormatyna eýe bolýar» diýýär. Hakykatdan-da, ylym ynsanyň ähli ajaýyp ahlak sypatlaryny açyp görkezyär. Ylymly ynsan ruhy taýdan baý bolýar. Çünki ol dünýäniň iň uly hazynasy bolan ylmyň eýesidir.

Sarpaly mugallym, belli alym hakynda kelam

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda durmuşymyza ornaşdyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmegiň beýik maksatlaryna gönükdirilýär. Watanymyzyň okgunly ösüşleri bilen ýetilýän belent sepgitlerde watansöýüjiligiň, ynsan ahlagynyň we milli terbiýäniň ýörelgelerini özlerine tug edinýän bilim işgärleriniň uly goşandy bardyr. Şeýle bolansoň, mugallymçylykda ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen yz galdyran görnükli bilim işgärleri, ussat mugallymlar hakynda söz açasyň gelip dur. Biziň bu söhbedimiz halypa mugallym, belli alym Rejep Berdiýewiň ömri we işi barada bolar. Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan mugallymy Rejep Berdiýew 1931-nji ýylda Bäherden etrabynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlap, Aşgabatdaky Mugallymçylyk mekdebinde okaýar. Okuwyny dowam etdirmek maksady bilen, paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Uniwersitetde aýratyn tapawutlanyp okandygy barada mugallymyň döwürdeşleri gürrüň berýärler.

Türkmen dili ylmy esasda öwrenilýär

Dil halkyň ykbaly bilen berk baglydyr. Halkyň ykbalyny bolsa onuň diliniň taryhy bilen kesgitlemek mümkin. Munuň şeýledigini Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhyndaky dilimiziň ösüşi tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen edebi dilimize aýratyn sarpa goýup, dilimiziň aýratynlyklaryny şeýle häsiýetlendirdi: «Biziň ene dilimiz – türkmen dili dünýäniň iň baý dilleriniň biridir. Söze baý, dile çeper, sözleýşe dilewar halkymyzyň ene dili Oguz han Türkmeniň diliniň dowamydyr». Bu ene dilimiz üçin taryhy hakykatlygyna galýar, çünki gadymdan gelýän türkmen diliniň pederlerimiziň guran beýik döwletlerinde ulanylmagy dilimiziň şeýle derejä ýetmegini üpjün etdi. Türkmen edebi diliniň publisistik stili, türkmen diliniň terminologik leksikasy bilen bagly kitaplaryň, dilimiziň etnonimlerine degişli monografiýanyň hem-de adam adynyň gelip çykyşy baradaky maglumatlary özünde jemleýän sözlügiň we adam atlarynyň üç dilde ýazylyşy boýunça gollanmanyň çap edilmegi Garaşsyzlygymyzyň miwesi boldy. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, dilimiziň taryhyna we ýazuw ýadygärliklerimiziň diline, dil biliminiň ösüş taryhyna, edebi diliň stillerine hem terminologiýasyna üns çekildi hem-de şu ugurlarda ylmy-barlag işleri geçirilip, olaryň netijeleri «Türkmen diliniň ýazuw ýadygärliklerinde ýönekeý sözlemiň aýyklaýjy agzalary», «Türkmen edebi diliniň

Durmuş ýörelgämiz bolar

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Şu ýyl maňa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Ýokary okuw mekdebinde bilim almaga girişen ilkinji günüm hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçy ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagy bütin geljegim üçin okuw hem durmuş maksatnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz şol okuw sapagynyň üsti bilen Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezdi. Biziň öňümizde hem şu göreldä eýerip, geljekde öz Watanyna wepaly ýaşlary terbiýelemek wezipesi dur. Munuň üçin bolsa köp okamaly, halypalardan öwrenmeli. Täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinden institutymyzda döwrüň talaplaryny ödeýän hünärmenler bolup ýetişmek üçin ähli şertleriň bardygyna göz ýetirdim. Professor-mugallymlarymyz ýokary derejeli bilim berýärler, baý kitap gory bolan kitaphana hem talyplaryň hyzmatynda. Internet ulgamyndan, multimediýa serişdelerinden peýdalanmaga hem mümkinçilikler bar. Şeýle bolansoň, bize diňe gowy bahalar bilen okamak galýar.

Suwuklygy güýçli ýuwudýan guýulary sementlemek usuly

Guýulary düýpli abatlamak işleri boýunça halypanyň hünärmenlere berýän maslahatlary ýaşlar üçin örän gymmatlydyr. Şu nukdaýnazardan ýaşuly, ussat nebitçiniň guýulary sementlemekde toplan tejribesiniň ýazgysyny okyjylarymyza hödürleýäris. Tebigy taýdan gowşak sementlenen gatlaklardan uzak wagtyň dowamynda önüm alnanda, dürli sebäplere görä, olarda gowaklar, opurylmalar we kanallar ýüze çykýar. Bu hadysa gatlaklaryň guýa daşyndan berilýän erginleri, käbir ýagdaýlarda bolsa, beýleki gatlaklardan alynýan önümi ýuwutmak ukybyny ýokarlandyrýar. Birnäçe guýularda beýleki gatlakdan önümli gatlaga suw geçýär. Oňa keseki suw diýilýär. Guýularda emele gelýän şeýle näsazlyklary düzetmek üçin guýynyň suwuklyk ýuwudýan ýa-da önümli gatlaga keseki suwy akdyrýan gatlagy sement ergini bilen petiklemeli bolýar. Şunlukda, guýynyň daşyndan berilýän ergin, ilkinji nobatda, gidrawliki garşylyklary pes bolan boşluklara hem-de kanallara akyp barýar we olary dyky görnüşinde petikleýär. Bu iş göräýmäge aňsat we ýönekeý ýaly, emma ony iş ýüzünde amala aşyrmak birnäçe çylşyrymly meseleleri çözmekligi talap edýär.

Suwuň häsiýetli aýratynlyklary hakynda

Suw tebigatda giňden ýaýran himiki madda bolup, ol Ýer ýüzüniň 71%-ini gurşap alýar. Onuň esasy mukdary ummanlarda, deňizlerde, derýalarda, köllerde, howdanlarda, ýerasty çeşmelerde jemlenendir. Duzly suwly ummanlar Ýer ýüzüniň suwunyň 97%-ini, buzlar we doňaklyklar 2,4%-ini, beýleki görnüşli suwlar bolsa 0,6 %-ini özünde jemleýär. Şeýlelikde, tutuş biziň planetamyzda (ummanlarda, Ýer gabygynda we Ýer üstünde), takmynan, 1,8 milliard kubmetr suw bardyr diýlip çaklanylýar. Bu suwuň agramy Ýeriň massasynyň bir göterimine golaýdyr. Suw Ýer ýüzündäki iň täsin himiki maddadyr. Şol bir wagtyň özünde suw ýaşaýyş üçin iň zerur serişdedir, tebigatyň adamzada eçilen taýsyz peşgeşidir. Ýerde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin gerek bolan ähli şertler suw arkaly emele gelýär. Hiç bir zat suwuň ornuny tutup bilmeýär. Suw ynsan bedenini nemlendiriji maddadyr. Uly adamyň bedeninde 42 litr suw bardyr. Beýnimiziň 95%-ini, ganymyzyň 82%-ini, öýkenimiziň 90%-ini suw emele getirýär. Adam süňküniň 20 göterime golaýynyň suwdan durýandygy lukmançylyk ylmynda mälimdir.

Beýik ösüşleriň binýady

Dünýäde ylmyň we tehnikanyň ösüşleri halklaryň, ýurtlaryň dostana hem-de birek-birege ynanyşmak arkaly ýeten belent sepgitleridir. Şeýle beýik ösüşleriň durmuşymyzy bezeýän döwründe bilim işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ýaş alymlar döredijilikli zähmet çekýärler. Ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenmek, işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli. Ylmyň dürli ugurlary boýunça iň täze gazanylan netijelerden, açyşlardan habarly bolmaly. Hut şonuň üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleri maglumat alyp biler ýaly, Internet ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Zehinli ýaşlar tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, olary ýetişdirmek üçin ýokary okuw mekdeplerinde giň mümkinçilikler döredilýär, kömek-goldawlar berilýär. Mugallymlaryň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň has-da kämilleşmekleri, professorlaryň öz ugrundan, önjeýli işlemekleri üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag institutlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Ylmy sözleýişde baglanyşyk

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlaryna düýpli üns bermegi netijesinde, esasy halkara dilleriň biri bolan iňlis diliniň has giňden öwrenilip başlanmagy uly ähmiýete eýe boldy. Indi çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdebine çenli, hatda aspirantura döwründe hem bu dilde hünär bilen bagly sözleýiş endikleriniň kämilleşdirilmegi işjeň alnyp barylýar. Netijede, halk hojalygymyzyň dürli pudaklaryny, bazar ykdysadyýetini, ylmy, medeni, syýasy gatnaşyklary dünýä derejesine ýetirmekde iňlis diliniň hyzmaty möhüm. Sebäbi islendik hünärdäki adamlaryň şu dilde hasabatlary, teklipnamalary taýýarlamagy, ylmy maslahatlarda çykyş etmegi, taslamalaryň ylmy-tehniki esaslaryny ýazmagy we bir dilden beýleki bir dile terjime işlerini alyp barmagy ussatlygy talap edýär. Öňde duran şu maksatlara ýetmek üçin, dil öwretmekde usulyýetiň has netijeli görnüşlerine geçmek derwaýys hasaplanýar. Täze dil öwretmek usulyýeti nähili häsiýete eýe? Onuň amal edilmegi üçin haýsy ylmy-usuly şertler zerur? Bu usulyýet iňlis diliniň maksatlaýyn öwrenilmegini göz öňünde tutýar. Okatmagyň mazmuny we onuň bilen bagly käbir usuly aýratynlyklar öňe çykýar. Bu diýildigi, ilki bilen, iňlis diliniň başlangyç esaslaryny, gepleşik dili resmi-dolandyryş, ylmy, ýazuw görnüşlerini we olara degişli okatmak usulyýetlerini aňladýar diýildigidir

Öwütlere eýermek — borjumyz

Her gezek çykyşlaryny diňlänimde, jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryny okanymda, hormatly Prezidentimiziň nähili giňişleýin möçberde pikirlenýändiginiň, ýurdumyzyň şu güni we geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň hiç birini-de ünsden düşürmän gelýändiginiň şaýady bolýaryn. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygyna gatnaşmak we onda eden taryhy çykyşyny diňlemek bagty miýesser etdi. Şonda ýene-de bir gezek milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli aladalarynyň global häsiýete eýediginiň şaýady boldum. Onda aýdylanlaryň ählisi barada gürrüň etjek bolsaň, bir makalanyň möçberi ýeterlik bolmaz. Şonuň üçin hem şu ýazgylarymda ýaşlara ylym, bilim we terbiýe bermek boýunça milli Liderimiziň beren maslahatlarynyň, bu ugurda şu wagta çenli amala aşyrylan işleriň käbirleri barada durup geçmekçi. Döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşynda: «Men «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabymda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belläpdim. Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris» diýip, ylmyň, bilimiň we terbiýäniň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ähmiýetini açyp görkezdi. Olaryň ýokary derejede döwrüň talaplaryna we häzirkizaman pedagogikasynyň gazananlaryna daýanylyp berilmegi üçin bolsa ýurdumyzda ähli şertler döredildi. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda çagalar b

Ylym - beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

Milli Liderimiziň ylmy ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça durmuşa geçirýän beýik işleri üstünliklere beslenýär. Zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamyna çekmek üçin hemmetaraplaýyn we ylmy esasda zerur meýilnamalar kabul edilýär. Häzirki döwürde ýaş alymlar halypalary bilen bir hatarda ylmy-barlag, taslama işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde düýpli, amaly, nazary işläp taýýarlamalar Türkmenistanyň halkara ylmy giňişligindäki abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär.

Üstünlige ruhlandyrýar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmy ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täzeden dikeldilip, aspiranturalaryň, doktoranturalaryň we kliniki ordinaturalaryň döredilendigini buýsanç bilen ýatlap geçmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, milli aýdym-saz sungatymyzy dürli taraplardan öwrenip, bu ugurda kandidatlyk, doktorlyk alymlyk derejelerini gorajaklara giň mümkinçilikler döredilýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda aýdym-saz sungatynyň wekilleriniň birnäçesi saýlap alan ugurlary boýunça ylmy dissertasiýalaryny üstünlikli gorap, «Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesine eýe boldular. Şolaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň hem birnäçesi bar.