"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Halkara howa gatnawlaryň petekleriniň bahasy ep-esli arzanlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, türkmen raýatlary üçin birnäçe halkara gatnawlaryň petekleriniň bahasyny 30% arzanladar. Bu barada «Orient» habar berdi. Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler

Žül WERN,fransuz ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). (Ýolýazgy. Balkan welaýaty)

Dostlukly döwletleriň paýtagtlarynda

Täsin bina Baku şäherinde ýerleşýän, gaýtalanmajak gözelligi, çuň many-mazmuny bilen tapawutlanýan «Alaw» binasy geçmişde halkyň oda ybadat edenligini aňladýar. Desga 3  sany ýalyn görnüşli diňlerden ybarat bolup, hersiniň özboluşly üçburçluk görnüşde bolmagy onuň binagärlik aýratynlygydyr. 140 metr beýiklikde duran Bakuwyň «Alaw» binasy şäheriň islendik nokadyndan görünýär. Bina 39 gatdan, ýagny ýaşaýyş jaýlaryndan, myhmanhanadan we edara ofislerinden ybaratdyr. «Alawyň» daşky bezeg işlerinde yşyklandyryş ulgamyndan we LED ekranlaryndan peýdalanylypdyr. 3 metr uzynlygy bolan her bir LED zolagy kompýuter arkaly dolandyrylýar we şäher görnüşlerine päsgelçilik döretmezlik üçin binanyň içinden yşyklandyryş bezegleri görünmeýär. Desganyň özboluşly egrilik görnüşi we dürli penjire ölçegleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bina ýurduň iň beýik desgasy hasaplanýar.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). Ikinji düşelge. 3-nji gün. Gyzylarbat

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlar üçin biletleriň bahasyny arzanlatdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy amala aşyrýan halkara uçar gatnawlarynyň biletleriniň bahasyny arzanlatdy. Indi halkara gatnawlaryň awiabiletleriniň bahasynda 2,5 göterim arzanladyldy. Bu barada "Turkmenportal" web saýtynda habar berilýär. Aşgabatdan Dubaý, Kazan, Moskwa, Stambul we Franfurrt ugurlary boýunça biletleri bahasynda arzanladylyş amala aşyryldy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy daşary ýurtlardaky petek satuw ofisleriniň sanawyny neşir etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda daşary ýurtlarda hereket edýän petek satuw ofisleriniň sanawyny çap etdi. Awiakompaniýanyň wekilhanalary we wekilleri Belarusda, Gazagystanda, Russiýada, Türkiýede, BAE-de, Germaniýada, Taýlandda, Hindistanda, Hytaýda we Angliýada işleýär.

Sagdynlyk, syýahatçylyk merjeni

Ynsan saglygy — ýurdumyzyň baş baýlygy. Ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýär, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gojaman deňziň kenarynda zamanabap «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bina edilip, adamlaryň rahat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli şertler döredildi. Şeýlelikde, Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenary halkara derejedäki ajaýyp şypahanalar merkezine öwrüldi. Ýakynda, has anygy, 24-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde geçiren iş maslahaty bu ugurda has uly maksatlaryň nazarlanýandygyny tassyklady. Iş maslahatynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäginde, 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) wekillerini we hünärmenlerini Türkmenistana çagyrmak, olaryň saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklip öňe sürüldi. Ekologiýa, tebigy we lukmançylyk syýahatçylygynda, medeni syýahat ugurlarynda mümkinçilikleri artdyrmak, olary ulgamlaýyn esasda giňeltmek üçin 2023-nji ýylyň dowamynda bu ugurlar boýunça halkara guramalar, daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýörite tejrib

Koreý dünýäsine syýahat

Koreý dili Ýer ýüzündäki iň sypaýy dilleriň biri hasaplanylýar. Gepleşikde ulanyljak sözler we olaryň goşulmalary söhbetdeşe bolan garaýşa, oňa goýulýan hormatyň derejesine görä üýtgäp durýar. Koreý dilinde işlik hemişe sözlemiň ahyrynda gelýär. Bu dilde sanlaryň iki görnüşi ulanylýar: gadymdan gelýän koreý sanlary we Hytaýdan geçen sanlar. Olaryň birinjisi, köplenç, 100e çenli, beýlekisi ýüzden aňyrsyny sanamakda ulanylýar. Ula hormat goýmak babatda koreýlerde gadymdan gelýän ýörelge bar: Gyzlar özünden uly ýigitlere ýüzlenenlerinde «Oppa» diýen sözi ulanaýmaly. Çaga kakasyna «Appa» diýip ýüzlenýär. Orta ýaşdaky äraýal birbirege ýüzlenenlerinde hökman «Ebo» (mähribanym) diýýärler. Dükanda ýada bazarda birekbirege «Sonnim» diýip ýüzlenilýär. Hormat bildirmegiň iň gowy usuly — sözleşilende «Sajannim» (hormatly hojaýyn) diýen sözleri ulanmakdyr.

Syýahatçylyk pudagy — täze wezipeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ösüşli, özgerişli, buýsançly we şöhratly ýollar bilen öňe barýar. Halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara, ösüşleriň täze menzillerine beslenýär. Täze taryhy eýýamda döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi babatda toplumlaýyn işleriň yzygiderli geçirilmegi, milli kanunçylygyň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi ähli ulgamlar bilen bir hatarda, häzirki zaman syýahatçylyk pudagyny düýpli ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň kanunçylyk esaslary öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alýar. Esasy Kanunymyzyň 15-nji maddasynda: «Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär», 56-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär» diýlip, binýatlaýyn konstitusion kadalar kesgitlenýär. «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurduň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Awazada syýahatçylygy ösdürmek — ykdysady taýdan bähbitli iş

Häzirki wagtda yklymyň esasy ýollarynyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary, ýurdumyzda halkara derejedäki gatnaşyklary giňeltmek boýunça bar bolan mümkinçilikleri, Hazaryň çäklerinde deňiz syýahatçylygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri üstünlikli çözmek wajyp wezipe bolup durýar. Şunda Awazanyň çägini giňeltmäge, syýahatçylygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmaga, bu ýerde ýurdumyzyň raýatlarynyň ýokary derejeli dynç alşyny üpjün etmäge aýratyn orun degişlidir. 24-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde geçiren iş maslahatynda-da, ine, hut şu meselelere üns çekildi. Iş maslahatyna Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täsinlikler äleminde

Geň welosiped Häzirki döwürde dünýäniň ähli künjeginde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär we ulaglaryň ekologik taýdan arassa, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy babatda tagalla edilýär. «ELE Solar» atly welosiped bu artykmaçlyga eýe bolmagyna garamazdan, energiýa ulanýar. Bu welosiped Gün energiýasyny ulanmak bilen daşky gurşawa zyýan ýetirmeýär. Gün şöhlesini energiýa öwürmek üçin onuň tigirlerinde paneller gurnalandyr. Bu ýörite paneller welosipediň hereketlendirijisini Gün energiýasy bilen üpjün edýär. Panelleriň ýüzlerini şöhläniň düşýän tarapyna öwürmek mümkin. Welosipediň üç görnüşli hereketlendiriş tertibi bar. Hereketlendirijini ulanmazdan, ýarym elektrik güýç bilen welosipediň tizligini ýokarlandyryp bolýar.

Bulary bilmek gyzykly

Iň beýik hiňňildik Dünýäde iň beýik hiňňildik ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň «Six Flags» seýilgähinde ýerleşýär. Bu seýilgäh 2015-nji ýylda açylypdyr. Iň beýik hiňňildik rekordyny goýan bu desganyň beýikligi 139 metre barabardyr. «Kingda Ka» diýlip atlandyrylýan hiňňildik bary-ýogy 3,5 sekuntda bat alyp, onuň tizligi sagatda 206 kilometre ýetýär. Onuň iň beýik nokady 139 metre, geçilýän aralyk bolsa 950 metre deňdir. Täsin hem-de tizligi ýokary bolan bu hiňňildikde uçmak isleýän adamlar diýseň köpdür. Bir sagadyň dowamynda bu hiňňildikde müňden gowrak adam uçýar.

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Aşgabadyň demir ýol menzilinden Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we hususy kompaniýalar tarapyndan guralan zyýarat otlusy ýola düşdi. Aşgabat ― Daşoguz aralygyndaky bu otlynyň ýolagçylary demirgazyk sebitdäki taryhy ýadygärliklere gezelenç etdiler. Has takygy, zyýarat-gezelenjiň esasy ugry ÝUNESKO tarapyndan goralýan «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärlikler boldy. Şeýle hem syýahatçylar demirgazyk sebitiň tebigy aýratynlyklary we beýleki taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.

Çehiýa Ýewropadan Türkmenistana, Özbegistana we Gazagystana demir ýol arkaly syýahaty guramagy teklip edýär

Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu ýakynda Ankaranyň adyna Çehiýanyň Demirýollary hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň agzalarynyň birinden hatyň gelip gowşandygyny gürrüň berdi. Şol hatda 2024-nji ýyla Çehiýadan başlap, Gazagystana çenli syýahatçylyk gatnawlaryny ýola goýmak teklip edilýär. Bu ugur aşakdaky ýaly tertipde teklip edilýär: Çehiýa, Slowakiýa, Wengriýa, Bolgariýa, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan. Bu barada Türkiýäniň Ulag ministrliginiň ýolbaşçysy Aktauda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň daşary işler we ulag ministrleriniň mejlisinde habar berdi diýip, anna güni “Anadolu” habarlar gullugy habar berýär.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Ýolýazgy. Balkan welaýaty) Ýoluň başyndaky sözbaşy

Dostlukly döwletiň paýtagty Duşenbe

Ferdöwsi adyndaky Milli kitaphana Täjik halkynyň nusgawy şahyry Abulkasym Ferdöwsiniň adyny göterýän Milli kitaphana ýurduň medeni mirasynyň aýratyn gymmatlygy hasap edilýär. Kitaphana döwlet medeniýet merkezi, ylmy we medeni mirasyň milli ammary, döwürleýin metbugat arhiwi hem-de ýurduň iň esasy kitap gorudyr. Kitaphana diňe bir çap edilen materiallaryň ähli görnüşlerini däl, eýsem, ses we wideo ýazgylary, gadymy golýazmalary hem öz içine alýar. Ol 1933-nji ýylda esaslandyrylyp, bir ýyldan soňra Abulkasym Ferdöwsiniň müň ýyllyk ýubileýi mynasybetli oňa şahyryň ady dakyldy. 2012-nji ýylda bolsa kitaphananyň täze binasy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi. Täze bina döwrebaplygyň we milliligiň sazlaşygy esasynda guruldy. Kitap şekilli bu ajaýyp binanyň öň tarapynda Täjigistanyň taryhy şahsyýetleri, milli gahrymanlary, beýik alymlary we ýazyjylary şekillendirilendir. Ferdöwsi adyndaky Milli kitaphana Merkezi Aziýanyň iň uly kitaphanalarynyň biridir.

Ýerdäki Saturn

«Indira Gangdhi Planitarium» binasy Ýer ýüzünde bar bolan zatlaryň hiç birine meňzemeýär. Planetalary öwrenýän bu ylmy bina Hindistanyň Laknaw şäherindäki Suraj kund seýilgähinde ýerleşýär. 1998-nji ýylda düýbi tutulyp, 2003-nji ýylda açylan, reňklere baý bolan, ägirt uly bu desga Saturn planetasyny ýadyňa salýar. Onuň diametri 21  metre deň bolup, binanyň ortasyndan mämişi-goňur we sary reňkleriň kölegesindäki halkalaryň toplumy geçirilipdir. Saturn binasy özüneçekijiligi bilen çäklenmän, eýsem, binagärlik özboluşlylygy boýunça hem köpleri haýran galdyrýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara gatnawlary üçin nyrhlary ulanmagyň düzgünleri çap edildi

Petek satyn alanyňyzda, gatnawy tölemezden ozal aragatnaşyk merkezinde ýa-da «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň satuw ofislerinde nyrhlary ulanmagyň düzgünlerini takyklamagyňyzy maslahat berýäris. Ekenom klas. Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin satuw. Aňryçäk duralga 30 gün. Ugruň görnüşi — bir tarapa (OW).

Özbegistan barada

Özbegistan Respublikasy goňşularynyň ählisiniň ady «stan» bilen tamamlanýan ýeke-täk ýurtdur. Ol Gyrgyzystan, Gazagystan, Türkmenistan, Owganystan, Täjigistan bilen araçäkleşýär. Hatda goňşy ýurtlarynyň-da ummana çykalgasy bolmadyk döwlet diňe Lihtenşteýn bilen Özbegistandyr. * * *