Halkyň hazynasy — nesilleriň buýsanjy
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, Daňdanakan galasynda, Daýahatyn kerwensaraýynda, Abu Seýit Abul Haýryň (Mäne baba) kümmetinde we onuň ýanyndaky orta asyr hanaka metjidiniň galyndylarynda arassalaýyş-berkidiş işleri alnyp barylýar. Şeýle işler Köneürgenç etrabynyň merkezinden günorta-günbatar tarapda ýerleşýän arheologik-binagärlik toplumyna degişli kerwensaraýyň peştagynda hem dowam edýär. Arheologik barlaglaryň dowamynda ýüze çykarylan taryhy-medeni gymmatlyklary aýawly saklamak, öwrenmek, rejelemek we muzeýleşdirmek boýunça-da işler geçirilýär. Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginden geçýän kerwen ýolunyň ugrundaky öri meýdanlaryndan bu ýeriň ýaşaýjylary tarapyndan altyn teňňeler tapyldy. Olar bu gymmatlyklary meýletin esasda “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň «Daş metjit» halk hünärmentler muzeýiniň gaznasyna tabşyrdylar. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň alymlarydyr hünärmenleri, Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary tapyndylary içgin öwren