"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Ýurdumyzda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly öz işini tamamlady

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady. Kinofestiwalyň üçünji güni Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan tanyşlyk çäresi bilen başlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Bu günki gün Änew baý taryhy-medeni kuwwatly, häzirki zaman ulgamly, uly depginler bilen ösüp, geljege tarap ynamly barýan taryhy şäherdir

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy Ahal welaýaty, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Duşuşykda döwletimiziň milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipleri bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna hem-de 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, toparyň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistany 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiň agzalygyna dalaşgär hökmünde hödürlemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, üstünlikli durmuşa geçirilen we geçirilýän bilelikdäki taslamalar bu gurama bilen netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyny

Gadymy hem müdimi haly sungaty

Haly - bu mährem enelerimiziň, gelin-gyzlaryň el hünäriniň gudraty bilen döreýän nepis sungat, özem gadymy sungat. Göreniňden özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salsaň, özüň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe guwanýarsyň. Gadymdan bäri inçe sungat hökmünde tanalýan türkmen haly görnüşlerine teke, ýomut, beşir, ärsary, çowdur taýpa halylary girýär. Her taýpanyň, toplumyň haly gölleriniň özüne laýyk gelýän manysynyň bolmagy hem bu sungatyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyna aýdyň subutnamadyr. Munuň özi ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän, türkmen dünýäsiniň taryhyny, tebigatymyzyň gözelliklerini, zenan kalbynyň tämizligini özünde jemleýän halyçylyk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir. Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine taryhy maglumatlar, ylmy çeşmeler, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçy syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan haly önümleri we beýleki maglumatlar şaýatlyk edýär. Häzirki durmuşymyzda ulanylýan halylaryň we haly önümleriniň gadymy kökleri türkmen taryhynyň gadymylygyna, onuň geçmişde beýik sungatynyň bolandygyna biziň ata-babalarymyzyň häzirki Türkmenistanyň topragynda hemişe ýaşandygyna güwä geçýär. Eneolit we bürünç eýýamlaryndan başlap türkmenleriň ata-babalarynda halyçylyk sungatynyň bolandygyny, bu sungatyň gündelik hoj

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Bu günki gün Änew baý taryhy-medeni kuwwatly, häzirki zaman ulgamly, uly depginler bilen ösüp, geljege tarap ynamly barýan taryhy şäherdir

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy Ahal welaýaty, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, merdana halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny giňden öwrenmek, medeniýeti we sungaty ösdürmek babatda ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek dabarasy geçirildi. Bu dabara medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri we alymlar gatnaşdylar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşan Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynda, ýazyjy-şahyrlarda, teatr, kino işgärlerinde, suratkeşlerdir aýdymçy-sazandalarda, şeýle hem beýleki döredijilik toparlarynda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň resmi wekiliýetine TÜRKSOÝ-nyň ýörite kubogy, şeýle hem «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy.

Türki halklaryň döredijilik duşuşygy

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady. Myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýinde çeperçilik gymmaty we özboluşly dokalyş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan haly önümleri, halkymyzyň geçmişini we şu gününi şöhlelendirýän sergi, medeni we ruhy mirasymyzy, gadymy däp-dessurlarymyzy gorap saklamak üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Jemleýji günde myhmanlar üçin «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç guraldy.

Änew — Ak bug­da­ýyň wa­ta­ny

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Magtym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň «Änew — müň­ýyl­lyk­la­rdan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by çap­dan çy­kyp, oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne go­wuş­dy. Ki­tap­da türk­men top­ra­gy­my­zyň, şol san­da onuň aý­ryl­maz bir bö­le­gi bo­lan Ahal we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­ri­niň — Ke­se Ar­ka­jyň mil­le­ti­mi­ziň ýurt ýe­ri hök­mün­de ke­ma­la ge­liş, ösüş ýo­ly yzar­la­nyp, şo­la­ryň gur­şa­wyn­da ga­dy­my Äne­wiň me­de­ni­ýet — si­wi­li­za­si­ýa hök­mün­de ke­ma­la gel­şi, bi­na­gär­lik ba­bat­da ösü­şi ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ra, yl­my çak­la­ma­la­ra giň orun be­ril­ýär. Ki­ta­byň bir­nä­çe ba­byn­da ar­heo­lo­gi­ki ta­pyn­dy­lar esa­syn­da oý­lan­ma­lar ün­sü­ňi özü­ne çek­ýär.

Ýurdumyzda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly öz işini tamamlady

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady. Bu medeni çäre myhmansöýer türkmen topragynda türki döwletleriň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemläp, ony geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Kinofestiwalyň üçünji güni Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan tanyşlyk çäresi bilen başlandy. Muzeýde maddy we medeni mirasymyzyň gymmatlyklary, gölleriň üsti bilen halkymyzyň şöhratly taryhyny şöhlelendirýän bahasyna ýetip bolmajak haly eserleriniň ýüzlerçesi görkezilýär. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen, çeperçilik gymmaty we özboluşly dokalyş aýratynlyklary boýunça örän seýrek duş gelýän haly önümleriniň jemlenmegi muzeýiň el halylaryny gorap saklamaga, öwrenmäge, wagyz etmäge ýöriteleşen edara hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini subut edýär. Häzirki wagtda bu naýbaşy sungat eserleri daşary ýurtly myhmanlarda çuňňur gyzyklanma döredip, bütin dünýäde meşhur bolan türkmen halylarynyň gözelligini we kämilligini açyp görkezýär.

Ýurdumyzda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly öz işini tamamlady

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady. Bu medeni çäre myhmansöýer türkmen topragynda türki döwletleriň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemläp, ony geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Kinofestiwalyň üçünji güni Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan tanyşlyk çäresi bilen başlandy. Muzeýde maddy we medeni mirasymyzyň gymmatlyklary, gölleriň üsti bilen halkymyzyň şöhratly taryhyny şöhlelendirýän bahasyna ýetip bolmajak haly eserleriniň ýüzlerçesi görkezilýär. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen, çeperçilik gymmaty we özboluşly dokalyş aýratynlyklary boýunça örän seýrek duş gelýän haly önümleriniň jemlenmegi muzeýiň el halylaryny gorap saklamaga, öwrenmäge, wagyz etmäge ýöriteleşen edara hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini subut edýär. Häzirki wagtda bu naýbaşy sungat eserleri daşary ýurtly myhmanlarda çuňňur gyzyklanma döredip, bütin dünýäde meşhur bolan türkmen halylarynyň gözelligini we kämilligini açyp görkezýär.

Pyragynyň yzlaryny yzlap

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ahyrlanmagyna az wagt galdy. Beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy Diýarymyzda hem-de halkara derejede ylmy maslahatlar, döredijilik duşuşyklarydyr bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar bilen şöhratlanýar. Ýylyň dowamynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Magtymguly Pyraga bagyşlanan birnäçe çeper we dokumental filmler surata düşürildi. Bilşimiz ýaly, «Türkmenfilm» birleşiginiň dokumentalçylary ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun alan, şahyryň ýatlap geçýän ýurtlarynyň birnäçesinde, has anygy, Türkiýede, Özbegistanda, Azerbaýjanda, Hindistanda, Eýranda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda bolup, filmler tapgyryny taýýarladylar. Olarda şahyryň ykbalynyň bilim-ylym gözleginde, jahankeşdelikde geçirilen döwürleri dokumental kinonyň dilinde beýan edilýär. Bu tapgyry taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşilendigini nygtamak gerek. Gözlegler öz netijesini hem beripdir. Çünki daşary ýurtlarda döredijilik saparynda bolup, Magtymgulynyň söz mirasynyň muşdaklaryny tapyp, olar bilen şahyryň şygyrlary, ony ol ýurtlar bilen baglanyşdyrýan ýagdaýlar barada gürrüňlerini tomaşaçylara ýetirmek, ilki bilen-ä, bu ugurdan ýeterlik maglumatlary toplamagy, ikinjiden bolsa, surata alynjak görnüşler üçin laýyk ýerl

«Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçirildi

Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmakda ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň, festiwallaryň, sergileriň, konsertleriň hem beýleki medeni çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Halkymyzyň baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny, medeniýetde we sungatda gazanylýan üstünlikleri dünýäde wagyz etmekde guralýan döredijilik çärelerine möhüm orun degişlidir. 13 — 15-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal munuň aýdyň mysalydyr. Ol 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirildi. Bu döredijilik çäresiniň esasy maksady kino sungatynda halkara hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmakdan hem-de has-da ösdürmekden, şeýle-de dünýä jemgyýetçiligini türki halklarynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza türki dilli ýurtlardan, ýagny Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalaryndan, Moldowadan, şeýle-de Türkiýeden myhmanlar geldi. Birnäçe gün dowam eden bu halkara festiwaly Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Daşary işler ministrlikleri doganlyk döwletler bilen hyzmatdaşlykda guradylar.

Kino sungaty — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal üstünlikli geçirildi Kino sungaty parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi bolup, 13 — 15-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ajaýyp sungat baýramynda — «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynda bu hakykat belentden dabaralandy. Bu medeni forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Parahatlyk — ömürlerň çyragy

Parahatçylyk sözüniň güýji-täsiri her bir ynsanyň kalbynda üýtgeşik duýgulary oýarýan bolsa gerek. Parahatçylygyň ähmiýeti dünýäniň abatlygy, adamlaryň haýyrly duýgularynyň bitewiligi bilen berk baglanyşyklydyr. Düýn Türkmen döwlet Neşirýat gullugy bilen «Esger» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde geçiren medeni çäresi hem parahatçylyk diýlen kämil we arzyly düşünjäniň ähmiýetine bagyşlandy.      Çäräni «Esger» gazetiniň uly habarçysy, şahyr Aýgül Garaýewa açdy we ol alypbaryjy hökmünde ynsan ömrüniň nury-çyragy bolan parahatçylyk babatdaky pikirlerini labyzly şygyr setirleri bilen utgaşdyryp beýan etdi. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda parahatçylygyň höküm sürmegi babatda alyp barýan içeri we daşary syýasatlarynyň manysy we ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durup geçdi.

Sungat sapaklary

Paýtagtymyzda dowam edýän «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşmak üçin türki döwletlerden gelen tejribeli kino işgärleri düýn Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplar bilen duşuşyp, ussatlyk sapaklaryny geçdiler. Özboluşly döredijilik duşuşygyna gatnaşan türki dilli döwletleriň kino wekilleriniň arasynda Mete Soýdan, Altynaý Nogerbek, Anarkul Nazarkulowa, Mammadli Aghasi Sara Saad Han, Rejep Renan Bilek ýaly sungat ussatlary bar. Olar talyplara baý iş tejribeleri barada gürrüň berdiler.

Dostlary doganlaşdyrýan kino baýramy

Düýn paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda ýurdumyzda geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň çäklerinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi. Olar soňky bir ýylyň dowamynda eden işleri, geljekde ýerine ýetirilmeli taslamalar, edilmeli işler dogrusynda pikir alyşdylar. Biz hem oňa gatnaşyjylaryň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Israfil KURALAÝ,«Yedirenk» kommunikasiýalar toparynyň baş direktory, kinofestiwalyň emini (Türkiýe):

Abraýly festiwaldaky üstünlik

Şu ýyl Moskwada 8-nji gezek geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Ol sazandalardyr wokalçylara, kompozitorlardyr ýaş ýerine ýetirijilere, suratkeşlerdir çeper sözüň muşdaklaryna öz döredijilik mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat etdi. Festiwalyň çäginde aýdymçy-sazandalaryň arasynda geçirilen onlaýn bäsleşikde türkmenistanly ýaşlar hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly 2015-nji ýyldan bäri aýdym-saz muşdaklaryna şatlyk paýlap gelýär. Geçen ýyllarda oňa 600-den gowrak adam gatnaşdy. Bu sungat baýramçylygynyň şu ýylky meýilnamasy dürli bäsleşikleri öz içine aldy. Şolaryň hatarynda etnomedeniýet däp-dessury esasynda dürli hünärlerden sazandalaryň akademiki sazynyň iň gowy ýerine ýetirilişi, Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen saz eserleri boýunça bäsleşikler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsertler, «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly ylmy-amaly maslahat hem bar.

Baky sungat keşbi ýaly, Dostluk kinofestiwaly

Anarkul NAZARKULOWA,Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti:

Türkmen kinosy ösüş ýolunda

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary bilen türkmen medeniýeti, sungaty barha gülläp ösýär. Milli medeniýetimiziň kino sungaty hem döwrebap ösüşleri başdan geçirýär. Gysga döwrüň içinde surata düşürilip, ekrana çykarylan milli kinofilmler Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik toparynyň işiniň döwrebap ösüş ýoluna düşendigini buşlaýar. Biz hem Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň soňky ýyllarda ýaýlyma çykaran we täze surata düşürýän filmleri hakynda söhbet etmegi makul bildik. Häzirki döwürde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde zähmet çekýän Sahysalyh Baýramow, Rahymberdi Annagulyýew, Myrat Orazow, Maksat Gylyjow, Baýmyrat Musaýew ýaly soňky ýyllarda ýetişen kino ussatlary we belli halypalar tarapyndan «Beýik Ýüpek ýoly», «Atalar we ogullar», «Gyzyl kürte», «Istärin», «Daragt», «Dutaryň owazy», «Kompozitor», «Ekologiýa — päkize durmuş», «Gyzyl alma» atly çeper we çeper-publisistik filmler hem-de «Ýiten top» atly multfilm surata düşürilip, tomaşaçylara ýetirildi.

Akbilek — Artygyň aty

Bir gezek türkmen bedewleri barada söhbet açylanda, kärdeşimiz Garrybaý Aşyrow hem söhbetdeşlige goşuldy. Şonda ol kakasy Baýly aganyň bu barada köp zatlary bilýändigini aýtdy. Biz bu babatda söhbetdeş bolmak üçin baranymyzda, Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Baýly Aşyrow şeýle gürrüň berdi: — Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bolan yhlasym örän uly. Ýaşlyk döwrümde Aşgabadyň Atçylyk toplumynda on ýyllap at çapdym. Häzir hojalygymda hususy atlarym bar. Atlarym uly çapyşyklara gatnaşyp, uly-uly baýraklara eýe boldy. Meniň kakam Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, ussat seýis Aşyr Garrybaýew bütin ömrüni ahalteke atlaryna bagyş etdi. Käte onuň ýetişdiren atlary bilen bagly pursatlar ýadyma düşýär.