"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Belentsiň, bakysyň, berkarar Diýar!

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda dünýäniň iň täsin paýtagtlarynyň birine öwrülen, «Aziýanyň merjeni» diýen ada eýe bolan ak mermerli Aşgabadymyz Milli Liderimiziň başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirmegi bilen ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ylmy-innowasion ösüşiň iň täze gazananlary bilen milli binagärligiň dürdäneleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy arkaly üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň baş maksady halkymyz üçin ýokary ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekden, döredijilikli zähmetiň we eşretli dynç alşyň ähli amatlyklaryny döretmekden ybaratdyr. Ýeri gelende bellesek, Aşgabat taryhyň örän kyn hem-de çylşyrymly pursatlaryny hem başdan geçirdi. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gijede bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly sanlyja sekuntda uly zyýan çekdi. Şol ýyllarda iň ýönekeý ýaşaýyş-durmuş şertlerinden kesilen hem bolsa, aşgabatlylar öz şäherlerini taşlap gitmändirler, mähriban şäherlerini dikeltmek işlerine ýürekden we göwün islegleri bilen janypkeşlikli goşulypdyrlar. Gysga wagtda şäherde ýaşaýyş täzeden janlanypdyr. Iki günüň içinde demirýol gatnawy we bir aýyň dowamynda senagat önümçiligi ýola goýlupdyr. Aşgabady dikeltmegiň baş meýilnamasy işlenip düzülipdir, şäherde täze görnüşdäki jaýlar gurlupdyr.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Käwagtlar garaşylýan pursatlar biraz gijigýär. Şonuň üçin geljek hepdede hamallara ýüze çykýan ýagdaýlara görä hereket etmek maslahat berilýär. Özüňize zerur mümkinçilikleri döretmäge çalşyň! Bu size özbaşdak işleriňizde hem oňyn tejribe bolar.

Baky bagtyň mesgeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň görküne görk goşýan gözel paýtagtymyz Aşgabat bu günki gün tanalmaz derejede özgerdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gülläp ösýän ak şäherimiz Aşgabat sebitde parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Asuda zamanamyzyň gözel keşbini özünde jemleýän paýtagtymyz owadan, Ýer ýüzünde ýaşamak üçin amatly şäherleriň biridir. Häzirki wagtda Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat bagtyýar halkymyzyň şu gününi, geljegini nurlandyryp, ösüşleriň täze belentliklerine barýar. Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň ähli künjegi bilen birlikde merjen şäherimizde hem baş baýramymyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy uly ruhubelentlik bilen baýram edildi. Baýramçylyk günlerinde ak mermerli paýtagtymyz aýratyn öwüşgine, toý lybasyna beslendi. Şanly senäniň öňüsyrasynda merjen şäherimiziň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýynyň hem-de seýilgähiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir baýramçylygy şeýle belent tutumlar, ýetilen sepgitler bilen garşylaýan eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň, gazanýan üstünlikleriniň aý

Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, ýagny sagat 09:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär! Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Merdana serhetçileriň nusgalyk göreldesi

Ynha, ene topragyny başynyň täjine deňeýän ýigitlerimiz dost-doganlyk serhetlerimiziň asudalygyny, parahatlygyny gorap, ata Watanymyzyň, halkymyzyň öňünde ýerine ýetiren harby kasamyna ygrarly bolup, ak ýürekden harby gulluklaryny üstünlikli alyp barýarlar. Dostlugyň, parahatlygyň, agzybirligiň, jebisligiň başlanýan ýeri bolan mukaddes serhetlerimizde gulluk edýän serhetçilerimize döwrebap serhet birikmelerinde, harby bölümlerde, şeýle-de ilatly nokatlardan uzakda ýerleşýän serhet galalarynda ähli şertler döredilen. Döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan serhetçi harby gullukçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, gullugymyz tarapyndan Hormat hatlaryna, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli goraglylygy mizemez araçäklerimizde ak ýürekden gulluk edýän şeýle ýigitlerimiziň ençemesine, has takygy, polkownik Atajan Orunowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň harby gullukçylary — uly leýtenant Allaberdi Pollyýew, kiçi seržant Daýanç Orazgulyýew, esgerler Atahan Emedow, Atajan Çaryýew daga Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Mukaddes serhetlerimiziň asudalygyny gözüniň göreji ýaly goraýan serhetçi ýigitlerimiziň üstünlikleri hakynda söz açylanda, podpolkownik Magtymguly Nurberdiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň şahsy düzüminiň üstünlikleri hem ýatlanmaga mynasyp. Ka

Bagtyýar durmuşyň guwanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşler bilen barha öňe barýar. Içeri we daşary syýasatda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda ösüşli sepgitlere eýe bolunýar. Adamzadyň taryhynda her bir ýylyň özüne mahsus taryhy seneleri, ýatda galyjy üstünliklere beslenen wakalary bolýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bolsa, halkymyzyň agzybirligi, jebisligi, zähmetsöýerligi netijesinde üstünlikleri özünde jemlemek bilen, il-günümizi, Garaşsyz ýurdumyzy şan-şöhrata besleýän ýyllaryň birine öwrülýär.

Ýol çyzgytlarynyň talaplaryny ýerine ýetireliň!

Ýurdumyzyň ýollarynda awtoulag serişdeleriniň sanynyň barha artmagy bilen, bu ugurda edilýän aladalaryň gerimi has-da giňeldilýär. Şu aýdyň wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy size ýol çyzgytlarynyň talaplaryny olaryň niýetlenişine görä berjaý etmelidigini, ulagy dolandyranyňyzda olaryň üstünden basmagyň gadagandygyny ýatladýar! Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ýol belgileriniň düzgünleri bilen bilelikde, ýol çyzgytlarynyň talaplarynyň berjaý edilmeginiň hem ähmiýeti örän uludyr. Kähalatlarda sürüjileriň käbiriniň ýol çyzgytlarynyň ýol hereketiniň kadalarynda bellenen talaplaryny berjaý etmäge biparhlyk edýändiklerine gabat gelmek bolýar. Galyberse-de, ulag dolandyrylanda 1.1 garşy ugurly ulag akymlarynyň arasyny bölýän goşa çyzgytlaryň, 1.15 iki ýa-da üç zolakly ýollarda garşy ugurdaky ulag akymlarynyň arasyny bölýän ýa-da bir ugra hereket etmek üçin niýetlenen iki we has köp zolak bolanda hereket zolaklarynyň çäklerini aňladýan çyzgytlarynyň, basmak ýa-da ýolyşygynyň rugsat beriji duýdurmasyna garaşyp duranlarynda 1.12 stop çyzygynyň üstüni basmak, ýa bolmasa 1.14.1 pyýadalar üçin niýetlenen geçelgäniň üstünde durmak ýaly düzgün bozulmalara ýol berýärler. Bu bolsa, ilki bilen, ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagyna, ýol çyzgytlarynyň möhletinden öň reňkiniň solmagyna getirip, herekete gatnaşyjylar

Mukaddes toýumyzyň şanyna

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halky bir başa jem bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny uludan toýlady. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda hem bu mukaddes baýramçylyk mynasybetli maslahatlar, medeni çäreler, kitaphanalara we muzeýlere gezelençler guraldy. Dabaraly maslahatlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri, gullugymyzyň düzüminde durmuşa geçirilen taryhy işler, merdana serhetçilerimiziň gazanýan üstünlikleri barada bellenildi. Ýolaman TOMANOW,maýor.

Möhüm çözgütler kabul edildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň bady artýar. Raýat jemgyýetimizde milli demokratik ýol-ýörelgelerimizi has-da kämilleşdirmek bilen bagly giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ajap eýýamymyzda ýetilen belent sepgitleri, öňde durýan wajyp wezipeleri halkyň wekilleri bilen maslahatlaşmak we bähbitli netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek gadymy halkymyzyň asylly däpleriniň birine öwrüldi. Beýik Garaşsyzlygymyzyň uly toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň möhüm wakasy boldy. Bu ählumumy foruma gatnaşyp, taryhy wakanyň şaýady bolmak guwanjymy goşalandyrdy. Guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçen mejlisde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary mejlise gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Bu mejlisde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk wezipeleri kesgitlenilip, olaryň oňyn çözgütleri kabul edildi.

Şa serpaýynyň eýelerine söz berýäris

Göwnümi galkyndyrdy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýeňişli ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz jenneti mekana öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda we beýleki ulgamlarda dowam edýän özgertmeler ata Watanymyzyň ösüşli ýoluna itergi berýär. Türkmen halky döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar we döredýär. Toýlary toýlara ulaşýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, bolup geçýän taryhy wakalaryň şaýady bolmak ruhuňy belende göterýär, guwanjyňy artdyrýar.

Taryhy wakalaryň ýyly

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrýan türkmen ili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda abadan ertirine barýar. Geçen ýyllarymyzyň Garaşsyz döwletimiziň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalary il-günümiziň göwnüni galkyndyrdy. Şeýle ýörelgäniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaçlanýandygy ýokary ruhubelentligi döredýär. Şygaryny türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehinden dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan gözbaş alan üstümizdäki ýylyň ýeňişli sepgitleri rowaç alýar. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramçylygynyň halkara derejesinde toýy uludan tutulýan üstümizdäki ýyl geçmişi şöhratly, şu güni bagtyýar we geljegi abadan halkymyzyň hakydasynda ýatdan çykmajak yz galdyrar. Toý dabarasy alyslara aşýan taryhy senäniň dabaraly çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu tagallalar bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sylag-sarpasynyň hemişe belentdediginiň aýdyň subutnamasydyr.

6-njy oktýabr — Hatyra güni

Mertler ýüreklerde baky ýaşaýar Watanymyzyň asudalygy ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň hem-de 1948-nji ýylyň heläkçiligi Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlar ýatlanylyp, welaýatymyzda hem Hatyra güni bellenilýär. Asyrlar, ýyllar geçse-de, ýowuz jeňlerde edermenlik görkezen türkmen gerçekleriniň, gahrymanlarynyň ady halkymyzyň kalbynda hemişelik ýaşaýar. Ýurdumyzda öten-geçenlerimizi hatyralamak we olaryň ruhlaryny şat etmek halkymyzyň ençeme asyrlardan bäri dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Asylly däbine eýerýän halkymyz Hatyra güni merhumlaryny hormat bilen ýatlaýar we hatyralaýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Bilelikdäki emläge eýelik etmek Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen bilelikdäki emläge eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we erk etmegiň kadalary düzgünleşdirilendir. Şu Kodeksiň 52-nji maddasynyň 1-nji bölüminde kesgitlenilişi ýaly, är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen emlägi (pul we gymmatly kagyzlary goşmak bilen, gozgalmaýan we gozgalýan zatlary) är-aýalyň haýsysyna satyn alnandygyna ýa-da pul serişdeleriniň är-aýalyň haýsyna harç edilendigine garamazdan, olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar.

Asudalygyň goragynda

Berk talap bildirilýär “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýän günlerinde türkmen halky abadan geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde adam hakdaky alada raýatlaryň kanuny hukuklarydyr azatlyklarynyň ygtybarly goralmagy bilen sazlaşykly utgaşýar.

“01” gullugynda

Ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn howpsuzlygy Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Ýolöten etrap ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi Serdar ÝUSUPOW bilen duşuşyp, ýaşaýyş jaýlarynda gaz enjamlary ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Döwletlilik taglymatynyň kämil mekdebi

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi il-güne geňeş salmak we halk bilen maslahatlaşmak ýaly asylly däplerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dabaralanýandygynyň subutnamasy boldy. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesiniň gözbaşy» diýen at bilen geçirilen maslahat hem asyrlardan aşyp gelýän ýörelgelerimiziň kämil mekdebi bolan Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine bagyşlandy. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dürli ulgamlarda zähmet çekýän adamlaryň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi. Muny işjeň häsiýetde geçen maslahatdaky buýsançly çykyşlaram subut etdi.

Ýurdumyzyň ýaraşygy ýaşulular

Dilleri senaly aksakgal gojalar, mährem eneler, zähmet weteranlary Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçiren baýramçylyk dabarasynyň arzyly myhmanlary boldular. Baýramçylyk dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde ýaşuly nesle sylag-sarpanyň egsilmezdigi, eziz Diýarymyzda il‑ýurt bähbitli amala aşyrylýan ägirt uly işleriň her birine pähim-paýhasyň mekdebi bolan ýaşulular bilen maslahatly badalga berilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimiziň joşgunly çykyşlary dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabaranyň dowamynda il-sylagly ýaşululara, mährem enelere welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Pederleriň ruhuna tagzym

Hatyra gününe Eziz Watanymyzyň her daban ýeri üçin şirin janyny orta goýup, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen gerçeklerini, şehitlerini, öten-geçenlerini ýatlamak, olaryň ruhlarynyň şat bolmagy üçin aýat-doga okamak, sadaka bermek agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgeleriniň, kämillik mekdebinde sünnälenen däp-dessurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uly aladalary bilen şeýle däplerimiziň has-da kämilleşmegi, mazmun baýlygyna eýe bolmagy babatda belent sepgitlere ýetildi. Watansöýüji, il-güne, mukaddes topraga wepaly, ruhy-ahlak taýdan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan şeýle däplerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy eýýamda hem durmuşymyzyň mizemez ýörelgesidir. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenip geçilýän Hatyra güni munuň anyk subutnamasydyr. Hatyra gününde merdana halkymyz Watan mukaddesligi, erkinlik ugrundaky söweşlerde, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde pida bolan mähribanlaryny ýatlaýar. Munuň özi ykbalyň bu ýowuz synaglarynyň ýüreklere salan ýarasynyň asyrlar çalyşsa-da, hakydalarda ajy hasrat bolup ýaşaýandygyny görkezýär. Şöhratly pederlerimiziň il hakydasynda ýaşaýan mertligini, gahrymançylygyny, watansöýüjiligini beýan edýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler top

Baýramçylyk dabarasy

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynyň medeniýet merkezinde  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň şu okuw jaýy bilen bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi. Oňa  il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Duşuşykda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Nurjemal Jumageldiýewa, institutyň uly mugallymy Abdulla Rahmanow,  ilkinji partiýa guramasynyň başlygy Ýazguly Ataýew, agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa dagy çykyş etdiler. Çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen günsaýyn özgerýän ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň gowulanýandygy dogrusynda belläp geçdiler.

Gar ýagan gezegi

Çaý başynda(Tymsal) Bir gije galyň gar ýagdy. Ertesi okuwçylar dyzyna çenli gara batyp, mekdebe okuwa geldiler. Mugallym olary ýygnap: