Dilde dessan paýtagtymyz
Gözel paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn beýik ösüşleri döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýtagtymyzy mundan beýläk-de ähli görkezijiler, şol sanda hil we netijelilik, estetika, ekologiýa boýunça ýokary derejeli gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini berk gözegçilikde saklaýandygynyň netijesinde bitirilýän beýik işler biziň her birimiziň guwanjymyzy goşalandyrýar. Paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan, Garaşsyzlyk, Türkmenbaşy, Gurbansoltan eje, Arçabil, Çandybil, A.Nyýazow, Magtymguly, N.Andalyp, G.Kulyýew, Taslama ýaly onlarça şaýollarydyr köçeleri, «Parahat 7», «Täze zaman», «Çoganly», «Gurtly» ýaşaýyş toplumlary gözelligi, köpugurly şertleri, özboluşlylygy bilen köpleriň ünsüni çekýär. Gözel paýtagtymyz berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny, arzuw-isleglerini aýdyň şöhlelendirýär. Häzirki wagtda berkarar Diýarymyzyň ýüregi ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp seýilgähleri, ýaşyl bossanly, owadan güllere beslenip oturan köçeleri, täsin binagärlik toplumlary aşgabatlylaryň hem-de myhmanlaryň kalbynda ajaýyp duýgulary döredýär. «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumy, «Aşgabat» medeni-dynç alyş, Arkadag, «Bagtyýarlyk», «10 ýyl Abadançylyk», «Garaşsyzlyk», «Altyn asyr», «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy», N.Halmämmedow seýilgähleri gür baglary, ajaýyp gül