"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). BODO ŞEFER

Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda

7-nji iýulda, ýekşenbe güni Aşgabatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Mejlisiň karary bilen kesgitlenen bu günde ýurdumyzyň raýatlary konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, saýlaw uçastoklaryna gelerler hem-de watandaşlarymyzyň hormatyny we ynamyny gazanan, halkyň has mynasyp, abraýly wekillerine ses bererler. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň möhüm tapgyry bolan tanyşdyryş çäreleri tamamlandy. Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlygyna jemi 3 deputat saýlanar. Şunuň bilen baglylykda, 60 saýlaw uçastogy hereket edýär. Uçastok saýlaw toparlary 7-nji iýulda irden sagat 7:00-dan agşam 19:00-a çenli işlär. Saýlawlaryň resmi taýdan geçirilýän senesinden 10 gün öň käbir sebäplere görä şol gün ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän Türkmenistanyň raýatlaryna möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda üç sany syýasy partiýa hereket edip, olar saýlawlaryň giň demokratik esasda geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Ýangyndan ägä boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamalydygyny, ulanmalydygyny hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidigini ýatladýar. Işläp duran elektrik we gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak gadagan edilýär. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan enjamlar gurnalanda, tok ulgamy aýratynlykda geçirilmelidir. Elektrik geçirijiniň ugrunda hökman goraýjy oturdylmaly we olar işleýän wagtynda gözegçilikde saklanmaly. Elektrik geçirijiler biri-birine berkidilende, ýönekeý usulda sarap goýmak howpludyr. Elektrik togunyň garşylykly geçip, enjamlaryň birikdirijileriniň gyzmagynyň öňüni almak üçin olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Enjamlar ulanylanda, elektrik ulgamyny çendenaşa artyk işletmek, geçirijileriň, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçirijileriň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşlerini ulanmak talabalaýyk däldir. Olary gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmen tarapyndan amala aşyrylmalydyr.

Her kim — bir hekaýa (Durmuş we biz)

Şäherden gelşime uly ýoluň aýlawynda düşemsoň, derrew taksi tutmak bilen boluberýän. Sürüjileriň «nirä?» diýýän yşaratyna-da hemişekije äheňim bilen: «1-nji mekdebiň ýanyna» diýip jogap berýän. Iki ädim ýöräp-ýöremänem, ýene bir ýolagçy elini galdyrýar: — Tilki oba.

Ýürekden daman damjalar (Talybyň ýandepderçesinden)

■ Gündelik ýöretmek — özüňe düşünmek, özüňi tapmak. ■ Ynsan bar, dünýäňi beresiň geler,Ynsan bar, dünýäni dözmersiň oňa...

Üns merkezinde — çagalar

Häzirki wagtda dowam edýän tomus paslynda çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Olaryň bir topary bolsa Türkmenabat şäher häkimliginiň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde bolýar. Biz bu sapaly künjekde dynç alýan çagalaryň arasynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti, ýangyn dörän halatynda özüňi alyp barmagyň tertibi hakynda söhbetdeşlik geçirdik. Elektrik togunyň durmuşymyza giňden ornaşýandygy sebäpli her bir adam ondan howpsuz peýdalanmagyň düzgünlerini kämil bilmelidir. Biz olar barada gürrüň bermek bilen birlikde çagalarda ýüze çykan sowallara hem jogap berdik. Soňra olaryň gatnaşmaklarynda bölümimiziň ýangyn-tehniki merkezine täsirli gezelenç hem guraldy.

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Şanly ýylymyza bagyşlap Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdik. «Magtymguly Pyragy — mukaddeslik mekdebiniň mugallymy» diýen at bilen guralan bu çärä döredijilik işgärleri, ýerli telekeçiler, işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar. Duşuşykda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çäreler barada aýratyn nygtaldy. Şeýle hem dana Pyragynyň goşgularynyň dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýandygy bellenildi. Çykyş edenler milli medeniýetimiziň ösüşine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň akyldar şahyrymyzyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmekleri bu günki çäräni çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Adam hakyndaky alada

Berkarar döwletimizde adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz bu hakykata ilatyň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň yzygiderli köpeldilmeginiň, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mysalynda hem anyk göz ýetirýäris. Şeýle hem raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleriň esasyny düzýär. Biz hem ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan beýik işleri ilatyň arasynda yzygiderli wagyz-ündew edýäris. Şeýle ähmiýetli çärelere syýasy partiýalaryň işgärleriniň, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleriniň, halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmaklary bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da artdyrýar. Raýatlar toparlary bilen geçirýän duşuşyklarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilaty durmuş taýdan goramak maksady bilen durmuşa geçirilýän kanuny özgertmeleriň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýandygy giňden nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent taglymatlaryna wepaly bolup, döwletimiziň beýik geljegini nazarlaýan işlere işjeň gatnaşmak biz üçin mukaddes borçdur.

Ruhubelent çagalar bäsleşdi

Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat Polisiýa müdirliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölüminiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda sport ýaryşlary geçirildi. «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» atly sport ýaryşlaryna merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Bagtyýar çagalar sportuň hereketli oýunlar, kiçi futbol, şaşka, küşt görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Çagalaryň şadyýan dynç almagyny, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak, olarda sporta bolan höwesi ýokarlandyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşda güýçli toparlar öňe saýlandy. Netijede sportuň hereketli oýunlar görnüşinde «Merdana nesil», kiçi futbolda «Bagtyýarlyk», şaşkada «Ruhubelent», küştde «Galkan» topary ýeňiji boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Joşguna we şatlyga beslendi

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe hem-de Bäherden etrap Geňeşleri tarapyndan Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde geçirilen medeni-dynç alyş we sport çäreleri örän gyzykly boldy. Merkezde ýurdumyzyň dürli künjeginden dynç alyp, saglygyny berkitmäge gelen çagalar bu çäre işjeňlikde goşuldylar. Çagalaryň dynç alşynyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini ýokarlandyrmak, sungata we sporta höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bu çärede labyzly goşgy okadylar, surat çekdiler, dürli şekilleri ýasadylar, el hünärine degişli işleriň sergisi bilen tanyşdylar.

Täsirli gezelenç

Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Köneürgenç etrabynda hem dürli aýdym-sazly çäreler, gezelençler guralyp, ildeşlerimiz bu çärelere uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar. Golaýda TZB-niň etrap bölüminiň we etrap medeniýet bölüminiň «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna gezelenjiň guralmagy has-da täsirli boldy. Gezelenje dürli ulgamda zähmet çekýän zenanlar, guramanyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Köneürgenç topragy türkmen halkynyň we bütin dünýäniň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Gezelenjiň dowamynda goraghananyň işgäri Gülşat Atdanowa ençeme asyrlaryň dowamynda saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň taryhy barada gyzykly gürrüň berdi. Gezelenje gatnaşyjylar türkmen sährasynyň ençeme taryhy-medeni ýadygärlikleri, tebigy üstünlikleri bilen tanşyp, orta asyrdan biziň günlerimize çenli saklanyp galan arhitektura ýadygärlikleriniň ajaýyp nusgalaryny, gadymy binagärleriň ussatlarynyň syrlaryny öz gözleri bilen görüp, geçmişe giden täsinlikler dünýäsine syýahat etdiler. 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki ýadygärliklere syýahat edip, bu ýerdäki muzeý gymmatlyklary bilen tanyşmak zenanlarda geçmiş taryhymyza bolan sarpany we buýsanjy has-da artdyrdy

Çagalar üçin yzykly güýmenjeler

Saýtymyzdaky Gyzykly güýmenjeler bölüminden taýýarlanan PDF kitapçalary göçürip alyp bilersiňiz! www.zamanturkmenistan.com.tm

«Ýu­wen­tus» 1 oýun­çy alyp, 2 oýun­çy ug­rat­dy

Ita­li­ýa­nyň «Ýu­wen­tus» to­pa­ry «As­ton Wil­la­dan» bra­zi­li­ýa­ly 26 ýa­şyn­da­ky ýa­rym­go­rag­çy Dug­las Lui­zi 50 mil­li­on ýew­ro trans­fer et­di. Tu­rin­li­ler Lu­iz bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. «Ýu­wen­tus» klu­by Dug­las Lui­ziň trans­fe­ri­niň bir bö­le­gi­ni pul hök­mün­de ber­se, ga­lan bö­le­gi­ne de­rek 2 fut­bol­çy­sy­ny «As­ton Wil­la» to­pa­ry­na ug­rat­dy. Ital­ýan to­pa­ryn­dan ýa­rym­go­rag­çy­lar — ang­li­ýa­ly 20 ýaş­ly Sa­mu­el Aý­ling Ju­ni­or (14+3 mil­li­on ýew­ro) hem-de 23 ýa­şyn­da­ky ar­gen­ti­na­ly En­zo Bar­ren­çea (8+3 mil­li­on ýew­ro) «As­ton Wil­la» trans­fer bol­dy. Şeý­le-de, «As­ton Wil­la» to­pa­ry «Çel­si­den» çep gy­ra­ky go­rag­çy Ian Ma­at­se­ni trans­fer et­di. «As­ton Wil­la» to­pa­ry bu trans­fer üçin lon­don­ly­la­ra 37,5 mil­li­on funt ster­ling (44,5 mil­li­on ýew­ro) tö­lär. Bir­min­gem­li­ler 22 ýa­şyn­da­ky oýun­çy bi­len 6 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Ma­at­sen ge­çen möw­sü­miň 2-nji ýa­ry­my­ny «Bo­rus­si­ýa Dort­mund­da» kä­ren­de­si­ne ge­çi­rip, ol ne­mes klu­bun­da 23 du­şu­şyk oý­na­dy (3 gol).

Na­ço hem-de Ho­se­lu «Re­al Mad­rid­den» git­di

«Re­al Mad­rid» to­pa­ry­nyň ge­çen möw­süm­dä­ki çem­pi­on­lyk­la­ry­na uly go­şant go­şan 2 oýun­çy – ka­pi­tan Na­ço Fer­nan­des bi­len hü­jüm­çi Ho­se­lu arap klub­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne go­şul­dy. Mad­rid­dä­ki 23 ýyl­lyk baş­dan­ge­çir­me­si­ni ta­mam­lan 34 ýa­şyn­da­ky Na­ço 2-nji li­ga­dan Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ýo­ka­ry li­ga­sy­na do­la­nan «Al-Kad­sia» to­pa­ry bi­len 2 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Na­ço «Re­al Mad­rid­de» pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 6-sy Çem­pi­on­lar Li­ga­sy bo­lan je­mi 26 ku­bok ga­zan­dy. Na­ço soň­ky 4 ýyl­da «Re­al Mad­ri­di» terk eden to­pa­ryň 4-nji ka­pi­ta­ny bol­dy. 2021-nji ýyl­da Ser­hio Ra­mos, 2022-nji ýyl­da Mar­se­lo hem-de 2023-nji ýyl­da Ka­rim Ben­ze­ma «Re­al Mad­rid­dä­ki» kar­ýe­ra­la­ry­ny ta­mam­lap­dy­lar. Ge­çen möw­sü­mi «Re­al Mad­rid­de» kä­ren­de­si­ne ge­çi­ren Ho­se­lu Ka­ta­ryň «Al-Ga­ra­fa» to­pa­ry­na trans­fer bol­dy. Ol ka­tar­ly­lar bi­len 2+1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Ge­çen möw­süm­de «Re­al­da» 49 oýun­da 17 gol ge­çi­ren Ho­se­lu­ny mad­rid­li­ler «Es­pan­ýol­dan» 1,5 mil­li­on ýew­ro be­rip, ymyk­ly trans­fer eden gü­nü­niň er­ti­ri arap klu­bu­na ug­rat­dy.

Ko­pa Ame­ri­ka­da to­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­lar ta­mam­lan­dy

ABŞ-da do­wam ed­ýän 48-nji Ko­pa Ame­ri­ka çem­pio­na­tyn­da to­par­ça­da­ky du­şu­şyk­lar ta­mam­la­nyp, çär­ýek fi­na­la çy­kan­lar bel­li bol­dy. Ýa­ry­şy gu­raý­jy ABŞ-nyň, şol san­da Mek­si­ka­nyň çär­ýek fi­na­la çy­kyp bil­män, ola­ryň or­nu­na We­ne­sue­la­dyr Pa­na­ma­nyň ýa­ry­şy do­wam et­me­gi köp­le­ri geň gal­dyr­dy. Ar­gen­ti­na­ly tä­lim­çi­le­riň

Üç ýaryşda soňky tapgyryň ýeňiş gazanan sürüjileri

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 11-nji ýa­ry­şy Awst­ri­ýa­nyň Spil­berg şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. 4,3 ki­lo­metr­lik «Red Bull» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da ýer eýe­le­ri­ne – «Red Bull» to­pa­ry­na ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şart­ma­dy. 71 aý­law­dan yba­rat ýa­ryş­da 3-nji orun­dan bat alan «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Jorj Ras­sell ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol ni­der­land sü­rü­ji Maks Wers­tap­pen («Red Bull») bi­len bri­ta­ni­ýa­ly Lan­do Nor­ri­siň («McLa­ren») ara­syn­da­ky çak­ny­şyk­dan ýer­lik­li peý­da­la­nyp, ýa­ry­şy 1 sa­gat 24 mi­nut 22 se­kunt­da ta­mam­lap, F1 kar­ýe­ra­syn­da­ky 2-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýe­ňi­ji­den 1,906 se­kunt yza ga­lan «McLa­ren» to­pa­ry­nyň awst­ra­li­ýa­ly pi­lo­ty Os­kar Piast­ri 2-nji, «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Kar­los Saýns Ju­ni­or «Gran Pri­niň» ýe­ňi­ji­sin­den 4,533 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­lip, 3-nji or­ny eýe­le­di. Ýe­ňi­ji­niň to­par­da­şy, bri­ta­ni­ýa­ly meş­hur sü­rü­ji Lýu­wis Ha­mil­to­nyň 4-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da sprint bäs­le­şi­gin­de ýe­ňiş ga­za­nan we esa­sy ýa­ry­şa il­kin­ji ha­tar­dan bat alan Maks Wers­tap­pen çak­ny­şyk ze­rar­ly 10 se­kunt­lyk je­ri­me al­dy we Awst­ri­ýa «Gran Pri­si­ni» 5-nji bo­lup ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Ge­çi­ri­len 11-nji ýa­ryş­dan soň Maks Wers­tap­pen 237 utuk bi­len sa­na­wyň ba­şy­ny çek­me­gi­ni do­wam ed­ýär. 2-nji ýer­dä­ki Nor­ri­siň

Çärýek finalda...

Çär­ýek fi­nal­da fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne fi­na­la ba­ra­bar du­şu­şyk­lar ga­raş­ýar. Esa­sa­nam gra­fi­ka­nyň çep ta­ra­pyn­da­ky du­şu­şyk­la­ryň iki­si-de wag­tyn­dan öň­ki fi­nal oýun­la­ry ha­sap­lan­ýar. 5-6-njy iýul­da oý­nal­jak çär­ýek fi­nal du­şu­şyk­la­ry 21:00-da hem-de 00:00-da baş­la­nar. ISPANIÝA—GERMANIÝA

EURO 2024-de 1/8 finalyň duşuşyklary

Yzly-yzyna 3-nji gezek soňky çempion çärýek finala çykyp bilmedi

Gy­ky­lyk­çy maý­myn

Ýa­ba­ny te­bi­gat­da jan­ly-jan­dar­la­ryň 9 mil­li­on tö­we­re­gi gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Şo­la­ryň ara­syn­da maý­myn­lar daş­ky keş­bi we he­re­ket­le­ri bi­len adam­la­ryň ün­sü­ni has-da özü­ne çek­ýär. Ýer ýü­zün­de maý­myn­la­ryň 160-dan gow­rak gör­nü­şi duş gel­ýär. Agaç­da ýa­şa­ýan bu jan­dar­lar adam­sy­pat maý­myn­lar we pri­mat­lar di­ýen iki uly to­pa­ra bö­lün­ýär. Maý­myn­la­ryň «ate­li­dae» maş­ga­la­sy­na de­giş­li alouat­ta maý­myn­la­ry güýç­li se­si bi­len beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­lan­ýar. Gy­ky­lyk­çy maý­myn­lar iý­mit­len­mek, bi­rek-bi­re­k bi­len ha­bar­laş­mak üçin çir­kin ses­ çy­kar­ýar­lar.

Maý­myn­lar ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar

Maý­myn­la­ryň bi­ri-bi­ri­niň ha­pa­la­ry­ny aýyr­ma­gyny biz aras­sa­çy­lyk ka­da­sy hök­mün­de gör­ýä­ris. As­lyn­da bu ýag­daý maý­myn­lar­da bi­ri-bi­ri­ne bo­lan mä­h­riň we söý­gi­niň ala­ma­ty. Maý­myn­la­ryň iň ki­çi gör­nü­şi «pyg­my mar­mo­sets» bo­lup, bo­ýy 300 mil­li­metr­den, ag­ra­my 100 gram­dan geç­me­ýär.