"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Eziz Diýarymyz — mukaddes seždegähimiz

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde Watan gullukçylarynyň arasynda ýaşlaryň watanperwerlik terbiýesini yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri kämil derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekýär. Watana gulluk etmegiň, ony jandan eziz görüp goramagyň we ýurdumyzy gülledip ösdürmek üçin hyzmat etmegiň her bir ynsanyň ömrüniň manysy, mertebeli ýaşaýşynyň özeni, maksat-myrady bolup durýandygyny pent-nesihat edýär. Çünki Watan ogullarynyň — merdana, batyr gerçekleriň watanperwerlik duýgusy her gysym topragyň keramatdygyna uýmakdan, şöhratly geçmişimize, öý-ojagyň mukaddesligine, il-ulsuň, ata-babalaryň çuňňur pähimine hormat-sarpa goýmagy başarmakdan başlanýar. Şöhratly geçmişine sarpa goýýan nesil şu günüň bagtyýarlygyna guwanyp, geljegiň röwşendigine ynanyp, eziz topragyna söýenip ýaşaýar. Biziň Watana bolan söýgimiz ata-babalarymyzyň nesilleriň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin görkezen gahrymançylyklarynyň üstümizde ganat gerýän ölmez-ýitmez ruhlary bilen utgaşýar, bir bitewi güýje öwrülýär. Ynsan geçmişiniň beýikligini, köki-damarynyň çuňlugyny, köňlüniň rahatlygyny, şu gününiň bagtyýarlygyny, sarsmaz-synmaz rysgal-döwletliligini diňe öz Watanynyň goýnunda görýär. Göbek ganymyz daman Watan topragy, ony goramak,

Magtymguly — halkyň beýik danasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Magtymguly — halkyň beýik danasy, äleme nusgadyr ähli namasy» atly maslahat hem ýokary ruhubelentlige beslendi. TKA-nyň welaýat birleşmesinde geçirilen maslahata dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdylar. Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Hormatly il ýaşulusy Aşyrdurdy Allaýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň bölüm redaktory Döwletnazar Işangulyýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjylary Jumagül Hojaýewa, Haltäç Bäşimowa, maglumat tehnologiýalary boýunça esasy hünärmeni Begmyrat Baýramow dagy çykyş edip, akyldar şahyryň edebi mirasynyň ähmiýeti hakynda gürrüň etdiler. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dünýä ýaýmakda ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kanun beýik söz ussadynyň medeni mirasynyň aýawly saklanmagyna we geljek nesillere ýetirilmegine degişli wezipeleriň hukuk binýadyny berkidýär. Akyldar şahyryň döredijilik mirasy häzirki wagtda halkara derejede uly gyzyklanm

Hepdäniň habarlary

Täze taryhy eýýamyň ganaty Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň welaýat, şäher komitetleriniň hem-de şäher kazyýetiniň bilelikde guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty — taryhy eýýamyň ganaty» atly maslahat geçirildi.

Ýaşaýyş jaýlarynyň ätiýaçlandyrylyşy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ätiýaçlandyryş işleri hem güýçli depginde kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş maksady döwletiň, kärhanalaryň, raýatlaryň bähbitlerini goramakdan ybarat bolup, bazar gatnaşyklaryny, ätiýaçlandyrylýan müşderileriň isleglerini hasaba almak bilen, täze birnäçe kadalary taýýarlady. Olardan müşderileriň arasynda, esasanam, «Fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş» kadasy bähbitli bolup durýar. Onuň esasy wezipesi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe tötänleýin bolan hadysalar esasynda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan ybaratdyr. Fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolan ýa-da olar tarapyndan kanuny esasda ulanylýan, hemişelik ýaşaýan ýerinde gurnalan diwarlar hem-de üçegi bolan jaýlar (ýaşaýyş jaýlary, bagçylyk öýleri, ulag jaýlary, kömekçi we hojalyk jaýlary) meýletin ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar. Olara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş aşakdaky ätiýaçlandyryş halatlary netijesinde ýok bolmagyndan ýa-da olara zeper ýetmeginden geçirilýär, ýagny:

Sahawatly topragyň berekedi

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy. «Oguz han» köşkler toplumynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň elleri bugdaý desseli hem-de däneden doly horjunly ýaşajyk wekilleri Arkadagly Gahryman Serdarymyza şanly waka mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler. Çagalar hormatly Prezidentimizi bereketli türkmen topragynda bol galla hasylyny ösdürip ýetişdiren daýhanlaryň öndürijilikli zähmetini, ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işleri wasp edýän goşgulary okadylar. Şahyrana setirlerde Watanymyzyň sahawaty, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlykly wakalary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler öz beýanyny tapýar.

Ajaýyp sowgat

Golaýda edermen gallaçy daýhanlarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Köpetdagyň etegindäki ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller uly üns-alada bilen gurşalýar. Orta mekdeplerde döwrebap bilim alýan çagalary tomusky dynç alyş möwsüminde gözel Gökderäniň goýny mähirli garşylaýar. Häzirki wagtda bu ýerde çagalaryň dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry dowam edýär. Gökderäniň köpsanly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde paýtagtymyzyň dürli künjeginden gelen körpeler bilen bir hatarda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem wagtlaryny şadyýan we netijeli geçirýärler. Ine, şeýle arzyly tomus günlerinde hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bagtyýar çagalara gowşurylan toý sowgady hem ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýürek buýsançlaryny goşalandyrdy. Munuň özi ýaş nesil hakyndaky aladanyň hemişe ilkinji orunda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň gallaçy daýhanlarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli iberilen toý sowgatlary üçin özleriniň we ýurdumyzyň ähli ýaş nesilleriniň ýagty geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman

Şadyýan tomus

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň sagdyn ösüp ulalmagy, çagalaryň göwnejaý dynç almagy üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri ýaş nesilleri diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Häzirki wagtda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmekde welaýatymyzda ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde döwrüň talabyna laýyk işler ýola goýulýar. Dynç alyş möwsüminde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin bu ýerde ähli mümkinçilikler bar. Dynç alyş merkezinde welaýatymyzyň dürli künjeginden bagtyýar nesilleriň ýüzlerçesi wagtlaryny şadyýan geçirýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

... Zähmetde gözellik bar. Tamdyrda çörek ýapýan, ig egirýän, ýüpek işýän zenan keşplerinde, eli pilli ýer depýän daýhanyň, baga timar berýän bagbanyň, uzakly gününi körügiň başynda geçirýän demirçi ussanyň keşbinde durmuşyň iň owadan, nusga alynmaly pursatlary jemlenendir. Adamyň zähmetiň gymmatyna düşünmegi, zähmetiň gadyryny bilmegi onuň mertebesini beýgeldýär. Çünki zähmet daragty adamyň özünde bolup, ol adamyň tebigy ukybynyň endik bilen özleşdirilmeginiň netijesidir. Bir adam ömürboýy hazyna gözläp, çölleri, daglary agtarypdyr. Aslynda hazyna onuň howlusynyň bir çüňkünde gömülgi eken diýip, ýaşulular gürrüň bererdiler. Şu tymsal hem özüňde bar bolan, elýeterli mümkinçilikleri özleşdirmegi ündeýär, ata-babalarymyz: «Işikden tapsaň, töre geçme» diýipdirler. Munuň birinji bölegi biziň özümizdäki özleşdirilen, ozalky bar ukyplardyr we mümkinçilikler, ikinji bölegi soň özleşdirilmeli, gazanylmaly mümkinçilikler hakyndadyr. Ilki bilen edip bolýan, gözüňe görnüp duran mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmalydyr. Çünki özüňde bar zat, başga ýerden gözlenilmeýär.

«Aşgabat» — arzyly mekan

Tomus paslynda paýtagtymyzyň çägindäki gür bagly seýilgähleriň arzysy birbaşga bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan kemala gelen Aşgabadyň ak mermerli belent binalarynyň sapaly seýilgähler, tebigy zolaklar bilen sazlaşykly keşbi bu gün göreniň göwnüni galkyndyrýar. Paýtagtymyzyň çäginde Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň rahat dynç almagy üçin döredilen seýilgäh zolaklarynyň ençemesi bar. Şäher ýaşaýşynyň şertlerinde ynsany tebigatyň ajaýyp dünýäsi bilen ýakynlaşdyrýan seýilgähler ýylyň ähli paslynda hem adamlara ruhy lezzet paýlaýar. Şolaryň iň meşhurlarynyň biri «Aşgabat» seýilgähi hem köpleriň, aýratyn hem, tomusky dynç alşyny şadyýan geçirýän çagalaryň arzyly mekany. 1887-nji ýylda düýbi tutulan seýilgäh diňe bir paýtagtymyz bilen adybir bolman, eýsem, ýaşy boýunça hem deňeçerdir. 2014-nji ýylda durky düýpli täzelenip, gaýtadan halk köpçüligi üçin açylan «Aşgabat» islendik ýaşdaky raýatlaryň uly höwes bilen dynç alýan ýeri. Paýtagtymyzyň merkezi köçeleri bolan Türkmenbaşy we Magtymguly şaýollarynyň ugrunda ýerleşýän seýilgähe şäheriçi awtobuslaryň köpsanlysynyň üznüksiz gatnawy ýola goýlan. Ýylyň islendik paslynda bolşy ýaly, köp adamly seýilgähde tomus paslynyň joşgunly günlerinde, asuda agşamlarynda hakyky dynç alyş şatlygy emele gelýär.

Täsirli pursatlara baý günler

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalar hakyndaky alada mydama üns merkezinde saklanylýar. Şeýle bolansoň, biziň geljegimiz bolan çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar, her gününi şatlykly geçirýärler. Şu günler Diýarymyzda dowam edýän mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwründe çagalar tebigatyň gözel ýerlerine, medeniýet ojaklaryna, seýilgählere gezelenç edýärler. Olaryň arasynda gyzykly kitaplary okap, lezzet alýanlary-da, sungat eserlerinde tebigat täsinliklerini ussatlyk bilen suratlandyrýanlary-da bar. Okuwçylaryň bir topary bolsa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly geçirýärler.

Howpsuzlyk düzgünlerini unutmaň!

Mähriban ildeşler! Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmeklige çagyryp, şulary ýatladýar: elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylyp, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderlikde gözegçilik etmeli. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan enjamlar gurnalanda elektrik tok ulgamy aýratynlykda geçirilip, elektrik tok geçirijiniň ugrunda goraýjy oturdylmaly. Enjamlaryň birikdirijileriniň gyzmagynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Elektrik geçirijileriniň sütünleri berkidilende ýönekeý usulda sarap goýmak, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçirijileriniň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşini ulanmak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek ýa-da iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmak talabalaýyk däldir. Hormatly ildeşler! Ýaşaýyş, edara jaýlaryndan gitmezden öň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, elektrik enjamlaryň öçürilendigini barlamagy unutmaň!

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary, gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, onuň 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen töleg geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdäniň dowamynda hamallaryň durmuşynda birbada birnäçe wakalaryň ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin bu döwürde size diňe özüňize bähbitli işler bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Ähli meselelerde öňdebaryjy bolmak iş meýilnamalaryňyza ýaramaz täsir edip biler.

Alkyş sözleri aýdyldy

Ýakynda maýor Orazdurdy Meredowyň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň ýaz möwsüminde çagyryş boýunça harby gulluga gelen esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy geçirildi. Bu dabarada eginlerine harby lybasy geýip, harby durmuşa gadam basan ýaş esgerler ýaşyl Tugumyza togap edip, buýsanç bilen kasam kabul etdiler. Ýaş esgerleriň buýsançly gutlag sözleri dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Gutlaglaryň esasy mazmunynda merdana Watan goragçylarynyň mynasyp derejede harby gullugy alyp barmaklary üçin ähli mümkinçilikleri, ajaýyp şertleri döredýän hormatly Prezidentimize aýdylan alkyş sözleri özüniň mynasyp ornuny tapdy. ***

Dünýä nusgalyk seýilgäh

Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary bilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna medeni gezelenç guraldy. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň maý aýynda ak mermerli paýtagtymyzyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygyna başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu medeni-seýilgäh toplumynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda açylmagy akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgatdyr. Harby talyplar gezelenjiň dowamynda bu medeni-seýilgäh toplumynyň esasy ýodasynyň ugrunda jahanyň çar ýanynda umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän eserleri döredip, sungat dünýäsinde öçmejek yz goýan ussatlaryň heýkelleriniň 24-siniň oturdylmagynyň halklary has-da ýakynlaşdyrýandygyna göz ýetirdiler. Hakykatyň hatyrasyna aýtmaly bolsa, bu seýilgähe geleniňde özüňi ruhubelent we joşgunly duýýarsyň. Seýilgähde Şota Rustaweliniň, Rabindranat Tagoryň, Ýanka Kupalanyň, Wilýam Şekspiriň, Çingiz Aýtmatowyň, Ýunus Emre we Alyşir Nowaýy ýaly ägirtleriň döredijiliginden ylham alýarsyň. Mahlasy, harby talyplar medeni gezelenjiň dowamynda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmegiň möhüm ähmiýete eýedigine

Akyldary hormatlap

Ýakynda maýor Şöhrat Orazdurdyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde il sylagly ýaşulularyň we TMÝG-niň etrap geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi. Şahyryň dürli temadaky şygyrlarynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmäge degişli goşgularynyň uly orun tutýandygy barada aýdyldy. Wagyz-nesihat duşuşygy oňa gatnaşan harby gullukçylarda uly täsir galdyrdy. Gülälek TAGANOWA,maýor.

Beýik akyldara bagyşlap

Öz halkyňy söýüp, beýiklige, mertebä ýetip bolýar. Dünýä nusgalyk eserleri bilen ynsanlaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde, baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren, türkmen jemgyýetini kämillige ugrukdyryjy ynsanperwerlik, watançylyk ruhly söz keramatyny döreden akyldar şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony bütin adamzat şahyryna öwren zat onuň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-gün hakyndaky aladasydyr. Akyldaryň öz döwründe dünýä, ynsan, ýaşaýyş baradaky pelsepewi garaýyşlary, jemgyýetiň, adamlaryň ruhy kämilligi baradaky wesýetleri halkyna bolan beýik söýgüsiniň netijesidir. Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi giňdir. Şahyr döwrüniň ahlagyna, medeniýetine öz sesini goşan şahsyýet. Magtymguly — terbiýe mekdebi. Ol ahlak, päk söýgi, watançylyk, gahrymançylyk barada söhbet edýär. Nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, päk ahlaklylyk duýgusy esasynda terbiýelemäge aýratyn üns berýär. Dana Pyragy ynsan kalbyny heýjana salýan ynsanperwer şahyrdyr. Biz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde beýik akyldaryň arzuwlan eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýarys. Ynha, beýik akyldaryň adyny uly buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap geňeşi şahyryň şygryýeti arkaly ýaşlary watançylyk, gahrym

Serhetden başlanýan gözellikler

Gadymy Merw topragyna tarap ýola düşen otly döredijilik toparymyza mukaddes ýerleriň täsinliklerini, tebigat gözelliklerini görkezmäge howlugýan ýaly öňe okdurylyp barýardy. Otlynyň aýnasyndan daş-töweregi synlap barşymyza, gijäniň asuda asmanyny ýagtyldyp süýnüp giden ýyldyza seredip, hut çagalyk ynanjym bilen arzuwlara berlenimi duýman galdym. Ençeme menzilleri söküp, welileriň mesgen tutan keramatly topragyna gelip düşdük. Bu ýere tyllaýy Günüň şugla saçyşy-da üýtgeşik. Ilerde türkmen halysyny ýatladýan sähranyň owadanlygy gözleriňi dokundyryp ýaýylyp ýatyr. Tebigatyň gözelliklerini synlap, podpolkownik Nazarhan Ataýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesine gelenimizde, döredijilik toparymyzy mähirli garşylan terbiýeçi serkerde, maýor Ýollymyrat Tomanow bize serhet birikmede harby kasam kabul edişlik dabarasynyň geçirilýändigini habar berdi. Biz begenip, göni şol ýere tarap ugradyk. Dabaraly harby kasamy ak ýürekden ýerine ýetirýän merdana serhetçilerimiziň ýüzlerindäki şatlygy görenimizde, uzak ýoluň ýadawlygyny dessine egnimizden aýrylan ýaly boldy. Gör, bu ýatdan çykmajak bagtly pursatlar nijeme ýigitleriň durmuş kitabyna ýazylandyr?! Ata Watanyň goragyna girişýän ýigitleriň ýaşyl Tugumyzyň synyndan öpüp, harby kasamy ak ýürekden ýerine ýetirip duran pursatlaryny synlanyňda, türkmen halkynyň ganynda hem ýüreginde bu mukaddes topraga bolan söýginiň beýikdigine ýene bir gez

Ezber ýetginjekler

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Ýaş halasgär» atly merkezara bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynda türkmen halkyna mahsus bolan mertlik, edermenlik, batyrlyk, gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik, lebzihalallyk ýaly ahlak sypatlaryny kemala getirmek, raýat goranyşyna we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk endiklerini, başarnyklaryny ösdürmek, bilimlerini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşige 12 — 14 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerden düzülen toparlar gatnaşdy. Onuň şertleriniň ýerine ýetirilişine has işjeň gatnaşyp, gowy netijeleri görkezendigi üçin «Nebitçi» 1-nji, «Beýik Serdaryň nesilleri» 2-nji, «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji toparlar guraýjylaryň adyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de göçme kubok bilen sylaglandylar.

Rowaç ýollarymyzyň şamçyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde, Magtymguly Pyragy we onuň edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşuldy. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň döwlet durmuşynyň ynsanperwer ugurlarynda dana Pyragyny halkara derejesinde wagyz etmek bilen baglanyşykly alyp barýan ajaýyp syýasatynyň netijesinde biziň dünýämize ornaýar. Dana Pyragynyň döredijilik dünýäsi ynsan kalbynyň köňül kelamy bolup, ol adamzadyň durmuş ýörelgelerini salgy berýär, halkara gatnaşyklarynda, döwletiň durmuş-ykdysady ösüşinde we jemgyýetiň kämilleşmeginde ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä içre dünýä bolup, şygryýete, edebiýata, medeniýete, mahlasy, külli türkmene nur saçýan Magtymguly Pyragy dünýä halklaryny bir supranyň başyna jemledi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen «Magtymguly» atly täze kitap neşir edildi. Täze neşiriň akyldar şahyr bilen baglanyşykly fotosuratlar bilen bezelmegi okyjyda özboluşly täsir galdyrýar.