"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Yhlasymyz ýerine düşýär

Hormatly Prezidentimiz adam hakyndaky aladany uly döwlet syýasatynda mydama ileri tutýar we bu babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Biz gündelik işimizi şol jogapkärli wezipelerden ugur alyp guraýarys. Ynsan saglygyny goramakda ýollarymyzda awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly we howpsuz guramak möhüm ähmiýete eýedir. Ulaglaryň sanynyň artýan şertlerinde degişli kadalary hem-de ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini berjaý etmek esasy talaplaryň biridir. Biz bular barada häzirki günlerde dowam edýän biraýlygyň çäginde geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde giňden durup geçýäris. Bu işler edara-kärhanalar bilen birlikde bilim edaralarynda, ilatyň arasynda hem alnyp barylýar.

Täze eýýamyň ajaýyp ösüşleri

Garaşsyz Diýarymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki zamanasynda oba hojalygyny ýokary depginlerde ösdürmek, ony düýpli özgertmek we iň bir düşewüntli pudaga öwürmek üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär, oba zähmetkeşlerine döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, ýerden bol hasyl öndürip, ýokary netijeleri gazanyp, owadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmekde we ýokary depginlerde ösdürmekde tutumly işler guramaçylykly amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň yhlasly zähmet çekmegi, asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäniň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işler durmuşa geçirilýär. Daýhanyň ýerden bol hasyl alyp, bereket baýlygynyň eýesi bolmagy üçin amatly şertler döredilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna

Garaşsyzlyk — halkyň buýsanjy Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi ýurt abadançylygynyň, il agzybirliginiň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän döwlet Baştutanymyzyň il-ulus baradaky tutumly tagallalarynyň miwesidir. Ösüşli Diýarymyzyň abraý-mertebesi dünýä derejesinde belende göterilip, hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan başlangyçlary halkara derejesinde gyzgyn goldaw tapýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Bähbitli işleriň başlangyjy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen başy başlanan beýik başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýär. Il-ýurt bähbitli tutumly işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň bolelin, eşretli zamanada ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, döwrebap bilim almagy ugrunda bimöçber işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda ençeme Maksatnamalardyr Kararlar kabul edilip, durmuşa geçirilýär.

Belent mertebäniň ýaňy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalaryň şaýady bolmak il-günümiziň guwanjyna guwanç goşýar. 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şygary Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy bolup ýaňlanýar. Bu gün gadymy türkmen topragynda Magtymguly atamyzyň arzuwlan Garaşsyz Türkmenistan döwletimizi dünýä tanaýar. Il-günümiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýar.

Mawy ýangyjyň mekanynda

Burawlaýjylaryň ýeňişli gadamlary Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiz çalt depginlerde ösdürilýär. Gaz senagaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň öňdebaryjy iri pudagy bolmak bilen, zähmetsöýer gazçylarymyzyň yhlas-tagallalary netijesinde tebigy gazyň çykarylyşy ýylsaýyn ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän tehnikalaryndan we tehnologiki enjamlaryndan netijeli peýdalanyp, mawy ýangyjyň akymyny artdyrmakda uly işler bitirilýär.

Magtymguly pyragy hakynda...

... Türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir. W.W.BARTOLD,

Adam. Jemgyýet. Kanun.

ÝOKARY TALABYŇ BORJY Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň binýadyny berkden tutýan türkmen halky ösüş-özgerişleriň rowaç ýoly bilen öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Asudalygyň goragynda

Guramaçylykly iş — üstünligiň açary 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda agzybir türkmen halky hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletli döwranda ýaşap, eşretli günleriň hözirini görýär. Il-günümiziň asudalykda, abadan durmuşda tutanýerli zähmet çekmegini üpjün etmek bolsa, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň wezipe-borçlary bolup durýar.

Hadysasyz ýollaryň aladasy

Güneşli Diýarymyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk başlandy. Ýurt boýunça geçirilýän bu çäräniň ilimiziň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynda ähmiýeti uludyr. Şonuň üçinem şu çäre ählihalk işine öwrülýär. Abadan durmuşymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen möhüm işlere biz hem işjeň gatnaşýarys. Bölümçämiziň işgärleri ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmagyň meselesine-de uly üns berýärler. Biz raýatlar we çagalar bilen guralýan duşuşyklarymyzda maşgalamyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynyň özümize baglydygyny düşündirýäris.

Galkynyşly döwrüň ýalkymly günleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her bir gün taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleriň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna özboluşly many-mazmun çaýýar. Geçen hepdäniň dowamynda bolan taryhy wakalar eziz Diýarymyzyň günsaýyn öňe barýandygyny äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri seljerildi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depgininiň saklanandygy aýratyn bellenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz degişli ugurlar boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Ýoluňyz ak bolsun!

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň aýdyň ösüşleriniň miwelerini, gazanylýan netijeleri her ädimde görmek bolýar. Ajaýyp hem bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz giň, owadan, dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelen döwrebap ýollary gurduryp, halkymyzyň hyzmatyna berýär. Ýaşaýşyň gözelligi, ynsanyň rahatlygy, maşgala abadanlygy bolsa, köp babatda ýol hereketiniň abatlygy bilen baglydyr. Ýollaryň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen biraýlygyň yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny, maşgala abadançylygyny ähli zatdan ilerde goýýandygyny aýan edýär. Ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişi bilen bagly giň gerimli çärelere halkymyz uly höwes bilen gatnaşýar. Rowaçlanýan Watanymyzda gurulýan we durky täzelenýän giň, ýagty we aýna ýaly tekiz awtomobil ýollarynda ulag serişdeleriniň hereketiniň sazlaşykly, sürüjileriň seresaply, hüşgär bolmagy möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurt derejesinde geçirilýän bu ählumumy çärä Harby awtomobil gözegçiliginiň işgärleri-de işjeň gatnaşýarlar. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda guralýan çäreler pyýadalar bilen sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň sazlaşygyny gazanmaga ýardam berýär, şeýle hem bolup biläýjek ýol

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Jebisligiň aýdyň ýoly Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uly dabara bilen baýram edilýän günlerinde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkara gatnaşyklarda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna, dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň artmagyna ýardam etjek  syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetli meselelere garalar. Öňde goýlan belent wezipelere ýetilmegini üpjün etjek il-ýurt bähbitli, ykbal özgerdiji resminamalar kabul ediler. Halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jebisligiň möhüm instituty bolup durýar. Ol milli döwlet gurluşynyň ýörelgelerini kämilleşdirýär hem-de olaryň häzirki zaman şertlerinde pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.

Özara tejribe

Ýakynda podpolkownik Nurmyrat Eminowyň serkerdelik edýän harby bölüminde Döwlet serhet gullugymyzyň ähli serhet birikmeleriniň we harby bölümleriniň terbiýeçi serkerdeleriň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşygy geçirildi. Onuň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gulluk-söweşjeň işlerini guramakda harby düzgün-nyzamyň ýagdaýyna baha berlip, şahsy düzüm bilen okuw-terbiýeçilik işleriniň geçirilişini has-da kämilleşdirmekde anyk wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de terbiýeçi serkerdeleriň hünär derejesini kämilleşdirmek maksady bilen tejribe okuw sapaklary guraldy. Mähriban Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň pähim-paýhaslary esasynda alnyp barylýan taryhy işler, mukaddes dost-doganlyk serhetlerimizde harby gulluklaryny üstünlikli berjaý edýän merdana serhetçilerimiz üçin döredilýän şertler dogrusyndaky çykyşlar has-da täsirliligi bilen tapawutlandy. Bulardan başga-da, okuw ýygnanyşygynda harby düzgün-nyzamy berkitmekde, ýaş esgerleriň arasynda wagyz-nesihat, döredijilik duşuşyklaryny, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy hem medeni dynç alyş merkezlerine yzygiderli gezelençleri guramak, bu işde weteranlar geňeşine, zenanlar guramasyna uly orun bermek barada hem nygtaldy. Okuw ýygnanyşygynyň netijesi boýunça tapawutlanan serkerdelere mynasyp bolan sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Döwür we zenanlar guramasy

Işjeňligiň döwrebap nusgasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň zenanlary döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda halal hem tutanýerli zähmet çekip, taryhy ösüşlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýle bolmagynda ýerlerdäki zenanlar guramalarynyň ýokary işjeňlik görkezýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri hem ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolup durýar. Guramanyň häzirki wagtda 946 agzasy bolup, olaryň 894-si talyp gyz-gelinler, 31-si zenan mugallymlar, 21-si zenan işgärlerdir.

Hepdäniň habarlary

Duşuşyk geçirildi Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini wagyz etmek, halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmek maksady bilen, golaýda «Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny!» atly şygar bilen duşuşyk geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň gurluşyk we senagat pudagyna degişli şäher guramalarynda hem-de medeniýet, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda uzak ýyllaryň dowamynda abraý bilen zähmet çekýän halypalar hem-de ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Pederlerimizi hormatlap

Ýakynda maýor Parahat Ataýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň serkerdeleri we göreldeli esgerleri etrapdaky kitaphanada gezelençde boldular. Häzirki zaman döwrebap kitaphanany türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, halkymyzyň şahyr ogullarynyň şirin şygyrlary jemlenen, halkymyzyň taryhy, asuda, parahat Watanymyzyň ösüşleri özgerişleri hakyndaky kitaplar bezeýär. Kitaphana işgärleriniňGahryman Arkadagymyzyň ata Watan, ene toprak hakyndaky kitaplaryndan täsirli maglumatlary, hekaýatlary, rowaýatlary gürrüň bermekleri, ýaş esgerlerde ene topraga bolan söýgini has-da artdyrdy. Bulardan başga-da, merdana serhetçilerimiziň türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny labyzly okamaklary has-da täsirli boldy. Şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň beýik oglunyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli kitaphanada alnyp barylýan işler, täze çap edilen kitaplar dogrusynda wideoşekiller görkezildi. Döwran BABAÝEW, maýor.

Harby atlar dakyldy

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýagty geljegiň eýeleri bolan ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan ugur almak bilen, ýakynda maýor Orazdurdy Meredowyň serkerdelik edýän harby bölüminde maýor Wladimir Gasparýanyň ýolbaşçylygynda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasyndan kiçi serkerdeler düzümine dalaşgärler saýlanyp alyndy we olar bilen okuw ýygny geçirildi. Onuň dowamynda söweşjeň we gumanitar taýýarlygyndan okuw sapaklary guralyp, tabynlygyndaky şahsy düzüm bilen terbiýeçilik işlerini alyp barmagyň usullary öwredildi hem-de degişli synaglar kabul edildi. Okuw ýygnynyň jemlenmegi bilen, harby bölümiň serkerdesi tarapyndan çagyryş boýunça harby gullukçylara «Kiçi seržant» harby atlary dakyldy. Peder pentleri

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga

Ýol abat – il abat Ýollar biziň gündelik durmuşymyzda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Biz her gün işe, okuwa ýa-da çagalar bagyna gidenimizde, ýollary kesip geçýäris. Bu bolsa biziň hereket howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmegimiz bilen aýrylmaz baglydyr. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýurdumyzda ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegi babatynda möhüm ähmiýete eýedir.

Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir

Dil ynsana özüniň oý-pikirlerini, gören, eşiden zatlaryna bolan garaýşyny, hatda näzik duýgularyny beýan etmäge-de mümkinçilik berýär. Mundan müňlerçe ýyl ozal üm-yşarat arkaly düşünişmekden söz diline geçilipdir. Halkymyzyň öz taryhy bolşy ýaly, ene dilimiziň-de köp asyrlyk baý taryhy bar. Ol iň gadymy türki dilleriň biri hasaplanylýar. Türkmen dili özüniň zatlary atlandyrmak, olar hakdaky aň-düşünjäni beýan etmek, başgalar bilen pikir alyşmak, durmuşdaky nogsanlyklary sözüň kömegi bilen düzetmek, adamzat gatnaşyklaryny sazlaşdyrmak, ata-babalarymyzyň durmuş tejribesini, pähim-paýhasyny geljekki nesillere ýetirmek ýaly jemgyýetçilik hyzmatlaryny iki görnüşde — sözleýiş dili hem-de ýazuw dili görnüşlerinde ýerine ýetirip gelýär. Halkymyz öz ene diliniň milli özboluşlylygyny saklap gelipdir. Sözlük düzüminiň baýdygy, grammatik gurluşynyň kämildigi, labyzlylygy, täsirliligi jähetdenem ol hiç bir dilden kem däl. 1990-njy ýylyň 24-nji maýynda «Dil hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir. Milletiň kämilligi bolsa biziň baş maksadymyzdyr» diýýär. Kämilligiň bolsa çägi ýok. Garaşsyzlyk halkymyza diňe syýasy garaşsyzlygy däl, dil garaşsyzlygyny hem berdi. Ene dilimiziň jemgyýetçilik hyzmaty has giňeldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ol döwleti edara etmegiň, ylym-bilimiň, çeper edebiýatyň, metbugatyň,