"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Wagyz-ündew çäreleri geçirilýär

Ýurdumyzda dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlap, polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgärleri bilen bilelikde etrabymyzdaky orta mekdeplerde wagyz-ündew çärelerini yzygiderli geçirýäris. Hemmeler üçin hem ähmiýetli bolan bu çärelerde edilýän çykyşlarda ýol hereketiniň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, degişli düzgünlere eýerilmeginiň hökmanydygyna aýratyn üns çekilýär. Şeýle hem çykyşlarda pyýadalar üçin niýetlenilen geçelgelerden geçmelidigi, ýoldan geçilende telefon, gulaklyk ýa-da beýleki ünsüňi sowujy enjamlaryň ulanylmaly däldigi nygtalýar. Mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň düzgünleri beýan edilen gollanmalar hem paýlanylýar. Bu işleriň guramaçylykly geçirilmegine «Arkadag» ýaşlar merkeziniň meýletinçileri hem işjeň gatnaşýarlar.

Hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry kes­git­le­nil­di

17-nji sent­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Kans­le­ri Olaf Şols bi­len As­ta­na­da ge­çi­ri­len ikin­ji du­şu­şy­gy­na gat­naş­dy.

AFK-nyň ýaryşlaryna badalga berildi

Azi­ýa Fut­bol Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ady tä­ze­le­nen 2 bäs­le­şi­gin­de 1-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy Eli­te ýa­ry­şy edil UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ýa­ly li­ga gör­nüş­de ge­çi­ri­lip, bu bäs­le­şik­de 12 to­par­ly 2 to­par­ça bar. Gün­ba­tar se­bi­ti­ň 1-nji du­şu­şyk­la­ryn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al Hi­lal» to­pa­ry 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, ýa­ry­şa şow­ly baş­la­dy. Er-Ri­ýad şä­he­ri­niň we­ki­li­ne ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Mi­lin­ko­wiç-Sa­wiç, Kan­se­lo hem-de Leo­nar­do ge­çir­di. Soň­ky çem­pi­on «Al-Ain» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da Ka­ta­ryň «Al Sadd» to­pa­ry bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Bu ne­ti­je Ro­nal­do­nyň çy­kyş et­me­dik du­şu­şy­gyn­da «Al Nassr» to­pa­ry bilen Yra­gyň «Al-Şor­ta» to­pa­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da-da ha­sa­ba alyn­dy.

23-nji we 24-nji tapgyrlaryň duşuşyklary geçirildi

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ýo­ka­ry li­ga­syn­da 23-24-nji tap­gyr­la­ryň her­sin­de 3 du­şu­şyk ge­çi­ril­di. 23-nji tap­gyr­da sa­na­wyň li­de­ri «Ar­ka­dag» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Aş­ga­bat» to­pa­ryn­dan 3–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Gol­la­ry Yl­ýas Ça­ry­ýew (43), Ars­lan­my­rat Ama­now (50) hem-de Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew (56) ge­çir­di. «Kö­pet­dag» bi­len «Mer­wiň» ara­syn­da­ky oýun­da-da myh­man­çy­lyk­daky to­par ýe­ňiş ga­zan­dy. «Merw» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly 90+5-nji mi­nut­da Toý­ly Goç­na­za­row der­we­zä gi­riz­di. Du­şu­şyk­da 8 sa­ry, 1 gy­zyl kart gör­ke­zi­lip, «Kö­pet­dag­dan» Döw­let­my­rat Se­ýit­mu­ham­me­dow 90+5-nji minutda oýun­dan çy­ka­ryl­dy.

Nä­me üçin top­ra­gyň reň­ki go­ňur?

Eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­de, öri meý­dan­la­ryn­da, adat­ça go­ňur ýa-da ga­ram­tyl-go­ňur top­ra­gy gör­ýä­ris. Nä­me üçin top­rak dün­ýä­niň köp ýe­rin­de şol bir reňk­de? Nä­me üçin top­rak asyr­lar­bo­ýy reň­ki­ni üýt­get­me­di­kä? Ge­liň, top­ra­gyň go­ňur reňk­de bol­ma­gy­nyň syr­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Dün­ýä­niň köp ýe­rin­de top­rak şol bir reňk­de. Bu ýag­daý bi­ze te­bi­ga­tyň bol­ma­ly ka­da­sy ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär. My­sal üçin, as­man gök, Gün sa­ry, ýer go­ňur we ş.m. As­lyn­da top­ra­gyň go­ňur bol­ma­gy ga­lyn­dy­lar­dan ga­lan ug­le­rod bi­len bag­ly­dyr. Adam­la­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­niň kö­pü­sin­de, şo­nuň ýa­ly gu­ry ýe­riň köp bö­le­gin­de suw we ösüm­lik bar. Jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy bes edip ýe­re ga­ryl­ma­gy, ösüm­lik­le­riň, ot-çöp­le­riň gu­rap top­ra­ga go­şul­ma­gy bi­len ýer­de ug­le­rod eme­le gel­ýär. Ug­le­ro­dyň top­ra­ga ga­ryş­ma­gy bi­len go­ňur reňk eme­le gel­ýär.

Te­bi­ga­tyň iň uly we iň ýyn­dam gu­şy

Daş-tö­we­re­gi­mi­ze ýa-da te­le­ýaý­lym­da­ gör­ke­zil­ýän te­bi­gat bi­len bag­ly gep­le­şik­le­re to­ma­şa ede­ni­miz­de Ýer ýü­zün­de dür­li gör­nüş­li guş­la­ryň ýa­şa­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­ýä­ris. Guş­la­ryň kä­bi­ri suw­da, kä­bi­ri gu­ry ýer­de, kä­si çöl­de, kä­si bol­sa dag­da ýa­şa­ýar. Ola­ryň kö­pü­si uçup bil­ýär, kö­pü­si iň ök­de ýü­zü­ji­ler ha­sap­lan­ýar. Ýer ýü­zün­dä­ki iň tä­sin guş­la­ryň bi­ri hem dü­ýe­guş­dyr. Ola­ryň ara­syn­da Af­ri­ka dü­ýe­gu­şy iň ulu­sy ha­sap­lan­ýar. Bu üýt­ge­şik jan­da­ryň bo­ýu­nyň uzyn­ly­gy 2,5 met­re, ag­ra­my 150 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Em­ma bu guş­lar uçup bil­me­ýär. Uç­ýan guş­la­ryň ara­syn­da bol­sa iň ulu­sy tok­lu­taý­dyr. Ag­ra­my 22 ki­log­ram bo­lan bu guş o di­ýen uzak ara­ly­ga uçup bil­me­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu­la­ryň ara­syn­da ag­ra­my 11 ki­log­ram bo­lan kon­do­ry we ag­ra­my 8 ki­log­ram bo­lan al­bat­ro­sy (de­ňiz gu­şy) ag­za­mak bolýar. Af­ri­ka dü­ýe­gu­şy dün­ýä­de iň uzyn we iň agyr guş bol­mak bi­len bir ha­tar­da ýyn­dam­ly­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Bu guş «Straus» ady bi­len bel­li bo­lup, grek di­lin­de «ser­çe-dü­ýe» diý­me­gi aň­la­dyp, köp halk­da oňa dü­ýe­guş di­ýil­ýär. Dü­ýe­guş sa­gat­da 50 ki­lo­metr, käbir ha­lat­lar­da 70 ki­lo­metr tiz­lik­de yl­gap bil­ýär. Berk we ýa­sy iki bar­mak­ly bo­lan bu guş­lar yl­gan­la­ryn­da ädim­le­ri­ni 3,5-4 met­re çen­li aç­ýar­lar.

Ýol he­re­ketiniň täsin düz­gün­le­ri

Ýol he­re­ketiniň ka­da­la­ry dün­ýä­niň köp ýe­rin­de meň­zeş bol­sa-da, kä­bir ýurt­da ýol he­re­ketiniň täsin düz­gün­le­ri­ne ga­bat gel­mek bol­ýar. Bu ýurt­lar­da köp­çü­li­gi geň gal­dyr­ýan tä­sin düz­gün­le­ri bil­mez­den aw­tou­lag sü­rüp bol­ma­ýar. Ge­liň, ýol he­re­ketiniň täsin düz­gün­le­ri­niň kä­bi­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Ýa­po­ni­ýa­da hoşamaýlygyň ala­ma­ty hök­mün­de aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­ne suw syç­rat­mak ga­da­gan edil­ýär. Bu ýurt­da sü­rü­ji­ler ygal­ly gün­ler­de py­ýa­da­la­ra pal­çyk ýa-da suw syç­ra­dyp ge­çip git­se, düz­gü­ni bo­zan­dy­gy üçin ka­nu­ny ýag­daý­da jerime salynýar.

Ýat­keş­li­gi ös­dür­me­giň usul­la­ry

Aça­ry­ňy­zy ýat­dan çy­kar­dy­ňyz­my? Sa­tyn al­ma­ly zat­la­ry­ňy­zyň sa­na­wy­ny öý­de gal­dyr­dy­ňyz­my? Haý­sy­dyr bir wa­ka ýa-da bi­ri­niň ady ýa­dy­ňy­za dü­şe­nok­my? Kä­wagt ýy­gy-ýy­gy­dan şeý­le ýag­daý­lar bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýa­rys. Bu ýat­keş­li­giň pe­sel­me­gi bi­len bag­ly bo­lup, bi­ler­men­ler ýat­keş­li­gi ös­dür­me­giň bir­nä­çe usu­ly­ny hö­dür­le­ýär­ler. Ge­liň, bu usul­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Gün­de­lik en­dik­le­re fi­zi­ki iş­jeň­li­gi goş­mak. Fi­zi­ki iş­jeň­lik gan aý­la­ny­şy­ny ka­da­laş­dy­ryp, dart­gyn­ly­ly­gy azald­ýar we be­de­ni kuw­wat­lan­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, fi­zi­ki iş­jeň­lik ýa­dyň güýç­len­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Hep­de­de azyn­dan 150 mi­nut çalt ýö­re­mek hem-de hep­de­de or­ta­ça 75 mi­nut yl­ga­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Tür­gen­leş­mä­ge hiç hi­li wag­ty­ňyz ýok bol­sa, gü­nüň do­wa­myn­da 10 mi­nut­lyk ge­ze­lenç edip bi­ler­si­ňiz.

Dün­ýä­niň iň ga­dy­my hü­när­le­ri

Ga­dy­my dö­wür­ler­de ýa­şap ge­çen adam­lar ýa­şa­mak we go­ran­mak üçin bir­nä­çe hü­när­le­ri ýü­ze çy­ka­ryp­dyr­lar. Aw­çy­lyk­dyr daý­han­çy­lyk­dan baş­lap, jem­gy­ýet­de bir­nä­çe hü­när­ler peý­da bo­lup­dyr. Bu hü­när­ler wag­tyň geç­me­gi bi­len adam­la­ryň zäh­met en­dik­le­ri­ni kä­mil­leş­di­rip, jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­ni eme­le ge­ti­rip­dir. Köp­lenç il­kin­ji hü­när­ler adam­za­dyň mes­gen tu­tan ýe­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­re­ýär. Ge­liň, adam­zat jem­gy­ýe­tin­de il­kin­ji dö­rän hü­när­ler bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Zäh­met gu­ral­la­ry­nyň us­sa­sy. Adam­lar tak­my­nan 2,6 mil­li­on ýyl ozal daş­dan dür­li gu­ral­la­ry ýa­sap baş­lap­dyr­lar. Iň ga­dy­my daş gu­ral­la­ra ot ýak­mak üçin ula­ny­lan çak­mak daş­la­ry­ny, haý­wan­la­ry soý­mak üçin ula­ny­lan ýi­ti daş bö­lek­le­ri­ni my­sal ge­tir­mek bo­lar. Zäh­met gu­ral­la­ry­ny ýa­sa­mak dün­ýä­niň iň ga­dy­my hü­när­le­ri­niň bi­ri­dir.

Dünýä täzelikleri gysga setirlerde

In­di­ki oýun­lar Gyr­gy­zys­tan­da ge­çi­ri­ler. 2026-njy ýyl­da Çar­wa­dar­la­ryň VI Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­ny Gyr­gy­zys­tan ka­bul eder. Bu ba­ra­da ýurduň Me­de­ni­ýet, mag­lu­mat, sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistri Al­tyn­bek Mak­su­tow ha­bar ber­di. Gyr­gy­zys­tan Çar­wa­dar­la­ryň bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­ny ge­çir­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş eden ýurt­dur. Ruz­wel­te ýa­zy­lan hat. Fi­zik alym Al­bert Eýnş­teý­niň Ame­ri­ka­nyň 32-nji Pre­zi­den­ti Frank­lin Ruz­wel­te ýa­zan ha­ty auk­sio­n­da 3,992 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Hat iki nus­ga­da 1939-njy ýy­lyň 2-nji aw­gus­tyn­da ýa­zy­lyp­dyr. Bu hat Ruz­wel­tiň Nýu-Ýork­da­ky Pre­zi­dent ki­tap­ha­na­syn­da we mu­ze­ýin­de sak­lan­ýar.

Maýa goýumlarynyň mukdary artýar

Ow­ga­nys­ta­nyň Mag­dan se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi soň­ky üç ýyl­da 200-den gow­rak ki­çi we iri kom­pa­ni­ýa bi­len mag­dan ga­zyp al­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ra gol çe­ki­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Mi­nistr­li­giň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýur­duň we­la­ýat­la­ryn­dan peý­da­ly mag­dan­la­ry ga­zyp al­mak bo­ýun­ça 30 tö­we­re­gi şert­na­ma bag­la­şy­lyp, gur­şun, sink, de­mir, kö­mür we beý­le­ki mag­dan­la­ry ga­zyp al­ma­ga ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň muk­da­ry 7 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. «Bu şert­na­ma­lar pu­dak­da 150 müň­den gow­rak ada­my iş bi­len üp­jün et­di» di­ýip, «TO­LO­news» web saý­ty ha­bar ber­di. Kä­bir yk­dy­sa­dy bi­ler­men­ler stan­dart­laş­dy­ry­lan içer­ki ga­zy­lyp alyn­ýan peý­da­ly mag­dan­lar Ow­ga­nys­ta­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi üçin peý­da­ly bo­ljak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.

Hyz­mat­daş­lyk jar­na­ma­sy­na gol çek­di­ler

Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri Olaf Şols Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa üç gün­lük sa­pa­ry­nyň il­kin­ji gü­nün­de mig­ra­si­ýa ba­ra­da iki­ta­rap­la­ýyn şert­na­ma gol çek­di. 15-nji sent­ýabr­da Sa­mar­kant­da gol çe­ki­len şert­na­ma, il­kin­ji no­bat­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­lim pu­da­gyn­da­ky hü­när­men­le­riň, ýag­ny hü­när­li iş­gär­le­riň Öz­be­gis­tan­dan Ger­ma­ni­ýa bar­ma­gy­nyň ter­ti­bi­ni aň­sat­laş­dyr­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. Kans­ler Olaf Şols Sa­mar­kant­da gol çe­ki­len şert­na­ma­nyň Ger­ma­ni­ýa­nyň beý­le­ki döw­let­ler bi­len bag­laş­mak is­le­ýän şu­ňa meň­zeş şert­na­ma­la­ry üçin nus­ga bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Syn­çy­la­ryň pi­ki­ri­çe, iki­ta­rap­la­ýyn şert­na­ma­lar koa­li­si­ýa hö­kü­me­ti­niň mig­ra­si­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy bö­le­gi­dir. Mun­dan öň Ger­ma­ni­ýa Gru­zi­ýa, Hin­dis­tan, Ko­lum­bi­ýa we Ma­rok­ko bi­len şu­ňa meň­zeş şert­na­ma­la­ra­ gol çek­di.

Tä­ze dü­zü­mi­ni işe baş­lat­mak­çy

Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen, Ýew­ro­pa ko­mis­sar­ly­gy­na da­laş­gär­le­riň tas­syk­lan­ma­gy­nyň gi­jä ga­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň tä­ze­le­nen ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji or­ga­ny­nyň işe baş­la­ma­gy­nyň se­ne­si­niň 1-nji no­ýabr­da bol­jak­dy­gy­ny öňe sür­di. Bu ba­ra­da «Po­li­tico» ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Ur­su­la fon der Lýa­ýen gen­der de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­mak mak­sa­dy bi­len kä­bir ýurt­la­ryň ýew­ro­ko­mis­sar­ly­ga da­laş­gär­le­ri­ni üýt­get­me­gi­ni ha­ýyş et­di. Şo­nuň üçin ola­ryň soň­ky sa­na­wy en­tek taý­ýar däl.

BRICS-iň sam­mi­ti ge­çi­ri­ler

Okt­ýabr aýy­nyň ahy­ryn­da Ka­zan­da gu­ral­jak BRICS-iň sam­mi­ti­ne 20 mü­ňe go­laý ada­myň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu ba­ra­da Ka­za­nyň şä­her hä­kim­li­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. «BRICS sam­mi­ti­ne da­şa­ry ýurt­lar­dan ça­gy­ry­lan 36 li­de­riň 18-si sam­mi­te gat­naş­mak­çy­dy­gy­ny tas­syk­la­dy» diý­lip, be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, döw­let Baş­tu­tan­la­ry bi­len gel­jek we­ki­li­ýet­ler­den baş­ga-da žur­na­list­le­riň, teh­ni­ki iş­gär­le­riň, hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­niň we meý­le­tin­çi­le­riň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Ge­çen aý 1 mil­li­on elekt­rou­lag sat­dy

Aw­gust aýy­nyň ahy­ryn­da Hy­taý dün­ýä­de bir aý­da 1 mil­li­on­dan gow­rak elekt­rou­lag sa­tan il­kin­ji ýurt bol­dy. Hy­ta­ýyň ýe­ňil aw­tou­lag bir­le­şi­gi­niň (CPCA) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ge­çen ýy­lyň aw­gust aýy bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, bu ösüş 33 gö­te­rim bol­dy. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da elekt­rou­lag sa­tu­wy 4 gö­te­rim azal­dy. Pe­se ga­çy­şly­gyň se­bä­bi Ger­ma­ni­ýa­da sub­si­di­ýa­la­ryň ýa­ty­ryl­ma­gy we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň hy­taý elekt­rou­lag­la­ry üçin söw­da çäk­len­dir­me­le­ri bol­dy. «Şol bir wag­tyň özün­de elekt­rou­lag­la­ra bo­lan glo­bal is­leg art­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär» di­ýip, «Rho Mo­ti­on» bar­lag kom­pa­ni­ýa­sy ha­bar ber­ýär. 2024-nji ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri dün­ýä­de 9,8 mil­li­on elekt­rou­lag sa­tyl­dy, aw­gust aýyn­da ýyl­lyk ösüş 20 gö­te­ri­me deň bol­dy. Elekt­rou­lag­la­ry we gib­rid­le­ri öz içi­ne al­ýan ulag se­riş­de­le­ri­niň pa­ýy Hy­taý­da ýo­lag­çy aw­tou­lag­la­ry­nyň umu­my sa­tu­wy­nyň re­kord derejede 53,5 gö­te­ri­mi­ne ýet­di.

«Ça­ne-6» Lag­ranž no­ka­dy­na ýet­di

Il­kin­ji ge­zek Aýyň ar­ka ta­ra­pyn­dan Ýe­re nus­ga­la­ry ug­ra­dan Hy­ta­ýyň «Ça­ne-6» mis­si­ýa­sy­nyň or­bi­tal en­ja­my Gün-Ýer ul­ga­my­nyň ikin­ji Lag­ranž no­ka­dy­na (L2) ýet­di. Nus­ga­la­ry Ýe­re ibe­ren­den soň, or­bi­tal en­jam pla­ne­ta­my­zyň at­mos­fe­ra­sy­na gaý­ta­dan gir­mez­lik üçin he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­ni iş­let­di we tä­ze tra­ýek­to­ri­ýa ar­ka­ly uçu­şy­ny do­wam et­dir­di. «Space News» ne­şi­ri­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu uçuş Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň gel­jek­ki kos­mos mis­si­ýa­la­ry­ny taý­ýar­la­mak­da, my­sal üçin, 2028-nji ýyl­da ek­zop­la­ne­ta­la­ry göz­le­mek üçin me­ýil­leş­di­ril­ýän «Ýer 2.0» ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy­ny işe gi­riz­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup bi­ler. «Lag­ranž L2» no­ka­dy Ýer­den iň az päs­gel­çi­lik bi­len kos­mos çuň­lu­gy­na yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän dur­nuk­ly gö­zeg­çi­lik şert­le­ri­ni üp­jün ed­ýär. Jeýms Web­biň ady­ny gö­ter­ýän te­les­ko­p hem şol se­bit­de ula­nyl­ýar.

100 ýyl­dan soň sa­tyl­dy

Da­ni­ýa­ly işe­wür Lars Emil Bruu­nyň go­ýup gi­den mi­ra­sy 100 ýyl­dan soň­ra sa­tyl­dy. Işe­wür 1923-nji ýyl­da ara­dan çyk­maz­dan ozal, öm­rü­niň do­wa­myn­da ýyg­nan, ba­ha­sy 1 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bo­lan mi­ra­sy­nyň 100 ýyl­dan soň­ra sa­tyl­ma­gy­ny wes­ýet edip­dir. Şeý­le­lik­de, onuň ag­tyk-çow­luk­la­ry kol­lek­si­ýa­nyň bi­rin­ji bö­le­gi­ni sa­tu­wa çy­kar­dy. Şa­ýy­lyk pul­lar­dan, bank­not­lar­dan we al­tyn me­dal­lar­dan yba­rat bo­lan kol­lek­si­ýa 16,5 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Bruun kol­lek­si­ýa­sy­nyň Da­ni­ýa­nyň mil­li kol­lek­si­ýa­syn­da gaz­na hök­mün­de sak­lan­ma­gy­ny we 100 ýy­la çen­li sa­tyl­ma­gy­nyň çäk­len­di­ril­me­gi­ni, on­dan soň­ra ag­tyk-çow­luk­la­ry­na bäh­bit­li bo­lan ýag­da­ýyn­da, sa­tyl­ma­gy­ny wes­ýet edip­dir. Onuň kol­lek­si­ýa­syn­da jemi 20 müň sany gym­mat­ly zat bar. «Stack’s Bo­wers’a» auk­si­on öýi ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen ta­ry­hy gym­ma­ty bo­lan zat­lar 14,82 mil­li­on ýew­ro sa­tyl­dy.

Bu­keriň gys­ga sa­na­wy

2024-nji ýy­lyň Bu­ker baý­ra­gy­nyň gys­ga sa­na­wy mälim edil­di. Gys­ga sa­naw­da al­ty ýa­zy­jy bar: Reý­çel Kuş­ner «Ýa­ra­dy­lyş kö­li», Ýa­el wan der Wu­den «Sak­çy», Sa­man­ta Har­wi «Me­kan», Enn Maýkls «Held», Şar­lot­te Wud «Daş how­lu­da­ky di­leg» we Per­si­wal Ewe­rett (Jeýms). Gys­ga sa­na­wa gi­ren her bir ýa­zy­jy 2 müň 500 funt ster­ling, ýe­ňi­ji bol­sa 50 müň funt ster­ling alar. Dün­ýä­niň is­len­dik ýur­du­nyň aw­tor­la­ry ta­ra­pyn­dan iň­lis di­lin­de ýa­zy­lan we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ýa-da Ir­lan­di­ýa­da ne­şir edi­len çe­per eser ab­raý­ly baý­ra­ga da­laş edip bil­ýär. 2024-nji ýy­lyň Bu­ker baý­ra­gy­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy 12-nji no­ýabr­da ge­çi­ri­ler.

Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne 9 da­laş­gär

Ýa­po­ni­ýa­nyň hä­zir­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da­nyň ýe­ri­ne Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň (LDP) tä­ze baş­ly­gy­ny saý­la­mak bo­ýun­ça kam­pa­ni­ýa­lar res­mi taý­dan baş­lan­dy. 1972-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek mas­la­hat be­riş ul­ga­my or­naş­dy­ry­lan­dan soň, 9 da­laş­gär, şol san­da, iki ze­nan bu we­zi­pä da­laş ed­ýär. Da­laş­gär­le­riň sa­ny­nyň kö­pel­me­gi par­ti­ýa frak­si­ýa­la­ry­nyň ýa­ty­ryl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Saý­law­lar­dan öň­ki çe­kiş­me­le­riň esa­sy mow­zu­gy sy­ýa­sy öz­gert­me­ler we par­ti­ýa­nyň tä­ze­len­me­gi bol­dy. Tä­ze do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa­nyň li­der­li­gi­ne saý­law­lar 27-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­ler we ýe­ňi­ji­niň Ýa­po­ni­ýa­nyň tä­ze Prem­ýer-mi­nist­ri bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

100 ýaşdan geçenleriň sany artýar

Ýa­po­ni­ýa­da 100 ýa­şyn­dan ge­çen adam­la­ryň sa­ny 95 müň­den ge­çip, re­kord de­re­jä ýet­di. Bir asyr­dan köp ýa­şan­la­ryň 90 gö­te­ri­me go­la­ýy ze­nan­lar. Ýa­po­ni­ýa­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýurt­da 83 müň 958 ze­nan, 11 müň 161 er­kek – je­mi 95 müň 119 adam ýüz ýa-da on­dan hem köp ýa­şap­dyr. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýyl­da­ky­dan 2 müň 980 adam köp­dür. Go­laý­da bol­sa, ýurt­da­ky 65 ýaş­dan ýo­ka­ry ila­tyň sa­ny­nyň 36 mil­li­on 25 müň adam bo­lup, re­kord de­re­jä ýe­ten­di­gi mä­lim edi­lip­di. Bu gör­ke­zi­ji ýur­duň ila­ty­nyň 29,3 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Ýur­duň ila­ty soň­ky bir ýyl­da 595 müň adam aza­lyp, 124 mil­lio­na dü­şüp­dir. Ba­har AÝ­DOG­DY­ÝE­WA,