"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Mek­si­ka­nyň il­kin­ji ze­nan Pre­zi­den­ti

2-nji iýun­da Mek­si­ka­nyň do­lan­dy­ry­jy «Mil­li gal­ky­nyş he­re­ke­ti» (MO­RE­NA) par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Klau­di­ýa Şeýn­ba­um Mek­si­ka­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da 57 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri ýur­duň Mil­li saý­law ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan ha­bar be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da MO­RE­NA par­ti­ýa­sy­na Mek­si­ka­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti And­r­es Ma­nu­el Lo­pes Ob­ra­dor ta­ra­pyn­dan ýol­baş­çy­lyk edil­ýär. Şeýn­bau­myň esa­sy bäs­de­şi, «Mek­si­ka üçin güýç we ýü­rek» bi­le­le­şi­gi­niň da­laş­gä­ri Şo­çitl Gal­wes ba­ry-ýo­gy 30 gö­te­rim­den gow­rak ses al­dy, onuň yz ýa­nyn­dan bol­sa, 8 gö­te­rim ses bi­len «Jem­gy­ýet­çi­lik he­re­ke­ti» par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Hor­he Al­wa­res Maý­nes gel­ýär. Ýurt­da ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň res­mi ne­ti­je­le­ri ses­ler do­ly sa­na­lan­dan soň 8-nji iýu­na çen­li mä­lim edi­ler.

Sid­neý­de yşyk şü­we­le­ňi ge­çi­ril­ýär

Awst­ra­li­ýa­nyň iri şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Sid­neý­de «Vivid Syd­ney» (Par­lak Sid­neý) at­ly yşyk, aý­dym-saz we ide­ýa­lar şü­we­le­ňi ge­çi­ril­ýär. Bu çä­re her ýy­lyň maý aýy­nyň ahy­ryn­da gur­al­ýar di­ýip, Sid­ne­ýiň «The Syd­ney Mor­ning He­rald» ga­ze­ti ha­bar ber­ýär. Bu şü­we­leň şä­he­ri yşyk bi­len çe­ki­len şe­kil­le­riň ken­di­ri­ne öwür­ýän dö­re­di­ji­li­giň we in­no­wa­si­ýa­la­ryň baý­ra­my diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bi­na­la­ra, köp­rü­le­re we suw gi­ňiş­lik­le­ri­ne gö­nük­di­ril­ýän ani­ma­si­ýa yşyk­la­ry, esa­san, gül­le­riň, haý­wan­la­ryň, er­te­ki­ler­dä­ki gah­ry­man­la­ryň tä­sin şe­kil­le­ri­ni we ada­ty adam­la­ryň dur­mu­şyn­dan pur­sat­la­ry eme­le ge­tir­ýär. Ar­tist­ler, göz­bag­çy­lar we kö­çe na­ha­ry­nyň aş­pez­le­ri açyk meý­dan­lar­da hem-de ýö­ri­te sah­na­lar­da çy­kyş ed­ýär­ler.

Hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mekçi

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri we Hy­taý BRICS to­pa­ry­nyň çä­gin­de hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­çi. Bu ba­ra­da BAE-niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň Pe­ki­ne eden sa­pa­ryn­da ka­bul edi­len iki ýur­duň bi­le­lik­dä­ki be­ýa­natyn­da bel­le­nil­ýär. «Iki ta­rap hem bir­le­şi­giň ag­za­la­ry­nyň göz­le­ýän mak­sat­la­ry­na we is­leg­le­ri­ne ýet­mek üçin BRICS to­pa­ry­nyň için­de hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek is­le­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy» diý­lip, res­mi­na­ma­da bel­le­nil­ýär. Bu ba­ra­da emir­li­giň ha­bar­lar gul­lu­gy WAM mä­lim et­di.

Aýdan toprak getirer

«Hy­ta­ýyň «Chang’e-6» kos­mi­ki gä­mi­si ýa­ny bi­len top­ra­gyň gym­mat­ly nus­ga­la­ry­ny alyp, Aýyň ar­ka ýü­zün­den üs­tün­lik­li uçup gaýt­dy» di­ýip, Hy­ta­ýyň Mil­li kos­mos gul­lu­gy ha­bar ber­di. Mo­du­lyň esa­sy we­zi­pe­si ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek iki gü­nüň için­de Aýyň ar­ka ta­ra­pyn­dan top­rak nus­ga­la­ry­ny ýyg­na­mak we Ýe­re do­lan­mak­dyr. 2-nji iýun­da «Chang’e-6» Aýyň ar­ka ta­ra­pyn­da bel­le­nen se­bi­te go­nup, Aýyň ga­raň­ky ta­ra­pyn­da­ky mis­si­ýa­sy­na baş­la­dy. Wen­çan hem­ra uçu­ryş mer­ke­zin­den uçu­ry­lan «Chang’e-6» Aýyň ozal öw­ren­mä­ge el­ýe­ter bol­ma­dyk ta­ra­pyn­dan nus­ga­la­ry ýyg­nan il­kin­ji zond bol­dy. Ap­pa­rat 2 ki­log­ram tö­we­re­gi Aý re­go­li­ti­ni ýyg­nan­dan soň, Aýyň üs­tün­den gö­te­ri­lip or­bi­ta çyk­dy.

«Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy öň­de bar­ýar

29-njy maý­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da do­lan­dy­ry­jy «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy, saý­law­çy­la­ryň 40 gö­te­rim­den gow­rak se­si­ne eýe bol­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň ga­raş­syz saý­law to­pa­ry ha­bar ber­di. Ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, «Af­ri­ka mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy 6 mil­li­on 344 müň 57 ses bi­len öň­de­li­gi eýe­le­di. 2019-njy ýyl­da­ky saý­law­lar­da «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy 57,5 gö­te­rim se­se eýe bo­lup­dy. Bu sy­ýa­sy çä­re­de li­be­ral de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi 21,7 gö­te­rim se­se, öň­ki pre­zi­dent Jeý­kob Zu­ma­nyň çep­çi po­pu­listik par­ti­ýa­sy 14,8 gö­te­rim se­se eýe bol­dy. Şeý­le hem 1994-nji ýyl­dan bä­ri ýur­dy do­lan­dyr­ýan «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­synyň il­kin­ji ge­zek ses­le­riň 50 gö­te­rim­den gow­ra­gy­ny alyp bil­män­di­gi we hä­ki­mi­ýet­de gal­mak üçin bi­le­le­şik dö­ret­mä­ge mej­bur bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Eý­ýäm, «De­mok­ra­tik bi­le­le­şik», do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa bi­len koa­li­si­ýa dö­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di.

Eý­ran­da da­laş­gär­ler ha­sa­ba alyn­dy

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da 30-njy maý­dan 3-nji iýun ara­ly­gyn­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­ýan da­laş­gär­ler ha­sa­ba alyn­dy. 5 gün­de je­mi 80 da­laş­gär ha­sa­ba alyn­dy. Ola­ryň ara­syn­da Mer­ke­zi ban­kyň öň­ki baş­ly­gy Abdul Nas­ser Hem­ma­ti, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Li­de­ri­niň ýo­ka­ry mil­li howp­suz­lyk ge­ňe­şin­dä­ki we­ki­li Sa­id Ja­li­li, Ys­lam Re­wol­ýu­si­ýa­synyň go­rag kor­pu­sy­nyň öň­ki ser­ker­de­si, ge­ne­ral Wa­hid Haga­niý­an, Täh­ran şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ali­re­za Za­ka­ni, Eý­ra­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Mus­ta­fa Ka­wak­bi­ýan we mej­li­si­ň ag­za­la­ry Mo­ham­med Sa­ba­giý­an we Ab­bas Mog­ta­dai bar. Şeý­le-de ýur­duň wi­se-pre­zi­dent­le­ri, Eý­ra­nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Mah­mud Ah­me­di­ne­žad, hä­zir­ki hö­kü­me­tiň üç mi­nist­ri we 13 sa­ny öň­ki mi­nistr, par­la­men­tiň 38 ag­za­sy, mej­li­siň öň­ki baş­ly­gy Ali La­ri­ja­ni we Mo­ham­med Ba­ger Ga­li­baf da­laş­gär­li­gi­ni hö­dür­le­di­ler. Bulardan başga-da dört zenan dalaşgär Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin hasaba alyndy. 4-nji iýun­dan baş­lap Kons­ti­tu­si­ýa­nyň go­rag­çy­lar ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan bir hep­dä­niň için­de da­laş­gär­le­riň Pre­zi­dent­li­ge my­na­syp­dy­gy ýa-da däl­di­gi kes­git­le­ner. Da­laş­gär­le­riň gu­tar­nyk­ly sa­na­wy 11-nji iýun­da mä­lim edi­ler. Saý­law­lar­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa ü

Mag­tym­gu­ly we san­lar

Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý şa­hy­ra­na dö­re­di­ji­li­gin­de gur­lu­şy, aň­lad­ýan ma­ny­la­ry we gram­ma­tik dü­züm­le­ri babatda bi­ri-bi­rin­den düýp­li ta­pa­wut­lan­ýan ta­ry­hy, ede­bi hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gym­mat­lyk­la­ryn­da iş­jeň ula­nyl­ýan, dur­muş ha­dy­sa­la­ry­nyň hä­si­ýet­len­di­ri­li­şin­de peý­da­la­nyl­ýan söz to­par­la­ry­nyň san­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly göw­her­le­ri­niň on­lar­ça gör­nüş­le­ri duş gel­ýär. Dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň poe­zi­ýa žan­ry ar­ka­ly me­de­ni, yl­my, ah­lak, wa­tan­çy­lyk, gö­zel­lik, te­bi­gat, folk­lor bi­len bag­ly gym­mat­lyk­lar, mu­kad­des­lik­ler bi­len kä­mil­leş­me­gi­ne uly go­şant go­şan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­rin­de duş gel­ýän san­la­ryň te­bi­ga­ty bi­len bag­ly ma­te­ma­ti­ki adal­ga­la­ry, arif­me­ti­ki we yk­dy­sa­dy­ýet bi­len bag­ly çe­per be­ýan­la­ry­ny dil bi­li­mi­niň mor­fo­lo­gik, se­man­tik ugur­la­ry bo­ýun­ça muk­dar, ter­tip, ýö­ne­keý, bö­lün­me­ýän, syr­ly, bü­tin, na­tu­ral, täk, sa­da, goş­ma, tir­keş, ga­lyn­dy­syz, jü­büt, çen-tak­myn, gar­şy­daş, bö­lek, äh­ti­mal­ly­ga go­laý, gar­şy­lyk­ly, dur­nuk­ly, alyn­ma ... ýa­ly uzyn­lyk, göw­rüm, wagt, agyr­lyk, meý­dan möç­ber­le­ri­ni umu­my, ta­kyk gör­nüş­ler­de aň­lad­ýan to­par­la­ra, ul­gam­la­ra, nus­ga­la­ra, my­sal­la­ra we lek­sik bir­lik­le­re böl­mek bol­ýar. San­la­ryň ede­bi dil­dä­ki

Dünýä täzelikleri

«Bent­ley»-iň tä­ze baş­ly­gy. 1-nji iýul­dan baş­lap Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy «Bent­ley»-e Frank-Ştef­fen Wal­li­zer ýol­baş­çy­lyk eder. «Bent­ley»-iň ozal­ky baş­ly­gy Ed­ri­an Holl­mark şu ýy­lyň mart aýyn­da «As­ton Mar­tin»-iň baş di­rek­to­ry we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin kom­pa­ni­ýa­dan git­di. Ýan­gyç gu­ýu­jy ro­bot. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň paý­tag­ty Abu-Da­bi­dä­ki ýan­gyç be­ket­le­riň bi­rin­de ýan­gyç guý­ýan ro­bot peý­da bol­dy. Eme­li aň­ly en­ja­my ýer­li in­že­ner­le­r oý­lap tap­dy. Bu teh­no­lo­gi­ýa ýan­gyç guý­mak iş­le­ri­ni tiz­leş­di­rip, sürüjileriň wagtyny tygşytlamagyna ýardam be­rer.

Tebi­gatyň goragynda

Eziz Di­ýa­ry­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­mak ug­run­da ýe­ti­len sep­git­ler, bi­ti­ri­len iş­ler örän ulu­dyr. Te­bi­ga­ty­my­zyň aja­ýyp­lyk­la­ry­ny ýan­gyn how­pun­dan go­rap sak­la­mak ba­ra­da uly ala­da­lar edil­ýär. Ýur­du­my­zyň to­kaý se­ýil­gäh­le­rin­de, dag­lar­da, öri säh­ra meý­dan­la­ryn­da ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň düz­gün­le­ri­ni üp­jün et­mek hem şu gün­ki gün esa­sy we­zi­pe bo­lup, şol we­zi­pe­ler­den ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy to­kaý­lar­da, se­ýil­gäh­ler­de, dag­lar­da, öri säh­ra meý­dan­la­ryn­da ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek bo­ýun­ça öz mas­la­hat­la­ry bi­len ýüz­le­nip, esa­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li gaý­ra­go­ýul­ma­syz çä­re­ler ba­ra­da şu­la­ry mas­la­hat ber­ýär: To­kaý­lar­da, se­ýil­gäh­ler­de, dag­lar­da, öri säh­ra meý­dan­la­ryn­da zäh­met çek­ýän iş­gär­le­riň ara­syn­da jo­gap­kär ýol­baş­çy­lar ta­ra­pyn­dan ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň gaý­ra­go­ýul­ma­syz çä­re­le­ri ba­ra­da gö­zük­di­riş gür­rüň­deş­lik­le­ri ge­çi­ri­lip, ber­ki­di­len çäk­ler­de ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý edi­ji di­war­lyk­lar, il­kin­ji ýan­gyn sön­dü­ri­ji en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len ýan­gyn ger­mew­le­ri otur­dyl­ma­ly. Ösüp du­ran bag­la­ryň ara­syn­da­ky gu­ran ha­şal ot­la­ry aras­sa­lap, ha­tar hem zo­lak ara­la­ryn­da sü­rüm iş

Türk­men spor­tu­na şöh­rat

Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy bo­lan eziz Di­ýa­ry­myz­da yn­san sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­tyn­da esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Sport we be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­mak yn­san sag­ly­gy üçin äh­mi­ýet­li­dir. Bu ba­bat­da ýur­du­myz­da giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän mil­li sport ul­ga­my dö­re­dil­ýär. GDA-nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­niň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­len çöz­gü­diň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny ýe­ne-de bir ge­zek be­len­de gal­dyr­dy.

Ekin­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň şert­le­ri

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Çün­ki pu­dak mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň örän mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu pu­dak­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­gi ýo­la goý­mak we eks­por­ta iber­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Top­ra­gyň iň esa­sy hä­si­ýe­ti onuň ha­syl­ly­ly­gy­dyr. Ha­syl­ly­lyk diý­mek ösüm­lik­le­riň su­wa, iý­mit ele­ment­le­ri­ne bo­lan ta­la­by­ny ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga we ha­syl dö­ret­mä­ge top­ra­gyň ukyp­ly­ly­gy diý­mek­dir. Tarp ýer­ler te­bi­gy fak­tor­la­ryň hem-de top­rak eme­le ge­liş pro­ses­le­ri­niň dö­re­den te­bi­gy ha­syl­ly­ly­gy­na eýe­dir. Tä­ze ýer­le­riň oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ne çe­ki­len pur­sa­dyn­dan beý­läk top­rak özü­niň te­bi­gy ha­syl­ly­ly­gy bi­len bir­lik­de eme­li ha­syl­ly­ly­ga-da eýe bo­lar.

Täzelenmesi kyn rekordyň eýesi boldy

Rus­si­ýa­nyň «Ros­kos­mos» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň kos­mo­nawt­la­ry­nyň ser­ker­de­si Oleg Ko­no­nen­ko­nyň kos­mos gi­ňiş­li­gin­de bo­lan wag­ty 1000 gün­den ge­ç­di. Şeý­le­lik­de, ol kos­mos gi­ňiş­li­gin­de iň köp wagt ge­çi­ren hem-de kosmosda 1000 gün­den köp bo­lan adam hök­mün­de tä­ze­len­me­si kyn re­kor­da eýe bol­dy. Kos­mo­nawt­la­ryň ser­ker­de­si ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bä­şin­ji uçu­şy­ny ama­la aşy­ryp­dy. 4-nji few­ral­da ol rus ko­mo­naw­ty Gen­na­diý Pa­dal­ka de­giş­li bo­lan 878 gün­lük re­kor­dy tä­ze­le­di. Kos­mo­nawt mis­si­ýa­sy­ny ta­mam­lan wag­ty onuň kos­mo­da bo­lan wag­ty je­mi 1110 gü­ne ýe­ter. 1964-nji ýy­lyň 21-nji iýu­nyn­da Türk­me­na­bat şä­he­rin­de dün­ýä inen Oleg Ko­no­nen­ko 2008-nji ýy­lyň ap­re­lin­de il­kin­ji kos­mos sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň Gah­ry­ma­ny ady­na eýe bo­lan Ko­no­nen­ko­nyň hä­zir­ki kos­mos mis­si­ýa­sy 23-nji sent­ýabr­da ta­mam­la­nyp, bir ýyl­dan gow­rak do­wam eder.

Geljegi nazarlaýan «ýaşyl» ykdysadyýet

Daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa şert­le­ri üp­jün et­mek hem-de Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­syn­da we Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler giň ge­ri­me eýe­dir. Hä­zir dur­nuk­ly ösüş üç ugur – yk­dy­sa­dy, dur­muş we eko­lo­gi­ýa ugur­la­rynda mö­hüm çöz­güt­le­ri ta­lap ed­ýär. Bu­lar «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet, «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa, «ýa­şyl» se­na­gat, «ýa­şyl» ener­ge­ti­ka di­ýen adal­ga-dü­şün­je­ler bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­lydyr. 2023-nji ýyl­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä ho­wa sam­mi­ti äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bi­len bag­ly wa­jyp we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de dün­ýä­niň döw­let­le­ri­ni hem-de gu­ra­ma­la­ry­ny bir ýe­re jem­län iri sam­mit­le­riň bi­ri bol­dy. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 28-nji mas­la­ha­ty­na (СOP28) gat­naş­mak üçin ge­çen ýy­lyň 1-2-nji de­kab­ryn­da Du­baý şä­he­ri­ne ama­la aşy­ran iş sa­pa­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­sy­na go­şul­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek bi­len ýur­du­my­zyň «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­myn­da dur­nuk­ly ösüş ga­zan­mak ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry

Aşgabadyň ajaýyp künjegi

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalara şatlyk paýlaýar Bil­şi­miz ýa­ly, ça­ga­la­ryň ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra bes­le­nen to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi baş­lan­dy. Ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen dynç alyş me­ýil­na­ma­la­ryn­da paý­tag­ty­my­zyň, we­la­ýat­la­ryň aja­ýyp kün­jek­le­ri­ne, ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re, mu­zeý­le­re, se­ýil­gäh­le­re ge­ze­lenç­le­riň gu­ral­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän döw­re­bap ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, sport, sa­gal­dyş, me­de­ni dynç alyş mer­kez­le­ri­niň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar. Şeý­le ýer­le­riň bi­ri hem paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­leş­ýän «Er­te­ki­ler dün­ýä­si» me­de­ni dynç alyş mer­ke­zi­dir. Bu ýer­de ýaş nes­liň wag­ty­ny gy­zyk­ly we peý­da­ly ge­çir­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­di­len­dir. Mer­ke­ziň hü­när­men­le­ri ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç al­şy­ny gu­ra­ma­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­dü­ler. Olar ýö­ri­te me­de­ni-dynç alyş mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar esa­syn­da me­de­ni dynç alyş mer­ke­zin­de her ýyl to­mus möw­sü­min­de dür­li ýaş­ly ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen köp san­ly çä­re­ler gu­ral­ýar.

Bi­rin­ji or­na geç­di

Hy­ta­ýyň BYD kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de «Tes­la»-dan öňe ge­çip, dün­ýä­niň iň köp elekt­rou­lag sa­tan bren­di bo­lup­dy. Bi­ler­men­ler bäs­deş­le­ri­niň elekt­rou­lag sa­tu­wyn­da önüm­çi­li­gi baş­lan wag­tyn­dan bä­ri dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­läp gel­ýän «Tes­la»-dan oz­mak­la­ry­nyň esa­sy se­bä­bi­niň ula­gyň ba­ha­sy bi­len bag­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. BYD we beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar has ar­zan elekt­rou­lag ön­dür­ýär. Hy­taý bren­di­niň esa­sy ar­tyk­maç­ly­gy di­ňe elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän däl-de, gib­rid ulag­la­ry ön­dür­me­gi­dir. Is­len­dik ýer­de zar­ýad be­ket­le­ri­niň bol­maz­ly­gy do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ra is­le­gi azald­ýar. Aý­bö­lek YM­MA­DO­WA,

Il­kin­ji gä­mi­si­ni uçur­dy

«Boeing» uçar­gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­läp taý­ýar­lan «Star­li­ner» at­ly kos­mos gä­mi­si il­kin­ji uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Şeý­le­lik­de, Su­ni­ta Wil­ýams hem-de Bar­ri Wil­mor il­kin­ji bo­lup, bu gä­mi­de kos­mo­sa sy­ýa­hat et­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň iş­läp taý­ýar­lan kos­mos gä­mi­si çar­şen­be gü­ni Flo­ri­da şta­tyn­da­ky Keýp Ka­na­we­ral kos­mod­ro­myn­dan uçu­ryl­dy. «Uni­ted La­unch Al­li­ance» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ön­dü­ren «At­las V» gö­te­ri­ji ra­ke­ta­sy bi­len uçu­ry­lan gä­mi 15 mi­nut­dan soň­ra or­bi­ta çy­ka­ryl­dy. 25 sa­gat­dan soň­ra gä­mi­niň Hal­ka­ra kos­mos gä­mi­si­ne bi­ri­gen­di­gi mä­lim edil­di. Ast­ro­nawt­lar Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de bir hep­de bo­lan­la­ryn­dan soň­ra yzy­na ge­ler. Gül­şat AL­MA­ZO­WA,

Suwasty internet geçirijisi gurlar

«Go­og­le» kom­pa­ni­ýa­sy Af­ri­ka bi­len Awst­ra­li­ýa­nyň ara­ly­gyn­da il­kin­ji su­was­ty op­ti­ki sü­ýüm­li ge­çi­ri­ji­ni gu­rar. In­ter­net ge­çi­ri­ji­si­niň bir şa­ha­sy bol­sa gu­ry ýer­den ge­çer. Ge­çi­ri­ji­niň gu­ry ýer bö­le­gi Ke­ni­ýa­dan baş­lap, Kon­go De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy, Ru­an­da, Ugan­da, Zam­bi­ýa we Zim­bab­we ýa­ly döw­let­le­riň çä­gin­den ge­çip, Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­na ba­ryp ýe­ter. Teh­no­lo­gi­ýa ägir­di in­ter­net ge­çi­ri­ji­si­niň bu bö­le­gi «Umo­ja» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Tas­la­ma­nyň bu şa­ha­sy­nyň gur­lup gu­ta­ry­lan­dy­gy mä­lim edil­di. «Umo­ja» tas­la­ma­sy Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň öz ara­syn­da hem-de dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry bi­len has yg­ty­bar­ly ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Su­was­ty ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry müş­de­ri­le­ri­ne has ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net hyz­ma­ty­ny hö­dür­läp bil­ýär­ler.

Täze banknotlar dolanyşyga girizildi

Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gyň Pa­ty­şa­sy Karl III şe­ki­li ýer­leş­di­ri­len bank­not­lar do­la­ny­şy­ga goý­be­ril­di. Ang­li­ýa­nyň Mer­ke­zi ban­ky 5, 10, 20 we 50 funt ster­ling gym­ma­ty bo­lan pul­la­ryň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zi­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Şeý­le-de bol­sa, ýur­duň ozal­ky hö­küm­da­ry Ýe­li­za­we­ta II su­ra­ty ýer­leş­di­ri­len pul­la­ry­ň ula­ny­ly­şy do­wam et­di­ri­ler. Tä­ze bank­not­lar di­ňe ze­per ýe­ten bank­not­la­ryň öwe­zi­ni dol­mak we bu ugur­da ýü­ze çy­kan ze­rur­ly­gy ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len çap edi­ler. Şeý­le­lik­de, tä­ze bank­not­la­ryň örän seý­rek bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýü­zün­de Karl III şe­ki­li bo­lan bank­not­lar ge­çen ýyl çap edi­lip­di. Pu­luň ýü­zün­de Pa­ty­şa­nyň 2013-nji ýyl­da şa­za­da wag­ty düşürilen su­ra­ty ýer­leş­di­ri­lip­dir. Tir­keş JU­MA­DUR­DY­ÝEW,

«Ýaşyl» geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk

5-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Fo­ru­ma pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ne­bit­gaz ugur­ly işe­wür dü­züm­le­ri­niň, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, bu ul­gam­da iş­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ler­men­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar. Şu ge­zek­ki mas­la­hat bu ul­gam­da iş­le­ýän dür­li mil­li hem-de da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­di. Olar hal­ka­ra, se­bit we ýurt de­re­je­sin­dä­ki ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň gel­je­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly stra­te­gi­ýa­ny iş­läp düz­mek me­se­le­si bo­ýun­ça çy­kyş et­di­ler. Şeý­le hem dün­ýä­niň ne­bit ba­za­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, bu ugur­da­ky mar­ke­ting stra­te­gi­ýa­la­ry ba­ra­da­ky sel­jer­me-syn mag­lu­mat­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar, top­lan tej­ri­be­le­ri­ni, tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry paý­laş

Ylym – ýurduň ykdysady kuwwatynyň görkezijisi

12-nji iýun – Ylym­lar gü­ni Her ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­ni yl­my bar­lag­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni we ola­ryň ýur­duň ösü­şi­ne goş­ýan go­şan­dy­ny gör­kez­ýän se­ne hök­mün­de äh­mi­ýe­t­lidir. 2008-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len dö­re­di­len bu se­ne ylym ul­ga­my­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga, ze­hin­li alym­la­ryň işi­ni hö­wes­len­dir­mä­ge we yl­my-teh­no­lo­gik ösü­şi iler­let­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.