"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Pyragynyň mirasy — milli medeni gymmatlyk

Mälim bolşy ýaly, 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Munuň özi halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. IV bapdan 18 maddadan ybarat bolan bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanmak bilen, Gündogaryň beýik akyldar şahyry, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Onuň «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet syýasaty» diýlip atlandyrylan 1-nji maddasynda bellenilişine görä, agzalan Kanun esasynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýär. Şeýle hem beýik söz ussadynyň agzybirlik, jebislik, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, döwletlilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, watansöýüjilik, merdanalyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, maşgala gymmatlyklary barada garaýyşlary, öwüt-ündewleri türkmen halky, esasan-da, ýaş nesiller üçin ýörelgedigi kanun esasynda berkidilýär.

Ylymlar dünýäsine bagyşlandy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Şol mynasybetli 10-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň baş binasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda sergi geçirildi. «Ylym özgertmeler ýolunda möhüm ugurdyr» atly bu sergi ýaş nesliň döwrebap düşünjeli we giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksada okgunly bolup kemala gelmegi ugrunda amala aşyrylýan beýik işleriň beýany boldy. Sergi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümde Türkmenistanyň taryhy bilen bagly gazuw-agtaryş işleriniň iş pursatlaryndan dokumental foto suratlar we ýurdumyzyň çäginde tapylan arheologik gymmatlyklar görkezilýär. Olaryň arasynda keramiki we metal gaplar, bina bölekleri, diwar bezegleri özboluşlylygy, täsinligi, ýerine ýetiriliş taýdan çeperligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Serginiň ikinji bölüminde tebigy ylymlary bilen baglanyşykly dokumental suratlar hem-de dürli muzeý gymmatlyklar görkezilýär. Şeýle-de ýurdumyzda türkmen ylmynyň ösmegine uly goşant goşan belli alymlaryň portretleri, ylmy we ylmy-populýar kitaplar ýerleşdirilipdir. Bu sergi on gün dowam eder.

Zenan hususyýetçiler ― işewürlik maksatnamasynyň uçurymlary

Welaýatymyzyň telekeçi zenanlary Zenan telekeçiligi akademiýasynyň (AWE) maksatnamasynyň Aşgabat şäherinde geçirilen çäresine gatnaşdylar. Onuň dowamynda bu ýerde okan uçurymlar öz işewürlik pikirlerini paýlaşdylar. Şu ýylyň mart aýynda badalga berlen AWE maksatnamasy telekeçi zenanlaryň telekeçilik ukyplaryny ýokarlandyrmak üçin giňişleýin platforma boldy.

Ylymlar gününe

Aýdym-sazly dabara Her ýylda däp bolşy ýaly, ýurdumyzda Ylymlar güni giňden bellenilip geçilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ata-babalarymyz: «Ylym adamyň dünýägaraýşyny giňeldýän we durmuşyny özgerdýän baýlykdyr» diýip belleýärler. Ylym-bilimiň ösýän ýurdunda — eziz Watanymyzda zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagy babatynda uly işler durmuşa geçirilýär.

Döredijilik bäsleşigi

Gyzykly geçdi TMÝG-niň Wekilbazar etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 3-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrabyň 3-nji, 6-njy, 7-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileri we körpejeleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresi

Saglygym — baş baýlygym Golaýda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň, etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda “Saglygym — baş baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Dünýä ähmiýetli şahsyýet

Ýakynda Saýat etrabyndaky Sakar şäher medeniýet öýüniň merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ynha seniň bagtyýarlyk zamanaň aýla nazaryňy, seret, Pyragy» diýen at bilen tegelek stolun başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şahyryň döredijiligini içgin öwrenmek hem-de ony giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige kitaphana işgärleri we etrapdaky jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň many-mazmun aýratynlygy, terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Mundan başga-da, şahyryň goşgularyndan parçalar okaldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ata Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýazan goşgularyna döredilen hoş owazly aýdymlar ýaňlandy. Şeýle hem şahyryň eserlerinden düzülen sergi guraldy.

Nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy

8-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde we mundan beýläk hem ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil enjamlaryň, tehnikalaryň we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny, şonuň netijesinde pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Köňül tämizliginiň baýramy

Gurban baýramy — halkymyzy bir saçagyň, bir ojagyň, päk niýetiň başynda jemleýän baýram. Gurbanlyk kesmek Gurban baýramynyň birinji güni Baýram namazy okalandan soň başlanyp, üçünji günüň agşamyna çenli dowam edýär. Gurban baýramynyň başy tämizlikden başlanýar. Gün dogmanka turup, «Gurban şora men şora, batyr kelläňi nura» diýip, gurbanşor edilýär. Baýramçylykda täze egin-eşikler geýlip, özüňe, öý-içeriňe serenjam berilýär. Gadym döwürlerde her maşgala agzasy üçin birlaý täze lybas tikinmäge, gurby çatmadyk öýlerde egin-eşigiň bagjyk, iňňebagjyk, gülýaka, tahýa, ýaglyk ýaly, birlän-ikilän görnüşini täzeläp, beýlekilerini tämizläp geýmek hem göwne makul hasaplanypdyr. Şeýle-de bu baýramda uly-kiçi hemme hiňňildik uçmagy sogap hasaplaýar. «Hiňňildik uçsaň, günäleriň dökülýärmiş» diýen yryma ynanyp, üç günüň dowamynda hiňňildik uçýarlar. Gurban baýramy adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, dogruçyllygy we päkligi ündeýän gadymy baýramdyr.

Täze ýoluň innowasion ulgamlary

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Döwrebap ýoluň nobatdaky tapgyrynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň sebitlerini bir-biri bilen baglanyşdyryp, ildeşlerimiziň has çalt we howpsuz hereket etmegine mümkinçilik döretdi. «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurulýan ýolda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasion tehnologiýalary we häzirki zaman ulgamlary peýdalanylýar. Döwrebap ýoluň ugrunda hereketiň abadançylygyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertler bar. Ýolda ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolaklaryň döredilmegi, döwrebap elektron töleg terminallarynyň, wideogözegçilik enjamlarynyň, tizlik ölçeýjileriň, aragatnaşyk nokatlarynyň, innowasion yşyklandyryş sütünleriniň oturdylmagy, ýol hereketine gönükdiriji we salgy beriji ýol belgileriniň ýerleşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ähli amatlyklar bilen üpjün edilen myhmanhanalaryň, harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän söwda merkezleriniň, dynç alyş ýerleriniň, tagamlaryň dürli görnüşlerini taýýarlaýan naharhanalaryň, ýangyç guýujy beketleriň bolmagy täze ýolda sürüjiler we ýolagçylar üçin iň oňaýly şertleriň döredilendigini tassyklaýar.

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Baýramçylyga bagyşlandy Golaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Ylymlar güni mynasybetli TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde «Ylym — ösüşleriň binýady» atly baýramçylyk çäresini geçirdi. Oňa TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň işjeň agzalary TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat, we milli golýazmalar, himiýa, taryh we arheologiýa institutlarynyň wekilleri gatnaşdy.

Zyýaratyňyz kabul bolsun!

Her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem musulman dünýäsinde Gurban aýynyň başlanmagy bilen mukaddes Käbä haj parzyny berjaý etmäge gidýän ildeşlerimiziň sany barha artýar. Şu günler isleg bildirýän ildeşlerimiziň ençemesi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralýan ýörite uçar gatnawlary arkaly haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna gidýärler. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurbanlyk günlerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan, şonuň ýalyda Arkadag şäherinden bolan zyýaratçylaryň ençemesi dünýäniň çar ýanyndan zyýaratçylaryň millionlarçasyna goşulyp, mukaddes Käbä — Mekge — Medinä baryp, musulmançylyk däpdessurlaryny berjaý edýärler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan

SOWATLY NESIL GELJEGI SOWGATLY HALKDYR Atam pahyr her bir wakany rowaýatdyr tymsallaryň üsti bilen berkidip gürrüň bermegi halardy. Şeýdilende, ýaňzydylýan söz aňda has mäkäm orun alýar. Rowaýatlara görä, akyldarlaryň biri: «Haýsy daragt has köp wagtlap hasyl berýär?» diýip sorapdyr. Şägirtleriniň hersi bir pikiri orta oklapdyr, ýöne jogaplaryň hiç biri akyldary kanagatlandyrmandyr. «Iň bereketli hasyl diňe nesil daragtynda bolar. Sowatly, terbiýeli, düşünjeli bir nesil ýetişdirip bilsek, halkyň onlarça asyrlyk bagtly ykbalyny kepillendirdigimizdir. Sowatly nesil geljegi sowgatly halkdyr» diýip, akyldar jogap beripdir. Ýaşlar hakdaky syýasatymyzda we amala aşyrýan işlerimizde biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şonuň ýaly çuňňur pähim-parasatlaryndan ugur alýarys. Sanlyja ýylyň içinde gazanylan ençeme üstünlikler, ýetilen sepgitler, gurlan binalar sanardan kän, hut şonuň üçinem beýik döwrümiziň ösüş depgini örän ýokary. Onsoň, şeýle ösüşli zamana çuňňur düşünmegimiz üçin, oňa bolan buýsanjymyzyň kämil bolmagy üçin bu döwletli ýolda bilelikde, agzybirlikde öňe ilerlemegimiz, has ruhubelent we yhlasly zähmet çekmegimiz gerek.

Ajaýyp günler, ýakymly ýatlamalar (Şadyýan tomus — 2024)

Bagtyýar körpeleriň tomusky dynç alyş möwsümini has-da gyzykly, täsirli geçirmekleri üçin ýurdumyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri talabalaýyk işleri alyp barýarlar. Bagtly çagalygyň mekany hasaplanýan meşhur Gökdere jülgesi, her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem körpe nesillerimize gujagyny giňden açdy. Bu ýerdäki merkezlerde şowhunly konsertler, sport ýaryşlary, dürli medeni çäreler yzygiderli guralýar.

Bir etrapdan iki habar

Wagyz-nesihat çäresi Golaýda «Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni» diýen at bilen Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa KA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri, ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, ýaşlar we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Arslan Taganow, il sylagly ýaşuly Halnazar Nurmuhammedow, mährem ene Maral Halnazarowa, etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi Nurmyrat Öserow, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi Öwez Allaýarow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Mahmut Ýazow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda maşgala mukaddesligini gorap saklamak, ýaramaz endiklerden daşda durmak, Watanymyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesillerimizi zähmetsöýer, watansöýiji, ylymly-bilimli, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize ygrarly edip ýetişdirmekde öňde durýan wezipeler barada nygtadylar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen her bir raýatyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy, dynç almagy, öndürijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler dogrusynda hem aýratyn belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Asyrlaryň şamçyragy — Magtymguly Pyragy Golaýda şeýle at bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýy mynasybetli etrap medeniýet öýüniň ýygnaklar zalynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary gatnaşdylar.

Lukmançylyk klasteri — Arkadag şäheriniň innowasion ösüş merkezi

Geçen şenbede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly işler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet ähmiýetli şäheriň ikinji tapgyrynda senagat önümçiliklerini ýola goýmak, lukmançylyk klasterini döretmek boýunça alnyp barylýan işlere hem seredildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynda öndüriljek serişdeleriň ýokary halkara görkezijilere, häzirki zamanyň ekologik talaplaryna doly laýyk gelmegine, önümçilikde döwrebap usullaryň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagyna, dünýäniň ösen tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Gazetimiziň habarçysy şular hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi ORAZOW bilen söhbetdeş boldy.

Hünär derejesini ýokarlandyrmaga itergi beren mejlis

Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşiniň 7-nji maslahaty geçirildi. Oňa orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlarydyr talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Aýdym-sazly çykyşlar bilen dabaraly ýagdaýda açylan maslahat orta hünär okuw mekdebine degişli guralan sergi bilen utgaşdy.   

Binagärlik sungaty: däp bolan ýörelgeler we häzirki zaman meýilleri

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşmaga Azerbaýjanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professorlary, halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy.

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda Daşoguz şäherinde Daşoguz welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek hakyndaky Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmek, döwlet gullukçysynyň etikasyny we özüni alyp barşynyň düzgün-kadalaryny, sagdyn durmuş ýörelgesini, temmäkä garşy göreşmek, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny, Magtymguly Pyragynyň eserlerini söwda toplumynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda düşündirmek, wagyz-nesihat etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ýeten belent sepgitleri, halkara abraýy, korrupsiýa garşy göreşmek, bagtyýar hem-de rowaç durmuşyň bähbidine gönükdirilen Milli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi dogrusynda pikir alşyldy.