"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Medeni miras: geçmişden geljege tarap

Halkymyzyň baý geçmiş taryhyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde geçiren ylmy-amaly maslahaty täsirli pursatlara baý boldy. «Medeni miras: geçmişden geljege tarap» diýen şygar bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen maslahatda çykyş edenler gadymy ýadygärliklerimiziň häzirki wagtda giňden öwrenilýändigini, taryhy ýadygärliklerde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň ata Watanymyzyň baý geçmiş taryhyndan habar berýändigini bellediler.

Watan — bagtyň sakasy

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň ýakymly pursatlarynyň ähli halkymyzyň, dünýä türkmenleriniň hakydasyna dolan günlerinde, ata Watanymyzyň çar künjünde üstünlikli geçen Baş baýrama hem-de tutuş ýylyň dowamynda doglan gününiň 300 bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, dürli döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat hem-de dabaraly çäreler geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýakymly pursatlary bilen ençeme ynsanyň hakydasyna berçinlän şeýle dabaraly çäreleriň biri-de geçen hepdäniň şenbe gününde Türkmenistanyň Döwlet akademiýasynda boldy. «Türkmen dünýäsi» gazetiniň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde yglan eden «Dünýä akyldary — türkmen Danasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy. Taryhy döwürlerde ýüze çykan dürli sebäplere görä, ata-babalary eziz Diýaryndan alyslarda mekan tutunyp, şol ýerlerde öý-ojak edinen dünýä türkmenlerini her ýyl ata Watanda bir supranyň başynda jemleýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky dabaraly maslahaty guralýar. Milli söýgini dabaralandyrýan bu maslahatyň Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda bellenilmeginiň özboluşly manysy bar. Onda dünýä türkmenleriniň wekilleri taryhy ata Watanlarynda bir supranyň başynda jemlenýär we döwletimiziň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, Garaşsyzlygynyň toý

Körpelerde sagdynlyk endiklerini gazanmagyň ýollary

Welaýat çagalar kitaphanasynda «Dogry iýmitlenmek ― saglygyň sakasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi hem-de sergi guraldy. Oňa Türkmenabat şäherindäki 59-njy çagalar bakja-bagynyň körpeleri gatnaşdylar. Çärede kitaphanaçylaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň we arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişi dogrusynda çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini ündeýän gurjak oýunlary görkezildi. Geljegimiz bolan ýaş nesliň saglygyny goramak esasy wezipeleriň biridir. Bu işde olar bilen geçirilýän duşuşyklar uly ähmiýete eýe.

Türkmen tebigaty waspyň dillerde

Hormatly Prezidentimiziň 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyrygy esasynda geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýylyň dowamynda yglan edilen birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ol Baş baýram — döwlet özbaşdaklygynyň 33 hem-de dünýä akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň birine öwrüldi. Onda «Türkmen dünýäsi» gazeti bilen Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ýylyň başynda bilelikde yglan eden «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.  Dabaraly çärä döredijiligi hemra edinip, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, bagtyýar ýaşlarymyz, medeniýet we sungat ulgamynyň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy hem-de köpçülikleýin agzalary, halypa žurnalistler, ýazyjydyr şahyrlar gatnaşdy. Turuwbaşdan, şowhuna beslenen çärede birnäçe çuň many-mazmunly çykyşlar boldy. Olarda türkmen danasynyň paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň dürdäne setirlerinde we tutuş süňňünde ýokary çeperçilik serişdeleri bilen beýan edilen düýe ýaly harsaň daşly daglarymyz, halkymyzyň göwni kimin giň sähramyz, ylh

Garaşsyzlyk ― ak bagtym

Garaşsyzlyk güni mynasybetli Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdepde «Garaşsyzlyk ― bagtyýar geljegiň synmaz sütüni» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar. Dabaranyň başynda oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde ýetilen sepgitler kalbymyza ylham joşgunyny bagyşlaýar. Şeýle bolansoň, mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyz we ajaýyp döwrümiz wasp edildi.

Möhüm wezipeler maslahatlaşylýar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde eden çykyşlary ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin belent özgerişlikleriň täze sahypasyna öwrüldi. Bu çykyşlar ýaş nesle döwrebap derejede bilim bermekde ýetilen sepgitleriň we öňde durýan maksatlaryň özboluşly sazlaşygyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşini ylym, bilim we medeniýet bilen berk baglanyşdyrýar. Milli Liderimiz altyn güýzüň ilkinji gününde täze bilim we terbiýeçilik edaralarynyň açylmagyny, birinji synpa okuwa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterleriň sowgat berilmegini ýakym bilen ýatlady. Ýurdumyzda çagalar edaralarynyň hem-de orta mekdepleriň sanyny artdyrmak bolsa ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň möhüm ädimleriniň biri hökmünde görkezildi. Şunda ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek hem teklip edildi.

Hoşallyk maslahaty geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň çözgütlerine bagyşlanyp, «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň we bilim ulgamynyň wekilleri çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda üstünlikli geçen bu döwletli geňeşiň taryhy-syýasy ähmiýeti, ony ilat arasynda wagyz etmek boýunça öňde durýan wajyp wezipeler barada durup geçdiler. Çuňňur mazmuna we ýokary işjeňlige beslenip geçen maslahatda oňa gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanan dabara

Şu gün welaýat hem-de Türkmenabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar. Döwletimiz tarapyndan ýaşuly nesliň wekillerine goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasyna öwrülen dabaraly maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň barha dabaralanýandygyny, ýaşuly nesliň wekillerine belent sarpa goýulýandygyny, olaryň döwlet tarapyndan ählitaraplaýyn aladalar bilen gurşalyp alnandygyny buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşan il sylagly ýaşululara, kümüş saçly enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan toý sowgatlary gowşuryldy. Maslahatda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat medeniýet müdirliginiň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň gerim berildi.

Hasyl möwsüminde ýangyndan ägä boluň!

Zähmetsöýer babadaýhanlarymyzyň bütin ýylyň dowamynda ýadawsyz zähmet çekip, ýetişdiren bol pagta hasylynyň ýekeje übtügini-de isrip etmän, ýitgisiz ýygnap almak, ony dilsiz-agyzsyz ýangyn howpundan goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy pagta taýýarlaýyş nokatlarynyň, ammarlaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanlaryň çäklerinde şularyň gadagandygyny ýatladýar: – näsaz gapylary bolan elektrik paýlaýjy germewleri ulanmak, elektrik geçirijileri pagta harmanlarynyň üstünden geçirmek, elektrik geçirijilere, öçürijileridir olaryň birikdirilen ýerlerine goşmaça enjamlary birikdirmek, ýagtylandyryş çyralaryny gorag aýna örtügi bolmazdan ulanmak, elektrik geçirijileriň daşky örtükleriniň elektrik akymyna garşy duruş derejesini synagdan geçirmezden ulanmak, näsaz ýa-da wagtlaýyn asma görnüşinde geçirilen elektrik geçirijileri ulanmak, pagta harmanlarynyň çäginde awtoulag serişdelerine ýag-ýangyç guýmak, pagta ýükleýjileri, dargadyjylary näsaz ýagdaýda ulanmak.

Halk hakyndaky alada

Eziz Diýarymyzda her ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Onuň dowamynda ýol hereketiniň kadalaryny düşündirmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işleri we beýleki dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem biraýlygyň ýokary guramaçylyk ýagdaýyny üpjün etmek maksady bilen ýörite meýilnama tassyklanyp, onda göz öňünde tutulan wezipeler ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalary tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirildi. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny, abadan durmuşyny goramak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksadynda täze kanunlaryň kabul edilip, döwlet derejesinde düýpli işleriň durmuşa geçirilýändigi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtoulag ýollarynyň, köprüleriň, awtomenzilleriň gurulýandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Bularyň ählisi ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň halk üçin edýän uly aladalarynyň netijesidir.

RÖWŞEN GELJEGI NAZARLAP

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde taryhy çözgütler kabul edildi. Şanly sene — mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi taryhy waka hökmünde sene ýazgymyza girdi.

HIÇ HAÇAN ÝEKE DOLANDYRMAŇ,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bodo ŞEFER

Ýaşulular — durmuş mekdebi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen bizi beýik maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşuly nesliň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär” diýip, ýaşuly nesle aýratyn uly sarpa goýýar. Her ýylda ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy, mährem enelerimiziň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, Ýaşulularyň halkara gününiň ýurdumyzda uludan bellenip geçilmegi, döwletli tutumlarda ýaşuly nesle sala salynmagy, olaryň pikir-garaýyşlarynyň diňlenmegi hem şeýle diýmäge esas berýär. Ýurdumyzda däne we gowaça ekişine, galla we pagta ýygymyna dili senaly ýaşulularyň “Bismillasy” bilen girişilmeginde-de uly many bar.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Her bir döw­let­li işi, be­ýik tu­tum­la­ry mas­la­hat­la­şyp, ge­ňe­şip ama­la aşyr­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň üs­tün­lik­le­ri, ýe­ňiş­le­ri sa­nar­dan kän. Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­myz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da sy­ýa­sy-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-dur­muş ugur­la­ryn­da ägirt uly ösüş­le­ri, öňe­gi­diş­lik­le­ri ga­zan­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pe­der ýo­lu­ny üs­tün­lik­li do­wam ed­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan oňyn öz­gert­me­le­ri hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de eýe­le­ýän ab­raý­ly or­nu­ny has-da beý­gelt­di. Bu ösüş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bilen Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen tag­ly­ma­ty­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň mekany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlykly wakalarynyň birine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň bosagasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän çagynda kabul edilen bu resminamanyň «akylly» şäheri sazlaşykly we durnukly ösdürmekde, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine we dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmekde uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiz: «Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir» diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Üstümizdäki şanly ýylyň özünde Arkadag şäherinde geçirilen köp sanly çäreler, şol sanda Medeniýet hepdeligi hem bu hakykaty äşgär görkezdi. Şeýle çäreler Köpetdagyň etegine gözellik goşýan, dünýäde deňi-taýy bolmadyk täze şähere gyzyklanmany has-da artdyrýar.

Ýaşulularyň halkara gününe

Öz ilimiň gojalary Golaýda şeýle at bilen, etrabyň medeniýet öýünde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, bilim ulgamynyň we ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk tamamlanyp barýar

Howpsuz hereket — bagtyýar durmuş Ýakynda şäher häkimliginiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň hem-de şäher ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň bilelikde guramagynda “Howpsuz hereket — bagtyýar durmuş” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä şäheriň çägindäki edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Aragatnaşyk we jemagat hyzmatlary üçin tölegleri e.gov.tm arkaly amala aşyryp bolýar

Şu gün sentýabr aýy tamamlanýar, bu bolsa jemagat hyzmatlary we aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleriň wagtynyň ýetip gelenini aňladýar. "Türkmentelekom"-dan internet we telefon hasaplary, "Alem TV" telewideniýesi, "AŞTU"-dan internet we IPTV, şeýle hem "Belet Film" onlaýn kinoteatry - bularyň hemmesi öz wagtynda tölenmelidir. e.gov.tm arkaly bu tölegleriň hemmesini öýden çykmаzdan onlaýn görnüşde amala aşyrmak mümkindir. Portal, hyzmatlaryň giň görnüşine amatly elýeterliligi hödürleýär, kassa nobatlaryndan gaça durmaga we gymmatly wagtyňyzy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Ulanyjylar birnäçe düwmäni basyp internet, telefon aragatnaşygy we telewideniýe üçin töleg edip bilerler, şeýle hem ulag peteklerini satyn alyp bilerler.

Oýunlaryň adam durmuşyna täsiri

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Ada­myň aňy, pi­kir-dü­şün­je­si bi­len dö­re­di­len mil­li hem he­re­ket­li oýun­la­ryň yn­san dur­mu­şy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri diý­seň ulu­dyr. Oýun oý­na­mak di­ňe bir wag­ty­ňy gy­zyk­ly, ma­ny­ly ge­çir­mek däl-de, eý­sem, pi­kir-dü­şün­jä­ňi, ukyp-ba­şar­ny­gy­ňy art­dyr­mak bi­len berk bag­ly­dyr. Hä­zir­ki wagt­da oýun­lar, sport gör­nüş­le­ri adam­za­dyň uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­den öz­bo­luş­ly güý­men­je­si bol­ma­gyn­dan in­di adam­zat dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ni düz­ýän pu­dak de­re­je­si­ne çen­li ös­di. Dün­ýä ýurt­la­ryn­da spor­ta we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne be­ril­ýän ün­se la­ýyk­lyk­da adam­la­ryň sag­dyn ýa­şaý­şy, pi­kir-dü­şün­je­si­niň kä­mil­leş­me­gi üçin spor­ta hem-de mil­li oýun­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.