Önümlere isleg uly
Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşligindäki mermer we granit işlenilýän zawod «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on aýyny guwandyryjy görkezijilere besledi. «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu öňdebaryjy kärhanasynyň agzybir we zähmetsöýer işçi-hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 5 million 660 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 102,7 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Şol döwürde kärhanada 22 müň inedördül metre barabar önüm öndürildi. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bu iri kärhanasynda işlenip taýýarlanylýan mermer we granit daşlaryna bolan islegiň artmagy önümleriň hiliniň ýokarydygy bilen baglanyşyklydyr. Kärhananyň önümçilik bölümlerindäki kämil tehnologiýalar köçeleri we ýanýodalaryň gyralaryny jäheklemek üçin dürli bezeg daşlaryny, arhitektura şekillerini we sütün üçin örtgi plitalary taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Geçen döwürde bu önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi.