Durnukly ösüşe ýetmekde ýaşyl ykdysadyýetiň orny
Türmenistan baý we täsin ösümlikdir haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Tebigatyň eçilen bu ajaýyp gözelligini gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň esasy aýratynlygydyr. Şu jähetden hem ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamaga yhlas edilýär, tebigaty goramak babatda durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar. Döwletimiziň «ýaşyl syýasaty», şol sanda ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan bag ekmek maksatnamasy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga, biodürlüligi saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Soňky döwürde jemgyýetimizde ekologiýa babatda bilimleriň we ekologiýa medeniýetiniň durmuş ähmiýeti ýokarlanýar, ekologiýa ylmynyň nazary we amaly ugurlary ösdürilýär. Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge we olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak döwrüň öňe sürýän wezipesidir. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem ýaş raýatlarda ekologiýa medeniýetini we daşky gurşawa aýawly garaýşy terbiýelemek boýun