10-11-nji sentýabrda «Türkmenistanyň maýa goýum forumy» (TIF — 2024) geçiriler
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Daşary işler ministrlikleriniň bilelikde guraýan bu forumyna halkara maliýe guramalarynyň (Bütindünýä Banky, Aziýanyň Ösüş Banky) wekilleriniň, energiýa, infrastruk-tura, maliýe ulgamlarynyň, şeýle hem beýleki abraýly halkara guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini öz içine alýan iri halkara foruma degişli hünärmenler tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. Munuň şeýledigini, Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al Khaleej», «Dubai News», «Al-Madar Magazine» ýaly öňdebaryjy neşirlerinde Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly makalalaryň çap edilmegi hem-de abraýly maliýe neşiri bolan «The Investoryň» forumy «ýylyň esasy wakalar» senenamasyna goşmagy hem tassyklaýar.