"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Dubaýda Bütindünýä howa sammiti açyldy

Şu gün Ýakyn Gündogaryň ösen maliýe we tehnologiýa merkezi hasaplanýan Dubaýda ýylyň klimat bilen bagly iň iri çäresi — BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň plenar mejlisi (COP28) öz işine başlady. «Dubai EXPO City» sergiler merkezinde geçirilýän mejlise hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar. Sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlary «Al Wasl» dabaralar merkezine ýygnandylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan garşylandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýa geldi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Saparyň maksady 30-njy noýabr — 12-nji dekabr aralygynda Dubaýda geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmakdan ybaratdyr. Irden döwlet Baştutanymyzyň uçary Dubaý şäheriniň Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistan we Gazagystan Hytaýdan Eýrana uzaýan ulag geçelgesini ösdürer

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda «Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Degişli ylalaşyk hakynda Aşgabatda geçirilen Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisiniň dowamynda mälim edildi. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Ozal habar berşimiz ýaly, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnama hem gol çekildi. BU resminama ulaglarda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda amatly nyrh şertlerini döretmegi, degişli düzümleriň işini sazlaşdyrmagy, deslapky we beýleki maglumatlary alyşmak üçin sanly çözgütleri girizmegi hem-de beýleki işleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Owganystanyň demir ýol gullugynyň ýolbaşçysy Aşgabatda saparda bolýar

Owganystanyň demir ýol bölüminiň başlygy Bahtu Rahman Şaraf türkmen tarapynyň çakylygy boýunça Aşgabatda gulluk iş saparynda bolýar. Owganystanyň demir ýol edarasynyň resmi habar bermegine görä, wekiliýetiň Aşgabada sapary wagtynda ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen gepleşikler geçiriler, olarda ýük daşamagyň we üstaşyr geçirmegiň hilini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Ýakynda taraplar Serhetabatdan (Türkmenistan) Turgunda (Owganystan) geçýän serhet ýoly arkaly ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak barada ylalaşyk gazanypdylar.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara topar dörediler

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hem-de Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara topary döretmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bu barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, geçirilýän işler raýat awiasiýasynyň Halkara guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny, yzygiderliligini we netijeliligini ýokary derejede üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmen-täjik gatnaşyklaryny depginli ösdürmegiň ýolunda

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlar, şol sanda Täjigistan Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän iki dostlukly döwlet geçen döwrüň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki netijeli hereketlerini işjeň ilerledip, hyzmatdaşlygy strategik derejä çykarýan pugta binýady döretdi. Şunda türkmen-täjik hökümetara toparyna möhüm orun degişli bolup, onuň işi gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir. 27-28-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi üstünlikli geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Täjigistanda iş saparynda boldy. Toparyň geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen 11-nji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi boýunça alnyp barlan işler nobatdaky duşuşygyň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň biridir.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň degişli pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin bu komitetiň hytaý tarapyndan başlygy, Hytaýyň kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlisiň barşynda strategik hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilýän döwletara dialogyň däbe öwrülen dostlukly, toplumlaýyn, ygtybarly we netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, taraplaryň özara tagallalary esasynda soňky ýyllarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze itergi berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýokary, Hökümet we pudagara derejede geçirilýän yzygiderli gepleşikler ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Hytaýda oňyn daşary syýasat ugruny durmuşa geçirip, ösüş ýolunda ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň degişli pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin bu komitetiň hytaý tarapyndan başlygy, Hytaýyň kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlisiň barşynda strategik hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilýän döwletara dialogyň däbe öwrülen dostlukly, toplumlaýyn, ygtybarly we netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, taraplaryň özara tagallalary esasynda soňky ýyllarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze itergi berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýokary, Hökümet we pudagara derejede geçirilýän yzygiderli gepleşikler ýardam edýär.

Azyk önümçiliginiň döwrebap gazananlary we geljekki mümkinçilikleri

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda dowam edýän «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergi Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, hususy telekeçileriniň 90-a golaýyny bir meýdançada jemlemek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanan üstünliklerini, şeýle-de işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini giňden açyp görkezýär. Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň bu iri gözden geçirilişi gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Biz hem sergä gatnaşýan wekilleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň wekilçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleridir hödürleýän hyzmatlary barada gyzyklandyk.

«Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna»

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygy barada hoş habar aýdyldy. Bu şatlykly waka mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bilim, medeniýet, sungat işgärleri gatnaşdylar. «Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy» atly edebi-sazly kompozisiýa täsirliligi bilen tapawutlandy. Soňra çäräniň dowamynda buýsançly çykyşlar diňlenildi.

Meksikada milli buýsanjymyz hakda

18-nji noýabrda Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Mehiko şäherinde Atly sportuň Halkara federasiýasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisi geçirildi. Oňa dünýäniň gurama agza bolan 136 döwletiniň atçylyk federasiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzdan Baş Assambleýa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory wekilçilik etdi. Mejlisiň dowamynda atly sportuň görnüşleriniň düzgünlerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Federasiýanyň dürli komitetleriniň we dolandyryş müdiriýetiniň täze agzalaryny saýlamak boýunça ýygnak geçirildi. Mundan başga-da, dünýäde atly sport we atçylyk boýunça gazanylýan üstünlikler barada durlup geçildi.

Durnukly ösüşiň möhüm şerti

Berkarar ýurdumyz ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şertleriniň biri hökmünde köpugurly, howpsuz halkara ulag düzümini döretmäge, bu babatda halkara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli we ýurdumyzyň anyk mümkinçiliklerine daýanýan hem-de oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan başlangyçlaryndan gözbaş alyp, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwletli tutumlar dünýä giňişliginde ata Watanymyzyň abraý-mertebesini täze belentliklere göterýär. Olar ählumumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbidine giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy we dünýä bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen her ýylyň 26-njy noýabrynyň Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edilmegi hem-de bu baýramçylygyň ilkinji gezek ýurdumyzda giňden bellenilip geçilmegi munuň buýsançly subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylygyň geçýän gününde «Durnukly ulag: Durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat ýokary guramaçylyga eýe boldy. Munuň özi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek babatdaky

Türkmenistan bäsdeşlige ukyply logistika kompaniýalaryň döredilmegine aýratyn üns berýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen Gutlag iberdi. Onda nygtalyşyna görä, Türkmenistan bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, bu gatnaşyklar okgunly ösüşi, ähli möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin uly mümkinçilikleriň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasyndaky özara ynanyşykly gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi üçin ygtybarly esasy döredýändigi aýratyn nygtaldy.

Türkmenistan we Gazagystan ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnama gol çekdiler

26-27-nji noýabrda Aşgabatda Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň degişli ulag ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Iş toparynyň mejlisine türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew, gazak tarapyndan bolsa ulag ministriniň orunbasary Talgat Lastaýew ýolbaşçylyk etdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, bu gatnaşyklar okgunly ösüşi, ähli möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin uly mümkinçilikleriň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasyndaky özara ynanyşykly gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi üçin ygtybarly esasy döredýändigi aýratyn nygtaldy.

Diplomatik bilimlerini berkitdiler

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülen topar Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda okuw saparynda boldy. Munuň özi diplomatik ulgamda tejribe alyşmak babatda alnyp baryljak işleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmekde başlangyç ädimdir. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň özara gatnaşyklary hem munuň aýdyň mysalydyr. Şunda, esasan, diplomatik işgärleri taýýarlamakda birek-biregiň tejribesiniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Gümrük hyzmatdaşlygy

Häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, söwda-haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmaga aýratyn uly üns berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem ençeme döwletler bilen halkara gümrük hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirip, halkara tejribesini durmuşa ornaşdyrýar. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda alnyp barylýan gümrük hyzmatdaşlyklary hem barha işjeňleşýär. Häzirki wagta çenli iki döwletiň arasynda gümrük işiniň aýry-aýry ugurlary boýunça resminamalaryň ençemesi baglaşyldy. 2018-nji ýylda Gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyşmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, 2022-nji ýylda bolsa gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň maý aýynda Tükmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goňşy ýurda amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekilmegi häzirki wagta çenli gazanylan ylalaşyklaryň üstüni ýetirdi. Hormatly Preziden