"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Myhmanlara söz berýäris:

Li HAIFENG,Hytaý Halk Respublikasy, «Yutong Bus» kompaniýasynyň hünärmeni:

Dostanalygyň rowaç ýollary

Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisi geçirildi. Forumyň barşynda ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem çuňlaşdyryp ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň teklipler we täze pikirler özara ykdysady gatnaşyklaryň geljeginiň has-da gülläp ösüşlere beslenjekdigine ynamly güwä geçýär. Türkmenabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlanlar goňşularymyzyň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öňe tarap ynamly we şowly ädimleri ädýändiklerine göz ýetirdiler.

Göwnümize ganat, geljegimize şamçyrag

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adamzat paýhasynyň söz sungatyndaky gudratydyr. Şahyryň çuň manyly goşgularyndan çeper söze teşne okyjylar ruhy teselli tapýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy. Hut şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanylýar.

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Nebitgaz senagaty: wezipeler we sepgitler Dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan, iki tarapa hem bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň netijesinde daşary ýurt kompaniýalary ýurdumyzda iň täze tilsimatlara esaslanýan öňdebaryjy taslamalary ornaşdyrmak bilen, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolan berkarar döwletimiziň ummasyz tebigy baýlyklary, maýa goýumda döredilýän oňaýly amatlyklar, bu ugurda ýöredilýän döwlet syýasaty şeýle özara bähbitli halkara gatnaşyklara giň ýollary açýar.

Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen

Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäräniň maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Bu möhüm çärä gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylaryndan, ylmy işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.

Paýtagtymyzda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Türkmenistan bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirip, sebit hem yklymüsti döwrebap ulag düzüminiň kemala getirilmegine goşant goşýar. Söwda-senagat edarasynda geçirilýän halkara foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşýar. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Şeýle-de myhmanlaryň arasynda «Fly Dubai», “Cargo Lux”, “Lufthansa Consulting” ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk gu

Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen

Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäräniň maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Bu möhüm çärä gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylaryndan, ylmy işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.

Belarus Türkmenistany eksport üçin möhüm üstaşyr ugur hökmünde görýär

Türkmenistan Eýranyň we Hindistanyň bazarlaryna çykalgasy bolan belarus harytlarynyň eksporty üçin üstaşyr ugurlary giňeltmekde möhüm orun eýeläp gelýär. Bu barada Belarus demir ýol edarasynyň ýük we daşary ykdysady gatnaşyklar gullugynyň başlygy Sergeý Pristawka “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Bu ugur ýurtlaryň arasynda eksporty artdyrmak we ykdysady gatnaşyklary berkitmek üçin mümkinçilikleri açýar. Taslama Belarussiýany Merkezi Aziýa, Pars aýlagy we Günorta Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan ulag geçelgeleriniň ösdürilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmenistan, Eýran we IRU üstaşyr howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Ähtnama baglaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Eýranyň Gümrük dolandyryş edarasy we Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) sişenbe güni “ITTC 2024” halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama Halkara ulag ýanhaty ulagmynyň çäklerinde ýük daşamalaryň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ylma we döwrebaplyga daýanyp, täze sepgitlere

Hormatly Prezidentimiziň 25-nji oktýabrda gol çeken Kararyna laýyklykda geçirilýän «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy iki günläp dowam eder. Biz hem düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda öz işine başlan foruma iň täze işläp taýýarlamalary, halkara ähmiýetli taslamalary bilen gatnaşýan hytaýly myhmanlaryň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Çžan GUOSZIN,Lançžou Szýaotun uniwersitetiniň Halkara alyşmalar merkeziniň direktory, Halkara bilim mekdebiniň dekany:

Dünýä we Magtymguly

«Asman astyndaky ýurtda» dana Pyraga sarpa Hormatly Prezidentimiz goşgulary aýdyma, sözleri dilleriň senasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyryşyň owazy bolup ýaňlanýan eserleriniň döwürleri, milletleri we döwletleri baglanyşdyryp, ýakyn-alys, goňşy-garyndaş halklaryň guwanjyna öwrülendigini belleýär. Bu günki gün beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýäniň çar künjeginde giňden dabaralandyrylmagy-da muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Golaýda bolsa Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat hem-de şahyryň saýlanan şygyrlarynyň hytaý dilindäki täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen wekiliýeti Dohadaky sergä gatnaşdy

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet Katar Döwletiniň Doha şäherinde «Çagalar — biziň iň uly baýlygymyz» şygary astynda geçirilen «Kids Expo 2024» halkara sergisine gatnaşdy. Bu serginiň dürli öwüşginli ekspozisiýalary dünýä ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekdi. Täsin we özüne çekiji bölümlerden ybarat bolan sergide çagalaryň doglan wagtyndan, tä olar 13 ýaşaýança gerek bolan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we dynç alyş ulgamlaryndaky önümlerdir hyzmatlaryň iň täze gazananlary öz beýanyny tapdy. Hususan-da, bilim tehnologiýalary, logopedik we saglyk hyzmatlary bilen bagly diwarlyklar gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary «A+Programm» maksatnamasynyň çäklerinde hödürlenen innowasion okuw usullary bilen hem tanyşdylar. Bu maksatnamanyň döwrebap bilim ulgamynyň iň täze gazananlarynyň biridigini aýratyn nygtamak gerek. Wirtual hakykat, emeli aň we uzak aralykdan okuw usullary maksatnamanyň esasy aýratynlygy hökmünde orta çykýar.

Hemişelik Bitaraplyk— parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Bitarap Türkmenistan» atly we beýleki kitaplarynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy gözbaşlarydyr aýratynlyklary barada beýan edilýär. Ol eserler parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýamyzyň many-mazmunyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Hemişelik Bitaraplygyň taryhy kökleri we milli aýratynlygy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde şeýle beýan edilýär: «Biziň döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydasy, psihologiýasy, milli aň-düşünjesi öz beýanyny tapdy. Açyklyk we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we beýleki milletlere hormat goýmak diňe bir goňşy halklaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmakda däl-de, eýsem, olaryň ylymda we sungat äleminde gazanýan üstünliklerine guwanýandygynda hem ýüze çykýar. Bu häsiýetler bolsa, biziň milli aýratynlygymyza hemişe mahsusdyr». Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy tutuş sebit, galyberse-de, bütin dünýä üçin uly ähmiýetli çözgütdir. 1992-nji ýylyň iýulynda Helsinkide geçirilen Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň (häzirki ÝHHG) sammiti onuň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň başlangyç nokadyna öwrüldi. Çünki onda Türkmenistan ilkinji gezek

Barha rowaçlanýan ulgam

Ulag ulgamy döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi bolup, ol ýurduň köpugurly ösüşine öz täsirini ýetirip bilýändigi bilen ähmiýetlidir. Şonuň üçin, bu ulgam döwletimiziň üns merkezinde aýratyn orunda durýar. Türkmenistan geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär, munuň özi bolsa onuň ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýe bolmagyny şertlendirýär. 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýen Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Guwanjym, buýsanjym Watan

Hemişelik Bitarap döwletimiziň hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň oňynlyklara tarap barha ilerlemegi daşary syýasatymyzda halkara hyzmatdaşlyklaryň pugtalanýandygynyň görkezijisidir. Häzirki wagtda Türkmenistan Ýer ýüzünde ösüşiň özboluşly, milli nusgasyny saýlan döwlet hökmünde tanalýar. Eziz Diýarymyzyň dünýä dolýan şan-şöhraty, özgerişleri diňe bir bagtyýar raýatlarymyzy däl, eýsem, dünýä türkmenlerini hem guwandyryp, başlaryny gök diredýär. Dünýäniň çar künjünde ýaşaýan arkadaşlarymyz ata Watana bolan söýgüsini, buýsanjyny ýürek sözlerinde beýan edip, gazetimiziň elektron poçtasyna ýollaýarlar. Biz hem gazetiň şu sanynda olardan birini okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.

Türkmenistan «Russiýanyň Ulagy» halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilýeti 19-21 noýabr aralygynda Moskwada geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda 30-dan gowrak iş çäreleri guraldy. Duşyşyklarda Halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge we durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny döretmäge aýratyn üns berildi.

Özara bähbitli pikir alyşmalar

Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylarydyr alymlary, Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Siniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen wekiliýet agzalary gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň geçen ýylyň noýabrynda Pekin şäherinde geçirilen birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişini we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dürli ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigi bilelikdäki komitetleriň alyp barýan işlerinden hem aýdyň görünýär.

Logistika: şanly seneler, üstünlikler, taslamalar

Diýarymyzda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iri halkara forumlar yzygiderli geçirilýär. 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat, 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Awazada guralan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat şolaryň iň möhümleridir.

Ertir “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Düýn geçirilen mejlisde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli plenar mejlisi geçirmek, birnäçe sessiýalarda dürli meselelere seretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip ykrar edilmegi mynasybetli, BMG bilen bilelikde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatyny, “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly çäräni guramak meýilleşdirilýär. Halkara maslahata dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden we ýurdumyzdan 600-e golaý wekiliň, sanly ulgam arkaly 50-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.

Gender syýasaty: gazanylan üstünlikler, wajyp wezipeler

Türkmen wekiliýeti Tailandda geçirilen maslahata gatnaşdy Golaýda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň gender deňligi we zenanlaryň ygtyýarlyklaryny artdyrmak boýunça «BMG — Zenanlar» düzümi bilen bilelikde guramagynda zenanlaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynyň Pekin jarnamasynyň hem-de Hereketleriň platformasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan ministrler maslahaty geçirildi. Oňa Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.