"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan we Bütindünýä poçta birleşigi hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçihanasy habar berýär. Taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek mümkinçilikleri, şeýle hem aýratyn ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar. Bellenişi ýaly, Bütindünýä poçta birleşigi BMG-niň düzümindäki iň gadymy düzümleýin edaralaryň biridir.

Arkadag şäheri: döwrebap lukmançylyk klasterini döretmek ugrunda

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen uzak ýyllaryň dowamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde Türkmenistanda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi. Bu asylly işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle giň gerimli işlerde halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Ylaýta-da, şunda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen işjeň gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistandaky lukmançylyk edaralarynyň aglabasy, esasan, german kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendir. Iki ýurduň lukmançylyk edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriniň wekilleriniň arasynda tejribe alşylýar, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumy üstünlikli hereket edýär. Ýurdumyzyň bu ugurdaky çemeleşmesi ählumumy “Bitewi saglyk” çemeleşmesi bilen gabat gelýär. Bu çemeleşmäniň çäklerinde saglyk bilen daşky gurşawyň ýagdaýynyň özara baglanyşygy hasaba alynýar.

Netijeli gatnaşyklary pugtalandyryp

Şu günler Malaýziýanyň «PETRONAS» nebitgaz kompaniýasynyň wekilleri ýurdumyzda iş saparynda bolýar. Mälim bolşy ýaly, bu kompaniýa Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýar we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýar. «PETRONAS» kompaniýasynyň halkara aktiwler boýunça wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy hem-de konserniň hünärmenleri bilen duşuşdylar. Duşuşykda türkmen tarapynyň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan işleriniň esasynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýanyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, gaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ilerletmegiň Türkmenistanyň strategik ugurlarynyň biridigini bellediler. Nebitgaz senagatynyň baý kuwwatyny has netijeli peýdalanmaga, öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar esasynda ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, ekologiýa, gazyp alýan, gaýtadan işleýän ulgamlaryň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Duşuşykda taraplar bular barada, şeýle-de alnyp barylýan işleri maksadalaýyk giňel

Türkmen-german hyzmatdaşlygy ilerledilýär

27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan GFR-iň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz myhmanlary gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň gyzyklanma bildirilýän täze ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda täze sahypa

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklar hem netijeli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 21 — 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrmagy köpugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda möhüm wakalaryň hataryndan orun aldy. Halkara tejribäni öwrenmek diňe bir ylym-bilimiň ösüşinde däl, eýsem, ähli babatda ýokary netijeleri gazanmak üçin örän möhümdir. Şu gezekki saparyň maksady Ýaponiýanyň Hökümeti, Parlamenti, iri maliýe-söwda guramalarydyr kompaniýalary, şeýle-de dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan ybarat boldy. Saparyň barşynda ýapon paýtagtynda — Tokioda Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa ýapon halkynyň hem kitaba, çeper söze goýýan sarpasynyň ajaýyp şöhlelenmesi boldy. Sukuba uniwersitetinde geçirilen bu dabara Ýaponiýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen birlikde, bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplary hem gatnaşdylar.

Türkmen-german hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-iň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» maslahat beriş kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Germaniýa ýurdumyzyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki döwürde iri german işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar Germaniýa tarapyndan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini aňladýar. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan birnäçe bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň beýanydyr.

TDH BAE-niň WAM habarlar agentligi bilen hyzmatdaşlyk eder

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda ilkinji gezek saparda bolan WAM habarlar agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we WAM habarlar agentliginiň Baş direktory Mohammed Jalal al Raisi ikitaraplaýyn türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda, maglumat meseleleri boýunça  hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy meýilleşdirýär

Hazar deňziniň türkmen böleginiň ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň deňiz flotuny giňeltmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük akymlaryny artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Gämileriň gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, halkara standartlara laýyklykda milli kanunçylyk kämilleşdirilýär.

Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginde geçirilen duşuşyk

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler. Şunda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtalyp, bu babatynda taraplaryň syýasy erkiniň hem-de giň ykdysady mümkinçilikleriniň barlygyna üns çekildi. Duşuşykda himiýa zawodlarynyň, gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň gurluşygy, şeýle-de tehnikanyň we awtoulaglaryň getirilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada nygtaldy. Ozal gazanylan üstünlikler bilen birlikde, taraplar energetika geçişi, ilkinji nobatda, wodorodyň önümçiligi we daşalmagy bilen bagly hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna taýýardygyny bellediler.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky söwda öýüni açmak mümkinçiligine garalýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tokio şäherine iş saparynyň çäginde 2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda öýüni açmak mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. JETRO guramasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen tarapynyň JETRO guramasy bilen bilelikde işewürlik forumyny geçirmek boýunça meýilleri beýan edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

2023: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 10,59 milliard amerikan dollaryndan geçdi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 10 milliard 590 million amerikan dollaryndan geçdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp, www.business.com.tm websaýty habar berdi. Diňe 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 863 million 112 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ýaponiýanyň NEXI agentligi Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşmaga taýýar

Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda, 22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI) ýerine ýetiriji diektory hem-de başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşyk geçirdi. NEXI guramasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, hususan-da, Türkmenistanda ähmiýeti uly bolan taslamalaryň maliýeleşdirilmegine dürli maýa goýum guramalarynyň çekilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parižde geçjek Türkmenistanyň maýa goýum forumyna hasaba almaklyk başlandy

Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin onlaýn hasaba alnyş başlandy. Bu barada guramaçylar resmi saýtynda habar berdiler. Öň habar berşimiz ýaly, forum 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriler.

«Asman» kolleksiýasy Pariždäki «Oriental Fashion Show»-da

Asman» türkmen modalar öýi Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen Gündogar moda görkezilişinde «Zenan» ady bilen täze kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Tebigy matalardan, el keşdelerden ýerine ýetirilen «Zenan» kolleksiýasy häzirki zaman türkmen stili we döwrebaplygy bilen sazlaşykly utgaşýar.

Dokma önümleriniň bahar sergisi geçiriler

Şu ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Moskwadaky «Expocentre» ýarmarka meýdançasynda ilkinji gezek dokma önümleriniň «Textile & home — 2024 Spring» atly sergisi geçiriler. Bu sergi ýurduň dokma önümçiligini ösdürmäge we Russiýanyň bazaryna daşary ýurtly işewürleri çekmäge gönükdirilendir.

Köne kompaniýanyň könelmez hyzmaty

Türkiýäniň dokma önümlerini öndürýän öňdebaryjy «Nuriye Tekstil» kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyldan hem gowrak wagt boldy.  «Nuriye Tekstil» kompaniýasy gündelik durmuşda ulanylýan ýorgan-düşek toplumlaryny, olaryň daşlyklaryny, dürli görnüşli çalgyçlary, hammam üçin halatdyr şypbyklary, halydyr palaslary, ýaňy doglan bäbäklere, şeýle-de uly ýaşly çagalara niýetlenen dürli görnüşli, owadan bezegli eşikleri öndürýär. Kompaniýa önümlerini GDA ýurtlarynyň ählisine-de eksport edýär. Bu ýokary öndürijilikli kompaniýada önümleri sargyt boýunça islendik ýurda eltip bermek hyzmaty-da ýola goýlandyr.

Türkmenistan we Russiýa ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgelerini işe girizmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda 2023–2024-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işçi toparyň sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady 2023-nji ýylda özara hereketiň netijelerini jemlemek we 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.  Duşuşygyň dowamynda kärdeşler ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmek, deslapky maglumat alyşmagy guramak we Ygtyýarly Ykdysady operatorlary özara ykrar etmek boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Globalink Logistics” kompaniýasy “Turkish Cargo-nyň” Türkmenistandaky agenti boldy

“Globalink Logistics” kompaniýasy ýük awidaşamalaryny amala aşyrmak üçin “Turkish Cargo-nyň” Türkmenistandaky resmi agenti boldy. Bu köp babatda, “Turkish Cargo-nyň” logistika hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge ýardam eder. Bu möhüm hyzmatdaşlygyň esasynda “Turkish Cargo” kompaniýasy özüniň müşderilere hyzmat etmekdäki giň mümkinçiliklerine eýerip, awiadaşamak babatdaky hyzmatlaryny giňelder. “Turkish Cargo” kompaniýasy islendik zerurlyklara aýry-aýrylykda çemeleşmek arkaly işiň netijeligini üpjün edýär.

Türkmen-german hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz myhmanlary gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň gyzyklanma bildirilýän täze ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Halkara giňişlikde

«Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy ilerledilýär Geçen ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilip, guramanyň resmi dillerinde ýaýradyldy. Ol nobatdaky sessiýanyň «Parahatçylyk medeniýeti», «Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak», «Merkezi Aziýada parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy» gün tertibi boýunça neşir edildi.