"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Hytaý: gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi Ilçi milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy, pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Öňňin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň halkara maliýe we ykdysady düzümler, şol sanda ÝTÖB bilen gatnaşyklaryny ep-esli giňeldendigini bellediler. Bu bank bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy.

Ulag-logistika düzüminiň gazananlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, döwletimizde sebit we yklymüsti ulag ulgamyny döretmek boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň ulag-logistiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, häzirki zaman awtomobil we demir ýol köprülerini, ulag-logistiki babatda wajyp desgalary gurmak boýunça taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ulag infrastrukturasynyň gazananlaryna uly üns berýär. Şeýle hem döwletimizde demir ýol, awtomobil, howa we suw ulag ýollarynyň çekilmegi amatly we howpsuz halkara geçelgeleriniň döredilmegini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.

Halkara bähbitli desga

Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna uly ynam bilen gadam basdy. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap döwletimizde döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli, giň möçberli işleriň gerimi artýar. Döwrebap kärhanalaryň gurluşygy, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen utgaşýar. Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bina edilýän ymaratlardyr desgalar Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly hem-de çalt depginde ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän ykdysady strategiýasy köptaraplaýyn we giň möçberli beýik işleri öz içine alýar. Şol beýik işler bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan döwletimiziň geografiýa taýdan amatly sebitde ýerleşmegi energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny halkara derejesinde ösdürmäge, olaryň üstaşyr ýollaryny has-da işjeňleşdirmäge bähbitli şertleri açýar. Bu ýagdaý diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, sebitiň döwletleriniň ykdysady-durmuş taýdan ösdürilmeginde amatly şertlere giň ýol açýar. Yklymlaryň ykdysady

Energetika pudagynyň gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan, dünýäniň beýleki döwletleri bilen bir hatarda, ýakyn goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary barha giňeldýär. Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleri Türkmenistan bilen elektrik energetikasy pudagy babatynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi öňe sürlüp, olaryň aglabasy bu pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak bilen ykdysady kuwwatymyzy artdyrmaga gönükdirilýär. Türkmenistan döwletimiz energetika ulgamynda däbe öwrülen strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen birlikde Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta — Gündogar ugurlarynda göni energetika gatnaşyklaryny barha giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň tygşytly ulanylmagy hem-de önümçilikde maddy çykdajylaryň azaldylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu maksatnamalaýyn wezipeler göz öňünde tutulyp, ýurdumyzda “Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” kabul edildi. Türkmenistan elektroenergetika düzümleriniň barha artýan isleglerini, şeýle hem dünýä bazarynda energiýa serişdelerine islegleri hasaba almak bilen, döwrebaplaşdyrýar we ösdürýär. Bu meseleleriň oňyn çözülmegi ýurdumyzyň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna, halkara bazarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Arkadagyň köňül sahawaty

owgan topragyna bereket eçilýär Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 8-9-njy ýanwarda türkmen wekiliýetiniň Kabul şäherine sapary bolup, onuň çäklerinde geçirilen Türkmen-owgan iş toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisinde sebitleýin howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Owganystanyň ýolbaşçy düzüminiň we degişli döwlet edaralarynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda ulag, aragatnaşyk we elektroenergetika ulgamlary boýunça birnäçe desgalaryň açylyş dabaralaryny geçirmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý demir ýol beketleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýol şahasynyň, umumy uzynlygy 153 kilometr, kuwwaty 500 kW bolan Kerki — Andhoý elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy aralygynda halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we ulag geçelgeleriniň açylyşlary bar.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna sebit gatnaşyklary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary, oýlanyşykly başlangyçlary bilen, ýurdumyzyň abraýy has-da belende galar. Türkmenistan daşary syýasatyň esasy ugurlary bolan ulag-aragatnaşykda, medeni-ynsanperwer ugurda, saglygy goraýyş ulgamynda, ekologiýada uly üstünlikleri gazanýar. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň abraýly guramalarynyň derejesinde öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, dünýäde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berip, bar bolan howplara we wehimlere garşy netijeli göreşmegiň ýollaryny işläp düzmäge goňşy döwletleriň hem-de halkara bileleşiginiň giňden gatnaşmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň, täze wehimlere hem-de howplara garşy göreşmegiň wezipelerini durmuşa geçirmekde öňüni alyş diplomatiýasyna uly ähmiýet berýär. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Türkmenistan sebit meseleleriniň dürli jähetlerine bu düzümiň has işjeň çekilmegine ýykgyn edýär, şeýle hem halkara terrorçylygy, adam söwdasy, neşe serişdeleriniň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygy ýaly derwaýys meseleleriň çözgüdini tapmaga

Türkmenistan — bagtyýarlygyň ýurdy

Anastasiýa PAWLOWA,GDA-nyň Ykdysady ösüş işewürlik merkeziniň syýahatçylyk komitetiniň ýolbaşçysy:

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny we arzuwlaryny mälim etdi.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, milli Liderimizi we ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň hoşniýetli arzuwlaryny, gutlag sözlerini ýetirdi. Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, sebitde möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bilen öz ýurdunyň umumy maksatlara we bähbitlere gabat gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Gatnaşyklar berkidilýär

Şu hepdäniň çarşenbe güni Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat ulgamy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (USIDFC) baş ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkerri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edarasynyň, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol syýasatyň möhüm orunlarynyň biri Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen köptaraply gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk syýasatynyň dabaralanmagy

Milli Liderimiziň ulag-logistika ulgamyndaky başlangyçlary üstünlige beslenýär Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynda çykyş edip: «Halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. XXI asyrda Milletler Bileleşiginiň möhüm wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen döwrebap ulag düzümini döretmek ýörelgeleri tutuş dünýäde millionlarça adamlaryň hyzmatyna, dünýäniň tebigy serişdeleriniň saklanylmagyna we artdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa adamzadyň häzirki döwürde alyp barýan işiniň halkara strategiýasy bolup durýar» diýip belledi.

Sebit syýasaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň halkara abraýy barha beýgelýär. Türkmenistan 149 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar, şeýle-de 50-ä golaý halkara guramanyň agzasydyr. Hususan-da, soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy bilen hem gatnaşyklarymyz täze derejelere galdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşýän edara binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Maslahata milli we Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de onlaýn arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň žurnalistleri gatnaşdylar. Metbugat maslahatynda merkeziň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri seljerildi, şeýle-de parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanýan ýylynda öňde duran wezipeler barada gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak: ýy­lyň şy­ga­ry tä­ze müm­kin­çi­lik­le­re ýol aç­ýar

Düýn BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň paý­tag­ty­myz­da ýer­leş­ýän eda­ra bi­na­syn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri üçin met­bu­gat mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Mil­li hem-de Türk­me­nis­tan­da akk­re­di­tir­le­nen da­şa­ry ýurt köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň, şol san­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň žur­na­list­le­ri­niň on­laýn ar­ka­ly gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len çä­re­de mer­ke­ziň ta­mam­la­nan ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri sel­je­ril­di hem-de Aş­ga­bat jem­leý­ji res­mi­na­ma­sy­nyň BMG-niň res­mi dil­le­rin­de çap edi­lip, köp­çü­lik­le­ýin ýaý­ra­dyl­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti we Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len dün­ýä de­re­je­sin­de «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän 2021-nji ýyl­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler barada gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di. Biz BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Na­tal­ýa GER­MA­NYŇ met­bu­gat mas­la­ha­tyn­da­ky çy­ky­şy­nyň maz­mu­ny­ny oky­jy­la­ry­my­za ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň aýdyň nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň oýlanyşykly we parahatçylyksöýüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýy has belent sepgitlere galýar. Dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy munuň aýdyň mysalydyr. Hususan-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklar soňky ýyllarda täze derejelere ýetdi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň halkara abraýy has hem beýgeler.

Türkmenistan — GDA: ygtybarly hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenilip düzülen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda halkara we sebitara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerine doly jogap berýän gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň netijeli ugurlarynyň biri bolup durýar. 2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Özbegistan Respublikasynyň başlyklygyndaky Garaşsyz Döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň wideomejlisi ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Çärýek asyrdan-da gowrak wagtyň dowamynda GDA-da syýasy-diplomatik iş, howpsuzlyk meseleleri, ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa, oba hojalygy we azyk howpsuzlygy, ylym-bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. Türkmenistanyň 2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna üstünlikli başlyklyk etmegi Arkalaşyga girýän ýurtlaryň netijeli gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de bilelikdäki işiň uly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berdi.

Sözüň gadamy

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda dünýäde «Halkara parahatçylyk hem ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň gelmegi mynasybetli türkmen sözüniň gadamy hakda oýlanma Eýsem, sözde gadam bolup bilermi?! Türkmenistanyň tejribesi sözde gadamyň bardygyny, üstesine, onuň tizlige-de eýedigini görkezýär. Özi-de şunda olary adaty ölçeg birlikleri bilen ölçäp bolmaýar. Dogrudan-da, sözüň (biz şu gürrüňimizde diňe ýagşy sözi göz öňünde tutýarys) agramyny nädip ölçejek, tizligini nädip kesgitlejek?! Munda başgaça ölçegleri ulanmaly bolýar. Ölçeg diýýänimiz sözüň adamlara täsiri hem-de onuň ilden-ile geçip, dünýä ýaýraýşy.

Abadan ýaşaýşyň binýady

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi. Forumda eden çuň manyly çykyşynda milli Liderimiz oňyn Bitaraplyk ýörelgesini esas edinýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ýetilen ägirt uly sepgitler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlaryny ýene bir ýola dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň netijeli boljakdygyny nygtady. Şunda türkmen Bitaraplygynyň milli we sebit howpsuzlygyny üpjün etmekdäki goşandy aýratyn bellärliklidir. Geçen çärýek asyrlyk tejribe Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň milli, sebit we halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm guralyna öwrülendigini aýdyň görkezdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şol wagtky agza döwletleriniň ählisiniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk