"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Hormatly raýatlar

Türkmenistanyň «türkmenistan» döwlet täjirçilik banky “maşgala” bank karty atly bank hyzmatyny hödürleýär “Maşgala” bank karty müşderiniň “Altyn asyr” bank kartynyň hasabynda bar bolan serişdelerden peýdalanmaga mümkinçilik berip, maşgala agzalaryna, şol sanda 7 ýaşdan uly çagalaryna:

TALYP GÖZELI — 2023

Her ýyl däp bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Halkara zenanlar güni mynasybetli, Nebit-gaz medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bilim ministrligi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen ajaýyp sözlerinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde, Halkara zenanlar güni mynasybetli, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşigini yglan etdi.

ŞADYÝAN KÖRPELER BÄSLEŞDILER

Iň eýjejik gyzjagaz — 2023 Ýurdumyzda ýaş nesilleriň, zehinli çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmek, täze zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýokary derejä eýe bolýar.  Ýürekleri buýsançdan, söýgüden pürepür zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän aýdym-sazly, döredijilik bäsleşikleriniň biri hem, Milli bahar baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2–4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşigidir.

Ýylyň şygaryna bagyşlanan bäsleşik

Biz daglara baksak, onuň beýikdigini aýtmazdan, belentlik hakynda oýlanýarys. Asmana garan mahalymyz, ümmülmez giňişlik baradaky pikirler hakydada orun alýar. Deňiz diýsek, ozaly bilen, çuňluk hakyndaky pelsepeler ýadymyza düşer. Şonuň ýaly, ýaşlyk diýilse hem, gujur-gaýrat, joşgun, hyjuw dogrusynda pikir ýöredip başlaýarsyň. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmenistanly ýaşlary galkyndyrdy, olary has joşgunly işlemäge ruhlandyrdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň bilelikde guramagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly 2023-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň geçirilmegi bolsa ýaşlaryň döredijilik ylhamyny joşdurdy. Çünki bäsleşige gatnaşmak we öz oýlanmalaryny, goşgularyny, makalalaryny okyjylar bilen paýlaşmak her bir döredijilik adamynyň baş arzuwydyr. Bäsleşigiň talyplaryň we okuwçylaryň arasynda yglan edilmegi, şeýle-de oňa žurnalistikanyň, edebiýatyň žanrlarynda ýazylan ähli makalalaryňdyr goşgularyň, oýlanmalaryňdyr söhbetdeşlikleriň kabul edilendigi ýaşlara döredijilik erkinligini berdi. Döredýän ýaşlaryň, şol sanda okuwçylaryň öz d

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, sebitde we dünýäde parahatçylygy we asudalygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak şu günüň esasy wezipeleriniň biridir. Ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmak, halkymyzyň medeni mirasyny, ruhy-ahlak ýörelgelerini nesilden-nesle geçirmek mukaddes borjumyzdyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny dabaralandyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň dünýäde parahatçylygy, asudalygy has-da berkitmek babatda öňe sürýän başlangyçlaryny goldamak, mähriban Watanymyzdaky parahat we asuda durmuşymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp üstünliklerini beýan edýän dürli görnüşdäki edebi eserleri ýazmaga ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, «Watan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen bilelikde «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly bäsleşigi yglan etdi.

ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda öňde goýýan belent wezipelerinden ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşige hödürlenilýän işlerde Garaşsyz ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şol sanda medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy anyk maglumatlar esasynda, gysgadan manyly beýan edilmelidir. Ob

Türk­men­ba­şy — Ga­za­gys­tan aralygynda awtomobil ýoly gurlar

Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi Aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny do­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky döw­let agent­li­gi­niň bu­ýur­ma­gyn­da «Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­tan ser­he­di» tä­ze, döw­re­bap aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň we onuň ug­run­da­ky des­ga­la­ry­ň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak bo­ýun­ça halkara bäsleşik yg­lan ed­ýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 20-nji martyndaky sanynda habar berildi. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy, Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde iň gowy makalalaryň we goşgularyň hem-de paýtagtymyzyň gözel künjeklerinden düşürilen fotosuratlaryň, kollažlaryň «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär

Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan islendik ýaşdaky ildeşlerimiz ozal başga neşirlerde çap edilmedik eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň maksady ýurdumyzyň baş şäheri bolan gözel Aşgabadyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky şöhratly ösüşlerini, Ýer ýüzünde asudalygyň, parahatçylygyň we dost-doganlygyň, sportuň merkezi hökmündäki belent abraýyny we kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbini, döwrüň belent ruhuny wasp edýän, halkymyzyň ajaýyp zamanamyza bolan buýsanjyny mynasyp şöhlelendirýän iň gowy eserleri okyjylar köpçüligine ýetirmekden ybaratdyr. Bäsleşige hödürlenýän makalalaryň möçberi 2 kagyzdan köp bolmaly däl. Olar «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» atly bäsleşige diýen ýazgy bilen «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasyna 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 10-una çenli gowşurylmalydyr. Bäsleşige hödürlenen makalalaryň, goşgularyň hem-de fotosuratlaryň iň gowulary gazetde çap ediler. Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.

Bildiriş

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 517-VI belgili kararyna, Medeniýet ministrliginiň 2022-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 286/3-Ö belgili buýrugyna laýyklykda, Köneürgenç etrabynyň Bereket oba medeniýet öýüniň mundan beýläk Köneürgenç etrabynyň Bereket şäherçe medeniýet öýi diýlip atlandyrylýandygy habar berilýär.

Hormatly Raýatlar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary üçin ýörite açylan «Bagtyýar nesil» atly möhletli goýumyny hödürleýär. «Bagtyýar nesil» möhletli goýumy ýyllyk 9 göterim bilen kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ene-atasy tarapyndan çaga kämillik ýaşyna ýetýänçä möhlete açylýar. Goýuma kabul edilýän pul serişdeleriniň iň az möçberi 200 (iki ýüz) manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmedikdir.

Bildiriş

Suwuň bioserişdelerini goramak, saklamak, balyklaryň tebigy ýagdaýda üznüksiz köpelmeklerini gazanmak maksady bilen, «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 42-nji maddasynyň 11-nji bendine laýyklykda, Ahal welaýatynyň çägindäki balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda 2023-nji ýylyň 20-nji martyndan 15-nji maýyna çenli balyk tutmaklyga çäklendirme girizilýändigini habar berýäris.

"AŞTU" ÝGPJ halkara bäsleşik yglan edýär

"Aşgabat şäher telefon ulgamy" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti aşakdaky lotlar boýunça tender yglan edýär Lot №1 - Optiki-süýümli kabeller bilen üpjün etmek

“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-030 belgili açyk halkara tender yglan edýär: Lot №1 – Demir ýol geçelgelerinde duýduruş ulgamy, aragatnaşyk we elektrik üpjünçiligi üçin materiallar we tehniki serişdeler

Bildirişler

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» kararyna, Medeniýet ministrliginiň 2022-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 286/3-Ö hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky 114-Ö belgili buýrugyna laýyklykda, Köneürgenç şäher medeniýet bölüminiň Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň, Köneürgenç şäher merkezi kitaphanasynyň hem-de 1-nji şahamçasynyň ýatyrylandygy habar berilýär. * * *

«Awtomobil ulag hyzmaty" sürüjilige işe çagyrýar

«D» topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejiribesi bolan sürüjiler «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan işe kabul edilýär. Munuň üçin AGPJ-den berlen bildirişde Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýyna ýüz tutmalydygy görkezilýär.

Hormatly raýatlar!

2023-nji ýylyň 14-19-njy marty aralygynda Ak bugdaý etrabynyň çäginde ulanylýan 57-lik bilen başlanýan alty belgileriniň başynyň 59-lyk belgä geçiriljekdigini habar berýäris.

Bildiriş

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Ak bugdaý etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaý salgysynda ýerleşýän Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň kiçi mejlisler jaýynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär we Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar. Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.