"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Milli Liderimiziň ynsanperwerlik ýörelgesi

Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk we abadançylyk bilen bagly döwletli ýörelgeleri tutuş dünýäde giň seslenmä, gyzgyn goldawa eýe bolýar. Milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň parahatçylygy we abadançylygy ugur edinmegi türkmen halkynyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň rowaçlanmagynda, şeýle-de, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda örän ähmiýetlidir we netijelidir. Aslyýetinde, halkymyzyň gadymy däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda hem adamlaryň parahat, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy bilen bagly ýagşy niýetdir arzuwlar bar. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda beýan edişi ýaly, halkymyz özüniň sag-aman, abadan ýaşaýyş hakdaky telwasly arzuwlaryny düýrmegi bilen dünýä ýaýmagy kemsiz başarypdyr, gymmatly sungat mirasyny döredipdir. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutn

Dünýäni bezeýän Watan waspy

Güldäne ÖWEZDURDYÝEWA, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen milli medeni merkeziniň başlygynyň orunbasary: — Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy dünýäniň çar künjünde mekan tutan arkadaşlarymyzyň başyny göge ýetirdi. Asyrlaryň dowamynda garaşylan ol arzyly gün ähli türkmen halky bilen birlikde, saý-sebäp bilen gaýry ýurtlarda mekan tutan türkmen doganlarymyzyň hem alnyndan ak Gün bolup dogdy. Geçen 30 ýylyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan içeri hem daşary syýasatda ýokary sepgitleri eýeläp, dünýä ýurtlary bilen halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny gazandy. Şol sanda iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary hem barha berkedi. Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyna «Aşgabat» seýilgähiniň hem-de Magtymguly köçesiniň görk bermegi iki dostlukly halkyň gadymy gatnaşyklarynyň döwrebap esasda barha jebisleşýändigine şaýatlyk edýär. Seýilgähiň içine gezelenç edeniňde ahalteke bedewleriniň şekili göwnüňi göterýär. Bu ýerdäki ähli zatlar bize ata Watanymyz Türkmenistany ýatladýar. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen belent derejesine mynasyp bolmagy her birimiz üçin şatlykly waka boldy. Munuň özi milli Liderimiziň dünýä ylmyna goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr.

Ykballara nur çaýan gün

«Garaşsyzlygyň eşretli zamanasy» atly makalalar toplumyndan Biz käwagt bir-iki günläp Günüň dogýan wagtyny gözegçilikde saklaýarys. Şonda üýtgeşik göze görnüp duran tapawudy görmeýärsiň. Soňra Günüň ýaşýan wagty bilen gyzyklanýarys. Ol hem göze ilip duran tapawudyň ýokdugyny görkezýär. Onsoň, günleri günlerden, aýlary aýlardan, ýyllary ýyllardan tapawutlandyrýan zadyň bolup geçýän wakalara baglydygy barada oýlanýarys. Bolup geçýän ajaýyp wakalar şol güni hakydalara ömürlik siňdirýär. Pikir öwürdigimizçe-de munuň, hakykatdanam, şeýledigine göz ýetirýäris. Üstünden 30 ýyla barabar wagt geçenem bolsa, şol ajaýyp güýz güni asyrlarboýy edilen arzuwlaryň wysaly bolup, göwünlere görk çaýýandyr. Türkmen halky ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan gününi mukaddeslikleriň hatarynda ýatlaýar.

Eneleriň ýürk arzuwy

Eneler öz mähri bilen bütin barlygy ýyladýar, tümlügi misli ýanyp duran şem kibi ýagtylandyrýar. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, ene mukaddesligi, ene söýgüsi barada ýazylýan eserler, aýdylýan aýdymlar, çekilýän suratlar, döredilýän heýkeller owadan dünýämizi has-da baýlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde şeýle setirler bar: «Biz eneleriň arzuwynyň geljegiň abadanlygydygy barada hemişe aýdýarys. Eneleriň arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr diýilýär. Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edinen perzendini enäniň yhlasy bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar. Ene — dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi». Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan bu kitabyň täsiri bilen biz žurnalyň şu sanynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen «Eneleriň ýürek arzuwy» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi çap etmegi makul bildik.

Asudalygyň täji (çeper oýlanma)

«Parahatlyk, ynanyşmak — ýörelge, Gahryman Arkadagymyz nusga, görelde!» atly bäsleşigine Ýürek mähriňe deňelýän ene ýeriň üstünde bolup geçýän ajaýyplyklar göwnüňe ylham berýär, bagtyýar durmuşa bolan ynamyňy, buýsanjyňy heýjana salýar. Her ýylymyz bir şygara beslenýän eziz Diýarym! Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy dabaraly baýram edilip, şan-şöhrata beslenjek 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen ada eýe boldy. Geçmişimize nazar aýlanymyzda, türkmen halkynyň ähli döwürlerde hem sabyrlylyk bilen parahatçylyga, dost-doganlyga, agzybirlige, ynsanperwerlige, goňşa mähriban bolmaga, myhmansöýerlige kalby bilen berlendigini duýýarsyň. Ene-mamalarymyzyň gürrüňini diňleseň, her bir meseläniň çözgüdinde «gowy diýseň gowy bolar» diýen pähime eýerilendigine gözüň ýetýär. Bu bolsa bir-birege ynamyň güýçli bolandygyny aňladýar. Ynanyşmak ähli üstünlikleriň seresi. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllarynda ynanyşmak ýörelgesini hemra edinen halkymyza öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlyk etmek bilen, ýurdumyzyň dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamakda, durnukly ösüşi pugtalandyrmakda abraýly döwletleriň hatarynda bolmagyna getirdi.

Göçme sergiler guralýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli mirasymyza bagyşlanan medeni çäreleriň geçirilmegi hem barha giň gerim alýar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde guralýan göçme sergileri görkezmek bolar. Şunuň bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümleriniň ýokary okuw mekdeplerinde gurajak göçme sergileriniň Tertipnamasy tassyklanyldy. Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi gurady. Muzeýiň gaznasynda saklanýan milli lybaslar, şaý-sepler, halylardyr el işleri, dürli saz gurallary, durmuşda ulanylýan esbaplar oňa tomaşa eden talyp ýaşlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Halkymyzyň milli däp-dessurlary häzirki bagtyýarlyk döwrümizi geçmiş taryhymyz bilen pugta baglanyşdyrýar. Şunda guralýan şeýle sergilere aýratyn orun degişlidir. Milli gymmatlyklarymyzyň Döwlet muzeýinde aýalyp saklanylýan asyl nusgalary milli mirasymyzyň üsti bilen ýaş nesilde watançylyk duýgusyny terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 12-nji fewraly) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly adamlar!

Türkmenistan — bagy-bossan

Her ýylky nahal ekmek däbine eýerýän bagtyýar halkymyzyň kalby täze ruhy joşgundan pürepürlendi. Bu belent hyjuw-hyruç hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmekden gözbaş alýar. Häzirki wagtda Garaşsyz Watanymyzyň goýry ýaşyl baglary hem ýurdumyzy, hem ömrümizi gözellige besleýär. Nahal ekýäs hatar çekip, nagyşlap,Baglar ýurdy — eziz Türkmenistanym!Ýaşyl ýaşaýyşy dünýä bagyşlap,Reýhan ýurdum — eziz Türkmenistanym!

Ata Watanymyzyň we eziz halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine

Eziz Diýarymyzyň syýasy durmuşynyň hem-de Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň depgini barha ýokarlanýar. Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimizň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň täzeçillik häsiýetini aýratyn nygtamak gerek. Döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda innowasion ugur boýunça milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna geçmek hem-de döwlete degişli bolmadyk pudagy ösdürmek, sanlylaşdyrmak işlerini işjeňleşdirmek hem-de halkara gatnaşyklaryny giňeltmek babatdaky bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny kesgitledi. Milli Liderimiz dürli pudaklary ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatlarynda giň gerimli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ösüşiň täzeçil usullaryna we ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan ägirt uly hem-de sazlaşykly işleriň ýerine ýetirilmelidigine ünsi jemledi. Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de halkara abraýyny artdyrmak we ykdysady kuwwaty has-da ýokarlandyrmak milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň baş maksadydyr. Bu ata Watanymyzy gülläp ösüşe, ählumumy bolçulyga we abadançylyga alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 12-nji fewraly) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 12-nji fewraly) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Durnukly ösüşiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrüň talabyna laýyk hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça täzeçe çemeleşilmegine şert döredýär. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Ýaşlaryň okamagy we zähmet çekmegi, durmuş taýdan goraglylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, «Bilim hakynda», «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

Zähmet üstünliklerine ruhlandyran dabara

2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyna mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Bagtyýar zaman obasynda geçirilen dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Medeniýet öýünde geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ähli ilatyna iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň örän möhümdigini belledi.

Päk zähmetiň höziri

Adamzat taryhyna we medeniýetine saldamly goşant goşan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Bu gün ýaşyl Tugy al-asmanda parlaýan Garaşsyz döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde pajarlap ösýär, ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Şeýle abadan, asuda durmuşda ýaşaýan halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly-uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Ýurdumyzda halal zähmet çekeniň hemişe sarpasy belent tutulýar. Gahryman Arkadagymyz zähmetsöýerligiň nusgalyk göreldesini görkezýän ildeşlerimiziň armasyny yzygiderli ýetirip, olara özüniň Şa serpaýlaryny ýapýar. Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen, Daşoguz welaýatynyň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň, etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi hem-de S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy etrabyň ýaşaýjylary we bütin halkymyz üçin ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Munuň özi dana halkymyzda «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, ähli watandaşlarymyzy

Hasyl bolan arzuwlar

Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde adam hukuklaryny berjaý etmekde Türkmenistan oňyn tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty esasynda, ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça dowamly işler alnyp barylýar. Raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesiniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynda adam baradaky aladalaryň ilkinji orunda durýandygyny äşgär edýär. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkemegi, işgärlerimiz üçin döwrebap şertleriň döredilmegi, her bir harby gullukçynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi, raýatlarymyza ýokary hilli migrasiýa hyzmatlarynyň berilmegi üçin kämil, döwrebap tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy biziň işe bolan hyjuwymyzy artdyrýar we harby gulluga bolan borçlarymyzy has-da ýokarlandyrýar.

Döwrüň ýalkymy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir şanly senäni mynasyp dabaralandyrmak, toýlary uludan tutmak ajaýyp däbe öwrüldi. Baýramçylyk dabaralarynyň halkara derejesinde guramaçylykly geçirilmegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň giňden wagyz edilmegi, dünýä nusgalyk syýasaty durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň mertebesini has-da belende göterýär. Şol dabaralaryň içinde halkara we ylmy maslahatlaryň, bäsleşikleriň, medeni sport çäreleriniň, media-forumlaryň, brifingleriň we metbugat konferensiýalarynyň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Üstünlige rowana

Eziz Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi. Bedew bady bilen öňe batly gadamlar urýan mähriban Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisde ýene bir şatlykly habar yglan edildi. Ýagny, 2020-nji ýylyň başynda ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi. Netijede iň gowy etrap diýlip, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby saýlanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu etrabyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda degişli resminama gol çekmegi bizi şatlandyrdy.

Beýik işleriň badalgasy

Täze taryhy eýýamda döwletimiziň berkararlygyny, döwrümiziň bagtyýarlygyny dabaralandyrýan işleriň her biri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti we çuňňur paýhasyndan, oýlanyşykly hem öňdengörüjilik bilen kabul edýän çözgütlerinden gözbaş alýar. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy ösdürmäge, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen Kararlary halka daýanyp amala aşyrýan beýik işleriň badalgasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň her birine möhüm ähmiýet berýär. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlislerini, iş maslahatlaryny geçirende döwlet durmuşyna degişli meselelere garap, öňde durýan wezipeleri kesgitläp, olaryň her biri boýunça çözgütleri kabul edýär.

Bagtyýarlygyň aýdyň nyşany

Döwlet özygtyýarlygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy, ýurdumyzda her bir raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar berkidilen. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýär. Bu taryhy sene ähli ildeşlerimizi buýsanja besleýär, göwün guşuny ganatlandyrýar. Halkymyz üçin Garaşsyzlygyň örän arzylydygy medeni mirasymyzyň çeşmelerinde, hususan-da Magtymguly Pyragynyň goşgusynda beýan edilendir. Şahyryň: “Berkarar döwlet islärin” diýen arzuwynyň Garaşsyz döwletimizde amala aşandygynyň mysalynda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasaty netijesinde has rowaçlanýandygynda aýdyň görünýär.

Milli ýörelgeleriň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşi nazarlaýan giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda höküm sürýän asudalyk dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine badalga bolýar. Milli Liderimiziň ýöredýän hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri bilen köpugurly we giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Asudalyk, parahatçylyk, erkinlik şemaly çaýylan Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasynda berkarar bolan türkmen döwletinde durmuşa geçirilýän taslamalar giň göwrümliligi, milliligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň her obanyň, şäheriň, welaýat we etrap merkezleriniň gülläp ösüşlerini üpjün etmek maksatnamalary esasynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler halkymyzyň bagtyýarlygynyň güwänamasydyr. Ýurdumyzda gurluşyklaryň gerimi gün-günden giňeýär. Gurulýan owadan, kaşaň binalaryň sany barha artýar.