"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

6. Medeniýet ulgamy Milletiň ruhy kuwwatyny artdyrmagyň netijeli guraly hökmünde medeniýet ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Ösüşiň täze sepgitlerine tarap

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen uly üstünliklere beslenip başlanan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz özüniň ösüşli ýoluny ynamly dowam edýär. Ykdysadyýetimizi, senagatymyzy we halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmekde, demokratik ýörelgelerimizi pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda, ata Watanymyzyň dünýä möçberindäki at-abraýyny has-da belende götermekde, bilimi we ylmy kämilleşdirmekde, giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary we halkara taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda ägirt uly işler edilýär. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, bu wajyp senäni uly ruhubelentlik hem şowhun-şagalaň bilen belläp geçer. Günsaýyn gülleýän döwletimiziň baş baýramyny ähli pudaklarda gazanylýan uly üstünlikler bilen garşy almak ugrunda taýýarlyk görýän watandaşlarymyzyň zähmet ýeňişleri ählimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýar. Ýokarda aýdanlarymyzy üstümizdäki ýylyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hem doly subut edýär. Bilşimiz ýaly, bu mejlisde 2020-nji ýylda, ýagny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garalyp, şu ýyl üçin ata Watanymyzy durmuş

Saýlawlar ― milli demokratiýanyň kepili

Bu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 28-nji martynda boljak saýlawlar Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda barha dabaralanýan demokratik özgertmeleriň ýolunda möhüm ädimdir. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde kanun çykaryjy edaranyň wekilligine iň mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi bilen bagly işler aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Çünki dalaşgärlige dürli pudaklaryň wekilleri bolan il içinde uly abraýdan peýdalanýan, tutanýerli zähmet çekýän adamlaryň hödürlenilmegini gazanmak agzalan Toparyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzirki wagta çenli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 48 mandatyna 15-si Ahal welaýatyndan, 15-si Balkan welaýatyndan, 9-sy Daşoguz welaýatyndan, 16-sy Lebap welaýatyndan, 15-si Mary welaýatyndan hem-de 11-si Aşgabat şäherinden bolan 81 dalaşgär hödürlenilipdir.

Hoşniýetli goňşuçylygyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde Russiýa döwleti, onuň sebitleri bilen uzak taryhdan gözbaşly gatnaşyklarymyz täze mazmuna laýyk ösdürilýär. Bu babatda türkmen doganlarymyzyň üç müňe golaýynyň kowçum bolup ýaşaýan Astrahan welaýaty hem aýratyn üns bererlikdir. Çünki milli Liderimiziň belent ynsanperwerligi netijesinde, 2015-nji ýylyň başynda Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda orta mekdep gurmaklyga niýetlenen gurluşyk serişdelerinden ýüklenen «Berkarar» atly gämi-paromyň ilkinji ýüzüşini Astrahana amala aşyrandygy hemmeleriň ýadyndadyr. Türkmen telekeçileri tarapyndan döwrüň innowasion enjamlary bilen üpjün edilip gurlan ol mekdepde häzirki wagtda türkmen çagalary bilen birlikde, beýleki halklaryň ýaşlary-da bilim alýarlar. Golaýda bolsa hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, ýene-de bir Buýruga gol çekdi. Ol resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, azyk önümlerini we harytlary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 106-njy mejlisiniň 73-nji maslahatynda kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama hem-de milli Liderimiziň teklibi esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmak hakynda kabul eden Kararyna buýsançnama. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ýagşylar ýagşylyk goýar dünýäde

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, döwletimiziň hem jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlary, has takygy, milli nebitgaz ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine hem-de onuň işiniň has-da kämilleşdirilmegine, şu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna goşan şahsy goşandy üçin Ýagşygeldi Kakaýewiň ady bu pudagyň ýokary okuw mekdebine dakyldy. Bu ýakymly waka ýagşy adamyň ýatdan çykmaýandygy hakyndaky hakykat bolup, kalbymyzy nurlandyrdy. Ol döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanylýan «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ajaýyp wakalarynyň biri bolup taryha ýazyldy. Ýene bir üýtgewsiz hakykat, milli Liderimiziň: «Görnükli ildeşlerimizi hatyralamak, olaryň atlaryny ebedileşdirmek we nesillerimiz üçin saklap galmak biziň ählumumy borjumyzdyr» diýen sözleri asylly däbe öwrülip, durmuşymyza ornaşyp barýandygyna her birimiz şaýatdyrys. Halypa hatyrasy

Beýik işler buýsandyrýar her kimi

Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny dabaraly geçirmek barada aýdanlaryndan ruhlanyp, şu günler ähli watandaşlarymyz bu şanly senäni mynasyp garşylamak höwesi bilen hyjuwly işleýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň, turuwbaşdan, göwün göteriji üstünliklere beslenip başlanmagy, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmeli desgalary birjik-de nazaryndan düşürmän, häli-şindi olarda işleriň gidişi bilen tanşyp durmagy bolsa halkymyzyň öz öňünde goýan maksadyna abraý bilen ýetip, Baş baýramymyzy zähmet sowgatlary bilen garşylajakdygyna ynam döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz şu günler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we taýsyz tagallalary netijesinde öz ösüşinde uly özgerişlikleri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyry tehnologiýalaryň çalt döwrebaplaşdyrylmagy, ähli pudaklara sanly ulgamyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň gurluş düzüminiň kämilleşdirilmegi, täze önümçilikleriň döredilmegi we hususy bölegiň ösdürilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Netijede, biziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bagtyýarlygyň röwşen şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşler bütin ýurdumyzy gurşap alýar. Şöhraty dünýä dolan ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça maksatnamalary giň gerimde amala aşyrylýar we öz oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň döwletli Kararlarynyň durmuşa geçirilýändiginde has aýdyň göz ýetirýäris. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmekde aýratyn ähmiýetli möhüm ugurlardyr. Mälim bolşy ýaly, islendik ýurduň milli ykdysadyýetiniň depginli ösüşi, ozaly bilen, şol ýurduň bilim ulgamynyň kämilligine, döwrebaplygyna baglydyr. Öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli hem-de ygtybarly usullarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyny talap edýär. Durnukly ösüşi bilen dünýäni haýrana goýýan Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleri herekete girizilýär. Şunda senagat önümçiligini ýola goýmak, ösen innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiligini giňden peýdalanmak, sanly ulgamy ösdürmek ýaly möhüm ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

TÄZE SAHNA ESERLERI AHAL. Kaka etrabynyň medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň agzybir döredijilik topary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ildeşlerimize toý sowgady boljak täze eserleri taýýarlaýarlar. Şu günler teatryň sahnasynda Aşyr Mämiliýewiň «Duralgada duran», Berdi Bäşimowyň «Kime jaý gerek, kime taý» atly eserleri esasynda sahna oýunlarynyň üstünde işlenilýär. Aýmämmet Işangulyýewiň «Jadyly söz» atly gurjak oýny hem körpe tomaşaçylara özboluşly sowgat bolar.

Röwşen geljegiň binýady

Ýaş nesli ata Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek, olary ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede, sanly bilim ulgamyndan ussatlyk bilen baş çykarýan, bilimli, terbiýeli, sagdyn bedenli hünärmenler edip ýetişdirmek döwrüň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Watany söýmek, goramak, onuň dünýädäki at-abraýyny ýokary götermek belent borçdur. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ýaly ajaýyp eserlerinde hem Watanyň ezizligini kalbyňa siňdirip, oňa ak ýürekden gulluk etmegiň belent borçdugy beýan edilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda Watan goragçylary hakyndaky alada hemişe üns merkezinde saklanylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň, Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň hem-de olara watançylyk terbiýesiniň berilmeginiň wajypdygyny nygtap belledi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara Meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň we çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Arkadagly Aşgabady söýýäs biz!

Aşgabat! Bu nurana sözi aýdan dessine Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň islendik raýatynyň kalbynda buýsanç artýar. Biz «Aşgabat» diýenimizde, ak şäherimizi diňe bir ýurdumyzyň paýtagty hökmünde däl-de, Watanymyzyň ýüregi, ýurdumyzyň kuwwaty, halkymyzyň guwanjy hökmünde söýgüleýäris, ezizleýäris. Biz «Aşgabat» diýenimizde, Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan bina bolan, abadançylygyň, rowaçlygyň, gülleýşiň, dost-doganlygyň mekanyna öwrülen ak şäherimizi uly buýsanç bilen mertebeleýäris, hormatlaýarys, söýýäris. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aşgabat şäheri tanalmaz derejede özgerýär, ösýär, gülleýär. Bedew batly ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň nyşanyna öwrülen Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň kämil binagärlik, şähergurluşyk maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabatda dünýä derejesindäki kaşaň myhmanhanalar, döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, iri söwda-dynç alyş merkezleri, saglyk, anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, sport toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, nurana şaýollar... yzygiderli gurulýar. Bularyň ählisi halkyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde gözel paýtagtymyzyň kämil binagärlik keşbiniň kemala getirilmegine, Aşgabatda alnyp barylýan şähergurluşyk işleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ak

Diýarymyz — parahatçylygyň, ynanyşmagyň watany

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işler özüniň oňyn netijelerini berip, eziz Diýarymyz uly ösüşlere eýe bolýar. 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny nazarda tutýan beýik işleriň amala aşyrylmagy hem munuň şeýledigine aýdyň mysaldyr. Her ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän ençeme durmuş-medeni desgalaryň bina edilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, kärhanalaryň öndürijilikli zähmet çekmäge gönükdirilýän işiniň döwrebap ýola goýulmagy, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan yzygiderli goldawlaryň berilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ugrundaky işleriň miweleridir. Gahryman Arkadagymyz diňe bir ýurdumyzda abadançylygy, parahatçylygy berkitmek ugrunda beýik işleri ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylygyň, dost-doganlyk ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde dabaralanmagyny maksat edinýän başlangyçlary amala aşyrmakda hem dünýä nusgalyk işleri alyp barýar.

Ata Watanymyzyň rowaç menzilleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şonda dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlige garamazdan, döwletimiziň geçen ýylda we häzirki wagtda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň durnukly bolmagynda galýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip: «Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3, söwdada 15,1, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy. Biz 12 müňe golaý täze iş ornuny döretdik. Puluň hümmetsizlenmegini bellenen çäklerde saklamak başartdy. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi» diýip belledi. Şeýle hem geçen aýda 2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň 17,8 göterim artandygyny nygtamalydyrys. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim ýokarlandy.

Bedew batly ösüşler — röwşen geljegiň nury

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda ösüşleriň milli ýoluny kemala getirip, dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Geçen ýyl, ýagny, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda berkarar Diýarymyz hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny halkara hyzmatdaşlygynda, şeýle hem halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda bitirilen beýik işler bilen uludan belläp geçdi. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Mähriban halkymyz uly toýlara beslenýän şanly ýylymyzyň ilkinji günlerini hem dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döreden, halkara durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan iri desgalaryň, ýagny, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda teleköpri arkaly Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de üstaşyr akymlarynyň ulanylmaga berilmegi bilen garşylady.

Köňüller buýsanja beslenýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlary bilen Türkmenistan döwletimiziň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi boldy. Resminamada «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» yglan edilmeginiň parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere, hususan-da, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenilýär. 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini tassyklaýar. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär. Bu resminamada Garaşsyz ýurdumyzyň taryh taýdan gysga möhletiň içinde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine es

Şan­ly ýyl şöh­rat ge­tir­ýär

2021-nji ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edil­me­gi hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­dy. Bu şy­gar hal­ky­my­zyň hoş­ni­ýet­li­lik, dost-do­gan­lyk, bi­rek-bi­re­ge he­ma­ýat et­mek, ar­ka­laş­mak ýaly asylly ýö­rel­ge­le­ri­niň mynasyp dowam etdirilýändigini ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň­ly­gy bi­len açyp gör­kez­ýär. Ýur­du­myz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, äh­lu­mu­my howp­syz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň aja­ýyp şy­ga­ry bu mak­sat­la­ryň, asyl­ly iş­le­riň be­lent bin­ýa­dy­dyr. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ýa­şa­ýyş-dur­muş pel­se­pe­si­niň öze­ni­ni düz­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len ber­kit­mek hal­ky­my­zyň Oguz han Türkmeniň za­ma­nyn­dan bä­ri yg­rar­ly ýö­rel­ge­si­dir. Şol ýö­rel­ge hä­zir­ki gün­de za­ma­na­bap maz­mun­da Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­niň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da ta­rap­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni hiç bir ba­bat­da üns­den dü­şür­me­ýän yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­dyr. Mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­li

Bag­la­ra ide­g edil­ýär

Ha­lal iş­läp, ha­lal ba­ýa­mak döw­let­li­lik­den ny­şandyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz «Çek­seň zäh­met — ýa­gar rähnet» di­ýip ýö­ne ýe­re aýt­man­dyr­lar. Şo­nuň üçin hem ga­dy­my Le­bap top­ra­gy­nyň ba­ba­daý­han­la­ry­nyň-da hä­zir­ki wagt­da äh­li üns-ala­da­la­ry, ba­şar­nyklary, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti saçak­la­ry­my­zyň rys­gal-be­re­ke­di­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Gyş gün­le­ri bag­la­ra ideg et­mek olar­dan bol mi­we al­ma­gyň ala­da­sy­dyr. Bag­lar — bi­ziň dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi. Ola­ra öz wag­tyn­da we göw­ne­jaý ideg edil­me­gi hem esa­sy ta­lap­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu işe us­sat­lyk bi­len höt­de gel­ýän bag­ban­la­ryň bi­ri hem Ha­laç et­ra­by­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gi­niň 3-nji kä­ren­de­çi­ler to­pa­ry­nyň bag­ba­ny An­na­gel­di Gal­ka­now­dyr. Bu kä­ren­de­çi­ler topa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Al­la­be­ren Abdy­we­li­ýew, baş ag­ro­no­my Mer­dan Ça­ry­ýew da­gy bag­ban An­na­gel­di aga­nyň ba­ga ber­ýän ide­gin­den ju­da ho­şal. An­na­gel­di Gal­ka­now hä­zir­ki wagt­da 1,6 gek­tar ýer­de ýer­leş­ýän ba­gy­na ideg ed­ýär.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Kalby ylham-joşly ýyllar ak geljegiň buşlugynda,Gujagynda dostluk güller parahatlyk joşgunynda,Tarypynda saýrak diller, eneleriň şatlygynda,Milli Lider — dünýä ykrar, nura besleýär jahany,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Egsilmez rysgal eçilýär mukaddes Watan ýerleri,Kalplara ýalkym saçylýar, ak ýolda bagtyň kerweni,Şöhratly menzil geçilýär, Arkadag — Watan Serweri, Ak bagtynda tämiz asman, Aşgabat — merjen şäheri, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Watan – başymyzyň täji

Ata Watan, ene toprak. Bu mukaddes jümleler ynsanyň doglan gününden başlap, onuň kalbynda mizemez orun tutýan tebigy duýgudyr. Çaga doglan gününden başlap, öz mähriban topragynyň howasyndan dem alýar, ösýär, ulalýar, kämilleşýär. Meniň Watanym — Türkmenistan. Bu toprak merdi-merdana gerçekleriň, akyldarlaryň önüp-ösen topragy. Bu toprak — keramatly-keremli. Bu ýerler her bir dänäň müň bolup, gaýdyp gelýän topragy. Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyz gün-günden gözelleşýär, özgerýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar üçin, ýaşlaryň sagdyn geljegi üçin edýän aladalary rowaç alsyn! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!