"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Arkadagyň göreldesi bilen bedew batly sepgitlere

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp, bu ýerde milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşmagy we olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etmegi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowamata atarylýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Gahryman Arkadagymyzy akademiýanyň ýapyk manežinde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy. Ussat halypa atşynas hormatly Arkadagymyz körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy.

Ýeňişli günlere ýetirenlere baky şöhrat!

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Häzirki wagtda bu nurana baýramy bellemek bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň ählisine hoşallyk duýgusyny beýan edýäris. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Ýeňiş güni mynasybetli 9-njy maýda Moskwada geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanda geçirilen dabaraly harby ýörişe syn etdi.

Azyk önümçiliginde gazanylanlar we täzeçillikler

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda dowam edýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem açyp görkezýär. Türkmenistan üçin azyk howpsuzlygy diňe bir döwletiň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny gorap saklamagyň möhüm şerti bolman, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün edýän, azyk, çig mal babatda daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeli ösmegine, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmaga mümkinçilik berýän milli, sebitleýin azyk bazarlarynyň ykdysady baglanyşygyna goldaw bermegiň hem wajyp esaslaryny emele getirýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny gazanmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdi, birinjiden, sagdyn iýmitlenmek üçin ýeterlik derejede önümler bilen üpjün etmegi goldamakdan, ikinjiden, importyň möçberlerini azaltmakdan, bu önümleri öndürijileriň bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.

Rowaçlyklaryň kämil binýady

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Şoňa görä-de, her ýylyň 18-nji maýynda Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan milli baýram hökmünde bellenilýär. Bu baýramyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň hatyrasyna bina edilen ägirt uly heýkeliň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen utgaşdyrylmagy umumadamzat gymmatlyklaryna ruhy we medeni taýdan möhüm goşant goşan türkmen halkynyň beýik döwre ýetip, mizemez berkarar döwlet gurandygyny dünýä äşgär edýär. Hukuk nazaryýetinde «konstitusiýa» diýmek, gadymy latyn dilinden gelip çykan halkara adalga bolup, durnukly gurluş düzümi, gurmak, döretmek ýaly manylary aňladýar. Ol ýurduň hukuk binýadyny emele getirýän, halkyň erk-islegini beýan edýän esasy hukuk resminamasy hökmünde ykrar edilýär. Döwlet nyşanlarymyz bolan Konstitusiýa we ýaşyl tugumyz döwletiň gözbaşynyň halkdygyny, iň ýokary gymmatlygynyň adamdygyny alamatlandyryp, olarda türkmeniň milli, medeni, ruhy gymmatlyklary jemlenýär.

Milli biosenagaty döretmekde möhüm ädim

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekde möhüm ädime öwrüldi. Täze Maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Onda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Akyldaryň goşgulary Şewçenkonyň dilinde

Beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň köptaraplaýyn döredijiligi bu gün bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Ýer ýüzüniň çar künjeginde dürli mazmunly çäreleriň geçirilmegi, ylmy işleriň ýazylmagy, şygyrlarynyň dürli dillere terjime edilip, kitap görnüşinde okyjylara ýetirilmegi-de muňa doly güwä geçýär. Golaýda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy «Magtymguly Pyragy. Ylham» atly edebi-çeper neşiriň çapdan çykandygyny habar berdi. Häzire çenli söz ussadynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen iň doly ýygyndysy bolmagy kitabyň esasy aýratynlygydyr. Täze neşir «Magtymguly Pyragy we onuň Ukrainadaky sözi» atly sözbaşyny hem-de şahyryň ukrain dilindäki şygyrlarynyň 204-sini öz içine alýar. Onuň ussadyň «Türkmeniň» goşgusyndan setirlerdir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dürdäne jümleleri bilen açylmagy özboluşly mana eýedir. Neşiriň awtory we düzüjisi köp ýyllaryň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenip, ony diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de işjeň wagyz eden alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Waskiwdir.

«Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna...»

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip buýsançly at berlen 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy milli hem-de halkara derejede giňden bellenilýär. 17-nji maýda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň ägirt uly heýkeliniň dabaraly açylmagy bolsa halkymyzyň öz milli şahyrynyň ömrüne, döredijilik mirasyna goýýan çuňňur hormatynyň aýdyň nyşany hökmünde äleme ýaýyljak ajaýyp waka öwrüler. Şunda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde beýik şahyryň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyza degişlidigi, Milli Liderimiziň teklibi esasynda toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň hem heýkelleriniň oturdylmagy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi olarda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar.

Suratlarda Watan waspy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi. Ýakynda bolsa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlary geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag we Aşgabat şäher hem-de welaýat geňeşleri tarapyndan guralan bäsleşiklere gatnaşyjylar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda çagalaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmeginiň ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini, zehinini açmak bilen birlikde, olaryň mähriban Watanymyza, sahawatly topragymyza bolan söýgüsini has-da artdyrmaga ýardam berýändigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydy

Milli döwletliligiň aýdyň şöhlelenmesi

Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly we deňhukukly agzasy bolmak bilen, halkara hukugyň kadalaryny ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny yglan etdi. Şeýlelikde, Garaşsyz, özygtyýarly döwletimizde umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alnyp, ýurduň Esasy Kanunynda demokratik ýörelgeler, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmek, döwlet dolandyryşynyň hukuk binýady berkidildi. Onuň mazmunyny döwlet häkimiýeti, gurluşy, eýeçiligiň görnüşleri, şahsyýetiň hukuk ýagdaýy baradaky kadalar düzýär. Her ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi, konstitusion özgertmeleriň ösüş ugurlary durmuş-ykdysady we syýasy häsiýetli sebäpler bilen şertlendirilen. Konstitusiýa, ilkinji nobatda, özünde şol jemgyýetdäki eýeçiligiň we ykdysady işiň guramaçylygynyň görnüşlerini, döwletiň raýatlarynyň olara gatnaşygyny beýan edýär. Adamlaryň jemgyýetde we döwletde ýaşamagynyň esasy düzgünlerini, olaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny berkidýär. Şol sanda ýurduň häkimiýet ulgamyny, onuň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, döwlet edaralarynyň ulgamyny, ilatyň öz-özüni dolandyryşynyň esaslaryny kesgitleýär. Döwletiň we hukugyň nazaryýeti jähetinden Konstitusiýanyň esasy iki wezipesi bolýar. Birinjisi, tutuş jemgyýetiň we döwletiň gurluşynyň, ýurduň döwlet häkimiýetiniň häsiýetleriniň, şahsyýetiň hukuk ýagdaýynyň esaslar

Azyk senagaty: usullar, tejribeler, mümkinçilikler

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Üç günläp dowam edýän giň gerimli gözden geçirilişde ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, daşary ýurt kompaniýalary bu ýerdäki öz diwarlyklarynda oba hojalyk we azyk senagatynyň dürli ugurlarynda öndürýän önümleri, ýerine ýetirýän işleridir hyzmatlary, olarda ulanylýan nou-haular, innowasion tehnologiýalar, usullar bilen tanyşdyrýarlar. Biz hem sergä gatnaşyjylaryň käbiriniň bu ugurdaky pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirdik. Sonagül KÖSÄÝEWA,Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Abadan» önümçilik kärhanasynyň barlaghana müdiri:

Desterhanlar nygmatly — ýaşaýyş abadan

Ilaty zerur azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, senagat kärhanalarynyň gerekli çig mallara bolan isleglerini kanagatlandyrmak welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleriniň baş maksatlarynyň biridir. Olar üstümizdäki ýylda hem artdyrylan gaýrat bilen yhlasly zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde öndürilýän önümleriň möçberleri barha artmak bilen. Şanly ýylyň geçen dört aýynda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 5,5 müň tonnadan gowragy, limonyň 37,7 tonnasy öndürildi. Şonda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,1 we 0,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Parla, ýaşyl Baýdagym!

Gujagy läle-reýhan, gül getiren baharly,Watanmyzyň buýsanjy, parla, ýaşyl Baýdagym!Ak arzuwly, göwni Gün deý mahirli Il-günümiň guwanjy, parla, ýaşyl Baýdagym! Gül roýuňa siňipdir bagtly halkyň ykbaly,Pederleriň paýhasy, nesilleriň ygrary,Garaşsyz hem Bitarap ülkämiziň ykraryGöwünleriň daýanjy, parla, ýaşyl Baýdagym!

Milli mukaddesliklere tagzym

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 18-nji maýynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 32 ýyllygy bellenilip geçiler. Bu döwrüň içinde ýurdumyzyň Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň okgunly ösüşiniň wajyp ugurlaryny kesgitleýän Esasy Kanuna öwrüldi. Bu döwrüň içinde keşbine ýazyň röwşi çaýylan ýaşyl baýdagymyz, gör, näçe gezek, diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýäniň çar künjünde gazanylan üstünliklerimiziň şanyna al-asmana göterildi?! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata Watanymyzyň abadançylygynyň kepili, agzybir halkymyzyň erkana ýaşaýşynyň we şöhratly ýeňişleriniň ruhy gözbaşy bolan milli Konstitusiýamyz we ýaşyl baýdagymyz halkymyzyň buýsançly taryhynyň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar ýaşaýşynyň we beýik geljeginiň ajaýyp şuglasydyr.

Döwletliligiň mizemez ýörelgeleri

Milli Konstitusiýamyz hem-de Döwlet Baýdagymyz özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzda gazanylýan ösüşleriň, özgerişlikleriň kanunçylyk esasy hem-de ýörelgeleýin binýady bolup durýar. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek üçin kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek işlerini wajyp meseleleriň hatarynda goýdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Konstitusiýa ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär.

Baky bagtyýarlygyň binýady

Baýdak Ýer ýüzünde her bir döwletiň resmi taýdan ykrar edilen döwlet nyşany, şeýle-de her bir halkyň ykbalyny, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň mukaddes düşünjelerini bitewüleşdirýän gymmatlykdyr. Baýdak her bir ýurduň esasy döwlet nyşany bolup, şol halkyň garaşsyzlygyny, erkinlik hakyndaky düşünjelerini alamatlandyrýar. Konstitusiýa bolsa döwletiň hukuk gurluşyny, ykdysady, syýasy ýörelgelerini kesgitleýär. Baş Kanunymyzyň türkmen jemgyýetinde agzybirligi we galkynyşy üpjün etmekdäki ähmiýeti juda uludyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň Esasy Kanuny mizemez kadalary saklap galmak bilen birlikde döredijilikli ösdürilýän resminama hökmünde kämilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerinden täzeçe görnüşde peýdalanylýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle çemeleşme kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda we ösdürmekde özüniň netijeliligini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan konstitusion özgerişlikler galkynyşly döwürde täze kanunlaryň gaýra goýulman, kabul edilmegini we olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny ündemeklige gönükdirilendir. Bu bolsa, öz gezeginde, mundan beýläk-de döwleti demokratiýalaşdyrmak we hukuk döwletini gurmak ýolundaky ädimlerdir.

Türkmenistan – bagtly mekan

Türkmenistan — bagtly mekan, rowaçlanyp öňe barýar,Watanmyzyň mertebesi al-asmana — arşa galýar.Päk ýürekli türkmen aga, şuglaly ak daňa barýar,Çünki biziň arkamyzda Arkadagym — Merdanym bar, Ýurduň keşgin çekip barýan Arkadagly Serdarym bar.Hana üste hana açýar gowaçalar pellermizde,Rysgal-döwlet egsilmeýär, erkimiz öz ellermizde.Begenjimiz-buýsanjymyz — Watan waspy dillermizde,

Beýik taryhyň takyk beýany

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda taryhy maglumatlaryň üsti bilen gadymy şäheriň şanly geçmişi dabaralandyrylýar. Kitabyň mazmunynyň arheologiki tapyndylara, häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanmagy taryhçylar bilen birlikde ýaş nesliň hem her birinde uly gyzyklanma döredýär. Kitapda Änew medeniýetini ilki açan amerikaly alym Rafael Pampelliniň, şeýle-de Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde ýüze çykarylan maglumatlar barada gürrüň berilýär. Kitabyň her baby türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli-medeni gymmatlyklaryny, baý medeni mirasyny, ruhy däp-dessurlaryny gorap saklamak we ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler barada umumy düşünjäňi baýlaşdyrýar.

Döwlet berkararlygynyň nyşany

Ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň agzybirliginiň, asudalygynyň we parahat durmuşynyň aýdyň nyşanydyr. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz goşa baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir» diýen sözleri bu gün berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerinde dabaralanýar. Döwlet baýdagymyzy we Esasy Kanunymyzy dabaralandyrýan bu baýram halkymyzyň giň gerimde we agzybirlikde belläp geçmegi jemgyýetimiziň beýik watansöýüjilik ýörelgeleriniň belent ykrarnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Döwlet baýdagy jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanyp, pederlerimiziň paýhasynyň kämil binýadydyr. Döwletimiziň Esasy Kanuny milli demokratiýamyzyň iň kämil derejesi bolmak bilen, raýatlarymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyny, işlemegini, bilim almagyny, döredijilikli zähmet çekmegini, erkinligini kepillendirýär.

Berkararlygymyzyň synmaz sütünleri

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Merdana ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamaklygy ündän wesýetlerine wepalylygymyzy, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygymyzy beýan edip we adamyň, raýatyň hukuklary, azatlyklary kepillendirilip kabul edilen Konstitusiýamyz milli döwletliligiň mizemez nyşany bolup durýar. Ol ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirmekde esasy ýörelgedir. Adam we onuň bagtyýar hem eşretli durmuşda ýaşamagy hakyndaky aladany ileri tutýan Esasy Kanunymyz jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hem raýatyň bähbitlerine hyzmat edýär, döwlet häkimiýet edaralarynyň öňünde adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek boýunça baş wezipeleri goýýar.

Umumadamzat bähbitli işler

Ýurdumyzyň daşary syýasatda alyp barýan işleri tutuş adamzadyň parahatçylykly, asuda, bagtyýar ýaşaýşy baradaky alada gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr hem-de berkarar döwletimiz üçin uly abraý-mertebedir. Ol ata Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda alyp barýan işleriniň tutuş dünýäde goldaw tapýandygynyň kepili bolup durýar. Dünýäde dostlugy dabaralandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine alyp barýan ynsanperwer işleri halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýar hem-de ýokary baha mynasyp bolýar. Muňa ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ençeme Kararnamalar şaýatlyk edýär. Bu resminamalar durnukly ösüşi gazanmakda, birek-birege hormat goýmakda, ynanyşmakda, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.