Arzuwlar wysal tapýar
Men 2024-nji ýyly hemişe uly ýakym bilen ýatlaryn. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralaryna beslenen ýylda ykbalyma welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymy bolmak, ýokary okuw mekdebine okuwa girmek we «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda öňe saýlanmak miýesser etdi. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda aýdym-saz sungaty okgunly ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň döredýän aýdym-saz eserleri we bu gadymy sungata bagyşlanan kitaplary bolsa bagşydyr aýdymçylar üçin ylham çeşmesidir. Ata-babalarymyzdan gelýän halk aýdymlaryny şirinligi bilen geljekki nesillere ýetirmekde «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi uly orna eýedir. Bu bäsleşigiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ýeňijisi bolmak meniň üçin belent mertebedir.