"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Sagdyn durmuşa çagyryş

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi Watanymyzda jemgyýetiň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladanyň gözbaşydyr. Çünki bagtyýarlyk saglykdan başlanýar. Golaýda Saglyk ýoluna guralan köpçülikleýin ýöriş hem watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwürmegini gazanmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol gün köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylaryň saglyklaryny berkitmek bilen birlikde, dag tebigatynyň maýyl ediji gözelliklerini synlandyklaryny hem bellemek gerek. Elbetde, Güýz paslynda gojaman Köpetdagyň etegi has-da gözel keşbe eýe bolýar. Tämiz dag howasynda goýry kölegeli baglaryň özboluşlylygyna syn edip, arassa hem giň ýollardan ynamly hereket etmek şähdiňi açýar, bedeniňi berkidýär we täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Dag gerişlerinden seleňläp görünýän paýtagtymyzyň gözelligi bolsa hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ýakymly duýgulary bagyşlaýar.

Melhemler hazynasy

Sahawatly türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň, aýdylyşy ýaly, sanasaň sogaby bardyr. Bu ösümlikler ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XVI jildini okap çykanyňdan soňra bu hakykat ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen dabaralanýar. Gymmatly gollanma bolan ylmy-ensiklopedik eseriň täze jildi türkmen halkynyň Milli Lideriniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenen ajaýyp kitaplarynyň üstüni ýetirdi. Onda jana şypa berýän dermanlyk ösümlikleriň 106-synyň melhemlik häsiýetleri, ýaýran ýerleri, tebigy gorlary, olardan derman taýýarlanylyşy hem-de lukmançylykda ulanylyş usullary barada jikme-jik söhbet edilýär. Kitapda öň öwrenilmedik we halk lukmançylygynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan dermanlyk ösümlikleriň suratlarynyň we olar baradaky ylmy maglumatlaryň ýerleşdirilmegi eseriň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy-ensiklopedik işiniň dowamy bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVI jildi ynsan saglygyny goramakda we dikeltmekde, fitoterapiýany ösdürmekde gymmatly çeşme hökmünde giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özünde jemleýär.

Behişdi bedewlere buýsanç

Bu gün ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek at çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplaryna laýyklykda guramak we geçirmek, şeýle hem ussat türgenleri ýetişdirmek, janköýerler üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabatda we welaýatlarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň birnäçesi guruldy, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenildi. Bu toplumlarda mähriban halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan, tebigat bilen sazlaşykda dörän gözelligiň ajaýyp nusgasyny alamatlandyrýan naýbaşy bedewleri ösdürip ýetişdirmek hem-de seýislemek üçin ähli şertler döredildi.

Pyragynyň goşgulary – durmuş mekdebi

Özüniň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ady halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýar. Akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda saglyk barada aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri, goşgulary bu gün ýaşlarymyzyň durmuş mekdebine öwrülýär. Magtymguly Pyragy şahyrana döredijiliginde sagdynlygy we ruhubelentligi, sagdyn durmuş ýörelgesini ilkinji orunda goýupdyr. Akyldar şahyr: «Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmazdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti, // Saglyk onuň soltanydyr» diýmek bilen, saglygyň gadyryny bilmegi, ony gorap saklamagy nesihat edipdir. Söz sungatynyň zergäri hasaplanylýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik duýulýar.

Welaýatlardan habarlar

Aja­ýyp za­ma­na­myz­da ge­çi­ril­ýän bedenterbiýe we sport çä­re­leri, bäs­le­şik­ler ýaş­la­ryň has ze­hin­li­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Bi­ziň şä­he­ri­miz­de hem or­ta mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da «Sag­dyn jem­gy­ýet – ber­ka­rar döw­let», «Sag­dyn ne­sil – gel­je­gi­miz», «Sport – bag­ty­ýar­lyk», «Sag­dyn ne­sil – kuw­wat­ly Wa­tan» di­ýen şy­gar­lar bi­len spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Şo­la­ra bi­ziň mek­de­bi­mi­ziň okuw­çy­la­ry-da iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Şeý­le bäs­le­şik­le­riň ola­ryň derslere ýe­ti­şigi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek. Çün­ki sport­da tap­la­nan okuw­çy­nyň pi­kir­le­niş uky­by has-da art­ýar. Sag­dyn be­den­li, ru­hu­be­lent ýaş­la­ry­my­zyň gel­jek­de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ata Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­mek­de alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na pug­ta ynan­ýa­rys.

2024-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu hakykat ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen aýda geçirilen syýasy geňeşmeleriň, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki köp sanly duşuşyklaryň, işewürlik gepleşikleriniň, sergileriň, maslahatlaryň, medeni çäreleriň mysalynda-da öz beýanyny tapdy. 1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Işikawa Masaki bilen duşuşyk geçirildi. Onda dürli ulgamlarda, sebit we halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Ussatlar üstün çykdy

Göllerde möhürlenen müňýyllyklar

Daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiz muňa «Watanyň parçasy» diýýärler. Ol türkmen ruhunyň we kalbynyň «sözlügini» açyp görkezýär. Gürrüň, elbetde, haly hakda barýar. Halyşynas bolmasagam, biziň ählimiz onuň aşygy we muşdagy. Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine barmagyma sebäp bolan zat hem, meger, ilkinji nobatda, şol jadyly gözellige hyrydarlyk bolsa gerek. Türkmen halysynyň milli muzeýiniň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň binalary-da erişden geçirilen argaç ýaly, sazlaşykly reňk öwüşginini we bitewi kompozisiýany — binagärlik ansamblyny emele getirýär. Türkmen halysynyň muzeýi 1994-nji ýylda açylýar. 2009-njy ýylyň awgustynda täze, döwrebap binasy gurulýar hem-de oňa «milli» diýen dereje berilýär. Bu kaşaň binalaryň gabadyndan telim gezek geçenem bolsam, açylan gününden bäri ildeşlerimiziň we jahankeşdeleriň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülenem bolsa, meniň oňa ilkinji gezek gelşim. Maňa bu ýerde naýbaşy we juda seýrek haly eksponatlarynyň bardygyny aýtdylar. Muzeýde eden gürrüňimizem şolar hakda boldy.

Pähim-paýhasyň huzurynda

Magtymguly Pyragynyň dury paýhasyndan syzylyp çykan setirler her bir adam üçin ömür menzillerindäki ýolbelet mysalydyr. Çünki şol setirlerde durmuşyň, ýaşaýşyň manysyna düşünmäge iterýän, belent maksatlara ruhlandyrýan pähim-parasat bar. Bu şygyrlary okadygyňça, ylym-bilim bilen gurşalan täsin dünýäniň içine aralaşýan ýaly bolýarsyň. Akyldar şahyryň döredijilik dünýäsi ylym bilen berk baglanyşyklydyr. Magtymgula düşünmegiň özi ylmyň ähli ugurlaryndan diýen ýaly habarlylygy talap edýär. Şol mazmundaky kitaplary we beýleki ylmy-edebi eserleri okap öwrenmek arkaly biz şahyryň eserlerindäki köp sanly rowaýatlaryň, öwüt-ündewleriň, ylmy maglumatlaryň many-mazmunyna giňişleýin akyl ýetirip bileris. Çünki şahyryň goşgularynyň aýratynlygy ummasyz uly taryhy wakany birje setire sygdyryp bilýänligidir. Bu akyldar şahyrymyzyň paýhas kämilliginiň we ussatlygynyň güwäsidir.

Gurmak we döretmek — döwrüň şanly şygary

Häzirki wagtda gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, onuň yzygiderli ösdürilmegine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär. Pudagyň düzümleriniň işi döwrebaplaşdyrylýar, oňa ösen tejribeler, ylmyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Munuň şeýledigini sanlyja gün ozal, 3-nji noýabrda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem ýene bir gezek aýdyň subut etdi. Hünär baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat bolsa bu pudagyň giň mümkinçiliklerini tanyşdyrmagyň, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm meýdançasyna öwrüldi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmakda ylmyň gazananlaryny, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, dürli ulgamlarda zähmet çekýän adamlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Gazanylýan ägirt uly üstünlikler netijesinde ýurdumyz gülläp ösýär. Bu üstünliklerde her bir ulgamyň, her bir pudagyň mynasyp paýy bar. Şunda gurluşyk-binagärlik babatdaky gazanylýan netijeler hem uludyr. Hormatly Prezidentimiz

Täzelikler

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir hünärmenleri üstümizdäki ýylyň her bir aýyny zähmet ýeňişlerine besleýärler. Şonuň netijesinde tebigy gazyň we gaz kondensatynyň öndürilişi artdyrylýar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň 8 milliard 417 million kub metrden gowragy öndürildi. Munuň özi meýilnamada bellenilenden ep-esli artykdyr. Şeýle-de bu ýerde gaz kondensatynyň 30,4 müň tonnadan gowragy öndürilip, meýilnama 103,7 göterim berjaý edildi. Şeýle üstünlik işleriň sazlaşykly guralmagy, guýularyň önüm berijiliginiň ýokarlandyrylmagy arkaly gazanylýar.

Täze hasyl üçin hasaplaşyklar günübirin geçirilýär

Şu günlerde welaýatymyzyň «ak altynly» meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnamak ugrunda gyzgalaňly zähmet çekilýär. Hormatly Prezidentimiziň pagtanyň döwlet satyn alyş bahasyny ýokarlandyrmak hakyndaky Karary we önüm öndürijileriň zähmetini höweslendirmek maksady bilen guralýan dürli çäreler pagta ýygymynyň depginine oňyn täsirini ýetirýär. Döwlete tabşyrylýan pagta üçin dessine, günübirin hasaplaşyklaryň geçirilip durlandygy üçin daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň zähmet adamlary we beýleki önüm öndürijiler hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarlar.

Gülläp ösüşiň ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gün-günden şanly menzilleri nazarlaýan döwletimiziň daşary syýasatynyň ösüşi okgunly häsiýete eýedir. Çünki ýurdumyzyň ýylsaýyn hil we mazmun taýdan baýlaşýan halkara gatnaşyklarynyň özeninde halkymyzyň parahatçylyk, dostluk, hyzmatdaşlyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýaly asylly ýörelgeleri dur. Bu, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagynda-da täze sahypalary açýar. Biz bu hakykata ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň halkara durmuşy bilen baglanyşykly bolup geçen şanly wakalaryň mysalynda hem şaýat bolduk. Parahatçylyk, ynanyşmak, durnukly ösüş — bular Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň hataryny düzýär. Bu ugurdaky öňe ilerlemeler ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny has-da berkidýär. Ýaňy-ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi baradaky gelip gowşan hoş habar hem ýurdumyzyň ygtybarly we ynamly hyzmatdaş hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde ornuny has-da pugtalandyrýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bilşimiz ýaly, özygtyýarly, baky berkarar Watanymyz hemmetaraplaýy

Watanymyzyň şöhratyna şan goşup

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky nusgalyk işlerini mynasyp dowam etdirip, mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine tutumly işleri amala aşyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täzelenişe, ösüş-özgerişlige gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna, il-ulsuň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam berýän syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherdir obalar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň rowaçlyga, abadançylyga gönükdirilen tutumly işleri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbitlerine hyzmat edýär, ata Watanymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär.

Berkarar döwletiň buýsanjy

Aşgabat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty, Merkezi Aziýanyň merjeni bolmak bilen, ösen senagatlaşan şähere öwrüldi we durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň hem-de gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nusgasydyr. Bu gün halkymyzyň buýsanjyna öwrülen Aşgabat 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda şol günden bäri her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilýär. Aşgabat — dost-doganlygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň şäheri. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny Bitaraplyk ýörelgeleri kesgitläp, sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy, abadançylygy, gülläp ösüşi üpjün etmäge, hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda dünýä döwletleriniň onlarçasynyň diplomatik wekilhanalary, halkara guramalaryň iş edaralary ýerleşýär. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly ykrar edilýändigini görkezýär.

Janypkeş zenan

Halkymyz çagalara bilim, edep-terbiýe berýän adamlara belent sarpa goýýar. Perzendiň ýedi atasynyň biri hasaplanylýan mugallymlar tutuş jemgyýetiň öňünde uly hyzmatlary bitirýärler. Olaryň çekýän yhlasly zähmeti arkaly halkyň, ýurduň geljeginiň binýady tutulýar. Şol sebäpli bilim işgärleri özleriniň jogapkärli wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek, döwrebap nesilleri kemala getirmek işinde döredijilikli zähmet çekýärler. Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ýaly il-ýurt bähbitli işe ähli gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny sarp edýänler barada gürrüň gozgalanda, ilkinjileriň hatarynda Baýramgül Ýaýylowanyň adyny hem agzasymyz gelýär. — Bilim işgäri bolmak çagalyk arzuwymdy. Bu abraýly kesbe söýgini ilki ene-atam, soňra mekdep mugallymlarym döredipdi. Şol sebäpli orta mekdebi tamamlap, mugallym bolmak barada eden arzuwymy hasyl etmäge girişdim — diýip, ol geçen ýyllaryň wakalaryny hakydasynda janlandyrýar.

Sözüm saňa, Pyragy!

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy edebi pikiri çeper beýan etmegiň juda kämil tejribesini edebiýata getiren ajaýyp söz ussadydyr. Ol söze täze mazmun berip, oňa erk edip bilen beýik şahyrdyr. Munuň şeýledigini şahyryň uç-gyraksyz çeperçilik dünýäsi aýdyň tassyklaýar. Akyldar Pyragynyň dünýägaraýşynda ruhuň hem ylmyň aňyýet bitewüligi, dünýewi hem ylahy düşünjeleriň adamzadyň belent maksatlaryna gönükdirilmegi we ynsanyň ýaşaýşyna çuň many-mazmun berýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryň ulgamlaýyn häsiýeti şahyryň döredijilik güýjüniň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň döredijiligi türkmeniň halk-millet hökmünde öz-özüni ykrar etmegi bolup orta çykýar. Şahyryň döredijiliginde şahsyýetiň özüni adam hökmünde ykrar etmegi adamzat meselesi bilen utgaşýar. Dana şahyryň liriki gahrymany okyjyny Adam diýen beýik ada mynasyp bolup ýaşamaga çagyrýar. Ol her bir adamyň durmuşynyň jemgyýet bilen aýrylmaz arabaglanyşykdadygy üçin adamzadyň kämil ynsan gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtaýar. Söz ussadynyň ýaşaýyş hem jemgyýet hakyndaky garaýyşlary umumadamzat derejesindäki ylmy-intellektual gymmatlyk hökmünde şahyry dünýä giňişligine çykarýar we ony akyldar mertebesine eýe edýär. Akyldar şahyr adamlaryň bähbidine ýugrulan beýik maksatlarynyň amala aşmagy üçin döwletiň gerekdigine düşünipdir we ýurt binasy — döwleti gurmagy wesýet edipdir:

Ata pendi

Öten agşam atam girip düýşüme,Diýdi: «Serpaý — ülüş paýy ýetdikden,Yhlas etgin, bil baglaýyp güýjüňe,Ynamym bar kesbi dowam etjegňe. «Döwrümiz — iň naýbaşysy döwürleň,Esas köpdür döretmäge, gurmaga.Goşgy ýazyp, taryp edip göwünleňÇemen bolup, güldanynda durmaga.

Ylham ýaýlasy

Näzli ýarym Syrly bakyp, mähre çoýýarGüne meňzeş Näzli ýarym.Aşygyn haýrana goýýarGüle meňzeş Näzli ýarym.

Bedew — hem syrdaş, hem ýoldaş

Türkmen halky asyrlardan aşyp gelýän ata-baba ýol-ýörelgelerini özüniň gymmatly mirasy hökmünde häzirki güne çenli aýap, olary arzylap gelýär. Halkymyzyň arasynda şeýle uly hormata mynasyp bolan gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmeniň ýürek buýsanjy, goşa ganaty, syrdaşy hem ýoldaşy bolan gamyşgulak ahalteke bedewleridir. Türkmeniň durmuşynda atçylyk ýöne bir miras bolmak bilen çäklenmän, ol tebigata, ýaşaýşa bolan söýgini ebedileşdiren nusgawy sungat bolup durýar. Taryh nireden, durmuşyň haýsy ýollaryndan başlanýan bolsa, şol ýerde, buýsanja mynasyp bolan, ata-babalarymyzyň bedewli geçen şöhratly menzilleri ýatandyr. Şahyrana halkymyzyň edebi mirasy bolan, halkyň ýürek duýgusyny özüniň setirlerine siňdirip, şöhratly ýollary geçip, şu günlerimize gelip ýeten halk döredijilik eserlerinde bedewiň waspy uludan ýetirilýär. Ahalteke bedewleriniň şöhraty türkmen medeniýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandyr. Çünki ahalteke bedewi halkymyzyň durmuşyndan, paýhasyndan we zehininden kemala gelen mirasydyr.