"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan, Size we Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyna hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Resmi habar

Türkmenistanyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Oba hojalyk ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Ykdysady ösüş — ygtybarly geljek

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak;

Ählumumy parahatçylygyň bähbidine

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarynyň geriminiň giňelmeginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Golaýda Gazagystanyň paýtagty Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) 24-nji liderler sammiti geçirildi. Döwletleriň 16-synyň gatnaşmagynda geçirilen bu sammite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hormatly myhman hökmünde gatnaşdy hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada çuň mazmunly çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitindäki çykyşynda: «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleşýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar, dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar» diýip nygtamagy milli diplomatiýamyzyň özeninde ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bedew bady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Beýik özgerişler, belent maksatly işler diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halk bilen bilelikde amala aşyrylýar. Türkmen halky hem gadymyýetden bäri merdanalyk, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik häsiýetleri bilen şöhratlanýar we täze taryhy döwrümizde-de mynasyp zähmet ýeňişlerini gazanyp gelýär» diýip belleýär. Şol maksat bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýyl bereketli türkmen topragyndan bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyly ýygnalyp, hasyl ussatlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bular barada şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy. Mejlisiň barşyn

Bagtyýar çagalar — Watanymyzyň geljegi

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan edermen gallaçylarymyz bereketli topragymyzdan bol hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Merdana gallaçy daýhanlarymyz sahawatly türkmen topragyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrdylar. Bu bolsa gallaçy daýhanlaryň döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikden peýdalanyp, ýurdumyzyň durnukly ösmegi ugrunda öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny görkezýär. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan ajaýyp zähmet üstünlikleri mynasybetli 12-nji iýulda Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde bejergi alýan, saglyklaryny berkidýän çagalar özleri hakynda edilýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Rowaçlygy hem bagtyýarlygy üpjün edýän beýik işler

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilip, ýurdumyz ösüşleriň, rowaçlyklaryň ak ýoly bilen öňe barýar. Muňa 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem aýdyň göz ýetirmek boldy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşylan, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenilen mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Mejlisde ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habaryň aýdylmagy her bir türkmenistanlyny buýsandyran, guwandyran waka boldy. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini seljermegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Ekologik talaplar — milli ýangyç-energetika toplumyndaky özgertmeleri kesgitleýän möhüm görkeziji

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyryp, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Size berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Hormatly hasyl ussatlary!Merdana gallaçy babadaýhanlar! Sizi bereketli türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Kämil hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär

15-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň, şeýle-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek býunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Bu möhüm möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edil

Ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan içeri hem daşary syýasatyň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy gazanylýar. Häzirki döwürde edermen daýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri, ene ýerden bol hasyl öndürmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli oba hojalyk özgertmeleriniň esasynda edermen gallaçylarymyz ýylyň-ýylyna bereketli toprakdan ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Ak bugdaýyň watany bolan ýurdumyzda edermen gallaçylarymyzyň alyn derinden kemala getirilen Watan harmany barha beýgelýär. Bütin ýylyň dowamynda ene topraga yhlas siňdirip, ak bugdaýdan bol hasyl alýan daýhanlaryň zähmeti ýerine düşdi. «Watan öňündäki borçnamalaýyn şertnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler» diýen buşlukly habarlary diňläniňde, köňüller buýsanja beslendi. Saçaklaryň bezegi, halkyň rysgal-döwleti bolan ak bugdaýdan bol hasyl almak ata-babalarymyzdan gelýän ekerançylyk medeniýetiniň barha rowaçlanýandygyna güwä geçýär. Ine, ýurdumyzyň janypkeş babadaýhanlary şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Ýakynda hormatly Prezidentimiz ähli welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendik

Kämilligiň berk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň nurana geljeginiň hatyrasyna giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döredýär hem-de hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam berýär. Ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň başarnyklaryny ösdürmek boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly gatnaşmagy, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek üçin giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Türkmenistan — BMG: hoşniýetli gatnaşyklaryň täze sahypasy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň geçen 32 ýylynda BMG bilen bilelikde durmuşa geçirilen uly göwrümli taslamalar, ýetilen sepgitler ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysalydyr. 2024-nji ýylyň 5 — 7-nji  iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana sapar bilen gelmegi hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykarylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi täze taryhymyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Bu taryhy waka halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, saýlap alan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygyny görkezdi. Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuw-umytlaryndan bina bolan Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýyp, häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşlerine, täze gözýetimlerine çuňňur aralaşmagyna ak ýol açdy. Bu şanly sene Türkmenistanyň halkara işlere deňhukukly gatnaşmagyna mümkinçilik berip, dünýäde BMG tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde hukuk derejesiniň ykrar edilmegini şertlendirdi. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleri bo

Hünärmenleri taýýarlamak — döwletiň intellektual kuwwatyny artdyrmagyň möhüm şerti

Aşgabat, 15-nji iýul (TDH). Şu gün ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň, şeýle-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Bu möhüm möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şe