Edermenligiň hem gaýduwsyzlygyň beýany
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyz mümkin bolan iň ýokary tizlikde merkeziň türgenleşik meýdançasynyň ýollaryny geçip, driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda ussatlygyny görkezdi. Munuň özi Milli Liderimiziň hemişe sportuň işjeň wagyzçysydygyny aýtmaga esas berýän ajaýyp mümkinçilikdir. Bilermenler tarapyndan awtosport sportuň beýleki görnüşlerine garanyňda, fiziki we psihiki taýýarlygyň iň ýokary derejesini talap edýär diýlip hasaplanylýar. Onda aşa hüşgärlik, çalasynlyk, töwekgellik, batyrlyk, mertlik, çydamlylyk, sowukganlylyk ýaly iň gymmatly gylyk-häsiýetler, endik-başarnyklar möhüm. Şonuň üçin hem awtosport — edermenligiň hem gaýduwsyzlygyň sporty, edermenleriň hem gaýduwsyzlaryň baş goşýan sungaty hasaplanylýar. Awtosport ýöne bir sport görnüşi bolman, hakyky durmuş, çynlakaýlyk. Hakykatdan hem dünýä derejesinde guralýan ralli, trofi, kross, drift, karting ýaly ýaryşlarda türgenleriň başdan geçirýän wakalary oýun däl, olar ynsan başarnygynyň hem erjelliginiň dabaralanmasy. Aşa töwekgelçilikli hereketler bilen awtotürgenler öz edermenliklerini, mertliklerini görkezýärler. Ine, Gahryman Arkadagymyz hem gaýduwsyz, batyr ýürekli, paýhasly, sowukganly Watan ogullaryny terbiýeläp ýetişdirmekde sportuň bu