Gurmak, döretmek bagty
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ömrüň manysy özüň üçin ýaşap bilmekden başlaýşyna, soňra bu mertebeler başga biri üçin, maşgalaň üçin, obaň, il-ulsuň, halkyň, Watanyň üçin ýaşap bilmek derejelerine çenli beýgelip gidýär. Maksatlaryň çürbaşynda Watan bähbidini goýmak bolsa miýesser edip biljek mertebeleriň iň beýigidir» diýlen sözler bar. Halkara derejeli münberlerde ýa-da ýokary derejeli adamlar bilen duşuşyklarda, gepleşiklerde milli bähbitler bilen birlikde, ählumumy bähbitleri gorap çykyş etmek, ylmy taýdan esaslandyrylandygy bilen ähmiýetli ählumumy bähbitlere gönükdirilen başlangyçlarydyr teklipleri öňe sürmek hem, elbetde, miýesser edip biljek mertebeleriň hataryndadyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda onlarça türk kompaniýalary işleýär. Olaryň gatnaşmagynda ýüzlerçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda halkara sergiler hem-de işewür maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň ýaly möhüm çäreleri geçirmek indi bu iki ýurduň arasynda asylly däbe öwrüldi. Munuň özi gatnaşyklary mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aňladýar. Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar we m