"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Oba hojalyk toplumyny ösdürmek ugrunda tagallalar

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini we häzirki wagtda döwletimiziň bu pudagy ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny goýýandygyna garamazdan, heniz pudakda kemçilikleriň we ulanylmaýan mümkinçilikleriň köpdügini belledi. Şulardan ugur alnyp, milli Liderimiz şu günki iş maslahatynyň dowamynda pudagyň netijeli dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak, ony ösdürmegiň gazanylan depginini saklamak, döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmek barada meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýip aýtdy.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, bu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady. * * *

Özgertmeleriň depgini ýokary derejede alnyp barylmalydyr

4-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmaklarynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz bu maslahatda ýokary ösüş depginini saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, umuman, ýubileý ýylynda döwletiň maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmaga degişli meselelere serediljekdigini belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.

Önümçilik kuwwatlyklaryny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmaklarynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatlary

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi. ***

Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depgini güýçlendirilmelidir

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, pudagyň netijeli dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak, ony ösdürmegiň gazanylan depginini saklamak, ýer we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberleriniň ösüşini saklamak, pudagyň şu ýyl üçin kesgitlenen döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi.

Welaýatlary ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. ***

Watan goragçylary hakynda alada

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 27-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylar üçin ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary ýakymlylyk ölçeglerine kybap gelýän harby lybaslaryň täze nusgalaryny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.

Demokratik özgertmeleriň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň demokratik başlangyçlary esasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary bilen makullanyldy we Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny alamatlandyrmak bilen, Watanymyzyň şöhratly taryhyna möhüm sahypany ýazýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümine badalga berilmegi hem ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanmasyna gönükdirilen çäreleriň täze tapgyrydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararyna laýyklykda, bu saýlawlary 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde, ýagny 28-nji martda geçirmek bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi hem-de onuň dowamynda senenamalaýyn çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Parahatçylyk tugunyň astynda

­­ Parahatçylyk — ösüşe, abadançylyga, rowaçlyga, agzybirlige, bagta barýan ýolda elimizde pasyrdaýan nurana tugdur. Ol tuguň astynda menziller hatarsyz, ýollar kötelsiz, müşgiller asan bolýar. Häzirki bagtyýar döwürde halkymyz hut şol tugy depesinde pasyrdadyp, dünýä ýüzüne raýdaşlygy, ynanyşmagy ündäp, belent sepgitleri nazarlap barýar. Munuň şeýledigi Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan dost-doganlyga, ysnyşykly hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklarynda, iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda, gyşarnyksyz eýerýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly ýörelgesinde, ylaýta-da, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynda has-da aýdyň görünýär.

Guwandyryjy netijeler

­­ Ýakynda podpolkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň müdirliginde geçen ýyl boýunça ýerine ýetirilen işleriň we geçirilen çäreleriň jemleri jemlenildi. Hasabatlarda müdirligiň tabynlygyndaky harby bölümleriň geçen ýylyň dowamynda harby bölümleri taýýarlamagyň meýilnamasy esasynda ýerine ýetiren işlerine, şeýle hem harby gullukçylary watansöýüjilik, lebzihalallyk, harby borja we harby kasama wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçiren çärelerine mynasyp baha berildi. Geçen okuw ýylynyň jemi boýunça geçirilen seljermäniň netijesinde has tapawutlanan podpolkownik Bazargeldi Annaniýazowyň serkerdelik edýän harby bölümi 1-nji, podpolkownik Şyhmyrat Öräýewiň serkerdelik edýän harby bölümi 2-nji, maýor Öwlüýäguly Hojaberdiýewiň serkerdelik edýän harby bölümi 3-nji orny eýelemegi başardy. Batalýonlaryň arasynda bolsa podpolkownik Şatlyk Kerimowyň serkerdelik edýän batalýony 1-nji, maýor Ýusup Ataýewiň serkerdelik edýän batalýony 2-nji, podpolkownik Rustam Nurjanowyň serkerdelik edýän batalýony 3-nji orny eýeledi. Ýeňijilere hem-de ýylyň dowamynda söweşjeň we gumanitar taýýarlygynyň guralmagynda has tapawutlanan harby gullukçylara müdirligiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Möhüm möwsüme ýokary derejede taýýarlyk görülýär

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlygy yzygiderli artdyrylmalydyr

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Nebitgaz toplumyny ösdürmek ugrunda

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi.