Guşlar sähraň bezegi
Ümmülmez Garagum sährasy ösümlik, haýwanat dünýäsine baý bolşy ýaly, guşlar dünýäsine hem örän baý. Şol guşlaryň arasynda ýyrtyjy guşlar has tapawutlanýarlar. Bu guşlar ösümliklere zyýan beriji, gemriji ownuk jandarlar bilen iýmitlenýärler. Şol bir wagtyň özünde olar tebigatyň arassalaýjylary hem hasaplanylýar. Şeýle guşlaryň biri hem ylmy dilde «buteo rufinus» diýlip atlandyrylýan depe syçançy guşudyr. Depe syçançy reňki hem-de göwresiniň ululygy boýunça adaty syçançydan tapawutlanýar. Bu guşlar diňe açyk we garamtyl reňkleri boýunça gabat gelýär. Açyk reňkli guşlaryň reňki açyk goňur, guýrugynyň üsti çypar we guýrugy açyk-çypar reňkli. Guşlaryň garamtyl boýaglary goýy-goňur reňkli, ganatlary we guýrugy kese zolakly bolup, olar ýygy-ýygydan gaýyp, aýlanyp, kän ýokary galman uçýarlar, sütünlere, tümmeklere gonmagy halaýarlar. Bu guşuň uzynlygy 50 – 60 santimetre, agramy 1 – 1,5 kilograma ýetýär.