"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Jadyly sözler

Goňşularyň üljesi bu ýyl hem geçen ýylkysy ýaly gaty bol hasyl berdi. Goýy gyzyl reňkli üljeleriň içinden günüň tylla şöhleleri parran geçip, şeýle bir lowurdaýar welin, gözüňi gamaşdyryp barýar. Agajyň ýere degäýjek-degäýjek bolýan, şahalarynda sallanyp duran üljeler monjuk deý düzüm-düzüm bolup, bir enaýy görünýärler. Agajyň uly bir şahasy haýadyň köçe tarapyna eglip, üljelerini güjeňläp, «Iýesiň gelýärmi?» diýýän dek şemalyň ugruna gol bulaýar. A, belki, ol Selbijige goluny bulap çagyrýandyr. Wah, agzyň suwuny akdyrýan bu behişdi miweleri almak üçin haýada dyrmaşmak zerurlygam ýok. Han-ha, eliňi uzatsaň ýetip dur-da... Selbijik birnäçe wagtdan bäri bal ýaly üljelere göz gyzdyryp gelýär ahyryn. Şu gün-ä goňşylaram görnenok, ümsümje baryp alybermeli. Gyzjagazyň sabyr-takady galmady. Bat bilen geldi-de hasyr-husur üljeleri ýolup başlady. Şol wagt bir ýerlerden goňşy gyzjagaz Aýjahan çykaýdy:

Şygryýet bossany

Şükranalyk Ykbal maňa Watan berdi söýere,Her daban ýerine gözellik ornan.Söýgim imrigensoň mährine onuň,Sermest duýgularym görküne gurban.

Şygryýet bossany

Täze ýyl arzuwy Uzasyn ömürler, uzasyn ýollar,Hakykata dönsün, arzuw-hyýallar,Kalba melhem bolsun süýji owazlar,Hoş geldiň Täze ýyl, salam Täze ýyl!

Şygryýet bossany

Aşgabat Saňa siňip gitdi ýaşlyk ýyllarym,Yhlas bilen sende tälim alanym,Sen barha gözüme juwan görünýäň,Gursagyňda bir gez beýge galanym.

Şygryýet bossany

Watan Ata ýurdum, bagrym badaşan ýurdum,Akyl, paýhas, ylym alan Watanym.Ýürekler ýürege ýol açan ýurdum,Şan-şöhraty dünýä dolan Watanym.

Şygryýet bossany

Watanym Gujagyň sapaly, dilimde senam,Seniň gül jemalyň kalbymy bezän,Dolýar seň şanyňa kalbymda kelam,Eziz Türkmenistan, ýaşa, Watanym,Mukaddes mekanym, Türkmenistanym!

Saňa ýetermi owazym?!

(«Söýgi depderi» atly liriki hekaýalar toplumyndan)(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň 2020-nji ýyldaky 7-nji sanynda) Men köp­den bä­ri kal­by­myň ýaş­lyk ýyl­la­ryn­dan eşi­dil­ýän ýaň­la­ry­na diň sa­lyp ýa­şa­ýa­ryn hem-de «Ola­ry şu gün ka­gy­za ge­çi­re­rin, er­tir ýa­za­ryn» di­ýip, her­nä­çe how­luk­sam-da, gün­de­lik ar­zuw­la­ry­myň üs­tün­den eý­ýäm ýa­rym asy­ra go­laý wagt ge­çip gi­dip­dir. Yöne, nä­me üçin­dir, ju­wan­lyk duý­gu­la­ry­na ýug­ru­lan kö­ne yş­ky owaz­lar me­ni özü­ne şo-ol çek­di dur­dy, çek­di dur­dy. Gö­ýä, ol owaz­lar­da kal­by­my ler­za­na sal­jak nä­hi­li­dir bir ben­di­wan edi­ji pur­sat­lar giz­le­nip ýa­tan ýa­ly. Ol ses­ler «Gel, sen, Aý­je­mal!» di­ýen aý­dy­myň:

Gelin (hekaýa)

Mal­la­ry­ňa se­ren­jam be­rip ge­len Ma­man eje bi­lin­dä­ki dü­ýe ýü­ňün­den do­ka­lan gu­şa­gy aýyr­dy-da, ony tu­duň şa­ha­sy­na gys­dyr­dy. Özem ýu­wun­dy-da, tu­duň kö­le­ge­si­nde ýa­zy­lan dü­şe­ge ge­çip ba­sy­ryl­gy du­ran çäý­ne­gi öňü­ne çek­di. Ol öýüň işi bi­len gi­rip-çy­kyp ýö­ren gel­ni Aý­nä­zi­gi syn­lap otu­ry­şy­na, içi­ni gep­let­di: «Äl­he­pus, mu­nuň ha­ýa­lly­gy­ny gyz, uly gel­nim Sel­bi­ni ha­ýal gör­ýär­dim. In­di ol-a şä­he­re gö­çe­li bä­ri çus­la­nyp­dyr. Ýaş ge­lin da­gy otu­ran­da-tu­ran­da ýel­ga­mak ýa­ly haý­da­ber­me­li­dir we­lin, bu onuň ýa­ly däl. Eden işi­niň-ä ke­mi­ni go­ýa­nok we­lin, ga­ty ha­ýal-da, ýö­ne, tü­we­le­me, keş­dä­ni go­wy ed­ýär. Eý­ýäm ge­lin-gyz­la­ram dü­şü­nip­dir. «Bi­ze-de ga­ýap ber­sin» di­ýip ge­lip dur­lar. Go­wy zat bol­sa, her kim der­rew bil­ýär. Aý, ha­ýal-ýa­gal­ly­gy bi­le­nem oňu­şa­rys-la». Ma­man eje oň­şa­rys diý­se-de, il­ki-il­ki­ler onuň ha­ýal­ly­gy­ny gö­rüp, ka­na­gat edip bil­män­di. Bir gün da­gy ha­myr et­mä­ge gaý­dan Aý­nä­zi­giň en­te­gem ony taý­ýar et­me­di­gi­ni gö­ren Ma­man eje bi­li­ni gu­şap: «Ge­lin jan, en­tek ga­ýy­nyň bi­lin­de gur­bat kän­dir, ha­ny, ma­ňa ber, özüm der­rew ga­ra­ýyn» di­ýip, ýe­ňi­ni çer­mäp ça­na­gyň ba­şy­na ge­çen­de, gel­ni bi­raz ga­tam gö­rüp­di. Ýö­ne ol hem ga­ýy­ne­ne­si­niň ça­la­syn he­re­ket­le­ri, öwüt-ün­de­wi bi­len ýu­waş-ýu­waş öw­re­ni­şip

Ene mähri (hekaýa)

Gojaman Köpetdagy etekläp oturan Döwletliler köşgüniň umumyýaşaýyş jaýynda iki jora seslerini çykarman surat synlap otyrdylar. Olaryň biri birdenkä başyny galdyryp ýylgyrdy-da, jorasyna habar gatdy. — A gyz, Gunça, şularyň barysyny şu gezekki çärede düşdüňizmi?

Pälwan (hekaýa)

— Biz oňa pälwan diýerdik — diýip, atam gürrüňe başlady. Ol nämedir bir zady ýada saljak bolýan ýaly çala sägindi-de, sözüni dowam etdi: — Ýok, ýeke biz däl, bütin obamyz ony hatyralap, pälwan diýerdiler.Ýogsam, ilçilikde göreşýän köp. Ýöne biziň pälwanymyz juda üýtgeşikdi.

Daşdan telpek

Bir gün Soltansöýün öz wezirlerini ýygnap, özüne daşdan telpek tikip bermeklerini buýrupdyr. Wezirler näme etjeklerini bilmän, köp gamgyn bolupdyrlar. Olaryň biri Myrala ýüz tutmagyň gerekdigini aýdypdyr. Ol mysapyrsyrap, Myralynyň ýanyna barypdyr. Oňa bolan wakany gürrüň berip: — Indem näme etjegimizi bilemzok, özüň kömek edäýmeseň. Ýeri, daşdan nädip telpek tikip bolar?! — diýip sorapdyr.

«Ýer göteren sary öküz...»

Halkymyzda öküz zähmetsöýerligiň, rysgal-berekediň, bol hasylyň nyşany hasaplanýar. Bilşimiz ýaly, öküz nesilbaşymyz Oguz hanyň oňonydyr. Muňa Altyndepeden tapylan altyndan guýlan öküz kellesi şaýatlyk edýär. Onuň gözleri we maňlaýyndaky ýarym aýyň şekili ýakut daşlaryndan ýasalandyr. Gadymy rowaýatlarda gojaman Ýer şaryny bir äpet öküziň göterip durandygy hakynda aýdylýar. Magtymguly Pyragy hem bu barada «Ýer göteren sary öküz, bilmen niçe ýaşyndadyr» diýip, belläp geçýär. Öküz bilen bagly düşünjeler, adalgalar we sözler oguzlaryň gadymy ynam-ygtykady arkaly halkymyzyň ruhyýetine berk ornaşypdyr. Muňa näçe diýseň mysal getirmek mümkin. Halkymyz asmandaky ýyldyzlar toparynyň birini «Öküz» diýip atlandyrýar. Öküziň sinonimi bolan «Buga» sözüni halkymyzda täze dünýä inen oglanjyklara at hökmünde dakmak hem ýörgünlidir. «Gorkut ata» eposynyň «Bugaç han Derse han oglunyň boýy» atly boýunda öküz bilen söweşip, Bugaç adyna mynasyp bolan ýigit hakyndaky tymsaly okanyňda, dünýä halklarynyň medeniýetine ornaşan öküz bilen söweşmek sungaty bolan korridanyň taryhy kökleriniň biziň ülkämizden gaýdandygyna ynanasyň gelýär. Gadymy grek rowaýatlarynda Geraklyň hem öküz bilen söweşişi beýan edilýär.

Gyş barada çarwa aýtgylary

Aýamöwjüz alty gün... Halk arasynda «Aýamöwjüz alty gün, alty aýdan gaty gün» diýlen aýtgy bar.

Aşgabat

Atýar süýji daňlar ak päle meňzäp,Ganabilmän Gün eglenýär roýuňdan.Kim bagtyny, kim arzuwyn idäp ýör,Läle deý açylan gülleň çogundan. Aý nurun düşeýär aýna ýoluňa,Eçip bolluk bilen sahawatyny.Ýa bu Aýyň uçmah öýdüp ýanyňaBegenip gelşiniň alamatymy?!

Duýguly dünýä

GÖRMEDIŇIZMI? Yşkyň mekanyna ýoluňyz düşse,Şahyryň ýüregni görmediňizmi?Şemiň ýagtysyna perwana uçsa,Şahyryň ýüregni görmediňizmi?

Şygryýet çemeni (Dostluk köprüsi)

TERANE TURAN REHIMLI,(Azerbaýjan Respublikasy). BIZ BIR-BIREK ÜÇIN DÖREMÄNDIRIS

Sowuklyk (Oýlanma)

Dekabryň ilkinji hepdesiniň dynç günüdi. «Şu dynç günümi bir adyna mynasyp ýagdaýda geçireýin» diýen tamakinlik bilen säheri garşy aldym. Bolmasa, her dynç güni bir zatjyk tapylyp dur. Daşarda bolsa «hazan ýeli» diýilýäni öwüsýärdi. Sygyrlarymyzyň ot-suwuny, towuklaryň hem höreklik dänesini paýlaşdyrdym. Niýetim: dynç güni ýyly otagda emin-erkin aýagymy uzadyp telewizora tomaşa etmekdi. Ýa bolmasa, gowy görýän eserlerimiň birini okamakdy. Geçen dynç günümi odur-budur elujy kömege çagyryp gelenlere «pida» edipdim. Ertirlik edindim. Şol pursat adymyň tutulýandygyny eşitdim. Içki otagdan daşarky gapa ýöneldim. Gapyny açsam, Söhbet dur. — Eýgilikmi, dost? Irläpsiň welin...

Zeminiň dostluk damary

«Garaşsyzlyk gadyry» çeper-publisistik toplumdan Bu ýazgylaryň kagyza geçmegine 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adynyň ýüreklere has ýakyndygy hakdaky duýgular sebäp boldy. Ine, şol duýgy-pikirler okalan, ýatda galan zatlary sere sepläp goýberdi.

Göwün (hekaýa)

Otly Aşgabada ýakynlaşdygyça, Bähbit aganyň aladasy artan ýaly boldy. «Oglum Baýrama-da duýdurman gaýdyberdim welin, onuň öýüni taparmykam? Öýünde bolsa ýagşy, iş bilen uzaklara-da gidäýmesi bardyr onuň». Ol ýene-de öz-özüne teselli berdi: «Mekgänem sorap tapypdyrlar. Her niçigem bolsa, öýüniň salgysy-ha bar». Ol birneme rahatlanan ýaly boldy. Tizdenem otly şäheriň demir ýol menziline gelip saklandy. Ýolagçylar howlukmaç düşüp ugradylar. Goja welin gyssanmady, otludan düşübem gidibermedi. Birsalym töweregine garanjaklap durdy.

Parahatçylygyň nyşany (hekaýa)

In­di bir­nä­çe ýyl bä­ri öz saý­lan kä­ri­ne yh­las bi­len ýa­py­şyp, iş­läp ýö­ren Dün­ýä­gö­ze­liň bu gün­ki sa­pa­ga taý­ýar­la­ny­şy üýt­ge­şik­di. Ol mek­de­biň ga­py­syn­dan gi­rip, synp ota­gy­na ta­rap how­luk­maç bar­ýar­dy. Synp ota­gy­na gi­ren des­si­ne için­de otu­ran og­lan-gyz­la­ryň şa­dy­ýan­ja bal­kyl­da­ýan göz­le­ri­ne ba­kan­da özü­niň saý­lan kä­ri­ne bo­lan gu­wanç duý­gu­sy has-da beý­gel­di. Mu­gal­lym: