Halallygyň gözbaşy
Zenana, enä hormat goýmak gadymy däplerimiziň biridir. Ilhalar perzentleri ýetişdirýän eneleriň il içinde sarpasy belentdir. Halkymyzyň baý taryhyna göz aýlanyňda, türkmen zenanlarynyň mertebesine, beýik ykbalyna buýsanýarsyň. Togrul begiň aýaly Altynjan hatyn ata çykyp, söwer ýaryny ýesirlikden boşadan, il-gününe hemaýat eden gaýratly zenan hökmünde taryha giripdir. XI asyryň ahyrlarynda, XII asyryň başlarynda ýaşap geçen Seljuk türkmenleriniň soltany Soltan Sanjaryň aýaly Türkan hatyn adamsyna döwleti dolandyrmakda, ýurduň medeniýetini ösdürmekde ýakyndan ýardam beripdir. Asyllylygy, parasatlylygy, söze çeperligi bilen uly hormata mynasyp bolan Mähesti şahyr, XV asyrda ýaşap geçen Mähri hatyn ýaly ajaýyp zenanlarymyz şygyrlary bilen edebiýatda, taryhda mynasyp yz galdyrypdyrlar. Arkama-arka aýlanyp, nesilme-nesil geçip gelýän pähimler terbiýeçilik mekdebiniň özboluşly ýollaryny goýupdyr. Edep-terbiýe meselesinde gyz maşgalanyň terbiýesi aýratyn orun eýeleýär. Gyz maşgala işe ýarandan onuň el işine ünsüni gönükdirmek hem milli terbiýäniň bir usulydyr. Çünki juda inçe, çylşyrymly çekilýän keşdeler ünslüligi, sabyr-takatlylygy, agraslygy terbiýeleýär. Şol bir wagtda bu iş çaganyň çeper döredijiligini, ukyp-başarnygyny, owadan, gowy zady saýlap bilmek, geýinmek medeniýetini hem ösdürýär. Milli el işleridir öwütler bilen terbiýelenen gyz maşgalalar biri-biri bilen bäsleşip, kämil