"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Watan hakynda aýdym

Watan meniň gursagymda aýdymdyr,Şirindir, şekerdir owazy jana. Sözlän çagym zybandaky beýdimdir,Ýogsa sözler nirden gelsin dahana?! Synmaz ylham berýän, joşguny barka,Kimse şahyr bolman neýlesin onsoň.Owal eždatlardan arkama-arka,Şygyr älemine nikaly bolsaň...geler Watan hakda aýdym zybana,Her-haçan galamy eliňe alsaňOnuň her bölegin setire salyp,Öwürip dessana ýaýsaň jahana.

Mäşirik

Mähriban çagalar, siz «mäşirik» diýen sözi eşidipmidiňiz? Mäşirigiň nämedigini bilesiňiz gelýärmi? Özüm-ä çaga wagtlarym bilmeýän zatlarymy ejemden, enemden soraýardym. 8-9 ýaşlarymdadym. Bir gün teleýaýlymda filme tomaşa edip otyrdym. «Keçpelek» kinofilminiň baş gahrymany Maralyň ejesiniň: «Maral jan ýag iýip, ýüpek geýer» diýip, iki ýana ik tigirläp oturyşyny görüp: — Eje, enem ik egrende başga hili egirýärdi-le, onuň ýaly edibem ýüp egirseň bolýarmy?— diýip sowal berdim. Ejem:

Bedene bilen awçy (Basnýa)

Depe, golda, dag içinde,Al öwüsýän bag içinde. Bir awçy aw eder eken,Her gün awa gider eken.

Şygryýet älemi

Ak mermerli Aşgabat Ak zat ýagşy alnyňa,Ak mermerli Aşgabat.Şuglasyň ykbalyma.Ak mermerli Aşgabat.

Synag (Italýan tymsaly)

Bir ýurduň patyşasy wezirine baýramçylyk dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, oňa ýurduň ähli künjegine aýlanmagy we dost-ýarlaryny çagyrmagy tabşyrypdyr. Buýrugy eşiden wezir haýal etmän ýola düşüpdir. Ol patyşalygyň ähli köşkdür galalaryna aýlanyp, patyşanyň dostlaryny däl-de, duşmanlaryny çagyryp çykypdyr. Baýramçylyk güni ýetip gelende patyşa dostlaryny mübäreklemek üçin meýlise barypdyr. Görse, ähli duşmanlary üýşüpdirler. Olary gören patyşa gahar-gazapdan ýaňa sandyrapdyr. Ol weziri ýanyna çagyryp, munuň sebäbini sorapdyr. Paýhasly wezir bolsa: — Siziň dostlaryňyz ýylyň islendik wagtynda ýanyňyza gelip bilýärler we siz olary elmydama güler ýüz bilen garşy alýarsyňyz. Emma tötänden duşmanyňyz bilen gabatlaşanyňyzda bolsa, siziň ýüzüňizi gam-gussanyň we gahar-gazabyň gara bulutlary büreýär. Şonuň üçin hem baýramçylyk dabarasyna men siziň duşmanlaryňyzy çagyrdym. Goý, olar siziň güler ýüz bilen garşy alýandygyňyzy we özleri üçin ajaýyp toý meýlisiniň guralandygyny görüp, siziň dostuňyza öwrülsinler — diýip, jogap beripdir.

Zehin soraglary

Iki belgili san Oglanjyk iki belgili sany ýanaşyk goýup, dört belgili san görnüşinde ýazdy we yzyna-da 0-y goşdy. Emele gelen bäş belgili sandan ilkibaşdaky iki belgili sany aýyrdy. Netije 45 405-e deň boldy. Oglanjygyň ilkibaşda saýlan iki belgili sany näçedi?

Tapmaçalar

Belent daglarymyz,Saýýarys galkan.Syrly Köýtendag,Köpetdag, ... Ýaşajyk daýhan,Aşyr bilen Şir.Ýetişdirdiler,Kelem hem ...

Guruň!

Gurbannazar EZIZOW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy.   («Meniň neslim» poemasyndan)

Söýmüşem seni (Hekaýa)

Magtymguly ukynyň tüýs süýji mahaly gözüni ýalpa açdy. Ol nämeden tisginip oýanandygyna düşünmedi. Başyny çalarak galdyryp, daş-töweregine göz aýlady. Daňdanyň ümüş-tamşynda olaryň öýleriniň ep-esli daşragyndaky ýorunjalykda otlap ýören ak atyň höwrüni küýseýän ýaly owadan kişňeýşine, gapdalyndan zybyrdap geçen pişige «howandarlyk» etmek üçin hasanaklap yzyndan ylgan Alabaýyň howatyrly üýrüşine, ýatakda daňylgy duran sygyrlarynyň gölejigini küýsäp molaýşyna diňşirgenip, bütin obanyň herekete girişine guwanmakdan buýsançly ýylgyrdy. Süýji ukusyndan ýaňa bedeni gurşup giden Magtymgulynyň eýlesine-beýlesine öwrülip, ýene-de az salym irkilesi geldi. Emma mähriban obasynyň barha janlanýan hereketi ukusyna maý bermedi. Ol haýallyk bilen ýerinden turdy. Daşary çykdy. Eýýäm-haçan sary sygryndan alan ak süýdüni gazana ataran enesine salam berdi.

Rowaýatlar — durmuşyň aýnasy

Mähriban Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda Gündogar dünýäsinde sözüň piri hasaplanýan aryf-akyldar hakynda söz açyp: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip, jaýdar belleýär. Magtymgulynyň ylhamynyň joşup, adynyň arşa galmagynda onuň maşgala terbiýesinde mährem käbesiniň, ýeňňesiniň, şeýle hem uýasydyr göwün beren gyzynyň durmuş ýörelgesiniň uly täsiriniň bolandygy bellidir. Muny beýik akyldaryň şygyrlary, garaýyşlary, olar hakda döredilen halk rowaýatlary doly tassyk edýär.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň

hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygydyr» ady bilen yglan edilen bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça tapgyry geçirildi. Bäsleşik «Bagt köşgi» dabaralar merkezinde geçdi. Ene-mamalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, biziň günlerimize ýetiren milli ýörelgeleri, asylly däp-dessurlary bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle bolansoň, bäsleşige gatnaşyjylar milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy, halypa-şägirtlik ýoly, türkmen myhmansöýerligi, dost-doganlyk gatnaşyklary, medeni gymmatlyklarymyzyň sarpalanyşy, taryhy şahsyýetler baradaky gyzykly rowaýatlary, ýatlamalary çeper beýan etdiler.

Ogulboldy ÇOPANOWA

Watan Sagyňda Köpetdag, soluňda Köýten,

Söýgi hekaýaty (Çeper kyssa)

Demir ýol menzilinden ugran otly birsydyrgyn ses edip, paýtagta tarap ugur aldy. Men küpedeşim Aýgözeliň ykbal öwrümlerini külterläp oturyşyny ýolboýy diňläp gelýärin, diňledigimsaýy onuň arassa söýgüsine, zenan wepadarlygyna haýran galyp, aňyrsyna çykyp bilemok. Onuň çirksiz duýgulary, söýgä bolan arassa garaýyşlary, mertligi, galyberse-de, Aýgözeliň söýgüsiniň taryhy meni dörediji adam hökmünde biparh goýmady. Şonuň üçin bu hekaýaty okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim. — Men: «Hak aşyklar biri-birine gowuşmaýarmyş» diýseler, asla ynanmaýardym. Bu aýdylanlar diňe dessanlarda bolýandyr diýip, pikir edýärdim. Men hakyky söýgi «Zöhre—Tahyr, «Leýli—Mejnun», «Gül—Bilbil» ýaly dessanlarda bolýandyr diýip düşünýärdim. Söýgi diýen belent duýgynyň ýaşyň islendik wagty hem döräp bilýändigine welin, asla ynanmaýardym. Men iň gowusy, özümiň durmuş ýolumda, ýagny kalbymyň eýesi bolup, ýüregimiň bir bölegine ornan söýgimiň dessanlardakydan-da has ezýetli bolandygyny gürrüň bereýin.

Hakdan, halkdan arkalysyň, Arkadag! (Buýsançnama)

Gözden, dilden gorawersin Danasyn,Pähmi pena, pendi perman, Arkadag!

Milli mirasym

Hazynaly dünýädir,Türkmen milli mirasy.Soňlanmajak senadyr,Türkmen milli mirasy. Bakyň bedew atyna,Girmiş taryh gatyna,Şan getirýär Watana,Türkmen milli mirasy.

Şahyryň sözi

Robert Frost, amerikan şahyry. Goşgy nämeden başlanýar?

Şygryýet

Söz parlak Gündür, ol ýüreklerde dogup, asyrlary ýagtyldýandyr. Soradym seni

Dünýä şeýle guralan (hekaýa)

Garry seýsiň sesi ysgynsyz eşidilse-de, düşnüklidi: — At bir adamyny ýowdan alyp çykar, kimem bolsa biri halas bolmaly. Kim?

Sapak (Gülküli kyssa)

Dükandan täzeje welosiped satyn aldym-da, her gün işden soň türgenleşip başladym. Birbada öwrenişmedigimdenmi, aýaklarym syzlap azar berdi. Soňabaka agyrylar aýrylyp, kem-kemden bedenime ýeňillik aralaşdy. Özümi sagdyn duýdum. Öň günde bäş-alty kilometr aralygy geçýän bolsam, indi bu aralygy on-on bäş kilometre çenli uzaltdym. Şeýdip, her gün hem gezelenç etdim, hem bedenimi tapladym. Bir günem göwnüm has uzaklary küýsäp, obamyzyň gaýrasyndan geçýän uly gara ýola çykdym. Gözüňe söweýin, aýna ýaly ýaldyrap duran tekiz ýol. Näçe sürseňem, uzaga gitseňem, ýadawlyk duýjak gümanyň ýok. Gaýtam, barha keýpiň göterilýär. Şeýle bolansoň, menem tigrimi aldygyna haýdatdym. Edil suw pese giden ýaly eňip barýan. Göwnüm joşup, sesimiň ýetdiginden aýdyma-da hiňlenýärin. Gezekli-gezegine ellerimi aşak-ýokaryk hereketlendirip galgadýaryn. Ýoldaky sürüjilerem deňimden ýylgyryşyp geçýärler. Olaryň arasynda kellesini ýaýkaýanlaram, ellerini galgadýanlaram bar. Bir sürüj-ä ulagynyň aýnasyndan kellesini çykaryp:

Begçer guýy (rowaýat)

Gum etegindäki küren obalaryň birinde düýe çopanyň maşgalasynda Begçer atly oglan dünýä inýär. Ol ulalyp, il-günüň derdine ýaraýan ilhalar ýigit bolup ýetişýär. Obadaşlary haýsy işiň hötdesinden gelip bilmeseler, ony Begçere ynanar ekenler. Begçer näçe agyr iş hem bolsa bitiripdir. Şonuň üçin düýe suwa batsa-da, çölde mal ýitse-de, Begçeriň boýnuna ekeni. Ol hiç kimden elinden gelen kömegini aýamandyr. Özem elinden dür dökülýän ussamyşyn. Begçer obasyndan Hesel atly bir görmegeý, akylly-başly gyza öýlenýär. Aýlar-ýyllar yzly-yzyna kerwen gurap geçýär, emma bu agzybir maşgalanyň perzende ýüzi düşmeýär. Munuň üçin Begçer aýalyna birjik-de igenmändir, gaýtam oňa bolan hormaty ýylsaýyn artypdyr. Günlerde bir gün sabyr käsesi dolan aýaly adamsyna garap: