«Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy»
Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýip, külli türkmeniň ruhy hemaýatkärine we onuň umman ýaly döredijiligine ýokary baha berýär. Täze taryhy döwürde türkmen danasynyň sarpasy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary derejede saklanylýar. Şahyryň edebi mirasynyň many çuňluklaryny, logiki hem-de pelsepewi garaýyşlaryny öwrenmekde, olary il-ulsa, bütin adamzada wagyz etmekde bimöçber işler amala aşyrylýar. Magtymguly atamyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan özboluşly, baý döredijiligi bar. Şol döredijiligiň dürli-dürlüligi bolsa, akyldaryň islendik ugurdan habarly bolandygyny görkezýär. Olaryň arasynda ynsanyň beden we ruhy saglygy, jemgyýetiň sagdynlygy bilen bagly birnäçe öwüt-ündewe, pelsepewi pikirlere ýugrulan ençeme goşgy setirlerine gabat gelýärsiň.